Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýär we ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk nusgalyk häsiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejede geçirilýän iri halkara forumlaryna hem-de sebitiň döwlet Baştutanlarynyň bu gezekki konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy Türkmenistanyň howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna goldaw berýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
...Daşkendiň sammitine gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Özbegistan Respublikasynyň resmi adamlary — Premýer-ministri Abdulla Aripow, daşary işler ministri Abzulaziz Kamilow, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Asylly däbe görä, milli lybasdaky gyz belent mertebeli myhmana gül dessesini gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni «Kuksaroý» döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra özbek Lideri döwlet Baştutanymyzy ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän zalyna çagyrdy. Bu ýerde hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.
Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, bu gezekki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklaryň binýadyny berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de goldaw bermek esaslary düzýär.
Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik, şeýle hem netijeli işlemäge döredilen mümkinçilikler üçin Özbegistan Respublikasynyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, şu günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we wajyp halkara meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen, sazlaşykly ösdürilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy geňeşmeleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň derejesindäki gatnaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän pugta hukuk binýady döredildi.
Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Onuň soňky mejlisi şu ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.
Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini alamatlandyrýandygyny nygtady. Her bir duşuşyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýär we onuň dowamynda özara gatnaşyklaryň täze hem-de geljekki ugurlary kesgitlenilýär.
Taraplar syýasy ulgamdaky gatnaşyklar boýunça guralan pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň pugta hem-de durnukly parahatçylygy, Merkezi Aziýa sebitinde çaklanylýan sazlaşykly ösüşi saklamak, bu ýerde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň ygtybarly guralyny döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna bolan gyzyklanmalary hem-de taýýarlygy mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm meseleler boýunça bilelikdäki gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak gepleşikleriň esasyny düzdi. Taraplar bu meseleleriň ýakyn wagtda çözgüdiniň tapylmagynda parahatçylykly hem-de diplomatik serişdeleriň wajypdygyny belläp, bu babatda syýasy goldaw bermäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek babatda türkmen döwletiniň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mesele boýunça öňe süren we dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Häzirki döwürde Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegi, ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy zerur bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlary boýunça iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň goňşy ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsir etjekdigini we onuň ykdysadyýetiniň durmuş ugurlarynyň dikeldilmeginde, parahatçylykly, döredijilikli durmuşyň berkarar bolmagynda möhüm orun eýelejekdigini belläp, ykdysadyýetiň dürli ugurlary, şol sanda durmuş ulgamy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak ýaly ynsanperwer ugurda owgan halkyna goldaw bermegiň wajypdygyny nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara giňişliginde bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmaga, birek-birege goldaw bermäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Milli Liderimiz munuň ikitaraplaýyn bähbitlere, ählumumy howpsuzlygyň binýadyny berkitmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin maksatlaryna gabat gelýändigini we sebitde alnyp barylýan işlere oňyn täsirini ýetirýändigini belledi.
Şeýle hem taraplar durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary bolan bilelikdäki gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda energetika ulgamynyň onuň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. 2009-njy ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berlen Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär. Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý ugry boýunça ýylda 25 milliard kub metre çenli kuwwaty bolan gaz geçirijiniň ýene bir ugrunyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek ýaly baş maksada ýetmäge gönükdirilmelidigini, onuň Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün etjekdigini belledi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry bilen Gara deňze çykmak arkaly Gruziýa, Türkiýä, Rumyniýa we beýleki döwletlere uzaýan ulag geçelgeleri boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygy bellenildi.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda bilelikde wajyp ulag-üstaşyr taslamalaryň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenabat we Farap şäherleriniň aralygynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini belledi. Munuň özi diňe bir ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde ulag gatnawlarynyň möhüm ulgamyna öwrüldi.
Yklymlaýyn ulag geçelgelerini köpugurly esasda ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistan Özbegistan bilen Merkezi Aziýa — Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawlarynyň mümkinçiliklerine garamaga möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika we ulag pudaklaryndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegi aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Hususan-da, ol diňe bir sebitleýin derejede däl, eýsem, tutuş Aziýa yklymynda ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi babatda wajypdyr. Şunda, bu sebite möhüm orun degişlidir.
