close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
«Halkbank terminal» ― nagt däl tölegdäki täze mümkinçilik
17.09.2020

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

“Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy döwrüň talabydyr”


«Halkbank terminal» ― nagt däl tölegdäki täze mümkinçilik

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň sanly görnüşlerini ildeşlerimize yzygiderli hödürlemek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň beýleki banklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hem bu babatda möhüm ädimleriň birnäçesini ätdi. 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize hem hasabat berlişi ýaly, bankymyz tarapyndan «Halkbank terminal» atly täze hyzmat ýola goýuldy.

Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly tehnologiýanyň esasynda taýýarlanan we nagt däl hasaplaşykda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ýerini tutup biljek ykjam goşundy bolup durýar. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri tölegi kabul etmek üçin öz ykjam telefonlaryna täze goşundyny ýükläp, ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilerler.

Adaty töleg terminallardaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ählisini amal etmäge ukyply täze mobil programma üpjünçiligi harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek we amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçilikleri berýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän bu täze «Halkbank terminal» hyzmatyndan peýdalanmak örän ýönekeý. Hünärmenler tarapyndan bu programma taýýarlanylanda, onuň ýönekeýligine we düşnükli bolmagyna üns berildi. Ykjam enjamlarda gurnalan mobil programma üpjünçiliginde, satyn alnan harydyň ýa-da ýerine ýetirilen hyzmatyň bahasy girizilýär hem-de degişli töleg geçirilýär. Eger-de ykjam telefonlarda “NFC” galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin bank kartyny telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir. Bu ýakynlaşdyrmanyň netijesinde mobil programma üpjünçiligi bank kartyndaky maglumatlary okaýar. Şeýlelikde, satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin tölegler kabul edilýär. Şundan soňra ykjam telefonyň ýüzünde tölegiň kabul edilendigi barada elektron çek (hasabat kagyzy) peýda bolýar. Bütin dünýäde hem uly islege eýe bolýan bu hyzmatyň ýola goýulmagy, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary döwrebap we amatly usulda alyp barmaga täze mümkinçilikleri döreder.

Ildeşlerimize hödürlenilýän bu täze hyzmatda bank kartynyň maglumatlaryny programmada el bilen girizmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Bu “NFC” tehnologiýasy ornaşdyrylmadyk telefonlara degişli bolup durýar. Şeýle ýagdaýda töleg geçiriljek kartyň maglumatlary mobil programma üpjünçiliginde el bilen girizilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda sanly tehnologiýalary bank ulgamyna giňden ornaşdyrmak, täze bank hyzmatlaryny girizmek bilen bagly işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly, müşderileriň bank hyzmatlaryndan özbaşdak peýdalanyp bilmek mümkinçiligi has-da ýokarlandyrylýar, bu bolsa bank önümleriniň özüne çekijiligini artdyrmaga ýardam berýär. Adaty töleg terminalynyň ornuny tutmaga mümkinçilik berýän täze hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri üçin töleg terminalyna zerur bolan çykdajylary azaldýar. Mobil programma üpjünçiligi ykjam telefona ýükläp almak mümkinçiliginiň döredilmegi, bank amallaryny sanlylaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak babatynda dünýä tejribesi we halkyň ösen islegi yzygiderli öwrenilýär. Netijede bolsa, bank ulgamynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda karz bermek, nagt däl hasaplaşyklar we pul geçirmeler adaty hyzmatlara öwrüldi. Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan döwrebap, amatly hyzmatlar yzygiderli hödürlenýär. Munuň özi müşderi bilen bankyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, hyzmatlaryň täze görnüşlerini ýola goýmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny kämilleşdirmäge, işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkymyza hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, harajatlary we gymmatly wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hem ildeşlerimize bank hyzmatlarynyň has amatly, döwrebap görnüşlerini yzygiderli hödürlemek babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimizde innowasion syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalar diňe bir önümçilik ulgamyna däl, eýsem, hyzmatlar ulgamynda hem giňden ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri bolsa, bank ulgamynyň işgärlerini halal, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Döredilýän şertlerden ruhlanyp, müşderilere hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemek bankyň baş maksadydyr. Çünki, “Halkbank” – halkyň bankydyr. Müşderiler bolsa bankyň esasy gymmatlygydyr.


Mährijemal ABDYRAHMANOWA,

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň

Usulýet bölüminiň başlygy