close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
ÄHLI ÝOLLAR RIME UZAÝAR
20.11.2019

Dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda, Ýewropa Bileleşigine girýän döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň özeni bolup durýar. Muňa 6-7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary nobatdaky gezek aýdyň subutnama boldy. 

Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Маttarella hem-de Premýer-ministri Juzeppe Konte bilen ikitaraplaýyn ýokary derejeli gepleşikleri geçirmegi iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň hoşniýetlilik, Onuň barşynda gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny has hem baýlaşdyrar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlup, 2013-nji ýylyň dekabryndan bäri, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky we 2016-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri, Türkmenistanyň Rimdäki ilçihanasy hereket edýär. Döwletara gatnaşyklaryň senenamasynda 2009-njy ýylyň 24 — 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary, 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Italiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Matteo Rensiniň Türkmenistana bolan resmi sapary, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 3 — 4-nji maýynda Italiýa iş sapary we beýlekiler bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiligi hem-de iki ýurduň özara bähbitli aragatnaşyklary giňeltmäge taýýarlygy döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň üstünlikli girewi bolup durýar. Türkmenistanyň we Italiýanyň köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy netijeli bolup, BMG, ÝB we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara işjeň goldawlar munuň şaýadydyr. Söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. 2019-njy ýylyň geçen 8 aýy boýunça Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Italiýa 3-nji orny eýeleýär. Türkmenistanda ýangyç-energetika pudagynda italýan kompaniýalarynyň gatnaşýan taslamalarynyň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar. Italiýanyň «ENI», «Valvitalia», «Pietro Fiorentini S.h.A», «Pro Business S.r.l» ýaly iri kompaniýalary, «ETD European Technology Development S.r.l», «Geieeurasiamed», «Comair S.p.A», «Chimec S.p.A» kiçi işewürlik düzümleri, «Maschio Gaspardo», «Marzoli», «Helikopters Italia S.r.l.Unipersonale» ýaly kompaniýalary ýurdumyz bilen dürli ugurlarda bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu sapar türkmen-italýan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Milan şäherinde «Rosa Grand Milan» myhmanhanasynda türkmen-italýan işewürlik forumynyň geçirilmegi, onuň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ylalaşyklara we şertnamalara gol çekilmegi geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmäge ýardam berer. Senagat, infrastruktura, nebit we gaz ulgamy, agrosenagat toplumy esasy gyzyklanma bildirilýän ugurlardyr. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Milanda geçiriljek işewürler maslahatynyň esasy wezipesi Italiýanyň işewür toparlarynyň ünsüni biziň senagat toplumymyzyň gazananlaryna, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerine çekmekden ybaratdyr. Bu forum ýurdumyzyň harytlaryny Ýewropa bazarlarynda ilerletmäge we türkmen ykdysadyýetinde innowasion işleri ösdürmäge ýardam eder. Oňa milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly pudaklarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, energetika, nebitgaz, himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ulag, logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýar. Şeýle hem forumyň çäklerinde guralýan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de işewür gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky, şol sanda telekeçilik ugry boýunça resminamalara gol çekilmegi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Italiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmegi üçin ygtybarly esas döredýär. 

Häzirki döwürde Italiýa okgunly depginler bilen ösýär we özüniň makroykdysady görkezijileri boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girýär. Italiýa soňky onýyllyklaryň dowamynda maşyn gurluşykda, aragatnaşyk, elektrotehnika ulgamlarynda, şeýle-de egin-eşikde meşhur önümleri öndürýän ýokary derejede ösen döwlet. Italýan öndürijileriniň oba hojalyk we azyk senagat önümleri hem dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Italiýa halkara syýahatçylygyň iri merkezleriniň biri bolup, dogrudan hem, Günorta Ýewropanyň ajaýyp göwheri hasaplanýar. Syýahatçylyk we ösen ulag-aragatnaşyk infrastruktura ýurduň ykdysadyýetiniň geljegi has uly bolan ugurlary hasaplanýar. 

Türkmenistan bilen Italiýa, öz milli bähbitlerinden we ileri tutýan wezipelerinden ugur alyp, lukmançylykda we saglygy goraýyşda, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak we “nou-hau” pudaklarynda, tebigaty goramakda, syýahatçylyk industriýasynda, şeýle hem bilim we ylym pudaklarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde hyzmatdaşlygyň uly özara mümkinçiliklerine eýe. Ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi häzirki wagtda iki döwletiň gatnaşyklarynyň gün tertibinde has ileri tutulýan mesele bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň dowamy bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi. Şeýle-de türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine güýçli itergi berip, iki dostlukly halklaryň we döwletleriň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy.


Walýuta amallary müdirliginiň

başlygy Azat Sähetliýew