Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi nazarlap, onuň düzümlerini kämilleşdirmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň ýyl-ýyldan özgerýän keşbinde mähriban Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň yzygiderli depgini, köptaraply kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy hem-de medeni däpleri beýanyny tapýar.
Soňky ýyllarda döwrümiziň beýik binagäri — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, gözelligi we oýlanyşyklylygy babatda paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi döredildi. Ol häzirki zamanyň ýaşaýyş jaý toplumlaryny we bagy-bossanlyklary, durmuş ähmiýetli möhüm desgalary, belent binalary özünde sazlaşykly jemläp, jemgyýetçilik-syýasy, işewürlik, medeni we sport durmuşynyň merkezlerini emele getirýär.
Paýtagtymyzyň Arçabil şaýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň alamatyna öwrüldi. Onuň ugrunda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ak mermerli binalaryň onlarçasy peýda boldy. Iň döwrebap derejedäki Çandybil şaýoly hem Köpetdagyň eteginde şäheriň şu bölegini gurmagyň täze baş ugruna öwrüldi. Bu ýerde şu gün Halk Maslahatynyň Diwany täze bina göçüp geldi.
Tebigy dag görnüşleriniň alkymynda belent binalaryň haýran galdyryjy gözýetimine sazlaşykly ornaşyp, giň gerimli toplum gündogar binagärliginiň iň oňat däplerini hem-de dünýä şähergurluşygynda soňky gazanylanlary ajaýyp utgaşdyryp, nurana, milli öwüşginleri özünde jemledi.
Mälim bolşy ýaly, toplumyň 2018-nji ýylyň martynda başlanan gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Bu möhüm desganyň buýrujysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi, potratçysy bolsa “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy boldy. Bu kompaniýanyň amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belent ymaratlaryň örän köp sanlysy bolup, şolar paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüldi. Gurluşyk üçin 6,39 gektar meýdan ýer bölegi bölünip berildi. Beýikligi 31,36 metre we uzynlygy 112 metre deň bolan binanyň daşky bezegleri häzirki zamanyň gözellik derejesine bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hilli serişdelerden ýerine ýetirildi. Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we gök bossanlyklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde üsti ýapyk we açyk awtoduralgalar gurnaldy, dikuçar meýdançasy göz öňünde tutuldy.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada joşgunlylyk we şatlyk duýgulary höküm sürdi. Bu ýere gelen milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalary we Mejlisiň deputatlary mähirli garşyladylar.
Bagşylar toparynyň çykyşy dabara döredijilik öwüşginini çaýdy.
Döwlet Baştutanymyz bagşylaryň ýanyna gelip, ýurdumyzyň medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara sowgatlary gowşurdy.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz ilki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, soňra bolsa ikiçäk duşuşyklary geçirmäge niýetlenen zallara baryp, giň we ýagty otaglaryň içki bezeglerini gözden geçirdi. Bu otaglaryň diwarlaryna ajaýyp bedewleriň we edermen alabaýlaryň, gözel Diýarymyzyň tebigy görnüşleri şekillendirilen suratlar milli öwüşgin berýär.
Milli Liderimiz otaglaryň bezegine we döredilen amatlyklara mynasyp baha berip, bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary hem-de halkara derejeli gepleşikleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmäge niýetlenen zala bardy.
Däbe görä, döwlet Baştutanymyz ulanylmaga tabşyrylýan islendik desganyň aýratynlyklary bilen tanşyp, onuň inženerçilik-tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berýär hem-de olaryň gurluşygynda ýokary hilli serişdeleri we täzeçil tehnologiýalary peýdalanmagyň ähmiýetini nygtaýar. Munuň özi binalaryň ygtybarlylygyny hem-de adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri üpjün edýär.
Milli Liderimiz binany gözden geçirip, bu ýerde halkara derejeli maslahatlary, hususan-da, Parlamentara assambleýanyň mejlislerini geçirmek üçin zerur bolan ähli zatlaryň bardygyny belledi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gepleşiklerde döwrüň möhüm meselelerine, şol sanda, milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan gender deňligi, öňden gelýän hyzmatdaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy baradaky meselelere üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binany gözden geçirenden soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryna hem-de Mejlisiniň deputatlaryna ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini belledi, şonda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunyna Türkmenistanyň Konstitusion topary tarapyndan taýýarlanan üýtgetmeler we goşmaçalar makullandy.
