Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp gördi

20.01.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherjigine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumy bolan diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryndaky ýagdaýlar bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär.

Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylyk jemlenendir.

Halkara ölçeglerine laýyk gelýän stadionda ýokary derejedäki dürli ýaryşlary, şol sanda futbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri hem-de köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmäge hemme mümkinçilikler bar. Stadionyň tomaşaçylaryň oturmagy üçin niýetlenen ýerler örän oňaýly gurnalandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp stadionyň mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de, örän uludygyna ünsi çekdi. Iň naýbaşy baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmekde stadionda döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol birwagtyň özünde olara häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we Olimpiýa hereketiniň, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň neneňsi ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

2017-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ýaryşlaryň ýokary derejesini yzygiderli bellediler. Döwlet Baştutanymyz iri sport çärelerini taýýarlyk görlüşini hut özi gözden geçirýär, bu bolsa olaryň uly üstünlige beslenmegini şertlendirýär.

Aşgabadyň myhmansöýerlik bilen kabul eden şu hem-de beýleki wekilçilikli ýaryşlary diňe bir Türkmenistanyň sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara durmuşynyň, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady we medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bularyň ählisi köptaraply kuwwatyny hem-de giň hyzmatdaşlyga, dostluk we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini halkara jemgyýetçiligine ýene-de bir gezek görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy hem-de köpçülikleýin sportuň we syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirdi.

Milli Liderimiz ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunda halkara derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tugunyň belende galdyrylmagy arkaly Döwlet senamyzyň ýaňlandyrylmagy ýaşlarda watançylyk duýgusynyň terbiýelenmeginde örän ähmiýetlidir.

Şeýle hem döwlet Baştuanymyz türkmen türgenleriniň beýik ýeňişleri gazanyp, uly üstünligiň hormatyna milli tugumyzy belentde parlatmak ugrunda zerur tagallary etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türkmen sportunyň beýik sepgitleri eýeleýändigini aňladýan hoş habaryň gelip gowşandygyny, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä ýyldyzy bolup dogandygyny, şeýlelikde türkmen ýyldyzynyň dünýä şugla saçyp, milli sportumyzyň ösüşiň has-da belent derejesine çykýandygyny subut edendigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly üstünlikleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň terbiýeçilik we bilim edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynyň we meýdançalarynyň bardygyny, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleriň ýaşaýyş toplumlarynda hem göz öňünde tutulandygyny, olarda çagalaryň, futbol, tennis meýdançalarynyň we beýlekileriň hereket edýändigini belledi.

Milli Liderimziň nygtaýşy ýaly, türkmende “Saglygym-baş baýlygym” diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgidir. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýaşlary bilen sportuň dürli görnüşlerinde yhlasly we yzygiderli meşgullanmak bilen, halkara ýaryşlarynda ýokary üstünlikleri gazanar ýaly derejede türgenleşikler geçirilmelidir.

2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, “Sputnik V” sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.

Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.

Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň baglylykda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk welotrek toplumyna geldi.

Dünýä ölçeglerine kybap gelýän Olimpiýa şäherjiginde ajaýyp welotregiň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde möhüm waka hem-de ösüşiň nobatdaky tapgyry boldy. Daşary ýurtly bilermenleriň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde degişli talaplaryň hemmesi berjaý edilip, zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Bu bolsa has ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin şertler döredýär.

Ýurdumyzyň ýol düzüminiň hem gara ýolda welosiped boýunça sport ýaryşlaryny geçirmäge doly kybap gelýändigini bellemek gerek.

Köpetdagyň eteginden geçýän ýollar hem welosiped sporty boýunça köpsanly milli ýaryşlary geçirmek bilen, häzir ussat türgenler üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçrilýän ýeri bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, welotrek meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertlere baha berdi.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek boýunça dünýä çemionatyna degişli hasabatyny diňledi. Habar berlişi ýaly, welotrek boýunça dünýä çemionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek spotunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda jemi 20 ýaryş guralar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk gelýän iň ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hususan-da, türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň aýratyn ýüze çykmalydygyny, esasan-da, türgenlerimiziň türkmen tuguny parlatmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçiriljek dünýä ýaryşlarynda türgenleriň sagdynlygyna we dopinge degişli meselelerde işleriň bildirilýän halkara talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ýerde Doping gözegçiligi merkezi guruldy, onuň mümkinçiliklerinden netijeli we doly peýdalanmak gerek diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň bildirilýän talaplara laýyklykda saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Sport desgalarynyň her biri niýetlenen maksadyna görä ulanylmalydyr, olarda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna has giňden çekilmegi üçin ähli çäreler görülmelidir diýip milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine käbir tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlary dünýä ýaýmak maksady bilen, Olimpiýa şäherjigindäki Halkara göni ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Bu merkezde işlejek hünärmenlerimiz bu ýerdäki tehnikalardan pýedalanmak bilen, işlerine ussatlarça erk edip, ýaryşlaryň alnyp görkezilişini ýokary hil derejesinde üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa dünýäde höwesekleriň az däldigini nygtady. Milli Liderimiz geçiriljek bu ýaryşyň halkara sport guramalary bilen hem ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyna hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şu ýyl geçirilmegi bellenen dünýä derejeli abraýly ýaryşlara taýýarlyk görülmegi babatda alnyp barylýan ähli işleri gözegçilikde saklamak, bu ugra degişli ähli meseleleriň öz wagtynda we maksadalaýyk çözülmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk Tennis toplumyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.

