close-icon
Новости
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
14.11.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tuýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary berkitmäge we işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Katar Döwletiniň ýolbaşçylygyna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, dostlukly türkmen-katar gatnaşyklaryna birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýetiň mahsusdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şondan bir ýyl öň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we dostlukly ýurduň ilçisi özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada aýdyldy. Tutuş dünýäde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagy we ulag ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle-de, söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi. Sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisi-de bu ugruň ösdürilmegine möhüm üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, olaryň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.