Şol Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyz tarapyndan biragyzdan makullandy hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda kabul edildi. Öňe sürlen başlangyçlaryň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze ulgamy döretmekden ybaratdyr.
Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi. Şu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredilýär. Onuň döredilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa häkimiýetiň we halkyň ylalaşykly, ysnyşykly işlemegine, her bir adamyň we ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat eder diýip, milli Liderimiz belledi.
Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi nygtaldy. Şonuň esasynda şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda bolup geçen bu saýlawlar demokratik kadalar, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk esasynda, jemgyýetçilik-syýasy işjeňlik ýagdaýynda geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine serediljekdigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň gün tertibi tassyklanandan soň, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ak mermerli paýtagtymyzyň — Aşgabat şäheriniň görküne görk goşan Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Milli Geňeşiň täze palatasynyň ilkinji düzümine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ol milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işiniň dowam edýändigini, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Saýlaw möwsüminde hödürlemek ýygnaklarynyň 56-sy geçirilip, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň 112-si hödürlenildi. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary olaryň ählisi üçin deň şertleri döretmek bilen geçirildi.
Saýlawlar tutuş jemgyýetçiligiň üns merkezinde bolup, onuň demokratik ýörelgelere laýyk geçirilişine milli synçylaryň 440-sy — syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat toparlarynyň wekilleri syn etdiler, olar saýlawlaryň açyklygyny we aýdyňlygyny bellediler. Saýlawlarda ses berlişine Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty arkaly onlaýn tertipde göni syn etmek mümkinçiligi hem döredildi.
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen göni däl saýlawlara saýlawçylar işjeň gatnaşdylar. Saýlawlara saýlawçylaryň 98,7 göterimi gatnaşdylar. 48 mandat üçin 112 dalaşgär bäsleşdi. Munuň özi 1 orun üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini görkezýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 48 agza saýlanyldy, şeýle hem Aşgabat şäherinden 8 agza, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinden 8 agza saýlanyldy. Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň 27 göteriminiň zenanlar bolmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň, döwletimiziň zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek boýunça uly işleri geçirýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň hemmesi ýokary bilimlidir.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy hasabatyny jemlemek bilen, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda, halkara kadalara laýyklykda geçirilen saýlawlaryň netijesiniň Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny ýene bir gezek äşgär edendigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek barada çözgüdini beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna K.Babaýewi, G.Agaýewi, B.Orazmämmedowy, D.Gulmanowany, M.Taganowy, S.Gaýypowy, M.Halnazarowy, Ç.Babanyýazowy bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.
Şeýlelikde, geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna ýurdumyz boýunça jemi 48 agza saýlandy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz agza bellendi. Şol işleriň ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçirilendigi nygtaldy.
«Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalarynyň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisinde ykrar edilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Mandat toparynyň teklibi boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky karary kabul etmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalaryna Mandat toparynyň teklip edilýän düzümini tassyklamak üçin Halk Maslahatynyň agzalarynyň wagtlaýyn şahsyýetnamalaryny galdyrmak arkaly ses bermegi teklip edildi.
Mandat toparyny saýlamak barada karar kabul edilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz arakesme wagtynda Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Olar milli Liderimiziň kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň arasynda Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň ähmiýetini düşündirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parlamentiň işine öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça beren maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri barada habar berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy jikme-jik seljermegiň we mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, döwrüň talaplaryna kybap gelýän täze kanunlaryň kabul edilmeginiň hukuk ulgamyny ösdürmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjylyk esaslaryny has-da berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.
Soňra Mandat toparynyň başlygy M.Geldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, ýurdumyzda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmek babatda uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Häzir bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Mandat topary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren resminamalarynyň esasynda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny gözden geçirdi. Hususan-da, ses bermegiň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilendigi kesgitlenildi.
Soňra Halk Maslahatynyň agzalarynyň ses bermeginiň netijeleri boýunça Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda Mandat toparynyň hasabatyny tassyklamak barada karar kabul edildi.
Toparyň agzalaryna wagtlaýyn şahsyýetnamalary hemişelik şahsyýetnamalara çalyşmagy guramak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arakesmeden soň, mejlisi dowam etmek bilen, Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny tüýs ýürekden gutlady. Olara berk jan saglygyny, işde üstünlikleri arzuw edip, özlerine bildirilen ynamy ödejekdiklerine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň komitetlerini döredip, olaryň başlyklaryny saýlamak meseleleriniň mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meselelerdigini belledi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan edilýär.
Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda Halk Maslahatynyň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady gizlin ses bermek üçin býulletene girizilýär.
Şu mesele boýunça ses bermegi geçirmek üçin Ses sanaýjy topary saýlamak teklip edilýär.
Halk Maslahatynyň agzalary teklip edilen düzüm bilen tanşyp, ony ses bermek arkaly tassyklamak bilen, Ses sanaýjy topary hakyndaky karary kabul etdiler. Toparyň saýlanylan başlygy H.Hajyýew Halk Maslahatynyň agzalaryna ses bermegiň tertibini düşündirýär.
Soňra arakesme yglan edilýär. Onuň barşynda mejlisler zalynyň eýwanynda Halk Maslahatynyň Başlygyny saýlamak üçin gizlin ses berilýär. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlaryň milli demokratik ýörelgeleriň esasynda geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, mejlise gatnaşyjylar ykbal ähmiýetli çözgüdiň kabul edilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.
Ses sanamak işi tamamlanandan soň, mejlis Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň başlygy H.Hajyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol ses bermegiň netijelerini yglan etdi.
Hasabat Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan biragyzdan makullanyldy, olar Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň teswirnamasyny tassyklamak üçin ses berdiler.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda karar sese goýuldy, resminama biragyzdan kabul edildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny, şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu waka uly hormatyň hem-de halkymyzyň öňündäki belent jogapkärçiligiň nyşany hökmünde garaýaryn diýip, milli Liderimiz bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine, palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigine ynandyrdy.
Soňra Halk Maslahatynyň agzasy K.Babaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda mesele sese goýuldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary hakynda karar kabul edilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň saýlanylan orunbasary özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza, Halk Maslahatynyň agzalaryna hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow K.Babaýewi Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, bu wezipede alyp barjak işlerinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, islendik edaranyň işini netijeli alyp barmak we dolandyrmak üçin onuň düzümini oýlanyşykly döretmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Halk Maslahatynyň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komiteti döretmek teklip edildi. Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet; Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet; Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet; Halkara meseleler baradaky komitet bolup durýar.
Göni ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetlerini döretmek hakynda Halk Maslahatynyň karary biragyzdan tassyklanyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hakyndaky meselä garaldy.
Ilki bilen, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygyny saýlamak baradaky meselä seredildi. Bu komitetiň işiniň esasy maksady döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek bolup, halkara hukuk kadalary esasynda kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy wezipesine Halk Maslahatynyň agzasy M.Taganow, onuň orunbasary wezipesine D.Gulmanowa saýlanyldy.
Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň esasy işi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmäge hem-de ýurdumyzy strategik taýdan özgertmäge gönükdiriler. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek bolar. Şeýle hem senagat, maýa goýumlary we innowasiýa işi, netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp barmagyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça bu komitete G.Agaýew ýolbaşçylyk eder. Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine M.Halnazarow saýlanyldy.
Soňra Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygyny saýlamak hakynda meselä seredildi. Bu komitetiň esasy işi şol ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmekden, raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Bu komitetiň agzalary halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de amala aşyrmaga işjeň gatnaşmalydyrlar.
Ses bermegiň netijeleri boýunça ady agzalan komitetiň başlygy wezipesine B.Seýidowa saýlanyldy.
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygyny saýlamak hakyndaky meselä geçmek bilen, bu komitetiň esasy wezipesiniň şol ugurlarda kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmekden ybaratdygy bellenildi.
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine Ç.Babanyýazow, komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine B.Orazmämmedow biragyzdan saýlanyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlygy saýlanyldy, bu komitetiň esasy wezipesi Türkmenistanyň daşary syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek, şol sanda daşary döwletler bilen halkara gatnaşyklary ösdürmek, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işler Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biri bolmalydyr.
Halkara meseleleri baradaky komitetiň başlygy wezipesine M.Bäşimowa biragyzdan saýlanyldy.
Bu meseleler boýunça Halk Maslahatynyň degişli kararlary kabul edildi.