Gepleşikleriň dowamynda kuwwatly energetika we ulag düzümini döretmegi, ýöriteleşdirilen halkara guramalary, maliýe düzümleri bilen sebitde we dünýä giňişliginde ygtybarly hem-de utgaşykly tagallalary birleşdirmegi esasy ugur edinýän ýurtlar hökmünde Türkmenistanyň we Özbegistanyň şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe iki ýurduň daşary syýasat hem-de ugurdaş düzümleriniň işjeň goşulmagyny teklip etdi.
Ulag meseleleri barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiz Türkmenistanyň ýakyn wagtda BMG-niň ikinji Ählumumy ulag maslahatyny guramaga taýýarlyk görýändigini mälim etdi. Şonda Merkezi Aziýanyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berler. Döwlet Baştutanymyz oňa Özbegistanyň hökümet wekiliýetini gatnaşmaga çagyrdy.
Sebitiň suw-energetika meseleleri gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi. Taraplaryň pikirine görä, bu meseleler umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen we ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda garalmalydyr hem-de çözülmelidir.
Ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara giňişliginde ekologiýa meselesi boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de berkidilmegini we kämilleşdirilmegini esasy ugur edinýär.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw hojalyk meselesindäki gatnaşyklaryň deňhukukly we birek-birege hormat goýmak derejesine kanagatlanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy hem-de taraplaryň bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi.
Çölleşmä garşy göreş baradaky BMG-niň degişli Konwensiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleri ekologiýa babatda döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de özbek tarapy bilen bu ugur boýunça, şol sanda Milletler Bileleşiginiň ýörite edaralarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly ykdysady hyzmatdaşydygyny belledi.
— Biz iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýeten derejesine, hökümetleriň we dolandyryş edaralarynyň derejesindäki gatnaşyklaryň netijeleri boýunça toplanylan tejribä ýokary baha berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny, şolaryň doly derejede herekete girizilmeginiň zerurdygyny belläp, özara haryt dolanyşygynyň häzirki möçberiniň we ösüşiniň kanagatlandyrmaýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz soňky ýyllaryň görkezijileriniň ösýändigini belläp, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine, özara haryt dolanyşygyny diňe bir san taýdan däl, eýsem, gyzyklanmalary hem-de ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hil taýdan ýokarlandyrmak boýunça anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, 2018 — 2020-nji ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de özara haryt dolanyşygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigini belläp, bu resminamalaryň ähli ugurlarynyň anyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Taraplar biziň döwletlerimizde kuwwatly senagat hem-de oba hojalyk binýadynyň, döwrebap ulag düzüminiň döredilendigini belläp, özara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we maýa serişdelerini çekmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmalydygyny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça ýurdumyzda iri gurluşyk, söwda, düzümleýin desgalar, hyzmatlar, syýahatçylyk babatda taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özbek hyzmatdaşlarynyň şeýle taslamalara işjeň gatnaşmagyna goldaw beriljekdigini nygtady.
Taraplar soňky döwürde Türkmenistanyň we Özbegistanyň dürli pudaklarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu işleriň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, oňa kuwwatly itergi bermäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy, dokma senagaty, maşyn gurluşygy, gazy gaýtadan işlemek, gurluşyk, düzümleýin desgalar ýaly ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ähmiýetlidigi nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek hyzmatdaşlarynyň Türkmenistanyň awtomobil we demir ýollaryň gurluşygynda toplan tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu ugurda ýurdumyzyň tejribe alyşmagyň guralmagyna taýýardygyny mälim etdi.
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, hususan-da, üçünji bir ýurda ugratmak üçin niýetlenen gök we miwe önümlerini gaýtadan işlemek babatda dürli görnüşdäki düzümleri döretmegiň mümkinçilikleri hakynda teklipler aýdyldy. Häzirki döwürde bu ugruň ösdürilmegine uly isleg bildirilýär.
Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylda Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherindäki täze port düzüminiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdyp, şu ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda, ilkinji nobatda, Ýewropa, Russiýa, Kawkaz bazarlaryna ugradylýan eksportyň möçberini artdyrmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň bu Halkara portuň düzümlerini peýdalanmagynyň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, özbek hyzmatdaşlara bu meseleleri öwrenmek hem-de islendik teklipleri oňyn görnüşde garamaga taýýarlyk barada pikirlerini aýtmak teklibi ýetirildi.
Ulgamlaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly kuwwata eýe bolan syýahatçylyk pudagy döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurtda hem dünýä ähmiýetli Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Hywa, Buhara, Samarkant ýaly syýahatçylyk desgalary we başga-da köp sanly medeni-arheologiýa ýadygärlikleri bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de halkara syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz geljekde ylalaşykly maksatnamalary we ugurlary bolan umumy syýahatçylyk giňişligini döretmek meseleleri hakynda oýlanmagyň wajypdygyny belläp, özbek hyzmatdaşlaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet derejesindäki sebit aragatnaşyklaryna mundan beýläk-de goldaw bermek, serhetýaka welaýatlaryň hojalykçylarynyň we telekeçileriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.
Taraplar ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine kanagatlanma bildirdiler. Hususan-da, döredijilik toparlarynyň duşuşyklary yzygiderli guralýar, dürli festiwallar we forumlar geçirilýär. Iki ýurtda Medeniýet hem-de kino günleriniň geçirilmegi ähmiýetli waka hökmünde görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-tehniki we bilim ulgamlaryndaky döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermegiň zerurdygy barada aýdyp, Türkmenistanyň şu maksat bilen bilelikdäki Ylmy geňeşi döretmek hakyndaky teklibiniň bardygyny mälim etdi. Ol düýpli we amaly ylym babatda iki ýurduň alymlarynyň, hünärmenleriniň mümkinçiliklerini utgaşdyrmaga kömek eder.
Bu düzümiň işi degişli ugurlarda netijeli tejribe alyşmaga, geljegi uly ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, iki döwletiň ykdysady kuwwatyny nazara alyp, bu gün dünýäde bolup geçýän tehnologik we innowasion meýilleriň esasynda tejribe alşylmagyna ýardam berer. «Biz bu meseleleri ösdürmelidiris we ylmy-tehnologiýa ulgamdaky tagallalaryň utgaşdyrylmagy ikitaraplaýyn bähbit getirer» diýip, milli Liderimiz belledi.
Taraplaryň pikirine görä, bu gezekki duşuşyk, wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barýandygyny görkezdi. Bu gatnaşyklar açyk we aýdyň esaslar arkaly, birek-birege düşünişmek, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak işinde bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek esasynda işjeňleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýetlidigini, onuň bolsa sebit derejesinde bolşy ýaly, tutuş dünýä ýüzünde howpsuzlygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny, bilelikdäki işi ösdürmek üçin möhüm wezipeleri kesgitlän bu saparyň ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürjekdigine ynam bildirdiler.
Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň Liderleri birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmegine bolan taýýarlygy tassykladylar.
Soňra duşuşyk ikiçäk görnüşde dowam etdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene bir ýola mübärekläp, öz ýurdunda Türkmenistanyň Baştutanynyň bu saparyna iki goňşy ýurduň we halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha berilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga Daşkende çagyrandygy, mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Özbegistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyr diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyna hem-de halklarymyzyň taryhy taýdan kemala gelen köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belläp, bu gatnaşyklara açyklygyň, deňhukuklylygyň we netijeliligiň mahsusdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin umumy bähbitler we bar bolan ägirt uly mümkinçilikler bilen berkidilýändigini nygtadylar. Şunda, taraplaryň giň kuwwata eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň eýeleýän orny barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi barada aýtdylar.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de ony berkitmek üçin zerur şertleriň bardygyny belläp, özara söwdanyň we maýa goýum gatnaşyklarynyň möçberiniň artdyrylmagy, energetika, aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, azyk, himiýa senagaty, elektrotehnika, ýeňil senagat pudaklaryndaky gatnaşyklaryň geljegi barada aýtdylar.
Ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kommunikasiýa ulgamynyň, iki döwletiň çäginden geçýän ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň özara we netijeli peýdalanylmagyna bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygy bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegine baglydyr. Bu geçelge Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny baglanyşdyrýan gysga hem-de howpsuz ugry üpjün edýär.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew oba hojalygy, maşyn gurluşygy, gazy gaýtadan işlemek, düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýaly pudaklardaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlardygyny belläp, degişli düzümlerde has ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda we Özbegistanda dünýä ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleriň bardygyny nazara alyp, syýahatçylyk ugry boýunça özara gatnaşyklaryň geljegine garaldy.