Bu ýaryşlara degişli institutyň talyplarynyň we ýurdumyzyň türgenleriniň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny nazara almak bilen, Olimpiýa şäherjiginiň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak esasynda bu işleri kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Toplumyň tennis zaly häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bu ugurda ähli görkezijileriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Häzirki döwürde bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň olimpiýa şäherjiginde tennis zalynyň mümkinçilikleri halkara ölçeglerine doly kybap gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Beýleki sport desgalarda bolşy ýaly, onuň taslamasy düzülende we gurlanda Halkarara Olimpiýa komitetiniň ähli tehniki kadalary doly göz öňünde tutuldy we ýerine ýetirildi.

Häzir sebitde iň iri bu sport şäherjigi uly ýaryşlary guramak, türgenleri taýýarlamak we saglygyny berkidýänler üçin türgenleşikleri geçirmek üçin peýdalanylýar. Bu ýerde Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleşik geçýändigini, şeýle hem 2021-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde dünýä derejesindkäi Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýlelikde, bu ýaryşlary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini geçirmek üçin hemme çäreler görülmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli waka öwrüler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny belledi we türgenlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň Türkmenistanyň Tuguny belentde pasyrdatjygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda halkara duşuşyklary guramagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini, bu ýerde türgenler we janköýerler üçin hemme şertleriň döredilendigini, bu meseleleri örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zururdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz taýýarlyk işlerine gözegçilik etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine we ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Işjeň durmuş ýörelgesiniň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly jan saglygy ählitaraplaýyn berkitmegiň işjeň wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde sport ähli ýaşdaky we dürli hünärli adamlary birleşdirýän möhüm ähmiýete eýe bolan sport milli ýörelgä öwrüldi.

Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan bedenterbiýe we sport, köpçülikleýin sagaldyş çäreleri hem-de ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlaryna ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň netijelerini jemläp, şu ýyl geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryň ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Geldinyýazowa bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şol ýaryşlaryň netijeleri Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten belent derejesini, halkymyzyň milli medeniýetini, baý mirasyny, myhmansöýerligini, mähirliligini we açyklygyny örän aýdyň görkezmelidir. Ýurdumyza gelen myhmanlar şu aýratynlyklardan özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda käbir görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, biz bu ulgama uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris diýip belledi hem-de bu işleriň anyk netije bermegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan, Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde toplan tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.


***


Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň türgenleşik zalynda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde oturdylan sport enjamlary ýokary halkara görkezijilerne we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmek bilen, olarda ýerine ýetirilýän sport maşklary adam synasynyň berkemegine we saglyk ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Yzygiderli beden maşklary adamynyň işjeňligini artdyrýar we onuň döredijilikli zähmete bolan höwesini ösdürýär.

Milli Liderimiziň teklipleriniň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzyň sporty ösdürmek, olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, jemgyýetiň möhüm ugry hasaplanylýan ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň we onuň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Halkyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamlaryň saglygy durýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlaryň öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyryp, nusgalyk görelde bolýandygyny bellemeli.

Milli Liderimiz bu ýerde sport maşyklaryny ýerine ýetirip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ýerden ugrady.

***


Şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Saglygy dikeldiş merkezi we anyklaýyş barlaghanasy binasynda degişli işleri alyp barmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edildi. Bu ýerde türgenleriň halkara ýaryşlaryna kybap gelýän ýagdaýyny kesgitlemek, olaryň saglyk derejesini anyklamak we zerur bolan dikeldiş çärelerini amala aşyrmak üçin hemme zerur şertler bar. Bu binanyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bu ýerde bolup, öňde boljak dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslazatlaşdylar. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli taýýarlyk işlerine girşildi.

Şu nukdaýnazardan bu ýerde ýörite okuwlary geçen lukmanlar we hünärmenler degişli işleri alyp bararlar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bu binada dünýä çempionatyny geçirmekde zerur hasaplanylýan ähli işleri ýokary derejede ýerine ýetirerler. Munuň özi halkara ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň saglyk ýagdaýyny we olaryň bäsleşige ýaramlylyk derejesini ýola goýmagyň möhüm şertini emele getirer.


***


Olimpiýa şäherjiginiň Halkara teleýaýlyma beriş merkezi toplumyň çägindäki ähmiýetli binalaryň biridir. Bu ýerde ýaryşlara taýýarlyk işleriniň, olaryň guramaçylyk derejesiniň we bäsleşikleriň giňden beýan edilmegine we dünýä ýurtlarynda alnyp görkezilmegine ýardam berýän zerur şertler döredildi.

Binada oturdylan häzirki zaman enjamlary täzeçil tehnologiýalar arkaly ýaryşlaryň gidip duran pursatlaryny teleýaýlymlara ugratmaga we dünýä ýurtlarynyň tomaşaçylaryny bu ýerde guralýan bäsleşikler bilen tanyşdyrimaga giň mümkinçilik berýär.

Şu gün ýurdumyzyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematograftýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynyň bäsleşiklerini teleýaýlymlarda görkezmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem olar öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle hem bu ýerde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda zerur bolan taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunda, häzirki zamanyň ösen tejribesinde, sanly tehnologiýalardan we Internet ulgamynyň kämil serişdelerinden netijeli peýdalanylar.

Munuň özi ýaryşlaryň geçýän pursadynda teleýaýlymlarda görkezmek mümkinçiligini üpjün eder. Bu ýerde badalga berlen taýýarlyk işleriniň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Şeýlelikde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary belent derejelere göteriler. Bu bolsa parahatçylygyň ilçisi diýlip ykrar edilen sportuň has-da dabaralanmagyna giň ýol açar.

Umuman, munuň özi türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagyna we dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagyna toplumlaýyn çäreleriň gönükdirilýändigini aňladýar.

tdh.gov.tm/news/articles.aspx&article25821&cat11