close-icon
Bank täzelikleri we makalalar
photo
Sanly bank hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi
13.01.2020

Üçünji müňýyllyk tehnikanyň we tehnologiýanyň asyry hasaplanylýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň “Internet-bank”,  “Mobil-bank”, “QR-kod”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem üstünlikli alnyp barylýar. Bank tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňeýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlaryüçin tölenýän tölegleri tiz we amatly usulda tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internetli kompýuter ýa-da planşet arkaly “Internet-bank” hyzmaty esasynda berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak töläp bolýar. Şeýle hem bank tarapyndan hödürlenýän “Mobil-bank” hyzmatynyň üsti bilen, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi arkaly, ýokarda agzalan hyzmatlary ykjam telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Soňky ýyllarda bank işiniň şeýle görnüşde işjeň sanlylaşmagy menzilara bank düşünjesiniň döremegine we ýaýramagyna getirdi. Häzirki döwürde dünýäde wirtual bank ulgamynyň dürli görnüşleri hereket edýär. Olar adaty bankdan tapawutlylykda, bank hünärmenleri bilen müşderileriniň arasynda göni aragatnaşyk saklanylmaýar. Wirtual bank amallary müşderilere, olaryň ýerleşýän ýerine garamazdan, uzak aralykdan köp kanally ulgamlar, şol sanda, bankomatlaryň, internetli kompýuterleriň, ykjam telefonlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Şeýle görnüşdäki bank hyzmatlary birnäçe esse arzan bolup, müşderileriň wagtlaryny tygşytlaýar, hasaplaşyklary çaltlandyrýar.

Maliýe-bank ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde hyzmatlaryň täze görnüşleri peýda bolýar. Dünýäde ilkinji gezek müşderilere bank hasaplaryny uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän hyzmatlar 1980-nji ýyllarda hereket edip başlady. Şeýle hyzmatlar ilkibaşda öý banky (home banking) ulgamy ady bilen ýüze çykyp başlady. Öý banky ulgamy ilkibaşda öý ýa-da iş telefonyny kompýutere birikdirmek, soňra bolsa ykjam telefony arkaly müşderilere özleriniň bank hasaplaryndaky pul serişdelerini barlamaga şert döredýär. Wagtyň geçmegi bilen SMS-habarnama esaslanýan SMS-bank (SMS-banking) hyzmaty ýüze çykýar. 1990-njy ýyllarda müşderileriň tabşyrygy esasynda internet arkaly pul serişdelerini uzak aralykdan geçirmek boýunça bank hyzmatlary iş tejribesine girizildi. Ýyl geçdigiçe dünýäde uzak aralykdan bank hyzmatlaryny hödürleýän banklaryň sany yzygiderli köpelýär. Geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlap, dünýäde banklaryň ýerine ýetirýän amallarynyň köp görnüşi sanly ulgama geçirilýär. Ilki bilen bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy tölegleri we hasaplaşyklary geçirmegi üpjün edýän bütindünýä maliýe telekommunikasiýalar ulgamy bolan SWIFT-e we dürli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň milli töleg ulgamlaryna degişlidir. 2000-nji ýyllaryň başlaryna tölegler we hasaplaşyklar ýaýrawlarynyň sanlylaşmasy tamamlanýar. Şeýle özgerişler bankara töleglerini we hasaplaşyklaryny hakyky wagt tertibinde (onlaýn) geçirmeklige getirdi.

Sanly özgermeleriň gerimi we depgini durnukly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde orta çykýar. Sanlylaşdyrmak ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ýaýrawlaryny, şol sanda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Sanly bank dünýäniň maliýe edaralarynyň 70 göterimden gowragynyň esasy ösüş strategiýasy bolup durýandygy «Global sanly bank hasabatynda» getirilen maglumatlar tassyklaýar. Sanly bankyň döremegini belli bir ýagdaýlar, ýagny adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynda maglumatlaryň we maglumat tehnologiýalarynyň ornunyň ýokarlanmagy, maglumat önümleriniň we hyzmatlarynyň jemi içerki önümde tutýan paýynyň artmagy, adamlaryň arasynda netijeli maglumat baglanyşygyny üpjün edýän global sanly giňişligiň döremegi, ilatyň maglumat önümlerine we hyzmatlaryna bolan islegleriniň yzygiderli artmagy, sanly ykdysadyýetiň, elektron hökümetiň, sanly bazarlaryň emele gelmegi şertlendirýär.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurduň töleg ulgamyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda “Altyn asyr”, “Milli kart” we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän dürli görnüşli “VISA” we “MasterCard” halkara bank kartlary hereket edip gelýär. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, puluň ýitmeginiň öňüni almaga, karz almak we goýum goýmak işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan halka edilýän hyzmatlaryň hili we görnüşleri yzygiderli ýokarlandyrylýar, nagt däl hasaplaşyk ulgamy günsaýyn kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, seljerilýän hasabat döwründe bank tarapyndan gurnalan töleg terminallaryň sany 31 göterim ýokarlandy. Şeýle-de, “Internet-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 63 göterim artdy, “Mobil-bank”  hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany bolsa 7 esse köpeldi. “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde islendik bank tarapyndan dolanşyga goýberilen “Altyn Asyr”, “Milli kart”, “Visa” we “MasterCard” halkara bank kartlary bilen çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç-guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar.  Nagt däl görnüşli tölegler baradaky ähli  maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank” hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagtda öz tölegleri baradaky maglumat bilen tanşyp bilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda we onuň ähli şahamçalarynda Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan ýerine ýazga girmek, ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda, ýaşaýyş otaglary, saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, kommunal tölegleri, ýagny elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary, awtoulag serişdelerini bellige almak, awtoulag serişdeleriň tehniki pasportyny bermek, awtoulag serişdelerini tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak bilen bagly binäçe görnüşli tölegleri bank kartlaryny ulanyp, töleg terminallary arkaly geçirip bolýar.

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly bank ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli işleri milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank hyzmatlarynyň sanly görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam eder.

Bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna hem-de munuň üsti bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar. Amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky aladalarynyň netijeleridir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Begenç Durdyýew

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň

 Bank kart ulgamlar müdirliginiň

Müşderiler bilen işlemek bölüminiň başlygy