Medeni gatnaşyklar hemişe bolşy ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Biziň halklarymyz diňe bir goňşy bolman, eýsem, umumy doganlyk gatnaşyklaryna, taryhy ýörelgelere, däp-dessurlara, ahlak gymmatlyklaryna eýedir. Bu gün ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam bermek, munuň üçin döwrüň ruhuna we adamlaryň isleglerine gabat gelýän zerur şertleri döretmek iki döwletiň öňünde durýan esasy wezipe bolup durýar.
Söhbetdeşler soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, özara düşünişmegiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň möhüm şertini emele getirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde ylym we bilim, sport ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň ählumumy gün tertibiniň iň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew halkara giňişlikde, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarda iki ýurduň başlangyçlaryna yzygiderli goldaw bermegiň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde goňşy ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ähli ugurlardaky deňhukukly hem-de birek-birege ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, döwlet Baştutanymyz bu duşuşykda ýakyn we uzak geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitleniljekdigine, biziň umumy bähbidimize gabat gelýän pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, özbek kärdeşine berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işinde uly üstünlik, goňşy döwletiň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Özbegistanyň Baştutany öz gezeginde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli edýän tagallasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Soňra iki döwletiň Liderleri maslahatlar zalyna geçdiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» atly derejäni bermek dabarasy boldy.
Binanyň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki Türkmenistan we halkymyzyň taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän hem-de özbek diline terjime edilen «Bagtyýarlyk — saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Janly rowaýat» atly kitaplaryndan düzülen sergi guraldy.
Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanda milli Liderimiziň düýpli ylmy işleriniň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň 4-si geçirildi. Bu forumlar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanan üstünlikleri we ýeten derejesi, halkymyzyň şöhratly hem-de baý medeniýeti barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik döretdi. Şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi dünýäde halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny, Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesini giňden wagyz etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini-de şertlendirýär.
Täze kitaplaryň iki ýurduň iri milli we ylmy kitaphanalarynda möhüm orun eýelejekdigi hem-de olaryň Özbegistanda öz okyjylaryny tapjakdygy gürrüňsizdir.
Soňra döwlet Baştutanlary bu ýerde guralan dabara gatnaşdylar.
Zala ýygnananlar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Şawkat Mirziýoýewi uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşyladylar.
Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylaryň hatarynda özbek tarapyndan resmi adamlar, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, iki ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, goňşy döwletiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar bar. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary özleri üçin niýetlenen ýere geçýärler.
Dabarany alyp baryjy bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurtlaryň Liderlerine hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu pursatlaryň Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryhyna aýratyn şanly waka hökmünde girjekdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli döwlet işgäri we syýasatçy bolup durýar. Türkmen halkynyň Lideriniň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň möhüm derejä çykarylmagyna goşan goşandy barada aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ylmy toparlaryň arasynda ägirt uly abraýa eýe bolan alym, birnäçe düýpli täzeçil gözleglere esaslanýan hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş, derman senagaty ulgamynyň, ykdysadyýetiň, binagärligiň we beýleki pudaklaýyn bilimleriň ösdürilmegine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň baý tebigatynyň öwrenilmegine bagyşlanan düýpli ylmy işleriň awtory bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň “Hormatly akademigi” diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdi kabul edendigi barada aýdyldy.
Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň durmuş ýoly, alyp barýan giň möçberli işi barada gürrüň berip, döwlet Baştutanymyzyň — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk hem-de ykdysady ylymlaryň doktory, birnäçe belli halkara ylym-bilim merkezleriniň hormatly doktory we professory bolan milli Liderimiziň häzirki zaman ylmyny hem-de bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandyny nygtady.
Özbek Lideriniň belleýşi ýaly, milli halyçylyk sungaty türkmen halkynyň bahasyz mirasynyň esasyny düzýär. Hakykatdan-da, häzirki döwürde ajaýyp halylar we olaryň özboluşlylygy, asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten nagyşlary, doganlyk halkyň dünýä gurluş ulgamyna, älemiň özboluşlylygyna bolan garaýyşlaryny, onuň baý ruhy dünýäsiniň we tebigatynyň köp öwüşgünliligini beýan edýän halylar barada bilmeýän adamyny tapmak kyn bolsa gerek.