Şeýlelikde, ýokary derejede guralan hem-de gadymy demokratik ýörelgelere esaslanýan ses bermek kadasy geçirilen saýlawlaryň bildirilýän talaplara kybap gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň komitetleriniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Maslahat köşgüniň binasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň, Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisiniň tamamlanandygyny aýtdy. Mejlisde birnäçe guramaçylyk meseleleriniň çözülendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň täze palatasynyň öz işine başlamagy bilen ýygnananlary gutlady.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Soňra milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi prezidiuma çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny belledi. Bu tapgyryň esasy manysy ýurdumyzyň döwlet özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek bilen baglydyr. Berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny işjeň durmuşa geçirmekden, depginli durmuş-ykdysady ösüşini gazanmakdan, hoşniýetli we ynsanperwer syýasaty amala aşyryp, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, iki palataly parlament dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli hereket edýär. Bu parlamentleriň öz ösüşiniň birnäçe tapgyryny geçendigini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin milli parlamentde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň bolmagyna amatly şertler döredilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz parlamentde häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmelidigini hem-de kanunlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygyny, kabul edilen milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belläp, şu maksatlara ýetmekde bilelikde, arkalaşykly işlemegiň ýola goýuljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy waka — Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada aýdyp, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de degişli komitetleri döretmek barada kararlaryň kabul edilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlanyldy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine K.Babaýewi saýladylar.
Halk Maslahatynyň amala aşyrmaly işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komitet, ýagny Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet (başlygy M.Taganow); Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet (başlygy G.Agaýew); Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet (başlygy B.Seýidowa); Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet (başlygy Ç.Babanyýazow); Halkara meseleler baradaky komitet (başlygy M.Bäşimowa) döredildi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hem-de ak mermerli, merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde täze kanun çykaryjy edaranyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki mejlisine iki palatanyň agzalary bolup, deňhukuklylyk esasda gatnaşmagyň miýesser edendigini belledi.
G.Mämmedowa munuň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygyny belläp, Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlandygyny buýsanç bilen habar berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu jogapkärli we hormatly wezipä biragyzdan saýlanylmagy halkymyzyň rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Lideriniň töweregine mäkäm jebisleşendiginiň, hormatly Prezidentimize berk ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyz Watanymyz ýokary depginler bilen ösýär, döwlet gurluşynyň esaslary we parlament gurluşy kämilleşdirilýär. Örän gadymy medeniýetiň eýeleri bolan türkmenler geçmişde ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýäniň çar künjeginde ençeme döwletleri gurupdyrlar.
Bu gün türkmen halkynyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi hem-de ösdürilmegi tutuşlygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady hem-de beýik işleri bilen baglanyşyklydyr.
Mejlisiň Başlygy mähriban halkymyza we ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän milli Liderimize Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmakda aýratyn hukuk berilmeginiň kanunalaýykdygyny belledi.
Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatda öz beýanyny tapan baş maksada — Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz taryhda ilkinji gezek iki palataly kanun çykaryjy ulgama gadam basýar, iki palatanyň agzybirlikde we jebislikde işlemegini üpjün etmekde milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakdaky baý tejribesi möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilip, öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglygyny, başynyň dik, mertebesiniň belent, ömrüniň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdi. Döwletimiziň durmuşyndaky bolup geçen taryhy waka halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi.
Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde Türkmenistanyň giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris.
Nygtalyşy ýaly, şoňa görä-de, Halk Maslahaty öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, birnäçe möhüm ugurlar boýunça netijeli işlemelidir.
Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär.
Esasy Kanunymyza laýyklykda, her bir adamyň öz abraýyny we mertebesini hem-de erkinligini goramaga, Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işini dolandyrmaga göni, şeýle hem erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga hem-de saýlanmaga hukugy bardyr.
Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda, döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr.
Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik beýleki ykdysady iş bilen meşgullanmak üçin öz başarnygyny hem-de emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Ol öz islegi boýunça hünär, kär hem-de iş ýerini seçip alyp biler. Sagdyn we howpsuz iş şertlerini gazanyp, dynç alyp, saglygyny gorap, bilim alyp biler. Ol medeni durmuşa gatnaşyp biler, onuň çeper, ylmy we tehniki döredijilige erkinligi üpjün ediler.
