Bankyň maksady we gymmatlyklary
Müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak - bu biziň çekýän zähmetimiziň baş we wajyp wezipesi bolmak bilen, onuň çäklerinde bank aşakdaky toplumlaýyn işleri ýerine ýetirýär:
Maýa goýum we karz-pul syýasatyny netijeli durmuşa ornaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we ösdürmek;
Döwletiň süýşürintgiler syýasatyny durmuşa geçirmek;
Goýumçylaryň we müşderileriň bähbitlerini goramak; ilatyň banka ynanylan pul serişdeleriniň we beýleki gymmatlyklarynyň doly abat saklanylmagyny hem-de olaryň goýumçylaryň ilkinji talaby boýunça berilmegini üpjün etmek;
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna amatly şertli hyzmatlary hödürlemek;
Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşine we halkara bank düzümine oňaýly goşulyşmagyna ýardam bermek.
Bankyň maksady
Şahsy we korporatiw müşderileri artdyrmak;
Şahsy we korporatiw müşderilere toplumlaýyn bank önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemek;
Döwrebap maliýe bazarynyň ýokary derejeli standartlaryna laýyk gelýän maliýe hyzmatlaryny hödürlemek;
Hödür edilýän hyzmatlary tiz we ýokary hilli amala aşyrmak;
Bank amallarynyň we hyzmatlarynyň tilsimatlaryny ösdürmek we kämilleşdirmek.
Bankyň gymmatlyklary
Müşderileriň ynamy: Biz esasy gymmatlygymyz bolan müşderilerimiziň ynamyny ödemek üçin işleýäris.
Ygtybarlylyk: Biz maliýe bazaryndaky berk ornumyzy taryhy tejribe bilen utgaşdyrýarys. Bu biziň ygtybarlylygymyzyň we durnuklylygymyzyň kepilidir.
Açykgöwünlilik we hoşniýetlilik: Biz müşderilerimiz bilen açyk we ynamdar hyzmatdaşlyga ymtylýarys, müşderiler üçin biz elýeterli we amatly.
Köptaraplylyk: Biz maliýe bazaryndaky dürli pudaklarda berk ornumyza we tejribämize daýanyp dürli derejeli toplumlaýyn çözgütleri hödürleýäris.
Ussatlyk: Biziň güýjümiz işgärlerimiziň agzybirliginde — her bir işgäriň bilimi, işjeňligi, mümkinçiligi we döredijiligi biziň kollektiwimizi güýçli edýär we oňa özboluşlyk berýär.


