Для участия в тендере приглашаются организации и предприятия любой формы собственности, а также иностранные компании, имеющие соответствующею лицензию. Заинтересованные лица могут подать свои тендерные предложения не позднее 30 рабочих дней после публикации настоящего объявления по адресу:
Наш адрес: г. Ашхабад, пр. Героя Туркменистана А. Ниязова,154.
Телефоны для справок: (+99312) 44-49-05, 44-49-14.
e-mail: info@halkbank.gov.tm
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijelerini berýär.Kabul edilýän milli maksatnamalar ýurduň durnukly ösüşine, ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryna, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen köpugurly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaganetijede ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzmäge we ony üstünlikli amala aşyrmaga zerur bolan ähli amatlyklar döredilýär. Pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolsa ýurduň ykdysadyýetini zerur bolan möçberde pul-karz serişdeleri bilen üpjün etmekden we olaryň maksadalaýyk ýokary netijeli ulanylmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Ýurtda pul dolanyşygyny kämilleşdirmek, pul birliginiň satyn alyş ukybynyň durnuklylygyny üpjün etmek, karz serişdeleriniň elýeterliligini, ykdysadyýete gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe goldawynyň berilmegi netijesinde kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ykdysadyýeti ösdürmekde esasy görkezijiler hasap edilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda banklar tarapyndan pul-karz we daşary ýurt pul syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze pul-karz gurallaryny ornaşdyrmak boýunça köp sanly çäreler durmuşa geçirilýär. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň banklarynyň, halkara maliýe guramalarynyň baý tejribesi öwrenilýär we ýurdumyzyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň ykdysadyýetiň ösýän islegine laýyklykda amala aşyrylmagy puldolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga, ýokary netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmaga we milli manadymyzyň makroykdysady görkezijilerine täsirini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Pul-karz syýasaty ýurduň maýa goýum işjeňligine täsirini ýetirýär. Çünki maýa goýumyň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan täze derejä çykarylmagy milli puluň durnuklylygy, karza bolan islegiň öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrylmagy bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň düzüminde uzak möhletli karzlaryň paýy yzygiderli artýar. Munuň özi karzyň maýa goýum syýasatynda işjeňligini artdyrmak bilen, önümçiligiň ähli ugurlaryna öňdebaryjy, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we ykdysadyýeti düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan ähli amatlyklary döredýär.
Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylmagy bilen, ilatyň tölege ukyplylygy artýar, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Ýurtda öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli köpelmegi, olaryň hiliniň halkara talaplara laýyk getirilmegi harytlaryň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem dünýä bazarlarynda hem ýokary islege eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň eksporty barha ýokarlanýar, importyň ornuny tutýan önümler özümizde öndürilýär we türkmen manadynyň kadaly hereketi üpjün edilýär.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar, hili has-da ýokarlandyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.
Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Ýuridiki tarap bolan müşderilerine we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, ykjam töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki bir karta pul serişdelerini geçirmek ýaly birnäçe hyzmatlar ornaşdyryldy.
Ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, hili has-da ýoakrladyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldamagy esasynda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy.
Raýatlarymyz Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň resmi internet sahypasynyň üsti bilen hödürlenilýän «Sanly karz» mobil goşundyny öz ykjam telefonlaryna ýüklemek arkaly banka barmazdan onlaýn görnüşinde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmaga, onuň ýagdaýyny bilmegä, her bir müşderiniň öz karz taryhyny özbaşdak barlamaga, bank tarapyndan karz almak üçin talap edilýän kagyz görnüşindäki resminamalary aradan aýyrmaga, alyp boljak karzyň möçberini, awtomatiki görnüşinde kesgitlemäge, karzy ätiýaçlandyrmak maksady bilen, karz alýan müşderini ätiýaçlandyryş kärhanasy bilen baglamaga amatly mümkinçilik döredýär.
Bu hyzmat, adyndan hem belli bolşy ýaly, sanly elektron usullar arkaly, hususan-da, ykjam goşundysynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Şoňa görä-de, bank öz müşderilerini ykjam goşundynyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyňmüşderileri bolan ildeşlerimiz bu ykjam goşundyny bankyň resmi www.halkbank.gov.tm internet sahypasyndan ýa-da «Google Play»-den öz ykjam telefonlaryna ýüklemek arkaly bankyň hödürleýän sarp ediş karzyny almak üçin ýüztutmany onlaýn görnüşinde iberip bilýärler.
«Sanly karz» hyzmatynyň artykmaçlygy ýüklenilip alnan ykjam goşundy arkaly müşderileriň pasportynyň we aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartynyň maglumatlarynyň hem-de karz taryhynyň awtomatiki usulda barlanylýandygyndan ybaratdyr. Ýagny karz alyjy tarapyndan banka hiç hili resminama tabşyrmak zerurlygy ýok. Şol sebäpli müşderilerimizsarp ediş maksatlary üçin isleg bildiren karz serişdelerini almagy üçin banka diňe bir gezek gelmegi ýeterlik bolýar.Munuň özi raýatlaryň wagtynyň tygşytlanmagy we amatlylyk taýdan örän ähmiýetlidir.
Bank tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýynda «Sanly karz» hyzmatynyň ykjam goşundysy işe girizildi, 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna 5932 sany müşderi ýüzlenip, 14997,6 müň manat möçberinde karz serişdeleri resmileşdirildi. Häzirki wagtda hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.
Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň durmuşda amal bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup ýüze çykýar.
Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizligini ýokarlandyrýar, hasaplaşyklary geçirmegiň, karzy resmileşdirmegiň wagtyny gysgaldýar, pul-karz gatnaşyklarynda kada-kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär. Şunuň netijesinde, karz edaralaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşindäki orny barha ýokarlanýar, bäsdeşlige ukyplylygy artýar we banklar tarapyndan durmuşa geçirilýän pul-karz syýasaty ykdysadyýetiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Bize şeýle eşretli zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bank ulgamynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
AnnaýewAzady,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň
Karzlaşdyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary-bölüm başlygy
Hormatly raýatlar!
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky karz almak üçin «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Karzlar barada maglumaty banka barmazdan müşderi öýünde ýa-da iş ýerinde özi üçin amatly bolan karzyň görnüşini bankyň «halkbank.gov.tm» resmi internet sahypasyndan saýlap almaga mümkinçilik döredilen.
Ýüzlenmäni bankyň «halkbank.gov.tm» resmi internet sahypasynyň «Onlaýn-ýüzlenmeler» bölümi arkaly iberip bolýar. Bank tarapyndan raýatlarymyza «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmaty arkaly «Ýaş maşgalalar üçin», «Talyplaryň okuw tölegi üçin», «Kiçi göwrümli karzlar», «Sarp ediş» bank karzlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berilýär.
Hormatly müşderiler! Hyzmata laýyklykda karzyň her bir görnüşi boýunça zerur resminamalaryň sanawy we karzyň möçberi barada jikme-jik maglumatlar bilen doly tanşyp bilersiňiz. Siziň iberen ýüzlenmäňize gysga möhletde serediler hem-de bankyň hünärmeni tarapyndan karz şertnamasyny baglaşmak üçin banka gelmeli wagtyňyz telefon arkaly habar beriler.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:
+99312 44-49-70;
«Halkbank» — bankyň esasy gymmatlygy müşderilerdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýin esasda alnyp barylýan ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir. Merkez işiniň 15 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda özüni häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy durmagyň çözgütlerini gözlemekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel, ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz” diýip, sözüni dowam etdi.
Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz “Men BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler diýip belledi.
Nygtalşy ýaly, muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi. Hususanda, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hemde meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: «Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!» diýip arzuw etdi.
Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr. Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigini görkezýär. Şeýle çemeleşme dostlukly, özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklarymyz, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi, özara bähbitlere düşünilmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň we abadançylygyň bähbidine ulanylyp biljek we hökman ulanylmaly uly kuwwata hakyky baha berilmegi bilen şertlendirilendir.
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky
Parahatçylykly döwlet syýasatyny ýöretmek örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy sözümiziň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli forumlaryň ikisi — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi diňe bir sebitiň däl-de, eýsem, dünýä syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şu iri wakalar bilen ugurdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy hormatly Arkadagymyzyň parahatçylyk taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylda halkara gatnaşyklarda BMG-niň parahatçylyk döredijilik işlerinde netijeli düzüm boljak Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlen halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy belent ykrar tapdy. Ol türkmen Bitaraplygynyň öňe sürýän pikir-garaýyşlarynyň özboluşly jemlenmesidir.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi bilen häzirki wagtda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga örän uly ähmiýet berýär. Hormatly Arkadagymyz 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda anyk teklipdir başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu başlangyçlar sebitiň döwletleriniň sazlaşykly we netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsir etdi.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklardaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýar. Şunuň esasynda bolsa ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýar, özara bähbitli, ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Şolaryň aglabasynyň Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlendigini bellemelidiris. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara giňişlikde-de Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna, sebitimize uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýany parahatçylyk, howpsuzlyk we ynanyşmak zolagyna öwürmek bilen bagly Kararnamalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň hem-de kabul edilmeginiň gözbaşynda hem Milli Liderimiziň syýasy tagallalary durandyr. Bu möhüm başlangyçlar türkmen halkynyň döreden milli ýörelgeleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli diplomatiýasynyň ajaýyp beýanydyr. Şu nukdaýnazardan, Duşenbede Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň çözgüdi esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormat nyşanynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünliklere tutuş sebitde uly sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzy “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň” gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda tagalla edip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly bank ulgamynda hem ösüşler we özgerişler başdan geçirilýär. Häzirki wagtda özgertmeler, esasan, pul dolanşygyny kämilleşdirmek, ýagny ilatyň arasynda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini ýokarlandyrmak, hususy önüm öndürijileri ýeňillikli karzlaşdyrmak arkaly goldamak, uzak möhletli karzlaşdyrmak arkaly ilatyň ýaşaýyş jaý we beýleki durmuş ähmiýetli obýektleriň gurulmagyny çaltlaşdyrmak ýaly ugurlarda amala aşyrylýar..
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” düzüm bölegi bolup durýan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda raýatlarymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe ýagdaýyny berkitmek we durnukly ösüşini dowam etdirmek ugrunda karz edaralary tarapyndan degişli işler dowam etdirilýär. Karz edaralarynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýokary tilsimatly bank hyzmatlaryny ösdürmek işleri amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda düýpli ykdysady, syýasy we medeni özgertmeleriň barşynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösdürilmegi aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ep-esli bölegi döwlete degişli bolmadyk kärhanalarda, telekeçileriň zähmeti bilen öndürilýär. Harytlary we önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen bagly bolan maýa goýum taslamalary üçin uzak möhletleýin ýeňillikli karzlary bermeklik barasynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda hususy telekeçilik işini maliýeleşdirmegiň meseleleri hakynda» il-ýurt bähbitli kararyny durmuşa ornaşdyrmakda we karz edaralary tarapyndan döwlete dahylsyz pudagy karzlaşdyrmakda, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda hususy telekeçileriň maýa goýum taslamalaryny goldamak esasynda, olara bank karzlarynyň berilmegi, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini, haryt bolçulygyny we täze iş ýerleriniň döredilmegini üpjün etmek bilen halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna getirýär.
Öňde goýulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky ykdysadyýeti we bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmek, häzirkizaman senagat we telekeçilik amatlyklaryny emele getirmek, ýurtda hususy telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, hususan-da halkyň sarp edýän azyk we senagat harytlarynyň önümçiligini ösdürmek boýunça işleri alyp barýar.
Şunuň esasynda aşakdakylar göz öňüne tutulýar:
ykdysady taýdan netijeli we karz beriji bilen bir hatarda karz alyja-da girdeji getirjek obýektleri karzlaşdyrmaklyk we maliýeleşdirmeklik;
Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn namalary esasynda ýeňillikli karzlary bermek;
dürli görnüşli üpjünçilikli bank karzyny bermek;
ýerli çig mallardan ilatyň isleg bildirýän önümlerini öndüriji hususy kärhanalary, telekeçileri karzlaşdyrmaklyk we milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmaklyga ýardam etmek.
Şahamçanyň karz bermek babatdaky işi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanda geçirýän ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýar.
“Halkbank” PTB-nyň karz syýasatynyň esasy ugruny hususy önümçilik pudaklaryny ösdürmeklige, şeýle hem onuň belli bir bölegini tapawutly girdeji getirýän we töwekgelçiligi pes bolan, sarp ediş karzlary tutýar. Umumy möçberde gysga we uzak möhletli karz goýumlaryny ýokarlandyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
Şahamça tarapyndan berilýän karzlaryň görnüşleri:
Önümçilik maksatlaryna (enjamy, çig maly, tehnologiýany satyn almak üçin);
Maldarçylygy öşdürmeklik üçin;
Raýatlara bölünip berlen mellek ýerinde (ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady billen kiçi göwrümli karzlar;
Sarp ediş karzy – mebel, dumuş tehnikalaryny, şahsy ulanylýan närseleri we beýleki maddy gymmatlyklary satyn almak hem-de awtoulag edinmek we ş.m.;
Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn namalary esasynda ýeňillikli karzlar;
Bank şertnamada kesgitlenen döwüriň dowamynda karz alyjy bilen ylalaşylan karz şertnamasynda karzyň möçberiniň çäklerinde göz öňünde tutulan maksatlar üçin pul serişdelerini bermäge borçlanýar. Bankyň karz syýasatyna görä karz bir gezek bermek ýa-da karz ugruny açmak görnüşinde berilýär.
“Halkbank” PTB-nyň degişli işgärleri karzlaşdyrma işini, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary, Düzgünnamalary we görkezmeleri, bankyň Tertipnamasy, bankyň karz syýasaty, bankyň Müdiriýetiniň kararlary we görkezmeleri, Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda hem-de öz wezipe borçlaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýeti özgertmek boýunça öňe sürülen başlangyçlaryň çäklerinde amala asyrylýan maliýe reformalary – bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge we ýurtda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly, türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem gülläp ösüşine uly ýardam berer.
Milli Liderimiziň parasatly ýörelgelerinden ugur alýan mähriban halkymyza «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem üstünlikler arzuw edýäris. Bize şeýle ajap zamanany gurup beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, ählihalk ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Berdiguly Orazow,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar
täjirçilik bankynyň Mary şahamçasynyň
Işgärler bilen iş ýörediş bölüminiň hünärmeni
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň banklarynyň işiniň sanly ulgama geçirilmegi olaryň müşderilerine hem ýeňillikleriň uly toplumyny hödürleýär. Sanly hyzmatlaryň ilkinjileriniň biri hem bank kartlaryň işjeň ulanylyp başlanmagydyr.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan müşderileriň bank kartlary bilen üpjün edilip başlananyna eýýäm ençeme ýyl boldy. Geçen ýyllaryň içinde bu kartlaryň nagt däl hasaplaşykdaky mümkinçilikleri hem barha artýar. Pul serişdelerini şeýle görnüşde saklamagyň has amatly we has ygtybarlydygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýle-de bolsa bank kartlaryny ulanmagyň hem öz howpsuzlyk düzgünleri bar.
Bu barada Türkmenistanyň «Karz edaralary we bank işi hakynda» Kanunynyň 22-nji maddasynyň ikinji böleginde hem nygtalýar. Bank kartlarynyň howpsuzlyk düzgünlerine eýermek olaryň rekwizitleriniň, PIN-kodunyň we beýleki maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün eder.
Ilkinji nobatda kartyň PIN-kodunyň ulanyjynyň özi tarapyndan gizlin saklanmagy möhüm şertdir. Ony hiç kime ― hat-da iň ýakyn adamlaryňyza-da aýtmazlyk iň dogry ýoldur. Bu kody, mümkin boldugyndan, hiç ýere ýazman, ýatda saklamak gerek. Eger bir ýere ýazylaýan hem bolsa, bu belligi diňe özüňize mälim bolan ýerde saklamaly.
Karty wagtlaýyn ulanmak üçin hem hiç kime bermeli däl. Ony diňe daşynda ady, familiýasy ýazylan adam ulanyp biler. Karty özüňiz ulanan ýagdaýyňyzda hem, karty saklaýjylar bank kartlaryň magnit zolaklaryny we maglumat saklaýan çiplerini goramak maksady bilen, olary elektromagnit tolkunlaryň, ýokary temperaturanyň täsirinden we çyglylykdan hem goramaly. Onuň ykjam telefonlaryndan, hojalyk we ofis enjamlaryndan hem uzak tutulmagy maslahat berilýär.
Kartyň arka tarapynda ýerleşdirilen bankyň telefon belgilerini, kartyň belgisini we beýleki maglumatlary mobil telefonyňyza ýa-da ýandepderçäňize ýazyp, goşmaça saklamak hem ygtybarly bolar. Ýöne, bu ýazgylara PIN-koduň goşulmaly däldigini ýene bir ýola ýatladýarys. Bank tarapyndan hödürlenilýän SMS hyzmatyndan peýdalanmak hem kartyň ygtybarly peýdalanyşy üçin ähmiýetli bolar.
Eger PIN-koduňyz ýa-da kartyň başga bir maglumaty sizden gaýry adama mälim bolandyr öýdeniňizde, dessine size hyzmat edýän bankyňyza jaň etmek arkaly onuň hyzmat ediş mümkinçiliklerini ýatyryp bilersiňiz. Eger bu ýagdaý barada wagtynda habar berilmedik bolsa, onda onuň ýitirilen döwründäki bankomatdan nagt pul serişdeleriň alynmagyna we nagt däl hasaplaşyklaryň geçirilmegine, şeýlelikde pul serişdeleriň ýitirilmegine, karty saklaýjynyň özi jogapkärçilik çekýär.
Bank karty bilen bankomatdan nagt pul serişdeleri alnanda hem howpsuzlygyň berjaý edilmeli kadalary bar. Olar bankomatyň howpsuzlyk ýagdaýlaryny seljermek, bankomatdan has amatly wagtda peýdalanmak, onuň saz işleýändigini anyklamak, bankomatdan peýdalanylýan wagtynda fiziki güýç ulanmazlyk, eger enjam karty ýeňil kabul etmeýän bolsa, ondan peýdalanmazlyk, PIN-kodunyň ýazylýan klawiaturasyny gaýry adamlaryň görmezligini üpjün etmek, bankomat hyzmaty amala aşyrýan wagty säginme bolup köp garaşdyraýan ýagdaýlarynda hyzmaty ýörite düwme arkaly ýatyrmak ýaly kadalardyr.
Diňe nagt pul serişdesi çekilende däl, eýsem bank kartlarynyň howpsuz ulanylyşy dogrusynda nagt däl hasaplaşyklaryň geçirilýän wagtynda hem aladanmak gerek. Munuň ilkinji şerti bolsa, tölegi diňe karty saklaýjynyň özüniň geçirmegidir. Şonuň üçin satyjy ýa-da kassa işgäri pasportyňyzy, çek kagyzyna gol çekmegiňizi ýa-da PIN-kody özüňiziň girizmegiňizi haýyş edip biler. Şunda çege gol çekmezden ozal onda görkezilen mukdary ýene bir ýola barlamaklyk zerurdyr.
Eger internet arkaly nagt däl hasaplaşyk geçirýän bolsaňyz, onda CVC koduňyzdan peýdalanmaly. Bu kod, adatça, kartyň arka tarapynda ýerleşdirilen soňky üç sany sifrden ybarat. Kartyňyzda CVC kod çap edilmedik ýagdaýynda, ony islendik bankomat arkaly bilip bolýar. Tölegleriň howpsuz geçirilmegi üçin hyzmatyň bu görnüşinden peýdalanyňyzda, garşy tarapa bank kartyňyz baradaky maglumatlary bermekden saklanmaly we diňe ygtybarly internet sahypalaryndan peýdalanmaga çalyşmaly. Şahsy maglumatlaryňyzyň gizlinligini ýa-da bank kartyňyzyň (ýa-da hasabyňyzyň) maglumatlaryny gorap saklamak maksady bilen internet arkaly ediljek söwdalaryňyzy diňe öz kompýuteriňizde ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Eger-de söwda başga biriniň kompýuterini ulanmak arkaly ýerine ýetirilýän bolsa, onda ähli amallary ýerine ýetireniňizden soň şahsy maglumatlaryňyzyň we başga wajyp maglumatlaryňyzyň kompýuteriň ýadynda saklanylmandygyna üns beriň!
Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, ýurdumyzyň täjirçilik banklary tarapyndan hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň gerimi barha giňeýär. Olar size wagt we serişde tygşytlamaga ýardam berýär. Bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlardan akylly-başly peýdalanyp, olaryň hözirini görmek her birimiz üçin ýakymly mümkinçilikdir.
Döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän ähli şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň il-günüň bähbidine gönükdirilen işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Agageldi Saparow,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar
täjirçilik bankynyň Lebap şahamçasynyň
Bank kart ulgamlar bölüminiň başlygy
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamy hem barha kämilleşýär. Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär. Karz edaralary öz işinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurduň islendik künjeginde döwrebap bank hyzmatlarynyň raýatlarymyza elýeterli bolmagyny gazanýarlar. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şolar bilen baglylykda, bankymyz tarapyndan bank kartlaryň dürli görnüşleri müşderilere ýetirilýär.
Bu bank kartlarynyň hatarynda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Goýum bank karty» raýatlarymyzyň arasynda köp islegden peýdalanýar. Eýsem-de, bu bank kartynyň nähili aýratynlyklary bar?
“Goýum bank karty” ýurdumyzyň “Altyn asyr” milli kartly töleg ulgamyna degişli bolup, beýleki bank kartlaryndan esasy aýratynlygy bu karta islendik möçberde nagt pul serişdelerini goýup bolýanlygyndadyr. Ýurdumyzyň islendik raýaty bank karty arkaly kabul edilýän goýum hasabyna öz erkin pul serişdelerini ýerleşdirip, ýyllyk 6,8% derejesinde girdeji gazanyp bilýär. Beýleki goýumlardan tapawutlylykda “Goýum bank karty” bilen müşderi öz serişdelerini islendik wagt yzyna alyp bilýär we oňa garamazdan göterim girdejisini ýitirmeýär. Ýagny, müşderiniň bank kartyndan pul serişdeleriniň alnan senesine çenli göterim girdejisi goýumyň möçberine laýyklykda hasaplanylýar we goýumyň üstüne goşulyp berilýär. Şeýlelikde, ildeşlerimiz öz wagtlaýyn peýdalanylmaýan pul serişdelerini elmydama elýeterli we ygtybarly saklap, olardan ýerlikli peýdalanyp bilýärler.
Bu bank kartyny almak üçin raýat pasporty bilen bankymyzyň islendik şahamçasyna ýüz tutup, açdyryp bilýär. Onlaýn hyzmatlardan peýdalanmagy endik edinen raýatlarymyza bolsa bankymyzyň Onlaýn-ýüzlenme hyzmatyny hödürleýäris. Banka barmazdan bank kartyny açdyrmak üçin www.halkbank.gov.tm internet salgysyna geçip, “Onlaýn-ýüzlenme” bölümçesinden “Täze kart almak üçin ýüzlenme” setirini saýlamaly. Açylan sahypada soralýan maglumatlary girizmeli we täze alynjak kart üçin onlaýn görnüşinde tölegi geçirmeli. Soňra bank işgäri ýüz tutan raýat bilen telefon arkaly habarlaşýar, ýüztutmanyň kabul edilendigini tassyklaýar we “Goýum bank kartynyň” takmynan taýýar boljak senesini habar berýär.
Gysga möhletde müşderimize bank karty PIN-kody bilen eline gowşurylýar we ondan nähili peýdalanylmagy barada bank işgäri tarapyndan giňişleýin maglumat berilýär.
Belli bir maksatlar üçin pul serişdelerini toplamaga isleg bildirýän raýatlarymyzy bankymyzyň “Goýum bank kartyndan” peýdalanmaga çagyrýarys. Sebäbi biziň “Goýum bank kartymyzyň” göterim derejesi amatlylygy bilen tapawutlanýar. Kart bilen bagly kynçylyklar ýa-da soraglar ýüze çykan halatynda bolsa, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň sorag-jogap gullugynyň işgärleri gije-gündiz müşderilerimiziň hyzmatynda.
“Goýum bank kartyna” pul serişdelerini goýmak barada aýdylanda, kart hasabyna nagt pul serişdeleri möhletsiz kabul edilýändigini bellemek gerek. Pul serişdelerini karta goýmak üçin pasport, kartyň rekwizitleri we goýuljak pul serişdeleri bilen banka ýüz tutmak ýeterlik. Şeýle-de müşderiniň kart hasabyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesiniň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar, ýagny raýat islendik wagt we islendik möçberde pul serişdelerini bu bank kartyna goýup bilýär. Eger-de zerurlyk ýüze çyksa, goýumdan bölekleýin pul serişdeleri hem alyp bolýar. Şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimlerini müşderiniň islegine görä almaga rugsat berilýär. Müşderi «Goýum bank kartynyň» üsti bilen söwda we hyzmat ediş nokatlarynda gurnalan töleg terminallary bilen ähli nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, şeýle-de onlaýn tölegleri geçirip bilýär. Ildeşlerimiz islendik wagt arzasy esasynda goýum hasabyna goýan pul serişdelerini nagt görnüşinde yzyna alyp bilýärler.
Bu babatda, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz şahamçasy hem müşderiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Häzirki wagtda şahamçamyz ýerli ilatyň bank hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Netijede «Goýum bank kartynyň» müşderileri yzygiderli artýar. Munuň özi raýatlaryň nagt pul serişdelerini bu karta goýup, nagt we nagt däl görnüşde peýdalanyp bilmeklerine, şeýle-de goşmaça girdeji gazanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde amala aşyrylýan maliýe-bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir, bu bolsa adam baradaky aladanyň hemme zatdan öňde durýandygyny aňladýar.
Mähriban halkyny asuda, agzybir, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, döwletimiziň barha pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Nafisa Rozumbaýewa,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik
bankynyň Daşoguz şahamçasynyň
Bank kart ulgamlar bölüminiň hünärmeni
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artýar we olaryň hili günsaýyn kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem köp sanly işler alnyp barylýar. Bankymyz döwrüň talabyndan we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, öz müşderilerine yzygiderli täze, döwrebap hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de, Owerdraft karzydyr.
Karzyň bu görnüşi bütin dünýäde eýýäm birnäçe ýyllardan bäri täjirçilik banklaryň müşderileri tarapyndan giň gerim bilen ulanylýar. «Owerdraft» sözi iňlis dilinden terjime edilende «hasabyňdan artykmaç harç etmek» diýmegi aňladýar. Has takygy, bank kartyny saklaýjylary öz hasabyndaky serişdeleri harçlap gutarandan soňra «Owerdraft» bank karty arkaly karzyna goşmaça pul serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.
Bu hyzmat bilen bagly ilki bilen bilmeli zadymyz: «Owerdraft» karzy aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» kart hasaplary arkaly şertnama esasynda bank tarapyndan berilýän gysga möhletli karz serişdesidir. Hyzmatyň esasy aýratynlygy müşderiniň öz geljekki aýlyk zähmet hakynyň 50 göterime çenlisini karzyna peýdalanyp bilýänligidir. Indiki aý bolsa şol alnan pul serişdesi bank tarapyndan awtomatiki usulda kart hasabyna gelip gowuşan aýlyk zähmet hakyndan yzyna gaýtarylýar. Şol sebäpli bu karz gysga möhletli karz bolup durýar we onuň ýyllyk göterimi 12 göterim derejesinde bellenilendir.
Her bir adamyň durmuşynda garaşylmadyk çykdajylary bolup bilýär. Mysal üçin, gyssagly hojalyk harytlaryny satyn almak, abatlamak işini geçirmek ýa-da ýakynlaryňyza sowgat almak zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda bankymyzyň «Owerdraft» karz hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.
Esasy sowal: müşderilerimiz bu hyzmatdan nähili peýdalanyp bilerler? Ilki bilen, karz alyjy raýatyň Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderisi bolmagy hökmanydyr, ýagny onuň aýlyk zähmet haky geçirilýän karty «Halkbank» tarapyndan açylan bolmaly. Şeýle hem müşderiniň soňky iş ýerinde işlän döwri bir ýyldan ýokary bolmalydyr. Bu bolsa, karz alyjynyň durnukly iş ýeriniň bardygyna we karzyň öz wagtynda üzülmegine esas bolup durýar.
«Owerdraft» karzy resmileşdirilende bankymyz müşderiden bary-ýogy birnäçe resminamany talap edýär. Olar, esasan hem, müşderiniň şahsyýetini we durnukly aýlyk girdejisiniň barlygyny tassyklaýan resminamalardyr. Mysal üçin, pasportyň we zähmet depderçesiniň nusgalary, şeýle-de işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky baradaky güwänama.
Resminamalar bank tarapyndan kabul edilenden soňra gysga möhletiň içinde hünärmenler tarapyndan öwrenilýär we degişli çözgüt çykarylýar. Karz alyjy müşderi bilen 6 aý möhlete çenli degişli şertnama baglaşylýar. Müşderiniň durnukly iş ýeri bolan ýagdaýynda şertnamany her 6 aýdan uzaldyp bolýar. Şertnama laýyklykda, müşderiniň «Altyn asyr» aýlyk kartyna täze aýyň zähmet haky geçende, onuň geçen aýdaky alan karz serişdesi bank tarapyndan awtomatiki usulda yzyna gaýtarylýar.
Bu bolsa, müşderilere töleg üçin banka barmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Ondan başga-da «Owerdraft” karzyny alýan raýatlara girewine emläk ýa-da gymmatlyklary goýmak we üçünji tarapyň zamunçylygyndan peýdalanmak ýaly talaplar hem ulanylmaýar. Bu şertler belli bir derejede karz alyjy üçin örän amatlydyr we karz serişdelerini resmileşdirmekde uly ýeňillikdir.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ýola goýlan «Owerdraft» hyzmatyndan peýdalanmak örän amatly. Birinjiden, bu hyzmat bankdan karz almak isleýän müşderileriň köp sanly resminamalary taýýarlamagyny ýeňilleşdirýär, ikinjiden, baglaşylan şertnama 6 aýa çenli güýjünde saklanylýar. Bu bolsa, raýatlarymyzyň wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga kömek edýär. Şeýle-de, bu karz hyzmaty beýleki hyzmatlardan tapawutlylykda, her aýda bankdan alnan serişdeleriň kesgitlenen göterimini tölemek üçin nobata durmak ýaly meseleleri hem aradan aýyrýar.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine laýyklykda ýola goýulýar. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan müşderilere ýetirilýän hyzmatlar mundan beýläk-de döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdiriler we hyzmatlaryň täze görnüşleri ýola goýlar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertleri bize netijeli işlemäge we döwrebap hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Goý, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran, Gahryman Arkdagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbannazarow Goçnazar,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik
bankynyň Balkan şahamçasynyň
Bank kart ulgamlar bölüminiň başlygy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem raýatlaryň durmuşy maksatlary we zerurlyklary üçin ulanýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynda hem giň gerim alýar, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan «Talyp karzy» we «Talyp tölegi» ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy.
Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek maksady bilen täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. «Talyp tölegi» hyzmaty bank tarapyndan talyplara hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden we töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usulynda) geçirip bolýanlygydyr. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw we ýörite orta mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler paýlanyldy. Talyp özüne degişli şol şahsy belgiler arkaly bankyň www.halkbank.gov.tm resmi internet-sahypasy ýa-da ýörite «Talyp tölegi» ady bilen döredilen goşundy hyzmatynyň üsti bilen töleg geçirip bilýär. Bankyň internet-sahypasy arkaly töleg geçirilende hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär. Töleg üçin internet-sahypanyň baş sahypasynda “Onlaýn tölegler” düwmesine basyp, «Talyp tölegi» hyzmatyny saýlamaly we şol ýerde görkezilýän degişli amallary ýerine ýetirmeli.
Hyzmatlaryň indikisi «Talyp karzy» bolsa, Türkmenistanyň raýatlaryna, ýagny talybyň ata-enesiniň ýa-da hossarlarynyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär. Bellenen möçberdäki karz serişdesi bankdan göni talybyň okaýan (ýa-da okamaga hukuk gazanan) ýokary okuw ýa-da ýörite orta mekdebiniň hasabyna geçirilýär. Şu ýerde berilýän karzyň möçberiniň her bir okuw mekdebiniň kesgitlän okuw tölegine laýyk kesgitlenýändigini bellemek gerek. Talyplar we olaryň hossarlary alty aýlyk ýa-da bir ýyllyk töleg üçin bankyň karz hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Şunda ýene bir zady nygtamak gerek: eger-de degişli edaralaryň çözgütleri bilen okuwyň soňky ýyllardaky tölegleriniň mukdary artsa, karzyň möçberi hem şoňa laýyklykda üýtgäp biler. Bu karz ýyllyk 8 göterim bilen berilýär.
Umuman, nagt däl hasaplaşyga tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň täze we döwrebap görnüşlerini müşderilere yzygiderli hödürleýär. Biz — pul-karz ulgamynyň wekilleri hökmünde hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny goldamak, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin zerur şertleri döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekeris, giň gözýetimli we watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere, üstünliklerden-üstünliklere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Orazsoltan Hudaýberdiýewa,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň
Ak bugdaý şahamçasynyň Bank kart ulgamlar bölüminiň
awtomatizasiýa boýunça esasy hünärmeni
Şu ýyl 30 ýaşyny doldurýan beýik bagtymyz ― mukaddes Garaşsyzlygymyz, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň täze, has rowaç eýýamyna öwrüldi. Mundan 30 ýyl ozal dörän «Türkmenistan» atly döwlet bir asyryň üçden bir böleginden hem gysga wagtda ösüşleriň belent menzillerine ýetdi. Şol ösüşler ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamynda hem öz miwesini görkezýär.
Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Ilkinji nobatda bolsa pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmagy ykdysady üstünlik hasaplap bolar. Bu wezipe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär. Bu ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda iki derejeli bank ulgamy döredildi. Häzir hem hereket edýän bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr. Bu ulgamyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri mundan beýläk hem milli manadyň durnukly hümmetini saklamak, olary halkara derejä çykarmak bilen, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, ugurdaş edaralaryň işine iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bolup durýar» diýip belleýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň banklary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde hem möhüm orny eýelediler. Hormatly Prezidetimiziň tabşyrygy bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan daýhan hojalyklaryny ösdürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, şeýle hem senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin karz serişdeleri berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde, hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak çalt depginler bilen ösdürilýär.
Hödürlenýän bu karz serişdeleriniň ýeňillikli şertler bilen berilýändigini aýtmak ýerlikli bolar. Bu bolsa eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşi bolan karz alyjy kärhanalaryň sanynyň köpelmegini üpjün etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, raýatlara ýokary amatlygy bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlardan öý satyn almak üçin örän amatly şertlerde ýeňillikli ipoteka karzlary berilýär.
Bir işiň başyna barlanda, maddy taýdan goldaw şol işiň has ugrukmagyna ýardam edýär. Bu gün ýurdumyzda her bir adam bu goldawyň miwesini görüp ýaşaýar. Ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap «Döwlet adam üçindir» diýlen belent ýörelgäni baş şygar edinen milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli maddy goldawlar bagtyýar ýaşaýyşda okgunly ösüşi üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Bu bolsa, soňky ýyllarda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň görnüşleriniň has köpelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda berkeýän bazar gatnaşyklarynyň we giň gerimli özgertmeleriň şertlerinde banklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge «Türkmenistanyň bank ulgamyny 2011 — 2030-njy ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagy şol maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmeginiň esasy netijesi bolmalydyr.
Geçen ýyl Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň hukuk görnüşiniň üýtgedilip, onuň paýdarlar täjirçilik bankyna öwrülmegini, şu ýylyň 12-nji aprelinde bolsa paýtagtymyzda birbada iki bankyň ― Türkmenisatnyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegini bu ulgamdaky soňky guwandyryjy täzelikleriň hatarynda görkezip bolar. Şeýlelikde, «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl bank ulgamynyň ýurdumyzdaky ösüşleriniň şöhraty taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Sakasynda milli Liderimiziň duran bank we maliýe özgertmeleriniň iň esasylarynyň hatarynda işde sanly ulgamyň mümkinçiliklerine esaslanmagyny görkezip bileris. Bütin dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem ähli pudaklary sanlylaşdyrmak işini ýola goýmaklyk örän möhüm we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Maliýe we bank ulgamynda, ykdysadyýetde we beýleki wajyp ugurlarda sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaklyga uly üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda «Altyn asyr» milli kartly töleg ulgamy işe girizildi. Bu ulgam tapgyrlaýyn kämilleşdirilip, ösüşiniň ilkinji 10 ýylynda meýilleşdirilen sepgitlere üstünlikli ýetdi. Eger ilkinji tapgyrlarda bank kartlarynyň diňe bir görnüşi, ýagny aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartlary müşderilere hödür edilen bolsa, häzirki wagtda ilatyň ähli gatlagy, ýagny çagalar, talyplar, pensionerler, döwlet kömek pullaryny alýanlar, telekeçilik işini alyp barýan işewürler degişli bank kartlary, şol sanda “Maşgala”, “Goýum bank karty”, “Owerdraft” kartlary bilen üpjün edildi. Ilkinji tapgyrlarda kartlardaky serişdeleri bankomatlardan nagt görnüşine öwürmek mümkinçiligi döredilen bolsa, häzir hasaplaşygyň tas ähli ulgamlarynda nagt däl hasaplaşyga geçilip, hyzmatlar has döwrebaplaşdyryldy we amatly görnüşe getirildi. Şeýlelikde, eýýäm ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderilere bank kartlary berlip, hyzmatlar şol kartlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Elektron hasaplaşygyň gerimi bolsa ýyl geçdigiçe giňeýär. Umuman, Türkmenistanyň bank ulgamy döwür bilen aýakdaş gadam urýar.
Türkmenistanyň banklary tarapyndan ilata halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlary hem hödürlenilip, olaryň eýelerine hasabyndaky serişdelerden daşary ýurtlarda hem peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Ildeşlerimiz Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr» bank karty bilen onlaýn söwda etmäge, jemagat, Internet, IP teleýaýlymlary, öý telefony ýaly hyzmatlar üçin töleg geçirmäge, uçarlar we otlular üçin petekleri onlaýn görnüşde satyn almaga hem-de beýleki giň mümkinçiliklere eýe boldular.
Dünýäniň iri bank ulgamlarynda ýörgünli bolan «Internet-banking», «Mobil-banking», «Cash back», «Owerdraft», «Mobil terminal» ýaly hyzmatlar Türkmenistanyň banklarynyň müşderileri üçin hem elýeterli edildi. Olar müşderileriň bank hyzmatlaryna bolan höwesini we gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.
Şu ýerde ýurdumyzyň bank edaralarynyň daşary ýurtlaryň iri banklary bilen hem yzygiderli hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan berkidýändigini aýtmak gerek. Diňe şu ýylyň özünde Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy banklarynyň birnäçesi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirilip, hyzmatdaşlygyň täze ädimlerine badalga berildi. Tejribeleriň paýlaşylmagy bolsa Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýakynlaşdyrýar. Bilelikde köpýyllyk maksatnamalar düzülip, şolar boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň banklary tarapyndan berilýän hyzmatlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelmegini we banklarymyzyň Ýer ýüzündäki meşhur we öňdebaryjy maliýe edaralarynyň sanawyna ynamly goşulmagyny buşlaýar.
Munuň üçin begenjimiziň we buýsanjymyzyň çeni-çägi ýokdur. Mundan beýläk hem milli Liderimiziň talaplaryndan we tabşyryklaryndan ugur alyp, ildeşlerimize ýokary derejedäki maliýe hyzmatlaryny bermek üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-günüň bähbidine gönükdirilen işleri mydama rowaç bolsun!
Mährijemal Abdyrahmanowa,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
Usulýet bölüminiň başlygy
Adatça, paýtagt ýurduň ýüregi, döwletiň ýüzi hasaplanýar. Islendik döwletiň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten derejesine göz ýetirjek bolsaň, şol döwletiň paýtagtynyň keşbine nazar salmak ýeterlik. Onuň keşbinde halkyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny, bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek mümkin. Biz mysalymyzy jana-jan şäherimiz, mähriban şäherimiz, göýä ertekilerdäki kaşaň-kaşaň köşk-eýwanly şäherler ýaly Aşgabadymyz bilen baglanyşdyralyň! Çünki Aşgabadymyz ― göwün şadymyz, bagt şäherimiz. Aşgabadymyz ― Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň iň kämil eseri.
«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenilip geçiler. Taryhy ähmiýetli wakalara toý sowgady bilen barmak indi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda hem özboluşly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem merjen paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barmagy baş maksadyna öwürdi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň edilinde, ilkinji nobatda müşderilere ýetirilen karz we onlaýn hyzmatlar hakynda nygtamak gerek.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem döwrebap bank hyzmatlary bilen gazanylýan üstünliklere özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. Bankyň ýeňillikli karz hyzmatlary ýyldan-ýyla barha kämilleşdirilýär. Olaryň sany hem barha artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň iň täzeleriniň hatarynda «Owerdraft», «Haly satyn almak üçin» bank karzlaryny we “Kiçi göwrümli karzlary” mysal getirmek bolar. Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan owerdraft karzy biziň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankymyzda hem işe girizildi. Munuň üçin bankyň müşderileri ýöriteleşdirilen bank kartlary bilen üpjün edildi. Ýeňillikli karzyň bu görnüşi geljek aýdaky zähmet hakynyň belli bir möçberini öňünden karz almaga mümkinçilik berýär.