Durmuşy we saglygy üçin amatly daşarky gurşaw dörediler. Ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy heläkçilik netijesinde onuň saglygyna hem-de emlägine ýetirilen zeleliň ýagdaýy hakyndaky ygtybarly maglumatlary almaga we onuň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna, ýaşaýyş jaýyny almakda we edinmekde hem-de özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda, durmuş taýdan üpjünçilikde döwlet goldawyny almaga hukugy bardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalarynyň raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beýan edilen hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan ynsanperwer syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmelidiklerini, şeýle hem döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň adam hukuklaryny düzgünleşdirýän kadalary esasynda mundan beýläk-de kämilleşdirmelidiklerini nygtady.
Adalat, içeri işler, prokuratura we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň hukugy ulanyş hem-de adalatly kazyýet işiniň halkara kadalara laýyklykda alnyp barylmagy Halk Maslahatynyň agzalarynyň gözegçiliginde bolmalydyr.
Şeýle hem olar raýatlyk, jemgyýetçilik we dini guramalar hakyndaky, raýat, jenaýat we administratiw kanunçylyk boýunça täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamalydyr. Raýatlara hukuk kömegini bermelidir, olaryň hukuklaryny goramalydyr.
Halk Maslahatynyň işi milli howpsuzlyk, goranmak we beýleki hukuk goraýjy edaralaryň döwlet ulgamlarynyň işini kanunçylyk taýdan pugtalandyrmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir.
Şeýle hem döwlet gurluşy, kadalaşdyryjy hukuk namalary, harby gulluk, mobilizasiýa, raýat goranyşy, ýangyn howpsuzlygy boýunça kanunçylyk işini alyp barmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu işler harby gullukçylary durmuş taýdan goramagy, terrorçylyga, adam söwdasyna garşy göreşmegi, dessin-agtaryş işlerini geçirmegi, adatdan daşary ýagdaýlary we beýleki ugurlary öz içine almalydyr.
Milli Liderimiziň sözlerine görä, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Bu işler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ýokarlandyrmaga, depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmelidir.
Bu çäreler senagatyň, maýa goýumlarynyň we innowasion işiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi göz öňünde tutmalydyr. Netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp barmalydyr hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamalydyr.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, gülläp ösmegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etmek, şeýle hem mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady ösüş boýunça ençeme maksatnamalar kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisi we Ministrler Kabineti bilen bilelikde Döwlet býujetini işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça degişli işler geçirilmelidir. Býujetiň ýerine ýetirilişine, şeýle hem maýa goýum syýasatynyň, salgyt, bank we söwda syýasatynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmeli. Nyrhlary we bahalary emele getirmek işiniň hukuk esaslaryny üpjün etmeli. Kiçi we orta telekeçiligi hukuk taýdan goldamagy, kärhanalaryň eýeçiligini hem-de işini üpjün etmegiň kanuny esaslaryny berkitmeli.
Biziň häkimiýetiň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalary boýunça alyp barýan syýasatymyz bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmegi göz öňünde tutýar. Amala aşyrylýan bu syýasat halkymyzyň ertirki güne bolan ynamyny artdyrýar, öz Watanyna buýsanjyny we söýgüsini pugtalandyrýar. Biziň milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetimiziň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin esas bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek önümçiligiň çalt hem-de durnukly ösüşini talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi, hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagy talap edýär.
Ýangyç-energetika toplumynyň we beýleki möhüm pudaklaryň, şol sanda dokma we himiýa senagatynyň, gurluşyk pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen, pudaklary sazlaşykly ösdürmäge, çig mal öndürmekden taýýar harytlary öndürmäge esasy üns berilýändigini belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklaryny we beýleki zolaklary döretmegi kanun taýdan üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, şol zolaklarda täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin kanun çykaryjylyk derejesinde amatly şertleriň üpjün edilmelidigi nygtaldy.
Durmuş maksatly desgalaryň ilata elýeterli bolmagy, aýratyn-da, mätäçlik çekýän raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary depginler bilen gurulmagy örän möhüm wezipe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Önümçilik kärhanalaryny, şol sanda senagat toplumlaryny ösdürmek biziň kabul eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa çig mal serişdelerini we işçi güýjüni netijeli peýdalanmak maksady bilen, degişli guramaçylyk, dolandyryş, maliýe we hukuk şertlerini kämilleşdirmek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, biz welaýat we etrap merkezlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny üpjün etmelidiris. Şeýle hem dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň üstünde işlemelidiris. Bu ugurda biziň ahyrky maksadymyz obalarda we şäherlerde her bir adam üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz öňde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ýagny Geňeşler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň obanyň öňdebaryjy ýaşaýjylary bolan mekdep mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri bilen bilelikde ilat arasynda geçirilýän düşündiriş hem-de terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmalydyklaryny, şeýle hem oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, kanunlary ýerine ýetirmek, hukuk tertibini üpjün etmek hem-de her bir maşgalanyň meselesini öwrenmek boýunça teklipleri taýýarlamalydyklaryny nygtady.