— Men hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen halylarynyň amaly-haşam sungaty, durmuşyň baky senasy hökmünde aýdanlary bilen doly ylalaşýaryn. Hormatly Prezidentiň halylar baradaky kitaby milli filosofiýanyň owazy, halkyň arassa zehini baradadyr diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi.
Özbegistanda hem halk däpleriniň we senetleriniň dikeldilmegine hem-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany sözüni dowam etdi. Ol iki halkyň taryhy, medeni we ruhy mirasyny saklamak we ony artdyrmak babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem dostlukly ýurduň Lideri türkmen halkynyň hünär we ylym baradaky nakylyny mysal hökmünde getirdi we bu hakykatyň häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzda giňden dabaralanýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Baştutanynyň eserleriniň, ilkinji nobatda «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Ile döwlet geler bolsa...» ýaly belli eserleri giň okyjylar köpçüliginiň we hünärmenleriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bu eserler ylmy seljerme we pelsepe düşünjesi esasynda hemmetaraplaýyn öwrenilýär.
Türkmenistanyň wekili şu ýylyň aprel aýynda Termez şäherinde geçirilen Bagşylaryň halkara festiwalynda birinji ýeri eýelemegi taryhy nukdaýnazardan tötänlik däldir diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de bu festiwalyň geljekde hem geçiriljekdigini nygtady. Türkmen Lideri bilen halk saz döredijiligi meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtap, Özbegistanyň Baştutany bagşynyň taryhyň owazy, halkyň buýsanç duýgusy bolup durýandygyny belledi.
Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» kitabynyň Özbegistanda tanyşdyryş dabarasynyň bolandygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew halk aýdym-saz döredijiligi bilen tanyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy, diýip goňşy döwletiň Lideri kanagatlanma bilen nygtap, häzirki zaman tapgyrynda birek-birege düýpgöter çäksiz ynamyň, düýpgöter başgaça özara gatnaşyklaryň emele gelendigini, öňde durýan globallaşmagyň wajyp meselelerine çynlakaý çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanýandygyny aýtdy.
Soňra Özbegistanyň Baştutany Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň görnükli alym we döwlet işgäri, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdini yglan etdi.
Bu waka dostlukly ýurduň Baştutanynyň ylmyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi, doganlyk özbek hem-de türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda edýän ýadawsyz tagallasyna goýulýan hormatyň hem-de onuň ykrarnamasynyň aýdyň nyşanydyr diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany bu hormatly at bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra alyp baryjy degişli Karary okady.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzot Ýuldaşew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly akademigiň lybasyny geýdirdi, hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşurdy.
Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül dessesini gowşurdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, özüne Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäniň berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Türkmenistana goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ýeten derejesiniň ykrar edilmegi we iki ýurduň halklarynyň dostluk hem-de pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ikitaraplaýyn bähbitlere bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna gabat gelýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurtlaryň ikisi-de ösüşiň şöhratly ýoluny geçdi. Olar ägirt uly üstünlikleri gazandylar we häzirki döwürde biziň öňümizde ösüşiň uly geljegi açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýetilen sepgitler biziň döwletlerimiziň garaşsyzlygy bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyzlygy gazanmak arkaly ýurtlar taryhy taýdan döredijilik erkinligine eýe boldular diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 28 ýyl mundan ozal Türkmenistan hem Özbegistan ýaly döwlet özygtyýarlylygyny yglan etdi. Öz ykbalyny gurýan ýoluna ynamly gadam goýdy.
Milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, biz sebit hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň derejesinde Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösen we wajyp oňyn başlangyçlary öňe sürýän hem-de halkara gatnaşyklary ulgamynda öz sesi bolan ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazandyk diýip, milli Liderimiz belledi.
Hemişelik bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman binýadynyň berkidilmeginde hem-de ösdürilmeginde wajyp hasaplaýandygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy durmak boýunça wezipeleriň çözgüdinde Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda bu merkeziň Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň we onuň bilen goňşy Özbegistanyň Buhara oblastynyň ýaşlary üçin maslahat geçirendigini belledi. Onuň esasy wezipesi serhetýaka gatnaşyklaryny berkitmekden hem-de ýaşlaryň bu ugurda eýeleýän ornuny ýokarlandyrmakdan, medeni gatnaşyklary we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uly geljeginiň binýadyny goýdy.