Döwrebap karz hyzmaty bolan owerdraft karzy raýatyň gündelik durmuşynda meýilleşdirilenden artykmaç çykdajylary ýüze çykanda bank tarapyndan şertnamada göz öňünde tutulan tertipde berilýän karz serişdesi bolup durýar. Başgaça aýdylanda söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir.
Hyzmata laýyklykda, müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, şertnamada göz öňünde tutulan tertipde karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanýan göterimleri kartyň degişli hasabyndan awtomatiki usulda yzyna gaýtarylýar. Bank tarapyndan bu karz 6 aý möhlete, ýyllyk 12% bilen zähmet hakynyň 40 göterimine çenli möçberde berilýär. Bu hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.
Köp sanly ýüztutmalary nazara alyp, bankymyz özüniň karz hyzmatlarynyňhataryna haly satyn almak maksatlaryna gönükdirilen ýeňillikli karzlary hem goşdy. Bu hyzmat arkaly haly satyn almak isleýän ildeşlerimiz bankdan ýeňillikli şertlerde 30 müň manada çenli karz serişdelerini alyp bilýärler. Karz hyzmatlarynyň bu görnüşi öýlerimizi döwrebap we milli öwüşginleriň sazlaşygynda bezemäge ýardam edýär. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine kiçi göwrümli, ipoteka, ýaş maşgalalar üçin we sarp ediş karzlaryny hem hödürleýär.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanyp, bol mukdarda önüm öndürýän raýatlarymyzyň sany barha köpelýär. Başarjaň oba hojalykçylaryň gazanýan zähmet üstünlikleri, elbetde, köp adamy bu işe ruhlandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýer böleklerini alyp ýa-da şahsy hojalyklarynda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge höwes bildirýänleriň sany barha artýar. Bu iş bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ildeşlerimizi maddy tarapdan goldamaga Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem ýakyndan gatnaşýar. Bölünip berlen melleginde (ýa-da ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen, bankymyz tarapyndan kiçi göwrümli karzlar hem berlip başlandy. Bu karz serişdelerinden ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan ähli raýatlarymyz peýdalanyp bilýärler. Kiçi göwrümli karz serişdeleri nagt däl görnüşdäki tölegleri geçirmek üçin niýetlenendir. Bankyň bu hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler degişli tölegleri alan karz serişdeleriniň hasabyndan geçirip bilerler. Kiçi göwrümli karzyň aňryçäk möçberi 30 müň manatdyr. Ol 10 göterim bilen üç ýyl möhlete çenli berilýär. Esasy berginiň ýeňillik döwri 6 aý möhlet diýip bellenendir.
Häzirki döwürde milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyna gönükdirilen işler uly depginler bilen alnyp barylýar. Bu işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Bankymyzda onlaýn hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegi ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Köp sanly tölegleri tiz we amatly usulda geçirmek üçin “Internet-banking”, “Mobil-banking” we “Talyp tölegi” hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internetli kompýuter ýa-da planşet arkaly “Internet-banking” hyzmatynyň kömegi bilen berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak onlaýn usulda töläp bolýar. Şeýle hem bank tarapyndan hödürlenýän “Mobil-banking” hyzmatynyň üsti bilen, ýokarda agzalan hyzmatlaryndan ykjam telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ulanmak mümkinçiligi döredildi.
“Talyp tölegi” hyzmatyndan peýdalanmak üçin bolsa ýörite programma üpjünçiligini ykjam telefonda gurnap, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw töleglerini geçirip bolýar. Soňky ýyllarda bank işiniň şeýle görnüşde işjeň sanlylaşmagy menzilara bank düşünjesiniň döremegine we ýaýramagyna getirdi.
Onlaýn tölegleri geçirmekde bankymyzyň www.halkbank.gov.tm resmi internet-sahypasynyň hem müşderilere hyzmat edýändigini bellemek gerek. Saýtda bankymyza we onuň hyzmatlaryna degişli ähli maglumatlar ýerleşdirilip, olar yzygiderli täzelenýär we soňky täzelikler bilen üsti ýetirilýär.
Häzirki wagtda bankymyz tarapyndan müşderilere “Altyn asyr” bank kartlaryny, milli töleg ulgamyna degişli bolan bank kartlarynyň beýleki görnüşlerini hödürleýär. Hödürlenilýän bu kartlara, şol sanda “Maşgala karty”, “Goýum bank karty” we “Owerdraft karty” ýaly dürli görnüşli kartlara islegler günsaýyn artýar. Bu bank kartlary bilen söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç-guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Dürli görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. SMS hyzmatyny islendik bankomatda özbaşdak birikdirmek mümkinçiligi hem döredilen.
Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly bank ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli işleri milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank hyzmatlarynyň sanly görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam eder.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýuny şatlyk-şowhun bilen belläp geçeris. Bu şanly sene mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Biz hem Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň agzybir işgärleri bolup, şanly senelere zähmet üstünlikleri bilen barýarys. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertleri bize netijeli işlemäge, döwrebap hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz Aşgabat şäherine bagyşlanan täze “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň çapdan çykmagy hem bizi – maliýe-bank ulgamynyň wekillerini örän buýsandyrdy.
Goý, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirýän Gahryman Arkdagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal Abdyrahmanowa,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
Usulýet bölüminiň başlygy
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça wajyp işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy ýakynda bankyň taryhynda örän wajyp waka bolup geçdi. Ýagny, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.
Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde bankymyza öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasy bilen bilelikde ýerlemek boýunça işi amala aşyrmaklygy ýola goýmak maksady bilen gymmatly kagyzlar bazarynda delallçylyk işini alyp barmak üçin ýörite ygtyýarnama berildi.
Häzirki wagtda geljegi uly bolan gazna bazarynyň ösüşi milli ykdysadyýetiň umumy ýagdaýy, ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem içki maliýe bazarynyň ösüş depgini bilen gönüden-göni baglydyr.
Maliýe ulgamyň gymmatly kagyzlar bazaryny işjeňleşdirmegiň zerurlygy häzirki wagtda has aýdyň ýüze çykýar. Sebäbi gymmatly kagyzlar bazarynda goşmaça maliýe serişdelerine isleg bildirýän paýdarlar jemgyýetleriniň sany ýylsaýyn artýar.
Mundan başga-da, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde raýatlarymyzyň girdejileriniň artýandygy aýdyň görünýär. Şol sebäpli, milli gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegi bilen raýatlarymyzy, telekeçilerimizi we edara-kärhanalary gymmatly kagyzlara maýa goýmaga höweslendirmek çäreleri amala aşyrylýar. Ýagny, dürli taraplaryň wagtlaýyn erkin duran maliýe serişdeleri jemlenip, edara-kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryna ýerleşdirilmegi üçin amatly şertler döredilýär.
Ilatyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýurdumyzyň Gazna biržasy arkaly gymmat bahaly kagyzlaryny, ýagny aksiýalary we obligasiýalary satyn almagy paýdarlar jemgyýetiniň işine gatnaşmak hukugyny we olaryň esasy maýadarlary bolmak mümkinçiligini berýär.
Döwlet tarapyndan dolanşyga goýberilen gymmatly kagyzlary, şol sanda obligasiýalary edara-kärhanalaryň arasynda ýerleşdirmek bilen býujete goşmaça serişdeleri çekmäge, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan maýa goýum binýadyny giňeltmäge mümkinçilik döreýär.
Bank ulgamynyň we gazna bazarynyň ösüşi ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat edýär, milli ykdysadyýetiň öňe gidýän ösüşiniň we onuň daşky ýaramaz täsirlerden goralmagyna ýardam berýär.
Döwletiň edara görnüşli taraplarynyň paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi, paýnamalaryň dolanşyga goýberilmegi bir tarapdan edara-kärhnalaryň maýa goýum girdejililiginiň artmagyna we raýatlaryň goşmaça girdeji gazanmagyna şertleri döredip, beýleki tarapdan ýurduň içerki maliýe ýagdaýynyň durnuklylygyna oňyn täsir edýär we ykdysady görkezijileriň düýpli gowulanmagyna alyp barýar. Şeýle-de milli maliýe ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge we düýpli özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmäge itergi berýär.
Ýurduň gazna bazary milli maliýe bazaryň esasy bölegi bolmak bilen, eýeçiligiň täzeden netijeli paýlanmagyna we milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegine ygtybarly binýat bolýar. Şu manyda gazna bazarynyň netijeli işi maýa goýum goruny emele getirmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, «Halkbankyň» öz işini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde alyp barmagy işleri has döwrebaplaşdyrmaga tarap nobatdaky möhüm ädimleriň biridir. Şonuň üçin hem bankymyzyň agzybir işgärleri we bankyň hyzmatlaryndan peýdalanýan köp sanly müşderilerimiz bu taryhy özgertme üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan belent tutumly işlerini goldap, olara goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurduň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara, üstünliklere ýar bolsun!
Döwletgeldi Hudaýberdiýew,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Maliýe
ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy
Belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlar – bu harydyň bir görnüşidir. Eger haryt bar bolsa, elbetde, bu harydy satyn almak we satmak isleýän taraplar hem bar we olar bilelikde bazary emele getirýärler. Ýönekeý dil bilen aýdylanda, gymmatly kagyzlar bazary, adyndan belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlary ýerlemek üçin gurnalan ulgamdyr. Gymmatly kagyzlar bazarynda emitentleriň, ýagny aksiýalary we obligasiýalary dolanşyga goýberýän ýuridiki taraplaryň, bu gymmatly kagyzlary almak ýa-da satmak isleýän raýatlaryň we edara-kärhanalaryň özara gatnaşyklary emele gelýär. Şunlukda gymmatly kagyzlary öz serişdelerine satyn alýan taraplar maýa goýujy diýlip atlandyrylýar. Biziň ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bilen amallar Aşgabat şäherindäki Gazna biržasynda amala aşyrylýar.
Satmak we satyn almak işinde, onda-da gymmatly kagyzlar bazaryndaky geleşiklerde, hökmany ýagdaýda maslahat beriji bilermenler hem örän möhüm orny eýeleýärler. Sebäbi bu hünärmenler gymmatly kagyzlar bazarynyň aýratynlyklaryny, söwdanyň amala aşyrylýan pursatyndaky emele gelen ýagdaýa görä, öz paýnamalaryny ýerleýän kärhananyň taryhyny göz öňünde tutup, müşderilerini ugrukdyryp hem bilýärler.
Şeýlelik bilen gymmatly kagyzlar bazarynda satyjy we alyjynyň arasyndaky maslahat beriji, ýörite hünärli dellallaryň bolmagy iki tarapa hem örän wajypdyr. Olar öz işini bellenilen tertipde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden alnan ýörite ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar. Gymmatly kagyzlar bazarynda dellallaryň esasy möhüm wezipesi, maýa goýuma zerurlygy bolan taraplar bilen girdeji almaga isleg bildirýän maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmekdir.
Müşderiniň gymmatly kagyzlara maýa goýmak üçin dellala beren pul serişdeleri, şeýle hem dellal tarapyndan müşderi bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda gymmatly kagyzlar bilen amala aşyrylan geleşikler boýunça alnan pul serişdeleri karz edarasynda açylýan aýratyn bank hasabynda durýar we Gazna biržasynda müşderiniň adyndan çykyş edýär. Dellal öz ýerine ýetirýän hyzmatlary üçin baglaşylan şertnama laýyklykda, bellenen möçberde hyzmat hakyny alýar. Şeýle hem olar ykdysadyýetde emele gelen ýagdaýlary seljermekligi we bolup biljek üýtgeşmeleri çaklamaklygy başarmaly hem-de müşderä gerek bolan maslahat beriş hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.
Maýa goýum işiniň üstünlikli gitmegini dellalsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin dellallaryň öz işini alyp barmaklyga ýokary hünär ussatlygyny we tejribäni talap edýär we netijede müşderileriň sargytlaryny ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, olaryň gymmatly kagyzlar bazaryndaky abraýyny kesgitleýär.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemegi üçin döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentmize sag bolsun aýdýaryn we ýurdumyzy gülläp ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli uly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Döwletgeldi Hudaýberdiýew,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet
müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Maliýe
ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda bank hyzmatlary barha döwrebaplaşýar. Ýurdumyzyň banklarynyň işinde tapgyrlaýyn sanly ulgama geçilmegi bolsa müşderilerimiz üçin hem iň döwrebap mümkinçilikleri bagyşlaýar.
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy ýakynda bankyň taryhynda örän wajyp waka bolup geçdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.
Şeýlelikde, «Halkbank» öz işlerini täzeçe guraýar. Bu täzeçillik we döwrebaplyk bankyň soňky ýyllarda alyp barýan işlerinde doly şöhlelenýär. Müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň netijesi bolsa anyk sanlarda, takyk maglumatlarda beýanyny tapýar.
Ilkinji aýdylmaly zat ilata edilýän döwrebap hyzmatlar bankyň umumy girdejilerine hem täsirini ýetirýänligidir. Bu aýdanlarymyzy käbir deňeşdirmeler bilen delillendireliň! Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ähli hyzmatlaryndan 2020-nji ýylda gazanan girdejisini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende117 göterim artdy. Bankyň 2020-nji ýyldaky arassa peýdasy barada aýdylanda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 118 göterim ösüş gazanyldy.
2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan olaryň müşderilerine bank kartlaryň 405 müňe golaý sanysy paýlanyp berildi. Şeýle-de, ýurdumyz boýunça 8 müňden gowrak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary gurnalyp, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredildi.
Ýokarda görkezilen maglumatlarda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň uly paýy bar. Bank tarapyndan häzire çenli 404,9 müňden gowrak bank karty berlip, olaryň 159,1 müňden gowrak sanyny Aşgabat şäheriniň, 26,8 müňden gowrak sanyny - Ahal, 23,7 müňden gowrak sanyny - Balkan, 69,6 müňden gowrak sanyny - Mary, 97 müňden gowrak sanyny - Lebap, 28,6 müňden gowrak sanyny bolsa Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary peýdalanýarlar.
Häzire çenli Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar banky tarapyndan ornaşdyrylan töleg terminallarynyň sany 8,1 müňden geçdi. Olaryň 2,5 müňden gowragy Aşgabat şäherinde, 900-a golaýy - Ahal, 600-den gowragy - Balkan, 1,5 müňden gowragy - Mary, 1,6 müňden gowragy - Lebap, 1 müňden gowragy bolsa Daşoguz welaýatlaryndaky hasaplaşyk nokatlarynda ornaşdyryldy.
«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününe çenli bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň sanynyň hem 144-e ýetendigini aýtmak isleýäris. Olaryň 67-si Aşgabat şäherinde, galanlary ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýär.
Sakasynda milli Liderimiz duran çäksiz uly aladalaryň, geçirilýän yzygiderli işleriň netijesinde berkarar Diýarymyzda «Altyn asyr» bank kartlaryndan netijeli peýdalanmagyň hem ösýändigine ünsüňizi çekmek isleýäris. Muňa anyk göz ýetirmek üçin soňky iki ýyldaky ýagdaýy seljermek ýeterlikdir.
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Prossesing merkezi tarapyndan “Altyn asyr” kartly töleg ulgamy boýunça 2020-nji ýylda geçirilen amallaryň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 123 göterim derejesinde ösüş gazanyldy. Bank kartlary bilen amala aşyrylan amallaryň nagt däl hasaplaşyklarynyň möçberi 2019-njy ýylbilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda üç esse çemesi ösdi.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň hyzmatlarynyň sanynyň hem ep-esli artandygyny guwanç bilen nygtamak isleýäris. Geçen ýyl bankymyz öz müşderilerine birnäçe täze döwrebap hyzmatlary hem hödürledi. Olar «Cash back» hyzmaty, «Halkbank terminal» mobil ulgamy, «Owerdraft karty», «Talyp tölegi» onlaýn-hyzmaty, «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmaty. Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerine esaslanýan bu hyzmatlaryň her biri müşderiler üçin uly ýeňillikleri eçildi.
Bankyň ýeňillikli karz hyzmatynyň ýyldan-ýyla kämilleşdirilýändigine aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Olaryň sany hem barha köpeldilýär. Şeýle hyzmatlaryň iň täzeleriniň hatarynda «Owerdraft», «Haly satyn almak üçin» bank karzlaryny we kiçi göwrümli karzlary mysal hökmünde görkezmek bolar.
Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan owerdraft karzy ýurdumyzyň karz edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem işe girizildi. Ýokarda görkezilişi ýaly, munuň üçin bankyň müşderileri ýöriteleşdirilen bank karty bilen hem üpjün edildi. Ýeňillikli karzyň bu görnüşi geljek aýdaky girdejiniň belli bir möçberini karz almaga mümkinçilik berýär.
Köp sanly ýüz tutmalary nazara alyp, bank özüniň karz hyzmatlarynyň hataryna haly satyn almak maksatlaryna gönükdirilen ýeňillikli karzlary hem goşdy. Bu hyzmat arkaly haly satyn almak isleýän watandaşlarymyz bankdan ýeňillikli şertlerde 30 müň manada çenli karz serişdelerini alyp bilerler. Karz hyzmatlarynyň bu görnüşi täze öýlerimizi döwrebap we milli öwüşginleriň sazlaşygynda bezemäge ýardam berýär.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine kiçi göwrümli, ipoteka, ýaş maşgalalar üçin, sarp ediş karzlaryny hem hödürleýär.
Bankyň dürli görnüşli goýum hyzmatlaryny ýerine ýetirýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Olar bankyň müşderilerine süýşürintgileri goşmaça girdejä öwürmäge ajaýyp mümkinçilik bagyşlaýar. Indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimiz «Halkbank» tarapyndan hödürlenilýän «Talap edilýänçä» (ýyllyk 6 göterime çenli), «Hemaýat» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Gahrymanlar» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Beýik Galkynyş» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Ruhubelent» (ýyllyk 8 göterime çenli), «Bagtyýar nesiller» (ýyllyk 10 göterime çenli) ýaly goýum hyzmatlaryndan peýdalanyp gelýärler.
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze hyzmatlary ozaldan hereket edip gelýän «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly döwrebap hyzmatlaryň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň geçen ýylda täze açylan döwrebap hyzmatlar, degişlilikde, nagt däl hasaplaşyklar arkaly aýlyk bank kartlardan goşmaça girdeji almaga, olary ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrmaga, bank kartynda ýeterlik serişde ýok mahalynda indiki aý geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz almaga, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin töleglerini banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirmäge we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalary bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn-ýüzlenme arkaly ýollamaga, şeýlelikde müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýyly hem täzeliklere, has döwrebap hyzmatlara beslemegiň üstünde işleýärler. Bizi esasy begendirýän ýagdaý bolsa alnyp barylýan işleriň ýyldan-ýyla öz miwesini berýänligidir. Muny şu makalada getiren maglumatlarymyz ýene bir ýola tassyklaýar. Sakasynda Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary duran bu özgertmeler ýurdumyzyň bank ulgamyny dünýä derejesine çykarýar. Hut, şonuň üçin hem bu özgertmeler üçin milli Liderimize alkyşymyz çäksizdir. Arkadag Prezidentimiziň il-günüň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine gönükdirilen işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maýa Mollaýewa,
Türkmenistanyň "Halkbank“ paýdarlar täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.
Biziň bankymyz öz müşderilerine täze hyzmaty – karzlary almak üçin onlaýn- ýüzlenme mümkinçilgini hödürleýär.
Mundan beýläk karzlar barada maglumaty almak we bank işgäri bilen duşuşmak, karz bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin banka barmak zerurlygy aradan aýrylýar. Indi müşderi öýünden ýa-da iş ýerinden çykman, özi üçin amatly bolan karzyň görnüşini bankyň resmi web-saýtyndan saýlap alyp bilýär.
Ýüzlemäni bankyň resmi web-saýtynyň «Onlaýn-ýüzlenmeler» bölümi arkaly iberip bolýar. Bankymyz «Ýaş maşgalalar üçin», «Sarp ediş karzy», «Talyplaryň okuw tölegi üçin», «Haly satyn almak maksatlaryna» we «Kiçi göwrümli karzlary» almaga mümkinçilik berýär. Karzyň her görnüşi üçin karz alyja talaplar, zerur resminamalaryň sanawy we karzyň möçberi barada jikme-jik maglumatlar bilen tanyşyp bolýar. Siziň iberen ýüzlenmäňize gysga möhletde serediler, soňra bankyň işgäri Siz bilen karz şertnamasyny baglaşmak üçin banka gelmeli wagtyny telefon arkaly habar berer.
