close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Garaşsyzlyk ― galkynyşlaryň ganaty
29.06.2021

Şu ýyl 30 ýaşyny doldurýan beýik bagtymyz ― mukaddes Garaşsyzlygymyz, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň täze, has rowaç eýýamyna öwrüldi. Mundan 30 ýyl ozal dörän «Türkmenistan» atly döwlet bir asyryň üçden bir böleginden hem gysga wagtda ösüşleriň belent menzillerine ýetdi. Şol ösüşler ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamynda hem öz miwesini görkezýär.

Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Ilkinji nobatda bolsa pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmagy ykdysady üstünlik hasaplap bolar. Bu wezipe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda iki derejeli bank ulgamy döredildi. Häzir hem hereket edýän bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr. Bu ulgamyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri mundan beýläk hem milli manadyň durnukly hümmetini saklamak, olary halkara derejä çykarmak bilen, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, ugurdaş edaralaryň işine iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bolup durýar» diýip belleýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň banklary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde hem möhüm orny eýelediler. Hormatly Prezidetimiziň tabşyrygy bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan daýhan hojalyklaryny ösdürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, şeýle hem senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin karz serişdeleri berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde, hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak çalt depginler bilen ösdürilýär.

Hödürlenýän bu karz serişdeleriniň ýeňillikli şertler bilen berilýändigini aýtmak ýerlikli bolar. Bu bolsa eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşi bolan karz alyjy kärhanalaryň sanynyň köpelmegini üpjün etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, raýatlara ýokary amatlygy bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlardan öý satyn almak üçin örän amatly şertlerde ýeňillikli ipoteka karzlary berilýär.

Bir işiň başyna barlanda, maddy taýdan goldaw şol işiň has ugrukmagyna ýardam edýär. Bu gün ýurdumyzda her bir adam bu goldawyň miwesini görüp ýaşaýar. Ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap «Döwlet adam üçindir» diýlen belent ýörelgäni baş şygar edinen milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli maddy goldawlar bagtyýar ýaşaýyşda okgunly ösüşi üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Bu bolsa, soňky ýyllarda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň görnüşleriniň has köpelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda berkeýän bazar gatnaşyklarynyň we giň gerimli özgertmeleriň şertlerinde banklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge «Türkmenistanyň bank ulgamyny 2011 — 2030-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagy şol maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmeginiň esasy netijesi bolmalydyr.

Geçen ýyl Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň hukuk görnüşiniň üýtgedilip, onuň paýdarlar täjirçilik bankyna öwrülmegini, şu ýylyň 12-nji aprelinde bolsa paýtagtymyzda birbada iki bankyň ― Türkmenisatnyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegini bu ulgamdaky soňky guwandyryjy täzelikleriň hatarynda görkezip bolar. Şeýlelikde, «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl bank ulgamynyň ýurdumyzdaky ösüşleriniň şöhraty taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Sakasynda milli Liderimiziň duran bank we maliýe özgertmeleriniň iň esasylarynyň hatarynda işde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine esaslanmagyny görkezip bileris. Bütin dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem ähli pudaklary sanlylaşdyrmak işini ýola goýmaklyk örän möhüm we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Maliýe we bank ulgamynda, ykdysadyýetde we beýleki wajyp ugurlarda sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaklyga uly üns berilýär.  

 Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda «Altyn asyr» milli kartly töleg ulgamy işe girizildi. Bu ulgam tapgyrlaýyn kämilleşdirilip, ösüşiniň ilkinji 10 ýylynda meýilleşdirilen sepgitlere üstünlikli ýetdi. Eger ilkinji tapgyrlarda bank kartlarynyň diňe bir görnüşi, ýagny aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartlary müşderilere hödür edilen bolsa, häzirki wagtda ilatyň ähli gatlagy, ýagny çagalar, talyplar, pensionerler, döwlet kömek pullaryny alýanlar, telekeçilik işini alyp barýan işewürler degişli bank kartlary, şol sanda “Maşgala”, “Goýum bank karty”, “Owerdraft”  kartlary bilen üpjün edildi. Ilkinji tapgyrlarda kartlardaky serişdeleri bankomatlardan nagt görnüşine öwürmek mümkinçiligi döredilen bolsa, häzir hasaplaşygyň tas ähli ulgamlarynda nagt däl hasaplaşyga geçilip, hyzmatlar has döwrebaplaşdyryldy we amatly görnüşe getirildi. Şeýlelikde, eýýäm ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderilere bank kartlary berlip, hyzmatlar şol kartlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Elektron hasaplaşygyň gerimi bolsa ýyl geçdigiçe giňeýär. Umuman, Türkmenistanyň bank ulgamy döwür bilen aýakdaş gadam urýar.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan ilata halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlary hem hödürlenilip, olaryň eýelerine hasabyndaky serişdelerden daşary ýurtlarda hem peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Ildeşlerimiz Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr» bank karty bilen onlaýn söwda etmäge, jemagat, Internet, IP teleýaýlymlary, öý telefony ýaly hyzmatlar üçin töleg geçirmäge, uçarlar we otlular üçin petekleri onlaýn görnüşde satyn almaga hem-de beýleki giň mümkinçiliklere eýe boldular.

Dünýäniň iri bank ulgamlarynda ýörgünli bolan «Internet-banking», «Mobil-banking», «Cash back», «Owerdraft», «Mobil terminal» ýaly hyzmatlar Türkmenistanyň banklarynyň müşderileri üçin hem elýeterli edildi. Olar müşderileriň bank hyzmatlaryna bolan höwesini we gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.

Şu ýerde ýurdumyzyň bank edaralarynyň daşary ýurtlaryň iri banklary bilen hem yzygiderli hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan berkidýändigini aýtmak gerek. Diňe şu ýylyň özünde Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy banklarynyň birnäçesi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirilip, hyzmatdaşlygyň täze ädimlerine badalga berildi. Tejribeleriň paýlaşylmagy bolsa Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýakynlaşdyrýar. Bilelikde köpýyllyk maksatnamalar düzülip, şolar boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň banklary tarapyndan berilýän hyzmatlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelmegini we banklarymyzyň Ýer ýüzündäki meşhur we öňdebaryjy maliýe edaralarynyň sanawyna ynamly goşulmagyny buşlaýar.

Munuň üçin begenjimiziň we buýsanjymyzyň çeni-çägi ýokdur. Mundan beýläk hem milli Liderimiziň talaplaryndan we tabşyryklaryndan ugur alyp, ildeşlerimize ýokary derejedäki maliýe hyzmatlaryny bermek üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-günüň bähbidine gönükdirilen işleri mydama rowaç bolsun!



Mährijemal Abdyrahmanowa,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň 

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň 

Usulýet bölüminiň başlygy