Energetika meselesi babatda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna ýardam bermek Türkmenistanyň diplomatik işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz häzir biziň ýurtlarymyzyň uglewodorod serişdelerine baý döwletler hasaplanylýandygyny belledi. Bu ugurda giň we gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi ХХI asyrda parahatçylykly ýagdaýyň durnukly we sazlaşykly ösüş häsiýetine eýe bolmagynda möhüm ähmiýetlidir.
Türkmenistanyň energiýa geçirijileriniň ygtybarlylygy we durnuklylygy baradaky öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda degişli Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi hem-de onlarça döwletleriň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň giňişliginde Baş Assambleýanyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny öňe sürdük, şonda halkara energetika gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça täze başlangyçlar öz beýanyny tapdy diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara giňişlikde, şol sanda Özbegistan bilen hyzmatdaşlykda ulag ulgamynyň ýurdumyzyň alyp barýan işiniň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, döwrebap, utgaşykly, deňeçer we ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň döredilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny we Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna üç kararnamanyň taslamasyny hödürländigi bellenildi. Şolar boýunça 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda degişli çözgütler kabul edildi. Döwletimiz yklymara döwletler üçin ulag ulgamyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýratynlygyny nazara alyp, 2020-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny Türkmenistanda geçirmegi teklip edýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemeginiň, daşky gurşawy goramagyň we suw serişdelerini peýdalanmagyň meseleleri boýunça gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly 72-nji we 73-nji mejlislerinde kabul eden Kararnamalarynyň düzgünnamasyna laýyklykda, BMG-de giňişleýin geňeşmeleri guramak işlerini alyp barýar. Onda BMG-niň Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak barada aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň suw diplomatiýasy barada aýdyp, onuň beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlar bilen suw we suw-energetika pudaklaryndaky tagallalaryny utgaşdyrmak üçin işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, birek-birege hormat goýmak we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak arkaly hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebit ylalaşygynyň gazanylmagynyň wajypdygyny öňe sürýär.
Dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklary alyp barýan döwletimiz dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň bähbidine gatnaşyklaryň häzirki zaman halkara ählumumy ulgamynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Döwlet Baştutanymyz içerki ösüşiň gazanylmagynyň daşary syýasy we diplomatik işleriň üstünliginiň möhüm şertidigini belledi.
Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda şu ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň 6,3 göterim ýagdaýynda saklanýandygyny, munuň dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridigini hem-de şeýle ösüşe geljek ýylda hem garaşylýandygyny aýtdy.
Maýa goýum işjeňligi milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmeginiň möhüm guraly bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda iri zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, çagalar baglarynyň, tutuş ýaşaýyş toplumlarynyň müňlerçesi guruldy. Hormatly Prezidentimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýdyp, bu gün ýurdumyzda birbada iki şäheriň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Tebigy baýlyklar, amatly ekologiýa hem-de howa şertleri, döwrebap senagat önümçiligi, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, hyzmatlar ulgamy ýurdumyzyň sebitlerini ýokary depginlerde ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär.
Geçen ýylyň dowamynda karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň, polipropilen zawodynyň, kuwwatly aýna kärhanasynyň, şeýle hem şu ýyl dünýäde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän ilkinji zawodyň işe girizilmegi Diýarymyzyň gazanan üstünlikleriniň esasylarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Diýarymyzy ösdürmegiň geljekki meýilnamalary barada aýdyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryny düýpli özgertmek bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek boýunça işler dowam edýär, guşçulykda, maldarçylykda, et we süýt önümçiliginde fermer işewürligini giňeltmek üçin täze şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de özgertmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen düýpli işleriň amala aşyrylandygyny belläp, şeýle özgertmeleri amala aşyrmakda meşhur ýer eýesi, milleti boýunça özbek, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda doglan hem-de ýaşan Sadulla Rozmetowyň ägirt uly goşandyny belledi.