Ýene-de sanlyja günlerden 25 ýaşyny doldurjak hemişelik Bitaraplygymyz halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda aýdyň ýollaryň, bähbitli gatnaşyklaryň gönezligine, başlangyjyna öwrülýär. Muňa beýik bagtymyzyň 25-nji ýylynda hem halkara gatnaşyklarynda alnyp barlan işleriň mysalynda göz ýetirmek kyn däl. Bank, maliýe işlerini barha kämilleşdirýän Bitarap döwletimiz Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Halkara pul gaznasy ýaly köp sanly maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda barha öňe ilerleýär. Bu netijeli hyzmatdaşlyklar maliýe serişdelerini bähbitli ugurlarda ulanmaga, birek-birege goldaw bermäge, şeýlelikde, bilelikdäki ösüşi gazanmaga ýardam berýär. Şu ýazgylarymyzda ýurdumyzyň dünýäniň iri bank we maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky netijeli gadamlaryna gysgaça syn bermegi makul bildik.
Ýylyň wakalaryna nazar aýlanymyzda, eýýäm baharyň ortaky aýynda iri guramalardyr banklar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini görýäris. Aprel aýynda Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda geçirilen wideomaslahatda bankyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri bilen öňde duran wezipeleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, halkara ähmiýetli aýratyn alnan desgalary maliýeleşdirmek meseleleri babatynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Aziýa ösüş bankynyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekildi.
«Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylynyň tomsunda bu bankyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bilen geçirilen gepleşiklerde bolsa geljegi uly täze taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň meselelerine seredilip geçildi. Häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar CОVID-19 durmuş-ykdysady ulgama ýetirýän täsiriniň peseldilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda hem-de tutuş sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça hereketleri nygtalyp geçildi.
Aprel aýynda Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleri bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlary çekmek meseleleri babatynda özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler. Iýun aýynda bolsa ýurdumyzyň Bütindünýä bankynyň “Işewürligi alyp barmak” («Doing business») taslamasyna goşulmagy boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu taslama dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Şonuň üçin hem onuň ähmiýetine ýokary baha berildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada hem pikir alşyldy. Ýeri gelende aýtsak, bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyz Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyny hem ýyldan-ýyla berkidýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir türkmen döwletiniň ykdysady galkynmasyna däl, eýsem, tutuş sebitdäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý şu ýylyň aprel aýynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşiklerde ýene bir ýola kanagatlanma bilen bellenildi. Sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady meseleler bu duşuşygyň özenini düzdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine seredilip, dünýädäki makroykdysady ýagdaýyň ösüşine baha berildi. Şeýle-de geljekki özara gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşyldy.
Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen gepleşikleriň şu ýylda birnäçe ýola geçirilendigini nygtamak gerek. Şondan sanlyja gün soňra bu gaznanyň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin «Sebit ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçilikleri» atly synynyň onlaýn tanyşdyrylyşy boldy. Onuň barşynda dünýäniň ösüş düzgünleriniň häzirki şertlerinde ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň we hemmetaraplaýyn özara goldawlaryň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtalyp geçildi. Görkezilen synda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ösüşiniň esasy aýratynlyklary seljerildi, şeýle-de bu döwletleriň ösüş mümkinçiliklerine giňişleýin seredildi.
Türkmenistanda global derejesindäki çökgünligiň döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler barada aýratyn bellenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylmagyna gönükdirilen bolup durýandyr. Ýakynda bolsa bu gurama Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine ýokary baha berip, häzirki pandemiýa şertlerinde biziň ýurdumyzyň iň az ýitgi çeken döwletleriň biri boljakdygyna ynam bildirdi. Şunda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly maliýe syýasynyň iňňän uly orny eýeleýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň käbir döwletleriň iri banklary bilen hyzmatdaşlygy hem ikitaraplaýyn bähbitli ýollar bilen ösdürýär. Şu ýylyň aprel aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Commerzbank AG” bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikler munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Indi uzak ýyllardan bäri ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup gelýän «Commerzbank AG»-nyň wekilleri bu hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda nemes kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň maliýeleşdirilmegi meselesine seredildi. Şeýle hem halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeler we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýdyldy. Bu işde Ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparyna uly orun degişlidir. Geçen ýyllarda bu toparyň mejlisleri iki dostlukly döwletde birnäçe ýola geçirildi. Şolarda baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda bu gün türkmen we nemes kompaniýalarynyň bilelikdäki tutumlary barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň banklary we «Commerzbank AG» bolsa bu tutumlary goldaýjylar bolup çykyş edýärler.
Germaniýanyň başga bir bankynyň ― «Deutsche Bank AG»-nyň bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongarts bilen maý aýynda geçirilen gepleşiklerde hem netijeli çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýan üstünlikli gatnaşyklary bu gepleşikleriň hem üns merkezinde boldy. Taraplar Hökümetara türkmen-german iş toparynyň täze ylalşyklaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky hem ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Şu ýylyň tomsunda bu bankyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşykda uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ulag, hususy pudagyň hemmetaraplaýyn goldawy we beýlekiler bilen bagly durmuşa geçirilýän hem-de häzirki dowam edýän taslamalar dogrusynda pikir alşyldy. Duşuşygyň gün tertibinde taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin maddy hem-de tehniki binýady berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň gatnaşmagynda işewürlik geňeşmelerini geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu gepleşikler oktýabr aýynda hem dowam etdirildi. ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika, ulag pudagynda, ekologiýa düzüjileri nazara almak bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bu gezekki gepleşikleriň özenini düzdi. Şeýle hem bilelikdäki işi häzirki ýagdaýlara we wehimlere, şol sanda global pandemiýa döwründäki şertlere uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada bellenip geçildi. ÝTÖB özüniň Türkmenistan boýunça 2019 ― 2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem ýardam berjekdigini tassyklady. Umuman, Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk toýuny bank ulgamyndaky netijeli halkara hyzmatdaşlyklar bilen garşylaýar. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda hem okgunly ösdüriler. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzdaky bank hyzmatlarynyň halkara derejelerine laýyk getirilýändigini hem ýene bir gezek guwanç bilen bellemek isleýäris. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Eýýäm birnäçe aýgytly ädimler ädilip, ýurdumyzyň banklary öz müşderilerine iň häzirki zaman hyzmatlary hödürläp başladylar. Geljekde bu hyzmatlaryň gerimi has-da giňär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä giňişligine kämil bank we maliýe ulgamynyň işi bilen hem çykar. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary we çäksiz goldawy bu işleri durmuşa geçirmäge doly mümkinçilik berýär. Hut, şonuň üçin hem sözümiziň ahyrynda ýurdumyzdaky beýik tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Maýa Mollaýewa,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar
täjirçilik bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we
usulýet müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, sözüň doly manysynda, döwletliligiň geňeşine öwrüldi. Ählihalk maslahatynda milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy bolsa hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen beýik sepgitlere guwanjyňy artdyrýar, hem-de raýat hökmünde öňümizde täze wezipeleri goýýar. Bu Maslahatyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilmegi bolsa pedelerimizden gelýän asylly däbiň — toýa uly bir geňeş bilen başlamak däbiniň mynasyp dowamatyna öwrüldi.
Ählihalk Maslahatynda milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryndaky ösüşlerimiziň aýdyň beýany boldy. Hususan-da, döwrüň ýagdaýlaryna esaslanyp getirilen mysallar we olaryň oňyn çözgüdi bu taryhy çykyşy diňlänleriň her biriniň ýüreginde orun tapdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzir ýurdumyzda berk maliýe ýagdaýyny emele getirmek üçin ähli çäreler alnyp barylýar. Geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynda tassyklanan ýurdumyzy ösdürmegiň bäş ýyl üçin maksatnamasy bolsa bu işde esasy ýörelge alynýan kanunçylyk namalarynyň biridir. Halk Maslahatynyň şu gezekki mejlisinde döwlet Baştutanymyz esasy maliýe guralymyz bolan Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Sebäbi amala aşyrylýan ýaşaýyş-durmuş ugurly maýa goýumlarymyzyň aglabasy Döwlet býujetiniň hasabyna ýerine ýetirilýär.
Taryhy çykyşdan ýene bir bölege ünsüňizi çekmek isleýäris. Hormatly Prezidentimiz Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly ugra, şol sanda welaýatlarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek işlerine gönükdirilýändigini aýtdy. Geljek ýyl hem Döwlet býujetiniň hasabyna welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu aýdylanlar ýurdumyzyň maliýe mümkinçilikleriniň «Döwlet adam üçindir!» diýlen beýik ýörelgäni durmuşa geçirmäge hyzmat edýändigini görkezýär.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.
Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris. Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy we munuň diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýandygyny belledi. Döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmeklik ýerli we dünýäniň öňdebaryjy hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy giňeltmäge mümkinçilik berer. Döwlet serişdelerini ep-esli tygşytlamaga, bu serişdeleri ýurdumyzy ösdürmäge hem-de durmuş meselelerini çözmäge gönükdirmäge şert döreder.
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň bank ulgamynda hem giňden ulanylýar. Muňa diňe şu ýylyň özünde sanly ulgama daýanýan täze hyzmatlaryň birnäçesiniň girizilendigi hem aýdyň mysaldyr. Ýurdumyzyň banklary bu işi geljekde-de döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen Kararlar, şol sanda kanunçylyk özgertmeleri baradaky Kararlar tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Täze ýyldan başlap güýje girjek bu özgertmeler döwlet gurluşygynyň has kämilleşdirilmeginde möhüm orny eýelär.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Halk Maslahaty il-günüň röwşen geljegine gönükdirilen çözgütlerdir Kararlara baý boldy. Olary durmuşa geçirmäge gatnaşmak her birimiziň mukaddes borjumyz. Çünki ajaýyp döwür, eşretli ýaşaýyş milli Liderimiziň beýik ýörelgelerini il-halk bolup durmuşa geçirmegiň miwesi. Goý, mundan beýläk hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşlere beslensin!
M.Mollaýewa
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
Makala Türkmen Döwlet habarlary tarapyndan taýýarlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
“Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy döwrüň talabydyr”
«Halkbank terminal» ― nagt däl tölegdäki täze mümkinçilik
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň sanly görnüşlerini ildeşlerimize yzygiderli hödürlemek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň beýleki banklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hem bu babatda möhüm ädimleriň birnäçesini ätdi. 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize hem hasabat berlişi ýaly, bankymyz tarapyndan «Halkbank terminal» atly täze hyzmat ýola goýuldy.
Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly tehnologiýanyň esasynda taýýarlanan we nagt däl hasaplaşykda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ýerini tutup biljek ykjam goşundy bolup durýar. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri tölegi kabul etmek üçin öz ykjam telefonlaryna täze goşundyny ýükläp, ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilerler.
Adaty töleg terminallardaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ählisini amal etmäge ukyply täze mobil programma üpjünçiligi harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek we amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçilikleri berýär.
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän bu täze «Halkbank terminal» hyzmatyndan peýdalanmak örän ýönekeý. Hünärmenler tarapyndan bu programma taýýarlanylanda, onuň ýönekeýligine we düşnükli bolmagyna üns berildi. Ykjam enjamlarda gurnalan mobil programma üpjünçiliginde, satyn alnan harydyň ýa-da ýerine ýetirilen hyzmatyň bahasy girizilýär hem-de degişli töleg geçirilýär. Eger-de ykjam telefonlarda “NFC” galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin bank kartyny telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir. Bu ýakynlaşdyrmanyň netijesinde mobil programma üpjünçiligi bank kartyndaky maglumatlary okaýar. Şeýlelikde, satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin tölegler kabul edilýär. Şundan soňra ykjam telefonyň ýüzünde tölegiň kabul edilendigi barada elektron çek (hasabat kagyzy) peýda bolýar. Bütin dünýäde hem uly islege eýe bolýan bu hyzmatyň ýola goýulmagy, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary döwrebap we amatly usulda alyp barmaga täze mümkinçilikleri döreder.
Ildeşlerimize hödürlenilýän bu täze hyzmatda bank kartynyň maglumatlaryny programmada el bilen girizmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Bu “NFC” tehnologiýasy ornaşdyrylmadyk telefonlara degişli bolup durýar. Şeýle ýagdaýda töleg geçiriljek kartyň maglumatlary mobil programma üpjünçiliginde el bilen girizilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda sanly tehnologiýalary bank ulgamyna giňden ornaşdyrmak, täze bank hyzmatlaryny girizmek bilen bagly işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly, müşderileriň bank hyzmatlaryndan özbaşdak peýdalanyp bilmek mümkinçiligi has-da ýokarlandyrylýar, bu bolsa bank önümleriniň özüne çekijiligini artdyrmaga ýardam berýär. Adaty töleg terminalynyň ornuny tutmaga mümkinçilik berýän täze hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri üçin töleg terminalyna zerur bolan çykdajylary azaldýar. Mobil programma üpjünçiligi ykjam telefona ýükläp almak mümkinçiliginiň döredilmegi, bank amallaryny sanlylaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak babatynda dünýä tejribesi we halkyň ösen islegi yzygiderli öwrenilýär. Netijede bolsa, bank ulgamynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda karz bermek, nagt däl hasaplaşyklar we pul geçirmeler adaty hyzmatlara öwrüldi. Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem müşderilere sanly tehnologiýalara esaslanýan döwrebap, amatly hyzmatlar yzygiderli hödürlenýär. Munuň özi müşderi bilen bankyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, hyzmatlaryň täze görnüşlerini ýola goýmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny kämilleşdirmäge, işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkymyza hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, harajatlary we gymmatly wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hem ildeşlerimize bank hyzmatlarynyň has amatly, döwrebap görnüşlerini yzygiderli hödürlemek babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimizde innowasion syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalar diňe bir önümçilik ulgamyna däl, eýsem, hyzmatlar ulgamynda hem giňden ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri bolsa, bank ulgamynyň işgärlerini halal, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Döredilýän şertlerden ruhlanyp, müşderilere hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemek bankyň baş maksadydyr. Çünki, “Halkbank” – halkyň bankydyr. Müşderiler bolsa bankyň esasy gymmatlygydyr.
Mährijemal ABDYRAHMANOWA,
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
Usulýet bölüminiň başlygy
Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi.
Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bank ulagmyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, häzirki wagtda bu çäreler hil taýdan täze görnüşe geçýär. Ol bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegine hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde banklar nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň artdyrylmagyna, şeýle amallarynyň howpsuzlygynyň we ygtybarlylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýärler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri, türkmen ykdysadyýetiniň özgertmelere taýýarlygyny görkezýän “aýnasy” bolup durýar, şol sebäpli hem bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak, bu ulgamyň edaralaryna ynamy ýokarlandyrmak hem-de özüne çekijiligini artdyrmak, fiziki we ýuridiki taraplardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmek zerurdyr.
Ýokarda agzalan bankyň IT-hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ykjam goşundy söwda nokatlarynda hem-de hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. “Halkbank terminal” tehnologiýasynyň işe girizilmegi bilen söwda we hyzmatlar nokatlarynyň ykjam telefonlarynda sanly görnüşde degişli amallary geçirmek üçin programma üpjünçiligini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, bu goşundynyň işe girizilmegi bank amallaryny sanlylaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdiuhamedow maliýe ulgamynyň ösdürilmegine jogapkär ýolbaşçylaryny bu işleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.
Tölegleri uzak aralykdan geçirmegiň tehnologiýalaryny ýurdumyzyň söwda ulgamynda ornaşdyrmak üçin esaslar soňky döwürde degişli tejribäniň tiz toplanmagynyň barşynda goýuldy. Mysal hökmünde “Senagat”, “Rysgal bank” uzak aralykdan tölegleri geçirmäge niýetlenen kartlary, şäher jemgyýetçilik ulagynda gatnamak üçin töleg kartlarynyň getirmek bolar.
“Halkbank” DTB öz müşderilerine ýörite terimnal arkaly harytlar we hyzmatlar üçin aralykdan tölegleri geçirmek mümkinçiligini hödürledi. Töleg amallaryny üstünlikli geçirmek üçin indiden beýläk alyja öz kartyny “elden-ele” bermek hem-de ony terminalda magnit lentasyndan geçirmek zerurlygy bolmaz, karty ýörite terminala degirmek hem-de amalyň geçirilendigini tassyklamak ýeterlikdir.
Işlenip taýýarlanylan “Halkbank terminal” aralykdan tölegler ulgamy harytlary satyjylaryň ýa-da hyzmatlary ýerine ýetirijileriň adaty smartfonlarynda goýulýar hem-de häzire çenli ulanylan töleg terminallarynyň ýerini tutýar. “Halkbank terminal” tehnologiýasy ozalky töleg ulgamyna hyzmat etmek boýunça çykdajylary aradan aýyrmaga şert döreder.
Şeýle terminallar maliýe amallaryny kartdaky çipi terminala bir gezek degirmek arkaly geçirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa boýunça taýýarlanylandyr.
Bu enjamlar köpugurly ulanylýar, olar bank kartlarynyň dürli görnüşlerine: magnit lentaly ýa-da aralykdan töleg geçirmek üçin çipli standart kartlara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Standart kartlar arkaly tölegleri geçirmek üçin goşundyda kartyň belgisini, kartyň hereket edýän aýyny we ýylyny, tölegiň pul möçberini, CVC-kody girizmek hem-de tölegi tassyklamak zerurdyr.
Bu amal üstünlikli geçirilenden soňra, smartfonyň ýüzünde tölegiň geçirilendigini tassyklaýan çek peýda bolýar. Zerur bolan halatynda bu resminamany çek çap edilýän printerde çykarmak ýa-da “Shareit” arkaly alyjynyň smartfonyna geçirmek mümkindir.
“Halkbank terminal” ykjam ulgamyň aralykdan tölegleri geçirmek tehnologiýasy nagt tölegler ýa-da standart bank kartlary arkaly geçirilýän amallary bilen deňeşdirilende, söwda ýa-da hyzmat ediş kompaniýalarynda maliýe amallary geçirmegiň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle amallary geçirmegiň tehnologiýasy birnäçe tapgyry öz içine alýar:
-terminalyň meýdançasynda töleg üçin puluň möçberini girizmek hem-de bu amaly tassyklamak;
-aralykdan töleg geçirilýän karty terminaldaky ýörite nokada degirmek;
-ses we ýagtylyk duýduryşyna garaşmak, munuň özi töleg amalynyň üstünlikli geçirilendigini görkezer.
Sms-habar bermek, amallaryň bellenilen möçberleri, amalyň iň ýokary möçberi, amalyň geçirilendigi üçin töleg, ozal geçirilen amallar we beýlekiler ýaly ähli babatlarda aralykdan töleg geçirilýän kart adaty bank kartyndan tapawutlanmaýar. Şol sebäpli hem “Halkbank terminal” ykjam ulgamy arkaly aralykdan töleg geçirýän alyjy muny duýup hem ýetişmez.
Söwda kompaniýalarynyň, hyzmat merkezleriniň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, ulag kompaniýalarynyň eýeleri we işgärleri hem-de telekeçiler uzak aralykdan tölegi geçirmegiň tehnologiýasyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny göz öňünde tutmalydyrlar.
Ýokanç zerarly jemgyýetçilik ýerlerinde bellenilen aralygy berjaý etmek düzgüniniň girizilen döwründe şeýle töleg amallaryny peýdalanmak aýratyn möhümdir. Eger-de söwda nokadyna gönüden-göni barmak zerurlygy ýüze çykan halatynda hem, nagt pullary peýdalanmagy azaltmak gerekdir.
Aralykdan tölegleri peýdalanmak oňaýly bolar. Nagt pullar bilen iş salşanyňdan soňra hökmany suratda eliňizi zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamak, ýuwmak we beýlekiler zerurdyr, sebäbi kagyz pullaryň üsti bilen haýsydyr bir wiruslaryň geçmek ähtimallygy bardyr.
Türkmenistanyň tödeg hasaplaşyk ulgamynda ilata häzirki zaman tehnologiýalaryny hödürlemek üçin “Halkbank” işlenip taýýarlanylan “Halkbank terminal” goşundysyna aralykdan töleg geçirilýän kartlar bilen doly çalşyp, bölek söwda hem-de hyzmat nokatlarynda QR-kody (tölegi dessin tassyklamak kody) peýdalanmagy girizmegi meýilleşdirýär.
