close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
TÜRKMEN MANADY – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
03.03.2020

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, wajyp, döwrebap taslamalary dünýäde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 

Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pulumyz bolan türkmen manady dolanyşyga girizildi. Özüniň hümmetiniň durnuklylyk derejesini saklamagy başarýan milli manadymyz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde, 2011-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky» hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda düzgünleşdirilýär.Ýurduň ykbalynda möhüm orny tutýan bu Kanunda Türkmenistanyň pul birliginiň manatdygy, onuň ýurduň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup çykyş edýändigi kesgitlenildi. Şoňa görä-de, türkmen manady ykdysady görkezijileriň gönüden-göni ýokarlanmagyna täsir ediji güýç bolup durýar. «Pul-haryt-pul» diýen ykdysady adalga milli manadymyzyň denominirlenmegi bilen has ygtybarly mazmuna eýe boldy. Täze pul birlikleri ýurdumyzyň maliýe ulgamyndaky ösüşleriniň güwäsidir. 

Bazar gatnaşyklary şertlerinde pul ulgamyny berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Milli pul birligimiziň indi uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmagyň maliýe guraly bolup durýandygyny bellemek gerek. Bank amallarynyň  dürli görnüşleriniň hödür edilmegi bilen telekeçilik işi giň gerimde ösdürilýär. Ýeňillikli salgyt salmak, pes göterimden karz bermek, amatly nyrh syýasatyny ýöretmek ýaly çäreler hususy haryt öndürijileri höweslendirýär. Türkmenistanyň bank ulgamy maliýe ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi goldamak we ösdürmek boýunça wezipeleri çözmek üçin banklar tarapyndan berilýän ýeňillikli önümçilik maksatly karz serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça önüm öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Şu kärhanalarda daşary ýurtlardan gyzyl pula satyn alnyp, ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär we içerki bazarlarymyzy baýlaşdyrýar. 

Türkmen manadynyň kadaly hereket etmegi, onuň hümmetiniň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen derejede saklanylmagy öz gezeginde dünýä döwletleri bilen amatly eksport-import amallaryny ýerine ýetirmäge, manadyň diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem halkara derejesinde hem abraýynyň artmagyna esas bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ornaşdyrylýan bankomatlaryň we töleg terminallarynyň sany artdyrylýar hem-de olaryň bökdençsiz hereket etmegi ýola goýulýar. Bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap hyzmatlar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär. 

Raýatlar söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklaryndan peýdalanmak arkaly öz pul serişdelerini dünýä tejribesine laýyklykda ulanýarlar. Töleg terminallaryarkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň   giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna we şeýlelikde geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar.

«Internet-bank» hyzmatynyň kömegi bilen islendik wagtda we islendik ýerde internet ulgamyna birikdirilen kompýuteri ýa-da ykjam telefony  arkaly  öý  we  ykjam  telefony,  IP telewideniýe, internet, karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanan göterimi tölemäge, şeyle hem, beýleki tölegleri geçirmäge mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de «Internet-bank» hyzmatynyň ýene-de bir amatlylygy bu ulgamda amala aşyrylýan tölegler baradaky maglumatlar bilen SMS-habarnamalaryarkaly tanşyp bolýar. «Internet-bank» hyzmaty raýatlarymyzyň wagt tygşytlylygyny, şeýle-de pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün edýän hyzmatlaryň biri bolup durýar. 

Milli ykdysadyýetimizde milli manadymyzyň dolanyşygynda gazanylýan oňyn netijeler halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär. Şeýle eşretli durmuşa ýetiren  hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär. Şeýle eşretli durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

Mollaýewa Maýa, Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik bankynyň 

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.