close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
AŞGABADYM – GÖWÜN ŞADYM
25.05.2021

Adatça, paýtagt ýurduň ýüregi, döwletiň ýüzi hasaplanýar. Islendik döwletiň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten derejesine göz ýetirjek bolsaň, şol döwletiň paýtagtynyň keşbine nazar salmak ýeterlik. Onuň keşbinde halkyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny, bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek mümkin. Biz mysalymyzy jana-jan şäherimiz, mähriban şäherimiz, göýä ertekilerdäki kaşaň-kaşaň köşk-eýwanly şäherler ýaly Aşgabadymyz bilen baglanyşdyralyň! Çünki Aşgabadymyz ― göwün şadymyz, bagt şäherimiz. Aşgabadymyz ― Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň iň kämil eseri.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenilip geçiler. Taryhy ähmiýetli wakalara toý sowgady bilen barmak indi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda hem özboluşly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem merjen paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barmagy baş maksadyna öwürdi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň edilinde, ilkinji nobatda müşderilere ýetirilen karz we onlaýn hyzmatlar hakynda nygtamak gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem döwrebap bank hyzmatlary bilen gazanylýan üstünliklere özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. Bankyň ýeňillikli karz hyzmatlary ýyldan-ýyla barha kämilleşdirilýär. Olaryň sany hem barha artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň iň täzeleriniň hatarynda «Owerdraft», «Haly satyn almak üçin» bank karzlaryny we “Kiçi göwrümli karzlary” mysal getirmek bolar. Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan owerdraft karzy biziň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankymyzda hem işe girizildi. Munuň üçin bankyň müşderileri ýöriteleşdirilen bank kartlary bilen üpjün edildi. Ýeňillikli karzyň bu görnüşi geljek aýdaky zähmet hakynyň belli bir möçberini öňünden karz almaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap karz hyzmaty bolan owerdraft karzy raýatyň gündelik durmuşynda meýilleşdirilenden artykmaç çykdajylary ýüze çykanda bank tarapyndan şertnamada göz öňünde tutulan tertipde berilýän karz serişdesi bolup durýar. Başgaça aýdylanda söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir.

Hyzmata laýyklykda, müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, şertnamada göz öňünde tutulan tertipde karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanýan göterimleri kartyň degişli hasabyndan awtomatiki usulda yzyna gaýtarylýar. Bank tarapyndan bu karz 6 aý möhlete, ýyllyk 12% bilen zähmet hakynyň 40 göterimine çenli möçberde berilýär. Bu hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

Köp sanly ýüztutmalary nazara alyp, bankymyz özüniň karz hyzmatlarynyňhataryna haly satyn almak maksatlaryna gönükdirilen ýeňillikli karzlary hem goşdy. Bu hyzmat arkaly haly satyn almak isleýän ildeşlerimiz bankdan ýeňillikli şertlerde 30 müň manada çenli karz serişdelerini alyp bilýärler. Karz hyzmatlarynyň bu görnüşi öýlerimizi döwrebap we milli öwüşginleriň sazlaşygynda bezemäge ýardam edýär. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine kiçi göwrümli, ipoteka, ýaş maşgalalar üçin we sarp ediş karzlaryny hem hödürleýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanyp, bol mukdarda önüm öndürýän raýatlarymyzyň sany barha köpelýär. Başarjaň oba hojalykçylaryň gazanýan zähmet üstünlikleri, elbetde, köp adamy bu işe ruhlandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýer böleklerini alyp ýa-da şahsy hojalyklarynda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge höwes bildirýänleriň sany barha artýar. Bu iş bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ildeşlerimizi maddy tarapdan goldamaga Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem ýakyndan gatnaşýar. Bölünip berlen melleginde (ýa-da ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen, bankymyz tarapyndan kiçi göwrümli karzlar hem berlip başlandy. Bu karz serişdelerinden ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan ähli raýatlarymyz peýdalanyp bilýärler. Kiçi göwrümli karz serişdeleri nagt däl görnüşdäki tölegleri geçirmek üçin niýetlenendir. Bankyň bu hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler degişli tölegleri alan karz serişdeleriniň hasabyndan geçirip bilerler. Kiçi göwrümli karzyň aňryçäk möçberi 30 müň manatdyr. Ol 10 göterim bilen üç ýyl möhlete çenli berilýär. Esasy berginiň ýeňillik döwri 6 aý möhlet diýip bellenendir.

Häzirki döwürde milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyna gönükdirilen işler uly depginler bilen alnyp barylýar. Bu işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Bankymyzda onlaýn hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegi ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Köp sanly tölegleri tiz we amatly usulda geçirmek üçin “Internet-banking”, “Mobil-banking” we “Talyp tölegi” hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internetli kompýuter ýa-da planşet arkaly “Internet-banking” hyzmatynyň kömegi bilen berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak onlaýn usulda töläp bolýar. Şeýle hem bank tarapyndan hödürlenýän “Mobil-banking” hyzmatynyň üsti bilen, ýokarda agzalan hyzmatlaryndan ykjam telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ulanmak mümkinçiligi döredildi.

“Talyp tölegi” hyzmatyndan peýdalanmak üçin bolsa ýörite programma üpjünçiligini ykjam telefonda gurnap, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw töleglerini geçirip bolýar. Soňky ýyllarda bank işiniň şeýle görnüşde işjeň sanlylaşmagy menzilara bank düşünjesiniň döremegine we ýaýramagyna getirdi.

Onlaýn tölegleri geçirmekde bankymyzyň www.halkbank.gov.tm resmi internet-sahypasynyň hem müşderilere hyzmat edýändigini bellemek gerek. Saýtda bankymyza we onuň hyzmatlaryna degişli ähli maglumatlar ýerleşdirilip, olar yzygiderli täzelenýär we soňky täzelikler bilen üsti ýetirilýär.

Häzirki wagtda bankymyz tarapyndan müşderilere “Altyn asyr” bank kartlaryny, milli töleg ulgamyna degişli bolan bank kartlarynyň beýleki görnüşlerini hödürleýär. Hödürlenilýän bu kartlara, şol sanda “Maşgala karty”, “Goýum bank karty” we “Owerdraft karty” ýaly dürli görnüşli kartlara islegler günsaýyn artýar. Bu bank kartlary bilen söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç-guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Dürli görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. SMS hyzmatyny islendik bankomatda özbaşdak birikdirmek mümkinçiligi hem döredilen.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly bank ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli işleri milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank hyzmatlarynyň sanly görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam eder.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýuny şatlyk-şowhun bilen belläp geçeris. Bu şanly sene mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Biz hem Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň agzybir işgärleri bolup, şanly senelere zähmet üstünlikleri bilen barýarys. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertleri bize netijeli işlemäge, döwrebap hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabat şäherine bagyşlanan täze “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň çapdan çykmagy hem bizi – maliýe-bank ulgamynyň wekillerini örän buýsandyrdy.

Goý, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirýän Gahryman Arkdagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Mährijemal Abdyrahmanowa,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň

Usulýet bölüminiň başlygy