Aragatnaşygyň ykjam enjamlarynyň okgunly ösüşi bank hyzmatlaryny ösdürmek üçin, şol sanda aralykdan tölegleri geçirmek tehnologiýalaryny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň üçin banklar öz müşderilerine smartfonlarynda aralykdan tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýän goşundylary ornaşdyrmagy teklip etmelidirler. Sarp edijilere täze tehnologiýalardan peýdalanmagy öwretmek ýakyn ýyllarda şeýle hyzmatlary hödürleýänler üçin möhüm wezipeleriň biri bolup biler.
Ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde öňdebaryjy bolan “Juniper Researсh” barlag geçiriji firma “Gemalto”-nyň buýurmasy boýunça geçiren “Mobile & Online Tiсketing Deep Dive Strategy & Competition 2016-2020” (2016-2020-nji ýyllar üçin Deep Dive petekleriniň ykjam we onlaýn satuwy boýunça strategiýa we bäsdeşlik) diýen hasabatynda şonuň ýaly netijä gelýär.
Gemalto programma ulgamlaryny, smart-kartlar we tokenler ýaly goralan şahsy enjamlary, şeýle hem dolandyrylýan hyzmatlary hödürleýän sanlylaşdyrmak howpsuzlygy boýunça halkara kompaniýadyr.
Şundan ugur alyp, taslamalary durmuşa geçirmek we häzirki zamanyň sanly çözgütlerini ornaşdyrmak üçin türkmen banklaryna maglumat howpsyzlygy, maliýe akymlaryny ulgamlaýyn seljermek babatda öz hünärmenlerini, maglumat ulgamlaryny işläp düzüjileri, dolandyryjylary, inženerleri we beýlekileri taýýarlamak bilen birlikde, müşderilere ornaşdyrylýan tehnologiýalary ulanmak başarnyklaryny öwretmek boýunça işleri hem geçirmek zerurdyr.
Hyzmatyň sanlylaşdyrylmagy, ýagny az wagtyň içinde uly göwrümli maglumatlary işläp bilýän kuwwatly, ygtybarly we çeýe tehnologik ulgamyň döredilmegidir hem-de hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürlemekdir. Bu bolsa Türkmenistanyň banklaryny tehnologiýa taýdan özgertmegiň möhüm taslamasydyr.
Homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde häzirki wagtda karz bermegiň, nagt däl hasaplaşyklaryň we pul geçirmeleriň adaty hyzmatlara öwrülýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan hökümetiň mejlisinde “Halkbank terminal” ulgamyny işe girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem-de şeýle ulgamlaryň ýurdumyzyň beýleki banklary tarapyndan taýýarlanylmagy baradaky meseläniň üstünde pikirlenmegi tabşyrdy.
“Halkbank”-yň edaralaryna söwda kärhanalaryndan we hyzmat ediş guramalaryndan, döwlet ulgamyndan we telekeçilerden gelip gowuşýan köpsanly haýyşnamalar täze “Halkbank terminal” ulgamyna islegiň ýokarydygynyň aýdyň mysaly boldy.
“Halkbank”-yň bu täze önümini ilkinjiler bolup türkmen dokma önüminiň alyjylary we satyjylary barlap gördüler—tehnologiýany Aşgabatda iýun aýynyň ortalarynda açylan Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň täze söwda merkezinde ornaşdyrdylar.
Milli nyşanly harytlary satyn alan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem howpsuz bolan aralykdan tölegleriň ähli oňaýlyklaryny duýdular. Gökdepe dokma toplumynyň “Gala”, Aşgabadyň dokma toplumynyň “Goza”, Türkmenbaşy jinsi toplumynyň “Bedew”, Marynyň “Ýeňiş” fabriginiň, Aşgabadyň panbarhat önümlerini çykarýan fabriginiň dükanlarynyň kassalarynda “Halkbank terminal” ykjam ulgamy gurnalan smartfonlar oturdyldy we yzygiderli işledilýär.
“Halkbank” ýakyn wagtda “ADT” nyşany bilen belli bolan Aşgabat dokma toplumynyň ähli dükanlarynda aralykdan töleg geçirmegiň ykjam ulgamyny ornaşdyrmagy tamamlar. Şunuň ýaly täze usulyň ornaşdyrylmagy ugrundaky nobatda müşderilere şäher boýunça harytlary we iýmitleri eltip bermek bilen meşgullanýan paýtagtymyzyň telekeçileri durýarlar.
“Halkbank”-yň sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagynyň mysallaryny agzap geçmek bilen, şonuň ýaly hyzmatlaryň toplumynda eýýäm ondan gowrak hyzmatlaryň bardygyny nygtap bolar. Internet giňişliginde hereket edýän Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň Ýeke-täk portalyny (e.gov. tm) aýratyn bellemek gerek. Şonda banklar bilen birlikde, döwlet edaralarynyň ählisiniň saýtlary hödürlenýär. Hut şu portalda olar sanly hyzmatlaryň ähli ulgamlaryny hem beýan etmelidir.
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de Internet web-saýtlaryny döretmek we ornaşdyrmak hakynda” Karara gol çekendigini ýatlamak isleýäris.
Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, hususy telekeçilere—edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara bellenen tertipde elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň we web-saýtlaryň döredilmegini, olaryň herekete girizilmegini hem-de yzygiderli işjeň täzelenmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama laýyklykda, işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli herekete girizmek bellenildi.
“Öňdebaryyj sanly tehnologiýalaryň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösmegi üçin esas bolar. Döreýän ýagdaýlary seljerip we päsgelçilikleri yzygiderli aradan aýryp, täze ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen biz dünýä bazarlarynda ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli artdyryp bileris” diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmäge geçilmegini güýçlendirmek, işewür we maýa goýum işjeňliginiň ösüşini artdyrmak, ylmy pudaklarda iş üpjünçiliginiň ýokarlanmagyny gazanmak, jemgyýetiň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň durmuşynyň hilini we hal-ýagdaýynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Makala Türkmen Döwlet habarlary tarapyndan taýýarlandy.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, milli töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, nagt däl hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak babatynda möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly müşderilere täze sanly hyzmatlary hödürlemek, şeýle-de bank kartlaryny ulanmakda amatlyklary döretmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik banky tarapyndan zähmet haky geçirilýän “Altyn asyr” bank kartlary arkaly peýdalanyp bolýan “Cash back” hyzmaty girizildi.
“Cash back” sözi iňlis dilinden terjime edilende “cash” – nagt pul, “back” – gaýtarmak, yzyna diýmegi, ýagny bu söz "puly yzyna gaýtarmak“ diýmekligi aňladýar. Has takygy, harytlara we hyzmatlara bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg edilende harydyň ýa-da hyzmatyň bahasynyň belli bir derejedäki möçberini bank kartyna yzyna gaýtarylýan pul sylagydyr.
“Cash back” adalgasy Beýik Britaniýada döreýär hem-de ilkibaşda Beýik Britaniýada we ABŞ-da 1980-nji ýyllarda ulanylyp başlanýar. Bu hyzmat ösen ýurtlaryň köpüsinde giňden ýaýran. Dünýäniň dürli döwletlerinde “Cash back” hyzmaty diňe bank kartlarynda däl, eýsem söwda merkezleriň, internet-dükanlaryň ýörite kartlarynda hem ulanylýar. Dünýä tejribesinde “Cash back” hyzmatyndan peýdalanylanda bank kartyna gaýtarylýan pul möçberi dürli göterim derejelerde bellenilýär, adatça ol 1%-10% aralykda bolýar. “Cash back” hyzmaty Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň zähmet haky geçirilýän “Altyn asyr” bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklar geçirilende kart saklaýjylaryna girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Bank kartlary arkaly harytlary we hyzmatlary nagt däl görnüşinde satyn alan müşderilere ähli geçirilen amallaryň umumy bahasynyň 1,5 göterimi kartyna gaýdyp berilýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 01-nji maýyndan 30-njy iýunyna çenli biziň bankymyz “Cash back” hyzmatynyň göterimini 2% çenli ýokarlandyrdy. Bir aýyň dowamyndaky aýlyk kartyna gaýdyp gelen pul serişdeleri baradaky maglumat her aýyň 25-ine SMS arkaly müşderileriň ykjam telefonyna iberilýär. Şeýle hyzmatyň girizilmegi bilen, müşderilerde nagt däl görnüşinde söwda etmäge höwes döreýär, karz edaralaryň özaralarynda bäsdeşlik güýçlenýär we netijede hödürlenýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar.
“Cash back” hyzmatynyň müşderiler üçin amatly taraplary:
Amatly, çalt we ygtybarly hyzmat etmäge gönükdirilen innowasion tehnologiýalarynyň, kämil bank hyzmatlarynyň hödürlenmegi ilatyň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Maýa Mollaýewa,
Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý
Ertiriň aladasynyň şu günden başlaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlaryň bagtyýar durmuşy üçin giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çünki ýaşlar hakda alada – geljek hakda alada. Binanyň berkligi onuň binýadynyň mäkämligine bagly bolýar. Döwletiň kuwwaty, ösüş-özgerişi-de, ýaş raýatlarynyň gözýetiminiň giňligi, ylym-bilim garaýyşlarynyň ýokarylygy bilen ölçenilýär. Biziň ýurdumyzda ählitaraplaýyn giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän şol işler bolsa, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň ähli babatda mümkinçiliklerini açyp görkezmegine ýardam berýär.
Biz muňa “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginde, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmeginde, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” kabul edilmeginiň mysalynda hem aňryýany bilen göz ýetirýäris. Bu resminamalarda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmen ýaşlary hakynda şeýle giň gerimli işleriň ýaýbaňlanýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank edaralary tarapyndan hem degişli meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň esasynda bolsa, döwletiň ýaş raýatlary, ýaş maşgalalardyr bagtyýar talyplary üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary işlenip düzülýär. Bu babatda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem degişli işler alnyp barylýar. Bank tarapyndan berilýän goldawlaryň hatarynda ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny edinmek üçin berilýän ýeňillikli karzlary, ýaşaýyş jaýy üçin berilýän karzlary, talyplar bilen bagly hyzmatlary we beýlekileri görkezip bileris. Bu goldaw-hemaýatlar «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran Kararyna, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda berilýär.
Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek üçin täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan “Talyp karzy”, “Talyp tölegi” ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy.
“Talyp tölegi” hyzmaty bank tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usuly arkaly) geçirip bolýanlygy. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy.
«Talyp karzy» hyzmaty bolsa, Türkmenistanyň raýatlaryna, ýagny talybyň-ene-atasynyň ýa-da hossarlarynyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär. Bellenen möçberdäki karz serişdesi bankdan göni talybyň okaýan (ýa-da okamaga hukuk gazanan) ýokary okuw mekdebiniň hasabyna geçirilýär. Şu ýerde berilýän karzyň möçberiniň her bir okuw mekdebiniň bellän bahasyna laýyk kesgitlenýändigini aýtmak gerek. Talyplar we olaryň hossarlary alty aýlyk we ýa-da bir ýyllyk töleg üçin bankyň karz hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Şunda ýene bir zady nygtamak gerek: eger-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çözgütleri bilen okuwyň soňky ýyllardaky tölegleriň mukdary artsa, karzyň möçberi hem üýtgäp biler. Bu karz ýyllyk 8 göterim möçberinde berilýär.
Elbetde, adamyň durmuşda mynasyp ýaşamagy üçin birnäçe şert gerek. Olaryň iň zerurlary bolsa, ýaş raýatlaryň maşgala gurmagy bilen baglylykda ýüze çykýar. Şu babatda ýaşlary goldamak, ýagny durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş jaýyny satyn almak, ýagny gozgalmaýan emläk üçin hem ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu ýeňillikli karz resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüztutmalary esasynda zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýär.
Häzirki wagtda ýaşlary goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, üstünlikli okamaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler olaryň durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, öz hünärlerini kämilleşdirmäge, yhlas bilen zähmet çekmeklerine, okamaklaryna höweslendirýär. Şu babatda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank edaralarynyň hem paýynyň bolmagy, bu ulgamyň hünärmenleriniň öňünde yzygiderli täze wezipeleri kesgitleýär. Çünki, ýaşlar – ýurduň geljegi. Öz geljegiň hakda bolsa, örän oýlanyşykly işleri alyp barmak biziň halkymyzyň köpasyrlyk ygrarly bolup gelýän ýol-ýörelgesidir. Bu ugurdaky işler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen has-da depginli ösüşlere eýe bolýar.
Biz, pul-karz ulgamynyň wekilleri, hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny goldamak, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin zerur şertleri döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekeris. Giň gözýetimli, watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere, üstünliklerden-üstünliklere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal Abdyrahmanowa,
Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň Usulýet bölüminiň başlygy
Bagtyýar zamanamyzyň hormatly raýatlary!
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky, ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmeklige ýardam bermek maksady bilen, Size kiçi göwrümli karzlary hödürleýär!
Ýurdumyzy dürli görnüşli, ekologiki taýdan arassa, elýeter bahaly azyk önümleri bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi gurnamak we berkitmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, oba hojalyk önümlerini öndürýän ekerançylara, maldarlara bankymyz ýeňillikli we amatly şertli kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.
Karzyň möçberi - 30 000 (otuz müň) manada çenli;
Karzyň göterimi - ýyllyk 10 %;
Karzyň möhleti – 3 ýyla (alty aý ýeňillikli döwri bilen) çenli;
Karzyň üpjünçiligi –tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi.
Zerur bolan resminamalaryň sanawy:
- Mellegine (kömekçi hojalygyna, bölünip berlen ýer bölegine) degişli resminamalar;
- Karz alyjynyň durnukly girdeji çeşmesiniň bardygyny tassyklaýan resminamalar;
- Girew emlägine degişli resminamalar;
- Bank tarapyndan talap edilýän beýleki zerur resminamalar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-49-71, 44-49-84.
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky elmydama Siziň hyzmatyňyzda!
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, wajyp, döwrebap taslamalary dünýäde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pulumyz bolan türkmen manady dolanyşyga girizildi. Özüniň hümmetiniň durnuklylyk derejesini saklamagy başarýan milli manadymyz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde, 2011-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky» hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda düzgünleşdirilýär.Ýurduň ykbalynda möhüm orny tutýan bu Kanunda Türkmenistanyň pul birliginiň manatdygy, onuň ýurduň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup çykyş edýändigi kesgitlenildi. Şoňa görä-de, türkmen manady ykdysady görkezijileriň gönüden-göni ýokarlanmagyna täsir ediji güýç bolup durýar. «Pul-haryt-pul» diýen ykdysady adalga milli manadymyzyň denominirlenmegi bilen has ygtybarly mazmuna eýe boldy. Täze pul birlikleri ýurdumyzyň maliýe ulgamyndaky ösüşleriniň güwäsidir.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde pul ulgamyny berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Milli pul birligimiziň indi uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmagyň maliýe guraly bolup durýandygyny bellemek gerek. Bank amallarynyň dürli görnüşleriniň hödür edilmegi bilen telekeçilik işi giň gerimde ösdürilýär. Ýeňillikli salgyt salmak, pes göterimden karz bermek, amatly nyrh syýasatyny ýöretmek ýaly çäreler hususy haryt öndürijileri höweslendirýär. Türkmenistanyň bank ulgamy maliýe ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi goldamak we ösdürmek boýunça wezipeleri çözmek üçin banklar tarapyndan berilýän ýeňillikli önümçilik maksatly karz serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça önüm öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Şu kärhanalarda daşary ýurtlardan gyzyl pula satyn alnyp, ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär we içerki bazarlarymyzy baýlaşdyrýar.
Türkmen manadynyň kadaly hereket etmegi, onuň hümmetiniň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen derejede saklanylmagy öz gezeginde dünýä döwletleri bilen amatly eksport-import amallaryny ýerine ýetirmäge, manadyň diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem halkara derejesinde hem abraýynyň artmagyna esas bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ornaşdyrylýan bankomatlaryň we töleg terminallarynyň sany artdyrylýar hem-de olaryň bökdençsiz hereket etmegi ýola goýulýar. Bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap hyzmatlar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär.
Raýatlar söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklaryndan peýdalanmak arkaly öz pul serişdelerini dünýä tejribesine laýyklykda ulanýarlar. Töleg terminallaryarkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna we şeýlelikde geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar.
«Internet-bank» hyzmatynyň kömegi bilen islendik wagtda we islendik ýerde internet ulgamyna birikdirilen kompýuteri ýa-da ykjam telefony arkaly öý we ykjam telefony, IP telewideniýe, internet, karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanan göterimi tölemäge, şeyle hem, beýleki tölegleri geçirmäge mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de «Internet-bank» hyzmatynyň ýene-de bir amatlylygy bu ulgamda amala aşyrylýan tölegler baradaky maglumatlar bilen SMS-habarnamalaryarkaly tanşyp bolýar. «Internet-bank» hyzmaty raýatlarymyzyň wagt tygşytlylygyny, şeýle-de pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün edýän hyzmatlaryň biri bolup durýar.
Milli ykdysadyýetimizde milli manadymyzyň dolanyşygynda gazanylýan oňyn netijeler halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär. Şeýle eşretli durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär. Şeýle eşretli durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Mollaýewa Maýa, Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.
Üçünji müňýyllyk tehnikanyň we tehnologiýanyň asyry hasaplanylýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň “Internet-bank”, “Mobil-bank”, “QR-kod”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.
Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem üstünlikli alnyp barylýar. Bank tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňeýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlaryüçin tölenýän tölegleri tiz we amatly usulda tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internetli kompýuter ýa-da planşet arkaly “Internet-bank” hyzmaty esasynda berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak töläp bolýar. Şeýle hem bank tarapyndan hödürlenýän “Mobil-bank” hyzmatynyň üsti bilen, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi arkaly, ýokarda agzalan hyzmatlary ykjam telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Soňky ýyllarda bank işiniň şeýle görnüşde işjeň sanlylaşmagy menzilara bank düşünjesiniň döremegine we ýaýramagyna getirdi. Häzirki döwürde dünýäde wirtual bank ulgamynyň dürli görnüşleri hereket edýär. Olar adaty bankdan tapawutlylykda, bank hünärmenleri bilen müşderileriniň arasynda göni aragatnaşyk saklanylmaýar. Wirtual bank amallary müşderilere, olaryň ýerleşýän ýerine garamazdan, uzak aralykdan köp kanally ulgamlar, şol sanda, bankomatlaryň, internetli kompýuterleriň, ykjam telefonlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Şeýle görnüşdäki bank hyzmatlary birnäçe esse arzan bolup, müşderileriň wagtlaryny tygşytlaýar, hasaplaşyklary çaltlandyrýar.
Maliýe-bank ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde hyzmatlaryň täze görnüşleri peýda bolýar. Dünýäde ilkinji gezek müşderilere bank hasaplaryny uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän hyzmatlar 1980-nji ýyllarda hereket edip başlady. Şeýle hyzmatlar ilkibaşda öý banky (home banking) ulgamy ady bilen ýüze çykyp başlady. Öý banky ulgamy ilkibaşda öý ýa-da iş telefonyny kompýutere birikdirmek, soňra bolsa ykjam telefony arkaly müşderilere özleriniň bank hasaplaryndaky pul serişdelerini barlamaga şert döredýär. Wagtyň geçmegi bilen SMS-habarnama esaslanýan SMS-bank (SMS-banking) hyzmaty ýüze çykýar. 1990-njy ýyllarda müşderileriň tabşyrygy esasynda internet arkaly pul serişdelerini uzak aralykdan geçirmek boýunça bank hyzmatlary iş tejribesine girizildi. Ýyl geçdigiçe dünýäde uzak aralykdan bank hyzmatlaryny hödürleýän banklaryň sany yzygiderli köpelýär. Geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlap, dünýäde banklaryň ýerine ýetirýän amallarynyň köp görnüşi sanly ulgama geçirilýär. Ilki bilen bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy tölegleri we hasaplaşyklary geçirmegi üpjün edýän bütindünýä maliýe telekommunikasiýalar ulgamy bolan SWIFT-e we dürli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň milli töleg ulgamlaryna degişlidir. 2000-nji ýyllaryň başlaryna tölegler we hasaplaşyklar ýaýrawlarynyň sanlylaşmasy tamamlanýar. Şeýle özgerişler bankara töleglerini we hasaplaşyklaryny hakyky wagt tertibinde (onlaýn) geçirmeklige getirdi.
