close-icon
Новости
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.12.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki wajyp meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Bu resminama «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça kiçi we orta telekeçiligiň işini kadalaşdyrmak hem-de salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde tertibiň taslamasy taýýarlanyldy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzüminiň işi barada hasabat berdi. Şu ýylyň dowamynda Merkezi we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 80-si geçirilip, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň dürli düzümleriniň 165-siniň maliýe-ykdysady, hojalyk işleriniň meselelerine garaldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Merkezi balans topary hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Merkezi balans toparynyň düzümine gaýtadan seredildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan bazar gatnaşyklaryna geçmek işini çaltlandyrmaga, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny okgunly ösdürmäge uly üns berilýändigini nygtady. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Işewürligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän syýasat telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge saldamly goşant goşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de «Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi» hakyndaky Karara gol çekip, onda kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzüminiň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli işleri geçirmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny we çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebitgaz toplumynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine hem-de uglewodorod ýataklaryny çalt depginde senagat taýdan özleşdirmek we türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly düzümini kemala getirmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi barada hem hasabat berdi.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we gazyň, beýleki gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň hem-de ýerasty agyz suwlarynyň täze känlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän gözleg-barlag işleri barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, pudagyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň öndürilýän möçberleriniň giňeldilmegine ilkinji derejede üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde innowasiýa häsiýetli ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz nebit çykarmagyň mukdaryny artdyrmak babatynda birnäçe görkezmeleri berip, bu maksat bilen köp ýyllardan bäri ulanylýan nebit ýataklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de täze känleri özleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, bu ulgamda degişli tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasyny gurmak hem-de Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşigi geçirmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, seýsmiki howpsuzlyk derejesini kesgitlemek we ony hasaba almak hem-de ýüze çykyp biläýjek ýer titremeleriň täsirini peseltmek boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan «Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyna laýyklykda, häzirki döwürde seýsmiki howpsuzlygyň täsirini peseltmek, binalaryň we desgalaryň durnuklylygyny kesgitlemek boýunça seýsmiki zolaklardaky gurluşyklara barlag işleri alnyp barylýar.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik geçirendigi habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu desganyň ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny we taslamasyny hödürledi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Aşgabadyň günorta çäginde sil suwuny sowujy desgalar toplumyny gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de degişli pudaklaýyn düzümleriň hünärmenlerinden ybarat toparyň döredilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek meselesine örän jogapkärli we çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Giň möçberli taslamalaryň tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kaşaň binalar, iri ýaşaýyş toplumlary gurulýar, müňlerçe kilometre uzaýan ýokary tizlikli ulag ýollary, polat ýollar çekilýär, halkara ähmiýetli döwrebap ulag düzümi kemala getirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu gün diňe bir gurmak däl, eýsem, halkara ölçeglere laýyklykda, adamlaryň ekologiýa we seýsmiki taýdan howpsuz durmuşy üçin bar bolan talaplaryň berk berjaý edilmeginiň aýratyn wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň seýsmiki taýdan işjeň zolaklarynda onuň töwekgelçiligini peseltmek boýunça maksatnamany ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berip, ilatyň maglumat taýdan üpjünçiligini ýola goýmak, ýer titremeleriň öňüni almak hem-de täsirini peseltmek babatda degişli düzümleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek işleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasynyň taslamasyny makullap, bu mesele boýunça ähli meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy barada aýdyp, olara tehniki gözegçiligi üpjün etmegi hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn seljermegi talap etdi.

Milli Liderimiz amatly durmuş gurşawynyň döredilmeginiň, onuň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine gabat gelmeginiň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek hem-de Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşigi geçirmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümlerini daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara sergilerde mahabat etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde her ýylyň ýanwar aýynda «Heimteõtil» atly iri halkara sergi geçirilýär. Oňa 130-dan gowrak ýurtdan dokma önümlerini öndürijiler gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu gözden geçirilişe gatnaşmak mümkinçiligi barada habar berildi. Şonda Türkmenistanyň dokma pudagynda we halyçylykda ýeten derejeleri görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar ykdysadyýeti şertlerinde dokma senagatynyň önümçilik binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmäge ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde, içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli dokma önümleri ugradylýar. Daşary ýurtlaryň degişli önümçiligi bilen mynasyp bäsdeşlik edýän milli dokma önümleriniň görnüşleri artdyrylýar.

Milli Liderimiz öndürilýän önümleriň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna gabat gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu meselelere netijeli çemeleşilmegi ýokary hilli we köp görnüşli önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň dizaýnçylary içerki bazaryň sargytlaryny öwrenip, ilatyň möwsümleýin isleglerini nazara alyp, dünýä meýillerine laýyk gelýän lybaslaryň täze önümçilik ulgamlaryny işläp taýýarlaýarlar we şolaryň hem-de beýleki harytlaryň önümçiligini ýola goýýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara sergilere gatnaşmagynyň ähmiýetlidigini belläp, dünýä bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen, geljegi uly ugurlaryň esasynda pudagyň kuwwatlyklaryny doly işe girizmegiň, Diýarymyzyň dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz dokma we haly önümlerini daşary ýurt iri halkara sergilerde mahabat etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, pudagyň hünärmenleriniň GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçiriljek «Heimteõtil» atly sergä gatnaşmagy hakyndaky teklibi goldap, bu işlere ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow mekdep okuwçylary üçin kompýuterleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we ýerine ýetirilýän işler hakynda birnäçe şekilleri hem-de şol kompýuterleri hormatly Prezidentimize görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl 1-nji synp okuwçylary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýa merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda öndürilen öwrediji kompýuterleriň 153 müň 885 sanysyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat aldylar.