Ol birnäçe onýyllyklaryň dowamynda Daşoguz welaýatyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine ýolbaşçylyk edip, ýokary hasyl almagyň täze usuly, oba hojalygy üçin ýokary hünärli işgärleriň täze neslini taýýarlamakda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmakda ägirt uly işleri bitirdi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Sadulla Rozmetow Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary derejä, «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada hem-de birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýangyç serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça möhüm wezipeleriň öňde durýandygyny belledi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekilýär.
Milli Liderimiz gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyna we iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan köpasyrlyk taryhy-medeni ýörelgä esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, oňa täze itergi bermekde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň şahsy goşandyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz özbek Lideri bilen geçirilýän yzygiderli we netijeli duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga syrygýandygyny belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylda ýurdumyza bolan döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň baglaşylandygyny nygtady.
Şol gün biz Lebap welaýatynda Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren we gadymy döwürlerde Merkezi Aziýanyň çäginden geçen, häzirki döwürde bolsa dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegine öwrülen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürýän iri sebitleýin we halkara ähmiýetli hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen iri taslamalara netijeli goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz energetika pudagyny türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde belläp, iki döwletiň tagallalary netijeli utgaşdyrmakda oňyn tejribe toplandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi mysal hökmünde görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz goňşy döwletleriň aýry-aýry sebitleriniň arasynda ýola goýulýan işewür gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, bu gün Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara söwdanyň, maýa goýumyň möçberini artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, Medeniýet günlerini, döredijilik festiwallaryny geçirmek boýunça oňyn tejribäniň toplanandygy bellenildi.
2017-nji ýylyň maýynda Daşkentde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy. Ol ajaýyp türkmen şahyrynyň adyny göterýän köçäniň ugrunda oturdyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Magtymgulynyň eserleriniň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp adamzadyň umumy medeni hazynasyna girizilendigini aýtdy. Şahyryň eserlerine Özbegistanda uly hormat goýulýar.
Geçen ýyl Daşkentde «Aşgabat» seýilgähiniň açylmagy türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir nyşanyna öwrüldi. Onuň binagärlik keşbinde türkmen paýtagtynyň ajaýyp şekilleri öz beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň netijeli döwletara syýasy gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna bolan üýtgewsiz gyzyklanmalaryny tassyklaýandygyny belledi.
Geljek ýylda ýurdumyz öz täze taryhynyň iň wajyp seneleriniň biri bolan Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden bellär. Bu şanly sene mynasybetli, Aşgabatda birnäçe halkara çäreleri, şol sanda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça halkara maslahaty geçiriler.
Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özbek dostlaryny we doganlyk Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçy düzümine hem-de ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe döwlet işine berlen ýokary baha we hormatly dereje üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, beýik şahyr hem-de akyldar Alişer Nowaýynyň «Adamlara bolan hoşniýetli gatnaşyklaryň hazynasy kime degişli bolsa, şoňa halypalyk hazynasy hem degişlidir» diýen sözlerini okady.
Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Özbegistanyň hem-de onuň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly döredijilik üstünliklerini, ylmy ösüşleri we täze açyşlary arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzod Ýuldaşewe söz berildi, ol bu ýere ýygnananlaryň Türkmenistanyň we Özbegistanyň ylmy jemgyýetçiligi üçin ägirt uly ähmiýetli wakanyň şaýady bolýandyklaryny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň ylmyň we bilimiň jemgyýeti belent maksatlara ýetmekde jebisleşdirýän hem-de kuwwatyny artdyrýan baýlykdygy barada aýdan pähimini mysal getirdi.
Hut şoňa görä-de, Özbegistanda we Türkmenistanda bu örän möhüm ulgamyň ösdürilmegine içgin üns berilýär. Aýratyn nygtalyşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent ada mynasyp bolan ilkinji döwlet Baştutanydyr.
Türkmen Lideri tarapyndan döredilen kitaplar dürli ugurlar boýunça bilimleriň möhüm çeşmesidir. Bu eserler Özbegistanyň alymlarynyň we hünärmenleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Baştutanynyň eýýäm dört eseri özbek diline terjime edildi we ýurduň ylmy toparlarynda uly islege eýe boldy, muňa bu neşirleriň Özbegistanda guralan tanyşdyryş dabaralary aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Behzod Ýuldaşew belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy özbek Lideriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Janly rowaýat», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplarynyň ynsan durmuşynyň sazlaşygyny, onuň kämilleşmegini çuňňur filosofiýa taýdan beýan etmegiň aýdyň mysalydyr diýip aýdanlaryny mysal getirdi. Türkmenistanyň Baştutanyna Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen adyň berilmegi döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer. Şeýle hem munuň özi iki doganlyk ýurduň alymlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar diýip, Behzod Ýuldaşew aýtdy.
Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen Liderine berk jan saglyk we alyp barýan asylly işlerinde, şol sanda döredijilikde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Horezm welaýatynyň özbek-türkmen dostluk jemgyýetiniň başlygy — «Uly howly» syýahatçylyk merkeziniň ýolbaşçysy Dawlatnazar Rajabow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk we belent döwlet wezipesinde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ol Türkmenistanyň Baştutanynyň kitaplarynyň Özbegistanda geçirilýän tanyşdyryş dabaralarynyň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli eserleriniň doganlyk ýurduň okyjylarynyň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda ägirt uly gyzyklanma döredýändigini belledi.
D.Rajabow çykyşynyň ahyrynda halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygynda ýetilen belent derejä hem-de Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň ýola goýulmagy netijesinde geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Immunologiýa we genomika institutynyň direktory hanym Tamarahon Aripowa söz berildi. Onuň nygtaýşy ýaly, öz ýurdunyň lukmançylyk we ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent adyň berilmegi bilen gutlamak özi üçin uly mertebedir. Hormatly Prezident häzirki zaman lukmançylyk ylmyna goşan uly goşandy, iki döwletiň we halkyň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin bu derejä mynasyp boldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýazan kitaplary özbek alym-lukmanlaryny örän gyzyklandyrdy, bu eserlerde lukmançylygyň, ekologiýanyň we fitoterapiýanyň ylmy ugurlary beýan edilýär. Olar «Türkmenistan — melhemler mekany», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» diýen ajaýyp eserlerdir. Şunuň bilen baglylykda, Tamarahon Aripowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli, köp jiltli ensiklopediki işiniň ähmiýetini belledi. Bu eser millionlarça alymlara türkmen halkynyň fitoterapiýa ulgamynda toplan köpasyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Immunologiýa we genomika institutynyň direktory Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň alymlarynyň arasynda ylmyň dürli ugurlary, şol sanda lukmançylyk boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi, çünki ynsan saglygy baradaky alada iki ýurduň hem döwlet syýasatynyň iň asylly we ynsanperwer ugurlary bolup durýar.
T.Aripowa türkmen Liderini Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent adyň berilmegi bilen ähli kärdeşleriniň adyndan ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk hem-de iki dostlukly döwletiň halklarynyň bähbidine gönükdirilen ähli meýilnamalarynyň we maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Alişer Şadmanowa söz berildi, ol pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň lukmançylyk jemgyýetçiliginiň adyndan Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ol döwlet Baştutanymyza ýüzlenmek bilen, Türkmenistanda öz milli Lideriniň gönüden-göni baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini we beden taýdan işjeňligini giňden wagyz etmek aýratyn orny eýeleýär. Ýokanç keselleriň töwekgelçilikleriniň aradan aýrylmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Çilimkeşlige garşy yzygiderli işler geçirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Aşgabat jarnamasynda bu çäreleriň esasy ugurlary beýan edildi.
Saglygy goraýyş, farmakologiýa, halk lukmançylygy ulgamynda geçirilýän barlaglar türkmen halkynyň bu ugurda toplan durmuş tejribesine esaslanýar. Şonuň bilen bir hatarda hormatly Prezidentiň eserleri bu bilimleri häzirki zaman ylmy derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
Dostlukly ýurduň ýolbaşçylygynyň halkyň saglygyny goramak, öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmek, Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini goldamak meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza ýurtlaryň ählisi üçin ilatyň abadançylygyny üpjün etmek babatynda aýdyň göreldedigini bellemek gerek.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynyň «Hywa» öýüne tarap ugradylar, bu ýerde bilelikdäki agşamlyk nahary guraldy.
Türkmen Lideriniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
***
Şu gün Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda döwrüň talap edýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, häzirki wagtda munuň üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.