Sanly özgermeleriň gerimi we depgini durnukly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde orta çykýar. Sanlylaşdyrmak ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ýaýrawlaryny, şol sanda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Sanly bank dünýäniň maliýe edaralarynyň 70 göterimden gowragynyň esasy ösüş strategiýasy bolup durýandygy «Global sanly bank hasabatynda» getirilen maglumatlar tassyklaýar. Sanly bankyň döremegini belli bir ýagdaýlar, ýagny adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynda maglumatlaryň we maglumat tehnologiýalarynyň ornunyň ýokarlanmagy, maglumat önümleriniň we hyzmatlarynyň jemi içerki önümde tutýan paýynyň artmagy, adamlaryň arasynda netijeli maglumat baglanyşygyny üpjün edýän global sanly giňişligiň döremegi, ilatyň maglumat önümlerine we hyzmatlaryna bolan islegleriniň yzygiderli artmagy, sanly ykdysadyýetiň, elektron hökümetiň, sanly bazarlaryň emele gelmegi şertlendirýär.
Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurduň töleg ulgamyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda “Altyn asyr”, “Milli kart” we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän dürli görnüşli “VISA” we “MasterCard” halkara bank kartlary hereket edip gelýär. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, puluň ýitmeginiň öňüni almaga, karz almak we goýum goýmak işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan halka edilýän hyzmatlaryň hili we görnüşleri yzygiderli ýokarlandyrylýar, nagt däl hasaplaşyk ulgamy günsaýyn kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, seljerilýän hasabat döwründe bank tarapyndan gurnalan töleg terminallaryň sany 31 göterim ýokarlandy. Şeýle-de, “Internet-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 63 göterim artdy, “Mobil-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany bolsa 7 esse köpeldi. “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde islendik bank tarapyndan dolanşyga goýberilen “Altyn Asyr”, “Milli kart”, “Visa” we “MasterCard” halkara bank kartlary bilen çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç-guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Nagt däl görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank” hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagtda öz tölegleri baradaky maglumat bilen tanşyp bilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda we onuň ähli şahamçalarynda Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan ýerine ýazga girmek, ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda, ýaşaýyş otaglary, saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, kommunal tölegleri, ýagny elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary, awtoulag serişdelerini bellige almak, awtoulag serişdeleriň tehniki pasportyny bermek, awtoulag serişdelerini tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak bilen bagly binäçe görnüşli tölegleri bank kartlaryny ulanyp, töleg terminallary arkaly geçirip bolýar.
Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly bank ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli işleri milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank hyzmatlarynyň sanly görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam eder.
Bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna hem-de munuň üsti bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar. Amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky aladalarynyň netijeleridir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Begenç Durdyýew
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Bank kart ulgamlar müdirliginiň
Müşderiler bilen işlemek bölüminiň başlygy
Taryhyň teswirlemegine görä, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesini berkarar etdirmek üçin uly ýol geçdi. Ýurdumyz bu ugurda döwlet syýasatyny amal etmek bilen, içeri we daşary syýasatynda birnäçe oňyn başlangyçlary durmuşa geçirdi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanmak ugrundaky tagallasyny döwlet Garaşsyzlygyny gazanandan soňra durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldy. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň binýatlaýyn hukuk esaslarynyň goýulmagy bu ugurdaky ilkinji ädim boldy. Türkmen Bitaraplygy barada BMG-niň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji mejlisinde birinji gezek hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 69-njy mejlisinde ikinji gezek täzeden “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Rezolýusiýany kabul etdi. Geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, biziň ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda toplanan tejribe, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmeklige ygrarlylygyň ajaýyp nusgasy kemala geldi. Bu bolsa türkmen döwletiniň halkyň asyl ruhy ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk syýasatynyň üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi – ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň sebit merkeziniň, “Ýewropa öýüniň” açylmagy, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy öz-özünden bolýan zatlar däldir. Döwletimiziň hoşniýetli, hoşmeýilli oňyn bitaraplyk taglymaty we syýasaty, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna kybap gelýän baý medeni taryhyndan, milli däp-dessurlardan, ýol-ýörelgelerden gözbaş alýandyr. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibinde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri doly goldap maksatnamalaýyn çykyş etmegi ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek aýan etdi.
Milli Liderimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyndan gelip çykýan “Ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesine esaslanyp, biziň halkymyzyň we bütin adamzadyň geljegini kesgitleýän başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi we sürýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlaryny görkezse bolar. Bu başlangyç Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanyp, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Energiýa hartiýasy bilen bilelikde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahatyň geçirilmegi şu örän wajyp meseläni çözmeklige Türkmenistanyň ygrarlydygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen soňky döwürde gurlan gaz geçirijiler ulgamy bu gün türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna artdyrylan möçberde ibermeklige mümkinçilik berýär. Häzirki günlerde gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bu uglewodorod serişdesi Günorta Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşini we bu ýerde durnuklylygy gazanmaklyga itergi berip, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagyna öz täsirini ýetirer.
Üstümizdäki “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu halkara resminamanyň kabul edilmeginde dünýäniň 73 döwleti awtordaş hökmünde çykyş etdi. Şunuň bilen, Türkmenistan Ählumumy Gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmakda özüniň işjeň ýörelgesini hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek görkezdi. Şol çözgütlere adamzadyň ykbaly gönüden-göni baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda hem ýurdumyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman binýadynyň berkidilmeginde we ösdürilmeginde wajyp hasaplanýandygyny nygtady.
Berkarar döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasaty bütin adamzadyň bähbidine, parahat durmuşyna gönükdirilen başlangyçlary taryhy ýol-ýörelgelerimiz esasynda alnyp barylýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bütin döredijiligi diýen ýaly öz halkynyň abadançylygyna, asudalygyna, edep-ekramlylygyna, ruhy hem ahlak arassalygyna bagyşlanypdyr. Şahyryň döredijiliginden türkmen durmuşynyň islendik tarapyny edil aýnada gören ýaly aýan görmek bolýar. “Yşk mülküniň şasy” saýylýan Mollanepes: “Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, birisine gep berip, ol birine al berme” diýen paýhasy öňe süren bolsa, Zelili şahyr: “Asly adamzada ajy söz urma” diýen pikiri baýdak edinipdir. Bu mysallar halkymyzyň şu günki ýeten beýik derejesiniň kökleriniň juda berkdigini, kämildigini aňladýar. Şeýle mysallara adamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen “Gorkut ata” eposynda, gahrymançylygy, mertligi, asudalygy ündeýän “Görogly” şadessanynda gabat gelmek bolýar.
Türkmen halkynyň milli gahrymany Görogly beg özüniň mertligi, watansöýüjiligi, belent adamkärçiligi, hemişe ejize hossar bolmagy, şahandazlygy bilen tutuş ýigrimi iki halkyň döredijiliginde orun alypdyr. Eseri ylmy esasda öwrenen alymlar munuň ýaly başga bir eseriň dünýä edebiýatynda gabat gelmeýändigini belleýärler. Şundan ugur alynsa, şol asylly ahlak ýörelgeleriň, halkymyzyň ýakynu-alys goňşular bilen parahatçylykda, oňşukly, agzybir, arkalaşyp ýaşamak ýaly ynsanperwer häsiýetleriniň, ündewleriniň netijesi bizi hemişelik Bitaraplyga eýe etdi. Türkmeniň gadymdan gaýdýan ahlak ýörelgeleri umumadamzadyň abadançylygy baradaky meselä öwrülip, halkymyzyň halkara abraýyny ýene bir gez beýige galdyrdy.
Umumadamzat gymmatlyklarynyň giden bir toplumyny dünýäniň ruhy hazynasyna goşan türkmen halkynyň döreden nakyllarynda, ertekidir rowaýatlarynda, dessanlarynda, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda, hatda XX asyr ýazyjylarymyzyň eserlerinde-de parahatçylyk, ynsana sarpa goýmak ýaly ynsanperwer pikirleriň beýany milli edebiýatymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup, dünýä edebiýatynyň bezegi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy” atly kitaby bolsa, türkmeniň milli sungatynyň dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkarar etmekde örän uly ruhy güýje eýedigini giň jemgyýetçilige ýene bir ýola äşgär etdi.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň türkmen halkynyň ata-baba ýörelgesi bolanlygyny aýtmak bilen, biz Bitaraplyk hakdaky pikirleriň iňňän gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň agzeki hem ýazuwly edebiýatynda, gündelik ýaşaýyş durmuşynda şöhlelenip gelendigini nygtamak isleýäris. Ol ýörelge häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle bolanlygy üçin “Adam adama dostdur, dogandyr” diýen ynsanperwer pelsepe bagtyýarlyk döwrümizde türkmen Bitaraplygynyň baýdagy astynda özüniň hakyky many-mazmunyna eýe bolýar.
Biz bu gün beýik we bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň beýik paýhaslary we tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz ösüşiň milli ruha laýyk gelýän dünýä nusgalyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy hem barha ýokarlanýar. Beýik döwürde bagtyýarlygyň hözürini görüp ýaşaýan agzybir il-ulsumyz halkyny bagtly, abadan durmuşda ýaşatmak üçin yhlasly zähmetini gaýgyrmaýan milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ajaýyp geljege barýar.
Türkmenistanyň "Halkbank“ DTB-nyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň Usulýet bölüminiň
baş hünärmeni B.Şihgulyýew
Tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem raýatlaryň şahsy maksatlary, şahsy zerurlyklary üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda hem giň gerim alýar, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär.
Şeýle hyzmatlaryň biri-de, “Talyp tölegi” hyzmatydyr. Sentýabr aýynda açylan bu hyzmatyň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň aglabasynda tölegli okuwlar ýola goýuldy. Talyplaryň okuw töleglerini baglaşylan şertnamalaryna laýyklykda, öz wagtynda, doly geçirmekleri üçin bolsa karz edaralarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bankymyz tarapyndan açylan täze hyzmatda hem talyplar üçin ähli amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatyň esasy aýratynlygy, ýagny nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde ("online“ usul arkaly) geçirip bolýanlygydyr.
Häzirki döwre çenli ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalar baglaşyldy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler paýlanyldy. Talyp özüne degişli şol şahsy belgiler arkaly “Halkbankyň” saýty ýa-da ýörite “Talyp tölegi” ady bilen döredilen goşundy hyzmatynyň üsti bilen töleg geçirip bilýär. Şu ýerde töleg geçirmek bilen bagly birnäçe sowallaryň ýüze çykmagy mümkin. Meselem, özünde şahsy "Altyn asyr“ bank karty bolmadyk talyp tölegini nädip geçirmeli? Ýyllyk tölegi böleklere bölüp töläp bolarmy? Tölegiň geçendigi barada degişli resminama nähili usulda düzgünleşdirilýär?
Her bir müşderide döräp biläýjek şu we beýleki sowallaryň ählisi hyzmatyň taslamasy işlenip düzülende degişli hünärmenler tarapyndan doly öwrenildi. Şoňa laýyklykda, özünde bank karty bolmadyk talyp iki tarapyň özara ylalaşygy esasynda islendik adamyň aýlyk kartyndan töleg geçirip bilýär. Ýyllyk töleg möçberini bolsa islendik mukdarda tölemek mümkinçiligi döredildi. Talybyň töleg geçirendigi baradaky degişli resminama her okuw mekdebine awtomatik usulda habar berilýär, şeýle-de zerurlyga görä degişli resminamany çap etmek şertleri hem ýola goýuldy.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, tölegler bankyň saýty, şeýle-de telefon goşundysy arkaly kabul edilýär. Bu ýerde hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär. Saýt arkaly töleg üçin saýtyň baş sahypasynda «Onlaýn-tölegler» düwmesine basyp, «Talyp tölegi» hyzmatyny saýlamaly. Ýakynda döredilen goşundy hyzmaty hem tölegi tiz usulda tölemäge mümkinçilik berýär. Gysgaça aýdanymyzda, bu programma talyplara okuw tölegini internet arkaly göni wagt tertibinde tölemek mümkinçiligini bermekden hem-de ondan daşary häzirkizaman tehnologiýalary ulanmak ýaly milli ýörelgeleri durmuşa geçirmekligi üpjün etmeklikden ybaratdyr. Şeýle-de, bu programmanyň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzda "Altyn asyr“ milli töleg ulgamynyň ýaýramagy bilen talyplara okuw töleglerini nagt däl görnüşde geçirmekde ýeňillikli şertleri döretmek bilen baglydyr. Programmanyň interfeýsi häzirki wagtda ulanylýan ähli enjamlara (kompýuter, planşet we el telfon) görä niýetlenip taýýarlanyldy.
Umuman aýdanymyzda, milli ykdysadyýetimizde innowasiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalar diňe bir önümçilik ulgamyna däl, eýsem, hyzmatlar ulgamynda hem giňden ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri bolsa, bank ulgamynyň işgärleriniň halal, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Döredilýän şertlerden ruhlanyp, müşderilere hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini hödürläris. Çünki, “Halkbank” – halkyň bankydyr. Müşderiler bolsa bankyň iň esasy gymmatlygydyr.
Myrat Gurbanow,
Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik bankynyň
Bank kart ulgamlary müdirliginiň Müşderiler bilen
işlemek bölüminiň baş hünärmeni
Türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde işlemegiň we döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp däplerine eýerýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň halklarymyz diňe çäk taýdan goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak sütünleriniň umumylygy bilen hem birleşendirler. Häzirki zamanda bu düşünjeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, dostlugyň we halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň möhüm bölegi bolmak bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurdaky hzymatdaşlygyň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiziň 28-29-njy noýabrdaky Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhnda täze sahypa öwrüldi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Emma bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şol seneden gözbaş alýandygyny görkezmeýär. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda-da umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen we özbek halklary uzak asyrlaryň dowamynda biri-birine goňşy oturyp, umumy mirasa, taryha eýe bolan halklardyr. Magtymguly Pyragy, Alyşir Nowaýy ýaly akyldarlaryň edebi mirasy bolsa iki halkda hem söýlüp okalýar. Biziň dillerimiziň bir kökden gaýdyp, islendik özbegistanlynyň we türkmenistanlynyň biri-biri bilen dilmaçsyz düşünişip bilmegi hem aramyzdaky ýakynlykdan habar berýär.
Özbegistan Respublikasynda türkmenleriň 190 müňden gowragy ýaşaýar. Dürli ýurtlaryň Özbegistandaky milli-medeniýet merkezleriniň arasynda Türkmen milli medeniýet merkezi hem hereket edip, ol 2001-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alyndy. Häzir merkeziň 6 bölümi bolup, olar Surhanderýa, Kaşkaderýa, Buhara, Daşkent welaýatlarynda we Daşkent şäherinde, şeýle hem Garagalpagystan Respublikasynda hereket edýär.
Orta mekdepleriň 44-sinde çagalara türkmen dilinde bilim berilýär. Şol mekdepleriň üçüsinde özbek, gazak we türkmen çagalary goşulyşyp okaýarlar. Şol sanda, Özbegistanyň orta mekdeplerinde öwredilýän ýedi sany daşary ýurt diliniň biri türkmen dilidir. Garagalpak döwlet uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty bölümi bar. Garagalpagystan Respublikasynyň Ajiniýaz adyndaky institutynda türkmen dilinde bilim berýän ýokary bilimli başlangyç synp mugallymlary taýýarlanylýar. Garagalpagystanyň radiokompaniýasynyň düzümindäki “Diýar” radiogepleşigi türkmen dilinde alnyp barylýar. Dörtgül etrabynda bolsa, 2001-nji ýyldan bäri “Mekan” gazeti türkmen dilinde neşir edilýär. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän 29-njy orta mekdepde bolsa, türkmen çagalarynyň 400-den gowragy bilim alýarlar. Orta mekdebiň kitaphanasynda türkmen dilindäki kitaplar bar. Bu maglumatlar iki döwletiň arasyndaky ýola goýlan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli köpsanly maglumatlardan diňe käbirleri.
Gözbaş çuň bolanda, çeşmäniň suwy dury bolýar. Ýürekdeş dostluga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklary-da müňýyllyklardan gözbaş almak bilen, häzirki döwürde hil taýdan täze derejelere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň nobatdaky iş sapary hem döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde iki döwletiň häzirki zaman taryhynda nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen gepleşikleri däp bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berýär. 2017-nji ýylda Özbegistanyň täze Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny hut Türkmenistana amala aşyrandygy, özi-de hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanan pursadyndan soň, ilkinji belent mertebeli myhman hökmünde gelmegi netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we hemmetaraplaýyn giňeltmäge iki ýurduň özara gyzyklanýandygynyň iň oňat subutnamasydyr. Döwletara gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklary bolsa hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, açyklyk, özara hormat goýmak hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň örän wajypdygyna düşünişilmegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Iki doganlyk döwlet taryhy gatnaşyklar, türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy baglanyşdyrýar. Yzygiderli geçirilýän uly möçberli döredijilik çäreleri şol gatnaşyklaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär.
2017-nji ýylyň 6-njy martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017—2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Onuň çäklerinde 2017-nji ýylyň 11 – 13-nji aprelinde Daşkentde Türkmen kinosynyň günleri guraldy. Şol ýylyň 13-15-nji noýabrynda bolsa Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Iki döwletiň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşyklary, türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we saklamak maksady bilen ylmy alyş-çalyşmalar işjeňleşdi.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň çäklerinde bütindünýä ähmiýetli Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç, Hywa, Buhara hem-de Samarkant ýaly köp sanly medeni-arheologik ýadygärlikleri bolan syýahatçylyk merkezleri bar. Häzirki wagtda Özbegistanda medeni mirasyň 7,3 müň nusgasy hasaba alnandyr. Şol sanda 4,2 müňden gowrak arheologiýa, 2 müňden gowrak binagärlik ýadygärligi bar. Olaryň 500-den gowragy syýahatçylyk ugurlaryna goşulandyr. Goralýan tebigy ýerleriň 8-si, 3 milli tebigy seýilgäh, 6 tebigy ýadygärlik, 11 çäkli goraghana hem syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, syýahatçylyk pudagynda ulgamlaýyn özara hereketleri ýola goýmak, halkara syýahatçylygy babatda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary hakda oýlanmak hem-de geljekde syýahatçylyk ugurlarynyň we logistika mümkinçilikleriniň esasynda umumy syýahatçylyk giňişligini döretmek maksadalaýykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete nobatdaky iş sapary köpugurly gatnaşyklaryň täze derejelere çykmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine we halklaryň has-da jebisleşmegine kuwwatly itergi berdi.
Dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda, Ýewropa Bileleşigine girýän döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň özeni bolup durýar. Muňa 6-7-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary nobatdaky gezek aýdyň subutnama boldy.
Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Маttarella hem-de Premýer-ministri Juzeppe Konte bilen ikitaraplaýyn ýokary derejeli gepleşikleri geçirmegi iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň hoşniýetlilik, Onuň barşynda gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny has hem baýlaşdyrar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýlup, 2013-nji ýylyň dekabryndan bäri, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky we 2016-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri, Türkmenistanyň Rimdäki ilçihanasy hereket edýär. Döwletara gatnaşyklaryň senenamasynda 2009-njy ýylyň 24 — 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary, 2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Italiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Matteo Rensiniň Türkmenistana bolan resmi sapary, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 3 — 4-nji maýynda Italiýa iş sapary we beýlekiler bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiligi hem-de iki ýurduň özara bähbitli aragatnaşyklary giňeltmäge taýýarlygy döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň üstünlikli girewi bolup durýar. Türkmenistanyň we Italiýanyň köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy netijeli bolup, BMG, ÝB we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara işjeň goldawlar munuň şaýadydyr. Söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. 2019-njy ýylyň geçen 8 aýy boýunça Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Italiýa 3-nji orny eýeleýär. Türkmenistanda ýangyç-energetika pudagynda italýan kompaniýalarynyň gatnaşýan taslamalarynyň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar. Italiýanyň «ENI», «Valvitalia», «Pietro Fiorentini S.h.A», «Pro Business S.r.l» ýaly iri kompaniýalary, «ETD European Technology Development S.r.l», «Geieeurasiamed», «Comair S.p.A», «Chimec S.p.A» kiçi işewürlik düzümleri, «Maschio Gaspardo», «Marzoli», «Helikopters Italia S.r.l.Unipersonale» ýaly kompaniýalary ýurdumyz bilen dürli ugurlarda bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Bu sapar türkmen-italýan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Milan şäherinde «Rosa Grand Milan» myhmanhanasynda türkmen-italýan işewürlik forumynyň geçirilmegi, onuň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ylalaşyklara we şertnamalara gol çekilmegi geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmäge ýardam berer. Senagat, infrastruktura, nebit we gaz ulgamy, agrosenagat toplumy esasy gyzyklanma bildirilýän ugurlardyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Milanda geçiriljek işewürler maslahatynyň esasy wezipesi Italiýanyň işewür toparlarynyň ünsüni biziň senagat toplumymyzyň gazananlaryna, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerine çekmekden ybaratdyr. Bu forum ýurdumyzyň harytlaryny Ýewropa bazarlarynda ilerletmäge we türkmen ykdysadyýetinde innowasion işleri ösdürmäge ýardam eder. Oňa milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly pudaklarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, energetika, nebitgaz, himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ulag, logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýar. Şeýle hem forumyň çäklerinde guralýan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de işewür gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky, şol sanda telekeçilik ugry boýunça resminamalara gol çekilmegi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Italiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmegi üçin ygtybarly esas döredýär.
