close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Halk üçin bähbitli «Sanly karz» hyzmaty
08.10.2024

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijelerini berýär.Kabul edilýän milli maksatnamalar ýurduň durnukly ösüşine, ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryna, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen köpugurly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaganetijede ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzmäge we ony üstünlikli amala aşyrmaga zerur bolan ähli amatlyklar döredilýär. Pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolsa ýurduň ykdysadyýetini zerur bolan möçberde pul-karz serişdeleri bilen üpjün etmekden we olaryň maksadalaýyk ýokary netijeli ulanylmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Ýurtda pul dolanyşygyny kämilleşdirmek, pul birliginiň satyn alyş ukybynyň durnuklylygyny üpjün etmek, karz serişdeleriniň elýeterliligini, ykdysadyýete gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe goldawynyň berilmegi netijesinde kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ykdysadyýeti ösdürmekde esasy görkezijiler hasap edilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda banklar tarapyndan pul-karz we daşary ýurt pul syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze pul-karz gurallaryny ornaşdyrmak boýunça köp sanly çäreler durmuşa geçirilýär. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň banklarynyň, halkara maliýe guramalarynyň baý tejribesi öwrenilýär we ýurdumyzyň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň ykdysadyýetiň ösýän islegine laýyklykda amala aşyrylmagy puldolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga, ýokary netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmaga we milli manadymyzyň makroykdysady görkezijilerine täsirini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Pul-karz syýasaty ýurduň maýa goýum işjeňligine täsirini ýetirýär. Çünki maýa goýumyň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan täze derejä çykarylmagy milli puluň durnuklylygy, karza bolan islegiň öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrylmagy bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň düzüminde uzak möhletli karzlaryň paýy yzygiderli artýar. Munuň özi karzyň maýa goýum syýasatynda işjeňligini artdyrmak bilen, önümçiligiň ähli ugurlaryna öňdebaryjy, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we ykdysadyýeti düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan ähli amatlyklary döredýär.

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylmagy bilen, ilatyň tölege ukyplylygy artýar, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar. Ýurtda öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli köpelmegi, olaryň hiliniň halkara talaplara laýyk getirilmegi harytlaryň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem dünýä bazarlarynda hem ýokary islege eýe bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň eksporty barha ýokarlanýar, importyň ornuny tutýan önümler özümizde öndürilýär we türkmen manadynyň kadaly hereketi üpjün edilýär.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar, hili has-da ýokarlandyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.

Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Ýuridiki tarap bolan müşderilerine we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, ykjam töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki bir karta pul serişdelerini geçirmek ýaly birnäçe hyzmatlar ornaşdyryldy.

Ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, hili has-da ýoakrladyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldamagy esasynda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki şahslar üçin «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy.

Raýatlarymyz Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň resmi internet sahypasynyň üsti bilen hödürlenilýän «Sanly karz» mobil goşundyny öz ykjam telefonlaryna ýüklemek arkaly banka barmazdan onlaýn görnüşinde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmaga, onuň ýagdaýyny bilmegä, her bir müşderiniň öz karz taryhyny özbaşdak barlamaga, bank tarapyndan karz almak üçin talap edilýän kagyz görnüşindäki resminamalary aradan aýyrmaga, alyp boljak karzyň möçberini, awtomatiki görnüşinde kesgitlemäge, karzy ätiýaçlandyrmak maksady bilen, karz alýan müşderini ätiýaçlandyryş kärhanasy bilen baglamaga amatly mümkinçilik döredýär.

Bu hyzmat, adyndan hem belli bolşy ýaly, sanly elektron usullar arkaly, hususan-da, ykjam goşundysynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Şoňa görä-de, bank öz müşderilerini ykjam goşundynyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyňmüşderileri bolan ildeşlerimiz bu ykjam goşundyny bankyň resmi www.halkbank.gov.tm internet sahypasyndan ýa-da «Google Play»-den öz ykjam telefonlaryna ýüklemek arkaly bankyň hödürleýän sarp ediş karzyny almak üçin ýüztutmany onlaýn görnüşinde iberip bilýärler.

«Sanly karz» hyzmatynyň artykmaçlygy ýüklenilip alnan ykjam goşundy arkaly müşderileriň pasportynyň we aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartynyň maglumatlarynyň hem-de karz taryhynyň awtomatiki usulda barlanylýandygyndan ybaratdyr. Ýagny karz alyjy tarapyndan banka hiç hili resminama tabşyrmak zerurlygy ýok. Şol sebäpli müşderilerimizsarp ediş maksatlary üçin isleg bildiren karz serişdelerini almagy üçin banka diňe bir gezek gelmegi ýeterlik bolýar.Munuň özi raýatlaryň wagtynyň tygşytlanmagy we amatlylyk taýdan örän ähmiýetlidir.

Bank tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýynda «Sanly karz» hyzmatynyň ykjam goşundysy işe girizildi, 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna 5932 sany müşderi ýüzlenip, 14997,6 müň manat möçberinde karz serişdeleri resmileşdirildi. Häzirki wagtda hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.

Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň durmuşda amal bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup ýüze çykýar.

Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy pul dolanyşygynda serişdeleriň aýlanyş tizligini ýokarlandyrýar, hasaplaşyklary geçirmegiň, karzy resmileşdirmegiň wagtyny gysgaldýar, pul-karz gatnaşyklarynda kada-kanunyň berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär. Şunuň netijesinde, karz edaralaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşindäki orny barha ýokarlanýar, bäsdeşlige ukyplylygy artýar we banklar tarapyndan durmuşa geçirilýän pul-karz syýasaty ykdysadyýetiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.

Bize şeýle eşretli zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bank ulgamynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


AnnaýewAzady,

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň

Karzlaşdyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary-bölüm başlygy