Kompýuterleriň, noutbuklaryň we netbuklaryň görnüşlerini has-da kämilleşdirip, şolaryň nobatdaky tapgyryny goýbermäge taýýarlyk görülýär. Şolar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamasy we programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde kesgitlenildi.

Teklip edilýän kompýuterler şu ýylky öwrediji kompýuterler bilen deňeşdirilende, kuwwaty we ýokary tizligi bilen tapawutlanýar hem-de maglumat saklaýyş möçberi, ekranyň ölçegleri artdyryldy hem-de döwrebap programmalar toplumy goýuldy.

Mundan başga-da, bu kompýuterler bilen täze okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, olary sarp edijilere ýerlemek üçin öndürmegiň hem göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki serişdeleri çekmegiň hem-de Diýarymyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi höweslendirmegiň hasabyna, tutuş ulgamy döwrebaplaşdyrmagyň we sanlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Kompýuter diňe bir okatmagyň bar bolan usullaryna goşmaça bolmak bilen çäklenmän, eýsem, okatmagyň mazmunyndan başlap, guramaçylyk derejesine çenli ähli ugurlaryny üýtgetmegi öz içine alýan kuwwatly serişdä öwrülmelidir. Hut şonuň üçin hem mekdep okuwçylary üçin niýetlenen elektron enjamlary iň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze görnüşdäki kompýuterleriň ähli görkezijileriniň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen deňeşdirilip, ýene bir ýola seljerilmelidigine çagalaryň saglygy üçin wajyp hasaplanylýan şertleriň, häsiýetli aýratynlyklarynyň öwrenilmelidigine, mahlasy, kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kompýuter önümçiligini kämilleşdirmegiň we elektron senagatyny ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagynda hem-de üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda we ýokary tehnologiýaly önümleriň öndürilmeginiň ilatyň islegine laýyk derejede ýola goýulmagynda hem-de şolaryň daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan has elýeterli bolmagynda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de Halkara tennis federasiýasynyň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmek hakyndaky teklibi barada hasabat berdi.

Bu bäsleşiklere 17 döwletden sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş eden türgenler 2021-nji ýylda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama bäsleşigiň 3-nji toparyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Halkara tennis federasiýasy bu halkara ýaryşy 8 — 15-nji iýun aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny, Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip hem-de bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl ýurdumyzda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň we Futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň, 2021-nji ýylda bolsa Trek welosporty boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu abraýly ýaryşlara taýýarlyk görmek we şolaryň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlary nazara almak bilen, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Media merkeziniň işini öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň ornaşdyrmak esasynda kämilleşdirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa öňde boljak baýramçylyklara hem-de şanly wakalara bagyşlanyp taýýarlanan medeni çäreleriň maksatnamasy, şeýle hem medeniýet ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Täze ýyla gabatlanyp, giň gerimli dabaralar meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini, şonuň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda guralýan medeni-köpçülikleýin dabaralaryň we halkara döredijilik çäreleriniň milli sungatymyzyň hem-de türkmen halkynyň örän baý mirasynyň köp dürli öwüşginini beýan etmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Täze ýyl dabaralaryny göwnejaý derejede guramak hem-de şolary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek babatynda birnäçe tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wajyp meselelere ünsi çekip, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda göz öňünde tutulýan çäreleriň, hususan-da, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň hem-de türkmen Bitaraplygynyň şöhratly senesiniň şanyna guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýyllyk meýilnamasyny düzmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hem-de möwsümleýin meýdan işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg işleri alnyp barylýar. Birinji ösüş suwy, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzyň pagtaçylary meýdanlarda galan hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işlerini dowam edýärler. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalarda hasyly degişli derejede gaýtadan işlemek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri, hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek, tekizleýiş işleri, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny abatlamak güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny yzygiderli we ylmy esasda ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ak ekinlere ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz topluma häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün edýän öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Duşuşyk Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilýän däp bolan duşuşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmek arkaly ýurdumyz bu wezipäniň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy taýdan ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, köpugurly özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de oňa täze itergi berilmegine mynasyp goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri ýokary derejede geçirildi, GDA-nyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de Arkalaşygyň çäklerinde ýola goýulýan özara hyzmatdaşlyk meselesinde möhüm orny eýelejekdigini belläp, Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna taýýarlyk meseleleri babatda wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenendigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylda geçiriljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreleri amala aşyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzda
amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Degişli ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda parlament ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, uglewodorod serişdeleri, elektron hem-de elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar, bilim ulgamy, bedenterbiýe hem-de sport, ylmy açyşlar, Geňeşleriň işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işi bilen baglanyşykly birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenýär.

Milli kanunçylygy döwrüň täze talaplaryna gabat getirmek maksady bilen, halkara tejribäni, milli mirasymyzy hem-de halkymyzyň däp-dessurlaryny nazara alyp, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary öz wagtynda girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek bilen bagly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak hem-de konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny halkymyzyň arasynda düşündirmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça meýilnamalar düzüldi.

Ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, kabul edilen Kanunlaryň mazmunyny we wezipelerini düşündirmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly öňe ilerletmegiň bähbidine, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ugrunda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işiniň ähmiýetini nygtady.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.