2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Fýumiçino Halkara howa menziline gondy. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.
Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.
Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni howa menzilinden kaşaň «Rome Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza saparyň dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär.
Ertir — 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Şolaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu sapar soňky ýyllarda döwletara türkmen-italýan gatnaşyklarynyň düýpli işjeňleşendiginiň aýdyň mysalydyr. Bu gatnaşyklaryň okgunly ösüşi iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak. uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugry hut şu ýörelgelere esaslanýar.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropa ugry bu döredijilikli strategiýanyň düýpli şahalarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýewropaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen döwletara derejesinde bolşy ýaly, Türkmenistan —Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hem netijeli özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary derejede gyzyklanýandyklaryny bellemek gerek.
Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, onuň ösüşine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda bolan resmi sapary, şübhesiz, güýçli itergi berdi. Ol, hakykat ýüzünde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlangyjyny goýdy.
2015-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Italiýa Respublikasyna bolan iş sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi. Ondan has öňräk, 2014-nji ýylyň noýabrynda bolsa Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri ýurdumyza iş sapary bilen geldi.
Häzirki wagtda iki ýurduň işewürler toparynyň gatnaşyklarynyň hatarynda nebitgaz ulgamynda, gurluşykda, dokma senagatynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň oňyn tejribesi bar. Bu ugurda bütin dünýäde meşhur “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzdaky köpýyllyk netijeli işini mysal getirmek bolar. Bu kompaniýa 2008-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerinde «Nebitdag» şertnamalaýyn çäginde uglewodorodlary gözläp tapmak we gazyp almak işlerini amala aşyryp gelýär. Ýurdumyzdaky iri senagat we düzümleýin desgalar hem häzirki zaman italýan enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji noýabrynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin hemme zerur şertler bar.
Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty, senagatlaşdyrmaga we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga alan ugry, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi dürli ulgamlarda netijeli özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ýokary derejedäki duşuşyklaryň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Italiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen, şol sanda Milanda geçirilen işewürler forumynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Şolarda özara söwdanyň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, energetikada, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilikde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Italiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny we tekliplerini goldamak bilen, halkara giňişliginde hem ygtybarly özara gatnaşyklary alyp barýandygyny bellemek gerek. Biziň ýurtlarymyz parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, ulag we energetika diplomatiýasyny pugtalandyrmakda, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýaly düýpli meselelerde garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.
Türkmenistan bilen Italiýa döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda bilim we ylym, syýahatçylyk hem-de sport özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmen we italýan halklary baý gadymy medeniýetiň mirasdüşerleridir, munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, taraplaryň erk-islegine, netijeli syýasy, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny ynamly tassyklamak bolar. Özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bar bolan ägirt uly kuwwat we maksatnamalar munuň ygtybarly kepilidir, şolaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Italiýanyň dostlukly halklarynyň abadançylygyna hem-de rowaçlygyna hyzmat eder.