Häzirki döwürde Italiýa okgunly depginler bilen ösýär we özüniň makroykdysady görkezijileri boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girýär. Italiýa soňky onýyllyklaryň dowamynda maşyn gurluşykda, aragatnaşyk, elektrotehnika ulgamlarynda, şeýle-de egin-eşikde meşhur önümleri öndürýän ýokary derejede ösen döwlet. Italýan öndürijileriniň oba hojalyk we azyk senagat önümleri hem dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Italiýa halkara syýahatçylygyň iri merkezleriniň biri bolup, dogrudan hem, Günorta Ýewropanyň ajaýyp göwheri hasaplanýar. Syýahatçylyk we ösen ulag-aragatnaşyk infrastruktura ýurduň ykdysadyýetiniň geljegi has uly bolan ugurlary hasaplanýar.
Türkmenistan bilen Italiýa, öz milli bähbitlerinden we ileri tutýan wezipelerinden ugur alyp, lukmançylykda we saglygy goraýyşda, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak we “nou-hau” pudaklarynda, tebigaty goramakda, syýahatçylyk industriýasynda, şeýle hem bilim we ylym pudaklarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde hyzmatdaşlygyň uly özara mümkinçiliklerine eýe. Ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi häzirki wagtda iki döwletiň gatnaşyklarynyň gün tertibinde has ileri tutulýan mesele bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň dowamy bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi. Şeýle-de türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine güýçli itergi berip, iki dostlukly halklaryň we döwletleriň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy.
Walýuta amallary müdirliginiň
başlygy Azat Sähetliýew
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli eýermek bilen, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. 27-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda geçirilen gepleşikler hem iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Şeýle-de, iki ýurduň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürmekde täze mümkinçilikleri açdy. Bu iki döwlet köp ýyllardan bäri halkara derejesinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň hem-de sebitleýin guramalarynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň we beýlekileriň binýadynda ylalaşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Ýeri gelende nygtasak, Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad ilkinji gezek 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy.
Malaýziýa Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2011-nji we 2016-njy ýylda bu ýurtda resmi saparda bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze döwre gadam basmagyna, onuň hil taýdan täze derejelere çykmagyna kuwwatly itergi berdi. 2011-nji ýylda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Malaýziýada Ilçihanasy açyldy.
Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda iş alyp barýan ilkinji kompaniýalaryň biridir. Şeýle hem bu iri işewürlik düzümi ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri — tehniki hünärmenleri we ýokary derejeli inženerleri hem-de ýolbaşçy düzümleriň işgärlerini taýýarlamaga ýardam berýär. «Petronasyň» tehnologiýa uniwersitetiniň binýadynda eýýäm türkmen talyplarynyň onlarçasy bilim aldylar we häzirki wagtda olaryň bir topary okuwyny dowam etdirýärler. Döwlet Baştutanymyz bolsa bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydyr. Munuň özi malaýziýaly hünärmenleriň türkmen kärdeşleri bilen ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelere laýyklykda iş alyp barýandyklaryny subut edýän guwandyryjy hakykatdyr. Şu ýylyň 30 — 31-nji iýunynda bolsa Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylar düzüminden durýan wekiliýeti ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.
Häzirki döwürde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň we daşary ykdysady işlerinde strategik ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlyk etmek, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şu babatda Türkmenistan ASEAN bilen gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýär hem-de bu maksatlary amala aşyrmakda Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdylanda bolsa, Malaýziýa Türkmenistanyň wajyp we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir.
Häzirki döwürde iki döwletiň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň berk resmi-hukuk binýady döredildi. 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” gol çekildi. 2016-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda hem bu ugurda birnäçe degişli resminamalar kabul edildi.
Aşgabatda geçirilen şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde hem türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlendi. Ikitaraplaýyn gelinen ylalaşyklar bolsa uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berýär.
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Balkan şahamçasynyň dolandyryjysynyň orunbasary-
Karzlaşdyryş we pul dolanşygy bölüminiň başlygy
Aşyrmämmet Begjanow
Her bir halkyň beýikligi, onuň parahatçylyga bolan erk-islegi bilen baglylykda ýüze çykýar. Bu babatda türkmen halky taryhda hem, şu günki günde öz belent abraý-mertebesini saklap gelýär. Gahryman Arkadagymyz “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesi bilen häzirki wagtda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga örän uly ähmiýet berýär. Iri halkara guramalaryň belent münberlerinde çykyş edip, diňe bir ýurdumyzyň ýa-da sebitiň bähbitlerini, parahat durmuşyny üpjün etmek däl, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň abadan ýaşaýşyny gazanmak bilen bagly teklipdir başlangyçlaryny öňe sürýär. Biz muňa nobatdaky gezek hem şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, 25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşdy. Sammitiň dowamynda taryhy söz sözläp, bagtyýar geljegi nazarlaýan teklipdir başlangyçlary öňe sürdi.
Ýeri gelende bellesek, 1961-nji ýylda döredilen bu iri halkara guramasynyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň esasy ýörelgesi harby toplumlara gatnaşmazlykdan ybaratdyr. Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabrynda Goşulyşmazlyk hereketine kabul edildi. Bu guramanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny doly goldandygyny nygtap geçmeli, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň degişli halkara-hukuk derejesini ykrar etmegine ýardam etdi. Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy döwletler biziň ýurdumyzyň oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýarlar.
Türkmen döwletiniň soňky ýyllarda birnäçe derwaýys halkara başlangyçlary bilen çykyş etmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegi hem-de goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistan dünýäde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň onuň möçberlerine garamazdan syýasy-diplomatik we gepleşikler arkaly çözülmeginiň tarapdarydygyny aýratyn bellemeli. Bu bolsa özüniň parahatçylyk söýüjilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň hatyrasyna durmuşa geçirmäge çalyşýan ýurdumyzyň esasy ornunyň ähmiýetli tarapydyr.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde çykyş etmek bilen, bu ýokary derejeli maslahatyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň möhüm meseleleri çözülende halkara tagallalaryny birleşdirmek işinde örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de, ynsanperwer ugurda alnyp barylýan işler, bu ugruň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda sebitdäki döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça 2018 – 2024-nji ýyllar üçin milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen aýda hormatly Prezidentimiziň 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekmegi hem bellärliklidir. Şol raýatlara dabaraly ýagdaýda pasportlar gowşuryldy. Milli Liderimiz Sammitde eden çykyşynda hem, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyşmazlyk hereketiniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady.
Häzirki döwürde ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususy ulgamy hemmetaraplaýyn goldamak, öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda maglumat we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 2019 – 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi, şol sanda milli Liderimiziň başyny başlan iri düzümleýin taslamalary gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şol sanda, maliýe-bank ulgamynda alnyp barylýan işleriň hem depgininiň artdyrylmagyna öz täsirini ýetirýär.
Umuman, parahatçylyk her döwrüň, her döwletiň islegi. Ony gazanmak bolsa örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Biz parahat, abadan ýaşaýşy peşgeş berýän milli Liderimiziň alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Ak bugdaý şahamçasynyň esasy hünärmeni
Orazowa Ogulbaýram
Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleýji resminamasy hökmünde GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama diňe Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin däl, bütin dünýä üçin hem möhüm taryhy resminamalaryň biridir.
Jarnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Arkalaşygyň düýpli esaslaryny has-da pugtalandyrmak, onuň giňişliginde iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan, sebitara we dünýä derejesinde döwrebap düzümler, kommunikasiýa, halkara ulag geçelgeleri, logistika merkezleri döredilýän ýer hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy, Arkalaşygyň ykdysady kuwwatynyň ep-esli artmagy, şonuň esasynda, garyplygyň azalmagyny, işsizlik meselesiniň çözülmegini üpjün edýän GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň netijeli hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün ediler. Munuň özi GDA-nyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdyr, birek-biregiň mümkinçiligini artdyrmakdyr hem-de GDA-nyň halklarynyň bähbidine oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny netijeli peýdalanmakdyr.
Gürrüňi edilýän Jarnamada anyk maksatlaryň, wezipeleriň ençemesi goýulýar. Olaryň arasynda maýa goýum, ekologiýa, ykdysadyýet, innowasiýalar we nanotehnologiýalar, kiçi we orta işewürlik, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça örän aýdyň wezipeleriň uly toplumy bardyr.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edilen Jarnama asla kiçi-girim resminama däldir. Bir ýagdaýa üns beriň: Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu günki gün diňe bir pikir alyşmalar meýdançasy bolman, eýsem, bähbitleriň bi-tewüleşýän, täze mümkinçilikleriň açylýan giňişligidir. Ol Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Aziýanyň uly bölegini öz içine alýar. Demirgazygynda Demirga-zyk Buzly ummanyna, gündogarynda Ýuwaş ummanyna, günbatarynda we günor-ta-günbatarynda Atlantik ummanyna çykalgasy bolan giňişlikde dünýäniň senagat mümkinçilikleriniň 10 göterimi jemlenendir. Bu giňişlik uglewodorod çig mallary-nyň ägirt uly gorlaryna, has anygy, tebigy serişdeleriň dünýä boýunça dörtden bir bölegine, ählumumy ähmiýetli ulag-aragatnaşyk geçelgelerine, söwda-ykdysady mümkinçiliklerine, zamananyň tehnologik ösüşleriniň baý tejribesine we uly baza-ra eýedir. Kabul edilen Jarnama şu mümkinçilikleriň bilelikdäki ösüşe gönükdiril-meginde, täze gözýetimleriň açylmagynda möhüm maksatlary öňde goýýar.
Bu Jarnama çuňňur seredilse, ol türkmeniň milli ideýalaryndan gözbaş alýar. Ýöne bu, hakykatdan-da, şeýledir, gözbaş türkmen topragyndan başlandy. Ünsli bolsaň, Jarnamada döwletimizde häzirki döwürde hereket edýän döwlet maksatnamalarynyň ol ýa beýleki görnüşde beýan edilendigini görmek bolýar. Diýmek, biziň döwletimiz bu Jarnamanyň ideýalaryny öňden bäri durmuşa geçirip ýören eken. Bu Jarnama bir döwletiň çäginde dälde, indi bütin Arkalaşygyň çäginde hereketleriň sazlaşygyny hem toplumlaýynlygyny üpjün edýär. Indiden beýläk bu Jarnama Arkalaşygyň halklary üçin esasy ýörelgä öwrülmäge degişlidir. Biziň halklarymyz bolsa geçen taryhy döwürde arkalaşyp, goşulyşyp ýaşamagyň ajaýyp tejribesine eýedirler. Ol tejribe agzybirlikde güýjüň bardygyny, agzybir
halklara ruhubelentligiň ýardygyny görkezýär. Täze taryhy döwrüň talaplaryndan hem mümkinçiliklerini peýdalanyp, öňküden has gowy, has netijeli işlemäge, halklarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýokary derejelere ýetirmäge Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary badalga berdiler.
Bu taryhy Jarnama öňümizdäki ýyllarda durmuşa geçiriler. Ol GDA agza ýurtlaryň bilelikdäki ösüşiniň resminamasyna öwrüler.
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
başlygynyň w.w.ýe.ýe. Maýa Mollaýewa
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen Geňeşi diňe bir geçen hepdäniň däl, Arkalaşygyň tutuş taryhy üçin hem möhüm wakasyna öwrüldi. Ilkinji bellenilmeli ajaýyp hakykat bolsa, özüniň halkara başlangyçlary bilen dünýä çykýan Türkmenistanyň uly jogapkärli işi ― GDA başlyklyk etmek ýaly wezipäni üstünlikli amala aşyranlygydyr.
Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän bu mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi. Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki gepleşikler, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň Watanymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şol gepleşikleriň esasy bölegini ykdysady gatnaşyklar tutýar. Şol sanda, bank-maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlyklaryň hem bilelikdäki ösüşi üpjün edýän güýje öwrüljekdigi barada ynam bilen aýtmak bolar.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde Arkalaşyga agza döwletleriň Ýolbaşçylarynyň eden çykyşlary bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Olarda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiniň 75 ýyllygy bilen baglylykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşygy ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi, GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän özara netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, goşulyşmak işlerini giňeltmek, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny taýýarlamak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, elektroenergetika ulgamynda, geljegi uly beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri amala aşyrmak, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji sekretarynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmak, Arkalaşygyň 2020-nji ýyl boýunça Başlyklygyny we indiki Geňeşiň geçiriljek ýerini kesgitmek ýaly meseleler öz beýanyny tapdy.
Şunda hormatly Prezidentimiziň çykyşyna aýratyn ähmiýet bermek isleýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmegi kabul edip, GDA-nyň mümkinçiliginiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, döwrüň aýdyň talaplaryna laýyklykda, Arkalaşygyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.
Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA döwletleriniň gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygny aýdyp, Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze depgin bermegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. Şu maksat bilen 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide bolan maslahatynda türkmen tarapy Arkalaşygyň
döwletleriniň bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgelerini we ugurlaryny kesgitleýän köptaraplaýyn resminamany taýýarlamak hem-de kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Sammitde seredilen guramaçylyk meseleleri hem ähmiýetlidir. Agza döwletleriň Baştutanlarynyň gelen netijesi bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedewiň işiniň möhleti nobatdaky üç ýyllyk döwre uzaldyldy.
Geňeşde döwlet Baştutanymyz GDA-nyň ähli döwletlerinde 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk salýutlaryny guramagy teklip etdi. 2020-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek Özbegistana ynanyldy. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşi 2020-nji ýylda Daşkentde geçiriler. Sergeý Lebedewe Türkmenistanyň döwlet sylagynyň – “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň çözgüdi bilen hormatly Prezidentimiziň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamagy ýaly wakalar hem bu Geňeşiň dostluk, agzybirlik taýdan ähmiýetini artdyrdy.
Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet
müdirliginiň Usulyýet bölüminiň
baş hünärmeni Bezirgen Şihgulyýew
"Türkmenistan-rowaçlygyň Watany“ diýlip yglan edilen ýylynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin köp sanly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrýar, öz müşderilerine edýän hyzmatlarynyň gerimini gün geçdigiçe giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda bankymyz tarapyndan hödür edilýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatymyz üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýle peýdaly hyzmatlaryň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Bu karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenilýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, ýola goýlan önümçilikleri bolsa has-da ösdürmekde we olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
«Halkbankyň» öz müşderilerine hödürleýän önümçilik maksatly karzlarynyň adyndan hem belli bolşy ýaly, önümçilik üçin niýetlenen bolup, onuň döredilmeginiň maksady hususyýetçilerimizi höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem bankymyz önümçilik maksatly karzlary bermek bilen eksporta gönükdirilen, importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagy öz öňünde maksat edinip goýdy.
Önümçilik maksatly karzlar “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran Kararyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Karz serişdeleri 10 ýyla çenli möhlet bilen berilýär. Karzyň möçberi müşderiniň öz islegine görädir.
Önümçilik maksatly karzlary haýsy maksatlar üçin ulanyp bolýar. Ilkinji nobatda müşderi «Halkbankyň» bu hyzmatyndan senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek üçin peýdalanyp biler. Şeýle karzlaryň köp sanlysy, eýýäm, önüm öndürijilere berildi. Olar özüniň oňyn netijesini hem berýär.
Bankymyzyň Sakarçäge şahamçasy tarapyndan Mary welaýatyndaky hususy kärhanasyna berlen karz serişdeleri asbest şiferlerini öndürmek üçin niýetleniler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk serişdeleriniň aglabasy öz ýurdumyzda öndürilýär. Gurluşyk üçin zerur bolan asbest şiferleriniň önümçiligine hem hususy kärhanalarymyz tarapyndan giň gerim berildi. Bu önümçilikde «Halkbankyň» goldawyny aýratyn nygtamak gerek.
Ekologiýa taýdan arassa önümçilik hem hususyýetçilerimiziň esasy iş ugurlarynyň biri. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň paýtagtymyzdaky baş banky tarapyndan ýurdumyzda köp ýyl bäri işläp gelýän hususy kärhanasyna polietilen gaplaryny öndürmek üçin karz serişdeleri berildi. Bankymyzyň Lebap welaýatyndaky Galkynyş şahamçasy tarapyndan telekeçilere mebel önümçiligi üçin berlen karz serişdeleri hem mebelleriň assortimentini giňeltmäge hem-de täze iş
orunlaryny döretmäge, ýaşlarymyza bolsa täze kärleri ele almaga öz uly kömegini berdi.
Önümçilik maksatly karzlar bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary satyn almak üçin hem göz öňünde tutulýandyr. Häzir bankymyz tarapyndan şeýle karz serişdeleriniň birnäçesini bermeklik meýilleşdirilýär.
Arkadag Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, ýurdumyzdaky ýyladyşhanalaryň sany barha artmak bilen. Şeýle ýyladyşhanalaryň köp sanlysy gündogar welaýatda hem yzygiderli gurlup, halka hyzmat edýär. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hususyýetçilerimizi geljekki önümçilige hem höweslendirýär. Muňa mysal edip, Lebap welaýatyndaky daýhan hojalyklaryna ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin uly mukdarda berlen karz serişdeleri görkezip bolar.
Bankymyzyň Paýhas şahamçasy tarapyndan banka gapaklaryny öndürmek üçin karz serişdelerini bermek meýilleşdirilýär. Ondan başga-da baş bankymyz tarapyndan şöhlat önümleri üçin çig maly (eti) satyn almak üçin karz serişdelerini bermek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek isleýän adamlara hem öz goldawyny berýär. Şeýlelikde, «Halkbankyň» önümçilik maksatly karzlarynyň kömegi bilen ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň gerimini artdyrmak mümkindir. Şol bir wagtyň özünde biziň bankymyz ildeşlerimize bu goldawy bermek arkaly hasyllylygy pes ýa-da taşlanan ýerlerden netijeli peýdalanmagy üpjün etmegi maksat edinýär.
Karzlar ýokarda agzalan işjeňligi maliýeleşdirmek üçin telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär. Önümçilik maksatly karzlar milli pulda Türkmenistanyň dahyllylary, şeýle hem dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär. Daşary ýurt pulundaky karzlar, eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär.
Önümçilik maksatly karzlar üçin ýüz tutmalar we resminamalaryň bukjasy bankyň islendik şahamçasynda kabul edilýär. Siziň tabşyran resminamalaryňyza, olar doly taýýar bolandan soň, 12 iş gününden geçmedik möhletde serediler. Karzyň üpjünçiligi hökmünde bank şu aşakdaky görnüşlerini talap etmäge hukuklydyrlar:
· emlägiň girewini;
· bankyň ýa-da ätiýaçlandyryjy guramanyň kepilligini.
Önümçilik maksatly karzlary aýratyn karz ugruny we aýratyn karz hasabyny açmak hem-de bu hasapdan bellenilen maksada laýyklykda müşderä töleg tabşyryknamalaryny tölemek arkaly nagt däl görnüşde berilýär.
Türkmenistanyň «Halkbank» täjirçilik bankynyň önümçilik maksatly karzlary ýurdumyzda önümçiligi, hususan-da telekeçiligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Hususy ulgamyň wekillerini hemişe-de goldap gelen bankymyz bu işi ýene-de dowam etdirýär. Maksadymyz, ýurdumyzda hili boýunça daşary ýurtlarda öndürilenlerden pesde durmaýan, eksporta ýaramly önümçiligiň ösdürilmegine ýardam etmek. Çünki öz ýurdumyzda önýän önümler ilat üçin daşary ýurtlardan getirilýänlerden ep-esli elýeterlidir.
Önümçilik maksatly karzlar barada goşmaça maglumaty şu telefon belgisinden alyp bilersiňiz: (99312) 44-49-71. Şeýle hem «Halkbank» DTB-nyň islendik şahamçasy ýa-da https://halkbank.gov.tm/ resmi web saýty hem sizi zerur bolan maglumatlar bilen üpjün eder.
