close-icon
Новости банка и статьи
photo
Önümçilik maksatly karzlar ― önüm öndürijilere goldaw
02.11.2019

"Türkmenistan-rowaçlygyň Watany“ diýlip yglan edilen ýylynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin köp sanly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrýar, öz müşderilerine edýän hyzmatlarynyň gerimini gün geçdigiçe giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda bankymyz tarapyndan hödür edilýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatymyz üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýle peýdaly hyzmatlaryň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Bu karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenilýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, ýola goýlan önümçilikleri bolsa has-da ösdürmekde we olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

«Halkbankyň» öz müşderilerine hödürleýän önümçilik maksatly karzlarynyň adyndan hem belli bolşy ýaly, önümçilik üçin niýetlenen bolup, onuň döredilmeginiň maksady hususyýetçilerimizi höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem bankymyz önümçilik maksatly karzlary bermek bilen eksporta gönükdirilen, importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagy öz öňünde maksat edinip goýdy.

Önümçilik maksatly karzlar “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran Kararyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Karz serişdeleri 10 ýyla çenli möhlet bilen berilýär. Karzyň möçberi müşderiniň öz islegine görädir.

Önümçilik maksatly karzlary haýsy maksatlar üçin ulanyp bolýar. Ilkinji nobatda müşderi «Halkbankyň» bu hyzmatyndan senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek üçin peýdalanyp biler. Şeýle karzlaryň köp sanlysy, eýýäm, önüm öndürijilere berildi. Olar özüniň oňyn netijesini hem berýär.

Bankymyzyň Sakarçäge şahamçasy tarapyndan Mary welaýatyndaky hususy kärhanasyna berlen karz serişdeleri asbest şiferlerini öndürmek üçin niýetleniler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk serişdeleriniň aglabasy öz ýurdumyzda öndürilýär. Gurluşyk üçin zerur bolan asbest şiferleriniň önümçiligine hem hususy kärhanalarymyz tarapyndan giň gerim berildi. Bu önümçilikde «Halkbankyň» goldawyny aýratyn nygtamak gerek.

Ekologiýa taýdan arassa önümçilik hem hususyýetçilerimiziň esasy iş ugurlarynyň biri. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň paýtagtymyzdaky baş banky tarapyndan ýurdumyzda köp ýyl bäri işläp gelýän hususy kärhanasyna polietilen gaplaryny öndürmek üçin karz serişdeleri berildi. Bankymyzyň Lebap welaýatyndaky Galkynyş şahamçasy tarapyndan telekeçilere mebel önümçiligi üçin berlen karz serişdeleri hem mebelleriň assortimentini giňeltmäge hem-de täze iş

orunlaryny döretmäge, ýaşlarymyza bolsa täze kärleri ele almaga öz uly kömegini berdi.

Önümçilik maksatly karzlar bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary satyn almak üçin hem göz öňünde tutulýandyr. Häzir bankymyz tarapyndan şeýle karz serişdeleriniň birnäçesini bermeklik meýilleşdirilýär.

Arkadag Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, ýurdumyzdaky ýyladyşhanalaryň sany barha artmak bilen. Şeýle ýyladyşhanalaryň köp sanlysy gündogar welaýatda hem yzygiderli gurlup, halka hyzmat edýär. Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky hususyýetçilerimizi geljekki önümçilige hem höweslendirýär. Muňa mysal edip, Lebap welaýatyndaky daýhan hojalyklaryna ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin uly mukdarda berlen karz serişdeleri görkezip bolar.

Bankymyzyň Paýhas şahamçasy tarapyndan banka gapaklaryny öndürmek üçin karz serişdelerini bermek meýilleşdirilýär. Ondan başga-da baş bankymyz tarapyndan şöhlat önümleri üçin çig maly (eti) satyn almak üçin karz serişdelerini bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek isleýän adamlara hem öz goldawyny berýär. Şeýlelikde, «Halkbankyň» önümçilik maksatly karzlarynyň kömegi bilen ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň gerimini artdyrmak mümkindir. Şol bir wagtyň özünde biziň bankymyz ildeşlerimize bu goldawy bermek arkaly hasyllylygy pes ýa-da taşlanan ýerlerden netijeli peýdalanmagy üpjün etmegi maksat edinýär.

Karzlar ýokarda agzalan işjeňligi maliýeleşdirmek üçin telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär. Önümçilik maksatly karzlar milli pulda Türkmenistanyň dahyllylary, şeýle hem dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär. Daşary ýurt pulundaky karzlar, eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär.

Önümçilik maksatly karzlar üçin ýüz tutmalar we resminamalaryň bukjasy bankyň islendik şahamçasynda kabul edilýär. Siziň tabşyran resminamalaryňyza, olar doly taýýar bolandan soň, 12 iş gününden geçmedik möhletde serediler. Karzyň üpjünçiligi hökmünde bank şu aşakdaky görnüşlerini talap etmäge hukuklydyrlar:

· emlägiň girewini;

· bankyň ýa-da ätiýaçlandyryjy guramanyň kepilligini.

Önümçilik maksatly karzlary aýratyn karz ugruny we aýratyn karz hasabyny açmak hem-de bu hasapdan bellenilen maksada laýyklykda müşderä töleg tabşyryknamalaryny tölemek arkaly nagt däl görnüşde berilýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» täjirçilik bankynyň önümçilik maksatly karzlary ýurdumyzda önümçiligi, hususan-da telekeçiligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Hususy ulgamyň wekillerini hemişe-de goldap gelen bankymyz bu işi ýene-de dowam etdirýär. Maksadymyz, ýurdumyzda hili boýunça daşary ýurtlarda öndürilenlerden pesde durmaýan, eksporta ýaramly önümçiligiň ösdürilmegine ýardam etmek. Çünki öz ýurdumyzda önýän önümler ilat üçin daşary ýurtlardan getirilýänlerden ep-esli elýeterlidir.

Önümçilik maksatly karzlar barada goşmaça maglumaty şu telefon belgisinden alyp bilersiňiz: (99312) 44-49-71. Şeýle hem «Halkbank» DTB-nyň islendik şahamçasy ýa-da https://halkbank.gov.tm/ resmi web saýty hem sizi zerur bolan maglumatlar bilen üpjün eder.

«Halkbank» DTB-nyň

Karzlaşdyryş müdirliginiň Karzlaşdyryş bölüminiň

baş hünärmeni Orazsahatow Mergen