Terminallar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklarynyň gerimini giňeltmek boýunça köp sanly işleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan söwda we hyzmat ediş nokatlarynda 6,3 müňden gowrak döwrebap terminal enjamlary gurnalyp, 187 müňe golaý bank kartlary dolanşyga goýberildi.

Bu enjamlaryň 2 müňe golaýy ykjam terminallar bolup, taksi ulaglarynda, ýangyç-guýujy beketlerinde, söwda we medeni dynç-alyş merkezlerinde hem-de bazarlarda gurnaldy.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklaryny amatly we ygtybarly, gysga wagtda we bökdençsiz amala aşyryp bolýandygyny habar berýär we bagtyýar zamanamyzyň mähriban raýatlaryny Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän bankyň şahamçalarynda töleg terminaly arkaly nagt däl görnüşinde töleg geçirmäge çagyrýar.

Töleg terminallar arkaly nagt däl görnüşinde dürli görnüşli tölegleriň amatlyklaryşulardan ybarat. Ýagny:

-islendik bank tarapyndan dolanşyga goýberilen “Altyn Asyr”, “Milli kart”, “Visa” we “Mastercard” bank kartlary bilen biziň bankymyzda çäklendirilmedik möçberde töleg geçirip bilersiňiz;

- söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç-guýujy beketlerinde, awia petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bilersiňiz;

- ähli nagt däl görnüşli tölegleriňiz barada maglumat Siziň ykjam telefonyňyza SMS-habary arkaly gelip gowuşar, şeýle-de “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank” hyzmaty bilen Siz islendik wagt öz tölegleriňiz barada maglumaty görüp bilersiňiz;

- bankomatlar arkaly nagt görnüşinde alnan puluňyzy ýitirmek howpy bar bolsa, nagt däl, ýagny bank kart hasabynda duran pul serişdeleriňiz elmydama ygtybarly goraglydyr.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda we onuň ähli şahamçalarynda şu aşakdaky görnüşli tölegleri bank kartlaryny ulanyp, töleg terminallary arkaly geçirip bilersiňiz:

-Türkmenistanyň pasportyny almak üçin töleg,

- pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak üçin töleg,

- ýaşaýan ýerine ýazga girmek üçin töleg,

- ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda tölenilýän töleg;

- ýaşaýyş otaglary üçin tölegler;

- saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma üçin tölegler;

- Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak;

-kommunal tölegleri, ýagny elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary üçin tölegler;

- awtoulag serişdelerini bellige almak,

- awtoulag serişdeleriň tehniki pasportyny bermek,

- awtoulag serişdelerini tehniki gözegçilikden geçirmek,

- awtoulag belgilerini bermek,

- sürüjilik şahadatnamasyny almak,

- sürüjilik synagyna gatnaşmak üçin tölegler we beýlekiler.

Hormatly "Halkbank" DTB-nyň müşderileri, terminallaryň ulanylyşy barada maglumatyny aşaky düwmä basyp alyp bilersiňiz.