«Halkbank» DTB-nyň
Karzlaşdyryş müdirliginiň Karzlaşdyryş bölüminiň
baş hünärmeni Orazsahatow Mergen
Milli gymmatlyklar hakynda söhbet etmek hemişe-de ýakymly. Çünki olaryň hersinde halkymyzyň ykbaly, şu güni we taryhy bilen bagly köp sanly maglumatlar seriňe dolýar. Bu söhbet milli pulumyz hakynda aýdylanda-da şeýledir. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi türkmen döwletiniň pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Türkmen manady milli buýsanjymyza öwrülip, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginde, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň döwletliliginiň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň aýdyň netijesidir. Şol syýasat bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň ýaramaz daşky ýagdaýlaryň täsirine durnukly bolmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Strategiki meýilnamalaşdyryşyň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, döwletiň maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyny kämilleşdirmek milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan strategiýanyň örän dogrudygy we netijelidigi häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşiniň makroykdysady görkezijilerinde, onuň durnukly ösüşinde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Milli manadyň bitewi we durnukly hümmetini üpjün etmek milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylan düýpli işleriň biri boldy. Bilşimiz ýaly, denominasiýanyň geçirilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak we mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, maliýe-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyran möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýörite Permanyna laýyklykda, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli pulumyzyň – manadyň täze, denominirlenen nusgasy dolanyşyga girizildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin geljege niýetlenen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pudaklaýyn maksatnamalar, şol sanda maliýe ulgamyndaky maksatnamalar amala aşyrylýar. Bank ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen manadynyň hümmetini pugtalandyrmak, ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamy işjeň ýola goýulýar. Gozgalmaýan emläk üçin karz bermek ulgamyny ösdürmäge, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine laýyk getirmäge, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Aýlyk zähmet haky, goýum, maşgala we umumy dolanyşykdaky kartlaryň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň, halkara MasterCard we Visa kartlarynyň sany ýyl-ýyldan artýar, olar dolanyşykda bökdençsiz hereket edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirjilik banky tarapyndan hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda milli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksatnamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda», «Karz birleşmeleri hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bank ulgamyny ösdürmekde täze sepgitlere ýetmek üçin kuwwatly gural boldy.
Şeýlelik bilen, bu häzirki günlerde bank ulgamynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Olary amal etmek üçin bolsa, Gahryman Arkadagymyz ähli zerur bolan mümkinçilikleri döredip berýär. Biz, mundan beýläk-de öz yhlasly zähmedimizi, gujur-gaýratymyzy ýurdumyzyň ösüşlerine bagyş ederis. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni bilen hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy, bank ulgamynyň agzybir işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
Usulýet bölüminiň başlygy Mährijemal Abdyrahmanowa
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary üstünlikli amala aşyryldy. Bu taryhy sapar möhüm wakalara we iki döwletiň deňhukukly bähbitlerine gönükdirilen täze başlangyçlara baý boldy.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň çärýek asyrlyk taryhy bar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri Ýaponiýa Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri. Ýöne bu gatnaşyklaryň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze depgine we öwüşgine eýe bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şu gezekki sapar hem şol gatnaşyklaryň mynasyp dowamyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň dostlukly döwlete iş sapary «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy bilen başlady. Munuň özi ylym-bilimiň örän ösen döwletinde türkmen Lideriniň başda durmagynda geçirilýän bilim özgertmelerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Hormatly ady dünýäniň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, özi hem bilim hyzmatdaşlygy babatynda Türkmenistana ýakynlygy bilen tanalýan Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysy Kei Satonyň hut özi gowşurdy.
«Men muny Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halklarynyň dostlugynyň hem-de barha berkeýän gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde kabul edýärin» diýip, hormatly adyň gowşurylyş dabarasynda milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa şu gezekki iş sapary dünýäniň haýsy künjeginde bolsalar-da, öz raýatlarynyň ― ogullarynyň, gyzlarynyň aladasyny birjik-de ýatdan çykarmaýan Liderdigini ýene bir ýola görkezdi. Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly alymlyk derejesi gowşurylandan soňra, milli Liderimiz dostlukly döwletde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy. Ýaponiýada türkmen ýaşlarynyň 20-den gowragy ýokary bilim alýar.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz diýip talyplara ýüzlendi. Hususan-da, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar, innowasiýalar, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenmek möhümdir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmenistanly talyplara birnäçe sargytlary etdi. Olaryň arasynda sanly ykdysadyýete geçmekde döwrebap bilimiň ähmiýeti, «dördünji senagat rewolýusiýasyny» amala aşyrmagyň, Ýaponiýa ýaly mümkinçilikleri kän döwletde öwrenenlerini, özleşdirenlerini öz Watanynyň ykdysady galkynyşynda peýdalanmagyň örän wajyplygy we beýleki sargyt-nesihatlar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplara «Türkmen alabaýy» atly kitabyny ýadygärlik sowgat berip, onda okyjynyň türkmen halkynyň alabaý ýaly milli buýsanjy barada köp gyzykly maglumatlary, şol sanda taryhy wakalaryň, rowaýatlaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda dürli wakalary tapyp bilerler diýip belledi.
Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň taryhyndaky möhüm waka ― Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Agşamlyk berlen resmi naharyň başynda hormatly Prezidentimiz ýurduň täze Imperatory we onuň maşgala agzalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň Ýaponiýa iş saparynyň ikinji güni hem netijeli boldy. Irden döwlet Baştutanymyz ýurduň işewürleri ― iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga ýygnananlaryň arasynda ITOCHU, Sojitz, Mitsubishi, Kawasaki Heavy Industries ýaly köp sanly belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.
Bu duşuşyk taraplaryň ikisi üçin hem örän möhümdir. Makalamyzyň başynda-da nygtaýşymyz ýaly, Ýaponiýa uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň bir bolup geldi. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmeklik bilelikdäki ösüşi we galkynmany üpjün eder. Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň iri edara-kärahanalarynyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň hem nygtaýşy ýaly, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýyna görä, Türkmenistanda 37 sany ýapon kompaniýasy işleýär.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe we Parlamentiniň ýolbaşçysy Tadamori Osima bilen duşuşyklary hem netijeli boldy. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekilen Ylalaşyklar barada hem iki agyz aýtmak gerek. Resminamalar awtoulag we ýer gazyjy serişdeleri satyn almak, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar toplumynyň ikinji tapgyryny, Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawody we Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän täze sehi gurmak ýaly meýiller bar. Bu işleri amala aşyrmaga Ýaponiýanyň «Itochu Corporation», «Sumitomo Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.», «Sojitz Corporation», «Mitsubishi Corporation» we «TTCL Public Company Limited» ýaly iri kompaniýalary gatnaşar.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda bank ulgamyna degişli Ylalaşygyň hem bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş sapary diýseň netijeli boldy.
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
başlygynyň w.w.ýe.ýe. Maýa Mollaýewa
Bütin dünýäde bolşy ýaly, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ähli ulgamy sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de, döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň çar künjündäki raýatlarymyza täze bank hyzmatlary elýeterli edilip, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredildi, netijede karz bazarynyň gerimi has-da giňeldildi. Bu bolsa nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Şu işleriň ählisiniň bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýurduň töleg ulgamyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şert döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda “Altyn asyr”, “Milli kart” we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän “VISA Classic”, “VISA Business”, “MasterCard” bank kartlaryny ulanmak ýola goýuldy. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, puluň ýitmeginiň öňüni almaga, karz almak we goýum goýmak işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan halka edilýän hyzmatlaryň hili we görnüşleri yzygiderli ýokarlandyrylýar, nagt däl hasaplaşyk ulgamy günsaýyn kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, üstümizdäki ýylyň degişli hasabat döwründe bank tarapyndan gurnalan töleg terminallaryň sany 31 göterim ýokarlandy. Şeýle-de, “Internet-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 63 göterim artdy, “Mobil-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany bolsa 7 esse köpeldi. “Halkbank” tarapyndan töleg terminallar arkaly nagt däl görnüşinde islendik bank tarapyndan dolanşyga goýberilen “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Visa” we “Mastercard” bank kartlary bilen çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Ähli nagt däl görnüşli tölegler baradaky maglumat bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank” hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagt öz tölegleri baradaky maglumat bilen tanşyp bilýär.
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda we onuň ähli şahamçalarynda Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan ýerine ýazga girmek, ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda, ýaşaýyş otaglary, saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, jemagat hyzmatlarynyň tölegleri, ýagny elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary, awtoulag serişdelerini bellige almak, awtoulag serişdeleriň tehniki pasportyny bermek, awtoulag serişdelerini tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak bilen bagly binäçe görnüşli tölegleri bank kartlaryny ulanyp, töleg terminallary arkaly geçirip bolýar. Bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna hem-de onuň üsti bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar. Umuman, bu ugurdaky alnyp barylýan işler bimöçberdir. Amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky aladalarynyň netijeleridir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Begenç Durdyýew
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik
bankynyň Bank kart ulgamlar müdirliginiň
Müşderiler bilen işlemek bölüminiň başlygy
«Milli gymmatlyklar» diýlen düşünje Ýer ýüzündäki her bir halka, her bir topluma mahsus. Olar halklary, milletleri uzak ýyllaryň, asyrlardyr müňýyllaryň dowamynda ýaşadyp gelen sütünlerdir. Milli gymmatlyklar maddy ýa-da maddy däl zat hem bolup biler. Esasy zat, olaryň şol halkda beýiklik derejesine çenli göterilýänligidir. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklary barada gürrüň edilende ilkinji ýadymyza düşýän aýratynlyklaryň biri türkmen alabaýydyr. Alymlar onuň müňýyllyklaryň dowamynda öz asyl tohumyny ýitirmän gelen az sanly jandarlaryň biridigini bireýýäm tassykladylar. Munuň asyl sebäbi halkymyzyň öz bedewi bilen alabaýyna uly buýsanç bilen garaýanlygyndan bolup biler. Şol gadyr, şol buýsanç duýgusy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has belent derejelere çykdy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Sentýabr aýynyň ortalaryna hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze eserini okyjylara hödürlemegi hem munuň aýdyň şaýadydyr. Milli Liderimiziň dürdäne döredijiliginiň önümi bolan beýleki eserleriniň hataryna goşulan täze kitap, sözüň doly manysynda, türkmen alabaýynyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende göterdi.
Arkadag Prezidentimiziň täze eserini elimize alan günlerimizde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy bolandygy hem ýadyňyzdadyr. Bu toplum halkymyzyň öz alabaýyna bolan buýsanjynyň täze bir nyşanyna öwrüldi. Türkmen Diýarymyzda ýene bir gymmatlygymyz bolan türkmen bedewleriniň idedilýän toplumlarynyň birnäçesi işleýär. Özi hem olar döwrebap derejelerde bina edilip, göreniň akylyny haýrana goýýar. Şol gün gadymy Ahal ýaýlasynda türkmen alabaýy üçin hem täze toplumyň açylmagy halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda syrdaşyna öwrülen bu goşa jandara bolan söýgüsine güwälik etdi. «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetine degişli bu toplum gadymy hünärlerimiziň biri bolan itşynaslygyň döwrebap görnüşidir. Käbir itşynas hojalyklarda on ite çenli idedilýänligine, olaryň iýmitlenişinden başlap, dynç alşyna çenli ussatlarça üns berilýändigine häli-häzirler hem duş gelýäris. Türkmen metbugatynda-da ýazylyşy ýaly, täze toplumda alabaýlara talaplara laýyk ideg etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde uzak ýyllaryň dowamynda itşynaslyk bilen meşgullanyp gelýän hünärmenler işleýär. Olaryň käbiri bolsa bu käri maşgala hünärine çenli öwrüpdirler. Täze toplumyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze eserini sowgat berendigi ýadyňyzdadyr. Bu täze eser, esasan hem «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri üçin aýratyn uly sowgatdyr. Arkadag Prezidentimiziň dürdäne eseri türkmen alabaýlary barada ilkinji türkmen ensiklopediýasydyr. Dabaranyň dowamynda çykyş eden ýaş itşynaslar muny aýratyn nygtadylar. Şeýle hem olar ýaş nesilleriň söýgüli işi bilen meşgullanmaga hemme şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu bina türkmen alabaý itlerine bolşy ýaly, olary ösdürip ýetişdirmek, idedip saklamak, kemala getirmek bilen meşgullanýan adamlara hem berilýän örän uly ünsüň alamatydyr. Desga türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenen binalaryň toplumyndan ybaratdyr. Toplumy bina etmekde baş potratçy bolup çykyş eden «Bary» hojalyk jemgyýeti hem-de esasy we kömekçi potratçy edaralar tagallalaryny birleşdirip, bellenilen işleri bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirdiler. Onuň düzüminde hemme zerurlyklar döredilipdir, çünki uly itler özleri üçin aýratyn giňişlige mätäçdir. Toplumda uly itleri saklamaga niýetlenen 40 sany ýer, ýaş itler üçin niýetlenen 30 ýer göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärleriň dynç almagy üçin niýetlenen bassyrma, işgärler üçin bina, barlag geçiriş nokady bar. Barlaghana zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Hojalyk binasy itleri naharlamak üçin otagdan, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglaryndan ybarat. Toplumda itleri suwa düşürmäge niýetlenen ýörite bina hem gurlupdyr. Şeýle hem weterinar gulluk binasynyň 5-si, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin bassyrmaly manež, tomaşaçylar üçin münberli tomaşa meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, awtoulaglar üçin iki sany awtoduralga, şeýle hem tehniki we beýleki degişli binalar toplumyň desgalarynyň üstüni ýetirýär. Toplumyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, gök zolaklar döredilipdir. Topluma eltýän täze ulag ýoly çekilipdir. Dabara gatnaşyjylar täze merkezde döredilen şertler bilen tanyş bolup, bu ýerde alabaýlary saklamaga, gezim etdirmäge, köpeltmäge, ýaş güjükler bilen meşgullanmaga, olaryň arassaçylygyna gözegçilik etmäge, şeýle hem seçgiçileriň, beýleki hünärmenleriň oňaýly we netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döwrebap derejede döredilendigine göz ýetirdiler. Milli Liderimiz öz täze eserinde: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip ýazýar. Arkadag Prezidentimiz bu sözleriň kitabyň elimize gowşan ilkinji günlerinden berjaý edilmäge girişildi. Türkmen alabaýlarynyň tohumyny gorap saklamak we gadymy şan-şöhratyny artdyrmak ýaly işlere türkmen hususyýetçileriniň hem goşant goşmagy bolsa has-da guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet
müdirliginiň Usulyýet bölüminiň esasy
hünärmeni Jennet Abdullaýewa
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurduň Prezidenti Halima Ýakob hem-de Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen duşuşdy hem-de birnäçe ýerlere baryp gördi. Milli Liderimiziň Singapura ilkinji saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Bu taryhy waka gabatlanylyp, bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini hem bellemek gerek. Işewür forumyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Singapuryň «Shangri-La» myhmanhanasynda türkmen döwletiniň Baştutany ýerli işewürler bilen duşuşdy. Bu duşuşyga Singapuryň ministrlikleriniň, iri kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň, ýagny «Pacıfic International Lines Pte.Ltd.» kompaniýasynyň, «The Development Bank of Singapore» (Singapuryň ösüş bankynyň), «Indorama Corpоration» korporasiýasynyň, «DP Architects», «Fortrec Chemicals and Petroleum Pte.Ltd.» kompaniýalarynyň, «The Assocation of Banks in Singapore» (Singapurdaky banklaryň bileleşiginiň), «PSA International», «Surbana Jurong» kompaniýalarynyň hem-de Telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Muňa iki ýurduň hem Hökümeti degişli goldawy berer. Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany singapurly işewürleri Aşgabatda «Smart City» («Akylly şäher») taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şäher häkimliginiň ýolbaşçysyna bolsa hökümet, döwlet düzümleri hem-de hususy işewürlik, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak tabşyryldy.
Işewürler bilen duşuşykdan soň Türkmenistanyň Prezidenti Singapuryň esasy gözellikleriniň birine — Aziýanyň siwilizasiýalary muzeýine baryp gördi. Bu muzeý şunuň ýaly ýeke-täk muzeý bolup, onuň bu sebitiň ýurtlarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan önümleri hem-de gadymy gymmatlyklarynyň baý toplumy bardyr.
1997-nji ýylda açylan muzeý gadymy kaşaň Empress Place Building binasynda ýerleşýär. Bu bina 1860-njy ýylda guruldy. Bu ýerde toplanan Aziýanyň taryhynyň soňky bäş müň ýyldaky köp sanly gyzykly we seýrek duşýan gadymy gymmatlyklary maglumatlary almagyň örän köp sanly interaktiw mümkinçilikleriniň ýanynda ýerleşýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany muzeýiň bölümleri we dürli gymmatlyklary bilen tanyşdy. Gymmatlyklaryň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryndan hem nyşanlar bar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» ýaly kitaplary barada gürrüň berip, muzeýe ajaýyp el halylaryny sowgat berdi.
Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleriniň «Istana» köşgünde geçirilen duşuşygy hem täsirli boldy. Dabaraly garşylanyşdan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Singapuryň Ýolbaşçysy hanym Halima Ýakob hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy we söwda, ykdydasyýet, bilim, ylym, sport, medeniýet ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň geljegini öz içine aldy. Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-singapur işewürler geňeşiniň işini mundan beýläk has giňeltmek barada hem ylalaşyga geldiler. Bu geňeşiň we işewürleriň duşuşygynyň indiki mejlisi Aşgabatda geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti «Istana» köşgünde Premýer-ministr Li Sýan Lu bilen hem duşuşdy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Singapur ýurdumyz bilen islendik ulgamlarda, şol sanda telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklara taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabada Singapuryň işewür toparlarynyň wekillerini ibermek baradaky teklip beýan edildi. Olar ýerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen tanşyp bilerler. Premýer-ministr Li Sýan Lun şeýle hem Singapuryň Türkmenistana sanly ykdysadyýete geçmäge ýardam bermäge hem-de bu ulgamda bar bolan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň halkyna parahatçylyk we abadançylyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz Premýer-ministr Li Sýan Luna geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin zerur çäreleri görmäge taýýardygy üçin, ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de Singapuryň Hökümetiniň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet
müdirliginiň Usulyýet bölüminiň
baş hünärmeni B.Şihgulyýew
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan ýurdumyzda möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilmegi indi däp boldy. Halkara derejesindäki duşuşyklaryň, wajyp gepleşikleriň geçirilmegi halkara işewürligi höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere ýetmegine badalga bolýar.
Bu gezek hem biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň oňyn hyzmatdaşlygynyň örän wajyp we derwaýys meseleleri boýunça uly wekilçilikli forumynyň gurnalmagyny hem-de ýokary derejede geçirilmegini öz üstüne aldy. Şol öňde goýlan meseleleriň çözülmegi üçin köp sanly döwletleriň Hazar sebitiniň geljegi bilen baglanyşykly özara bähbitlerine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşilmegi wajypdyr.
Hazar sebiti, hakykatdan hem, ykdysadyýet, söwda, ulag nukdaýnazaryndan Ýewraziýa yklymy üçin strategik ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň dünýä möçberinde ägirt uly uglewodorod baýlyklaryna hem-de dünýäniň möhüm bazarlaryna elýeterliligi üpjün edýän üstaşyr mümkinçilikleri bilen şertlendirilmegi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda belledi.
Milli Liderimiz bilen forumda çykyş eden Hazarýaka ýurtlaryň hökümetleriniň Baştutanlary hem ylalaşyp, maýa goýumlar ulgamynda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýörite, erkin ykdysady zolaklary kemala getirmek meselelerinde tejribeleriň alşylmagyna aýratyn üns berdiler. Netijede Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek hem-de innowasiýalary höweslendirmek barada teklip edildi.
Innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilmegi islendik döwletiň maglumatlar ulgamynda öňe gidişligiň binýady bolup, ýurduň dürli ulgamlarynyň, pudaklarynyň işiniň görnüşlerini özgerdýär we täze mümkinçilikleri açýar, sanly ykdysadyýetiň jemgyýetiň ykdysady durmuşyna ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Bu taryha giren birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşan döwletleriň, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, işewürler toparlarynyň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagy bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.
Şol sanda bank ulgamynyň bu öňde goýlan taslamalary maliýeleşdirmek, maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gatnaşmak ýaly täze derejelere ýetmekliginiň wajypdygyny belläp geçmeli. Geçirilen ykdysady forum ýurdumyzyň diňe bir ummasyz tebigy baýlyklarynyň däl-de, eýsem ägirt uly söwda-ykdysady güýjüniň bardygyny görkezdi. Häzirki wagtda biziň döwletimiz ykdysadyýetde "açyk gapylar“ syýasatyny işjeň durmuşa geçirip, Hazar sebitine bütin dünýäniň üns merkezini çekdi.