close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Ýaşlary goldamak – döwrüň talaby
12.08.2021

Häzirki wagtda ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan sanly yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň çäkle­rin­de bank ul­ga­my­nyň işi­ne döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, hä­zir­ki za­man bank hyzmatlary iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bank hyz­mat­la­ry­nyň için­de, aý­ra­tyn hem ra­ýat­la­ryň durmuşy mak­sat­la­ry we ze­rur­lyk­la­ry üçin ula­nýan bank kart­la­ry ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ýurdumyzyň karz eda­ra­la­ryn­da giň­den ýaýbaňlandy­ry­lan nagt däl ha­sap­la­şyk­lar bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler Türkmenistanyň “Halk­bank” paýdarlar tä­jir­çi­lik ban­kyn­da hem giň ge­rim al­ýar, hyzmatla­ryň tä­ze görnüşle­ri müş­de­ri­le­re yzy­gi­der­li hö­dür­le­nil­ýär. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan «Talyp karzy» we «Talyp tölegi» ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy.

Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek maksady bilen täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. «Talyp tölegi» hyzmaty bank tarapyndan talyplara hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden we töleg ge­çir­mek­de ýü­ze çy­kyp bil­jek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usulynda) geçirip bolýanlygydyr. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw we ýörite orta mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy. Şo­nuň esa­syn­da bol­sa, ta­lyp­la­ryň okuw tö­le­gi­ni bök­denç­siz tö­le­mek­le­ri üçin ola­ryň her bi­ri­ne bir­nä­çe sandan yba­rat bo­lan ýö­ri­te bel­gi­ler paý­la­nyl­dy. Ta­lyp özü­ne de­giş­li şol şah­sy bel­gi­ler arka­ly bankyň www.halkbank.gov.tm resmi internet-sahypasy ýa-da ýö­ri­te «Ta­lyp tö­le­gi» ady bi­len dö­re­di­len go­şun­dy hyz­ma­ty­nyň üs­ti bi­len tö­leg ge­çi­rip bil­ýär. Bankyň internet-sahypasy arkaly töleg geçirilende he­re­ket­ler örän aň­sat we tiz ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tö­leg üçin internet-sahypanyň baş sa­hy­pa­syn­da “On­laýn tö­leg­ler” düw­me­si­ne ba­syp, «Ta­lyp tö­le­gi» hyz­ma­ty­ny saý­la­ma­ly we şol ýerde görkezilýän degişli amallary ýerine ýetirmeli.

Hyzmatlaryň indikisi «Talyp karzy» bolsa, Türkmenistanyň raýatlaryna, ýagny talybyň ata-enesiniň ýa-da hossarlarynyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär. Bellenen möçberdäki karz serişdesi bankdan göni talybyň okaýan (ýa-da okamaga hukuk gazanan) ýokary okuw ýa-da ýörite orta mekdebiniň hasabyna geçirilýär. Şu ýerde berilýän karzyň möçberiniň her bir okuw mekdebiniň kesgitlän okuw tölegine laýyk kesgitlenýändigini bellemek gerek. Talyplar we olaryň hossarlary alty aýlyk ýa-da bir ýyllyk töleg üçin bankyň karz hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Şunda ýene bir zady nygtamak gerek: eger-de degişli edaralaryň çözgütleri bilen okuwyň soňky ýyllardaky tölegleriniň mukdary artsa, karzyň möçberi hem şoňa laýyklykda üýtgäp biler. Bu karz ýyllyk 8 göterim bilen berilýär.

Umuman, nagt däl hasaplaşyga tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň täze we döwrebap görnüşlerini müşderilere yzygiderli hödürleýär. Biz — pul-karz ul­gamynyň wekilleri hökmünde hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny goldamak, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin zerur şertleri döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekeris, giň gözýetimli we watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere, üstünliklerden-üstünliklere alyp barýan mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!


Orazsoltan Hudaýberdiýewa,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň

Ak bugdaý şahamçasynyň Bank kart ulgamlar bölüminiň

awtomatizasiýa boýunça esasy hünärmeni