Biziň halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, Geňeşler Halk Maslahatynyň agzalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmalydyr, her bir meseläni olar bilen ylalaşyp, geňeşip çözmelidir. Şolaryň üsti bilen Halk Maslahatynyň komitetlerine öz çäkleriniň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň esasy ugurlary boýunça teklipleri garamak üçin bermelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň we ähli wakalaryň içinde bolmalydygy, olaryň Geňeşleriň arçynlary we agzalary, ýerli öňdebaryjy işgärler bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, söhbetdeş bolmalydygy nygtaldy. Şeýle pikir alyşmalar hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek üçin peýdaly maglumat almaga, täze kanunlary kabul etmäge we geçirilýän özgertmelere işjeň häsiýet bermäge mümkinçilik döreder.
Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň komitetleri degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ýüz tutmak arkaly olaryň öňünde raýatlarymyzyň gyzyklanýan anyk soraglaryny goýmalydyr. Öňe sürülýän soraglaryň öz wagtynda we doly çözülmegini gazanmalydyr. Häkimiýetiň ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy şahalarynyň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna hem üns çekildi.
Ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek hem Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Halk Maslahaty raýatlar, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga, durmuşa geçirmäge, şeýle-de ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda içeri we daşary syýasaty, milli kanunçylygy wagyz etmäge işjeň gatnaşmalydygyny belledi.
Bu işler Watana söýgini döretmelidir, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini gorap saklamagy we hormatlamagy üpjün etmelidir. Daşky gurşawy goramagy, sagdyn durmuş kadalarynyň, sanly ulgamyň ähmiýetini, ýaramaz endiklere garşy göreşmegi gazanmalydyr.
Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ruhy dünýäsi häzirki döwürde milletimiziň ruhy ýagdaýyny emele getirdi, jemgyýetimiziň gündelik durmuşynda özara gatnaşyklaryň esasyna öwrüldi. Dostlugyň we ynsanperwerligiň kadalarydyr kabul edilen düşünjeleri biziň dünýä halklary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň esasyny düzýär we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna ýokary maksatlara eýe bolýar. Milletimiziň ruhy galkynyşy maşgala ahlagyny we garyndaşlyk gatnaşyklaryny hem öz içine alýar. Biziň halkymyz maşgala ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamagy başardy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen belledi.
Şunda döwlet Baştutanymyz demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklarynyň maşgaladan başlanýandygyny nygtady, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar.
Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Ilkinji nobatda, biziň çagalary terbiýeleýän raýatlarymyzy iş bilen doly üpjün etmek möhümdir.
Jemgyýet diňe bir döwlet häkimiýet we dolandyryş edarasy bolman, eýsem, dürli jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan hereketlendiriji güýç hem bolup durýar. Bu guramalar raýatlarymyzda ajaýyp geljege ynam döredýär, onuň isleglerini we arzuwlaryny amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda jemgyýetçilik guramalarynyň işini täze mazmun bilen berkitmek zerurlygynyň ýüze çykandygyny nygtady. Olaryň işi we çözgütleri geljekde şu günüň talaplaryna, täze özgertmeler zamanasynyň taglymatyna we syýasatyna laýyk gelmelidir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Hökümet bilen bilelikde jemgyýetimizi we halkymyzy ýaramaz endiklerden goramak boýunça hem maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydygy, ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmelidigi, raýatlarymyzy Watana hem-de mähriban topraga söýgi ruhunda mynasyp terbiýelemäge gatnaşmalydygy bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek ideologiýamyzyň we syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, dünýä jemgyýetçiligine goşulmagynyň we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertlerini düýpli döwrebap ýagdaýa getirmegi talap edýär. Bu işler ykdysadyýetimiziň, ylmyň, tehnologiýalaryň we medeniýetiň ähli ugurlarynda tejribeli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen gönüden-göni baglydyr.
Şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň uly üstünlikleri gazanandygy we ýokary derejä ýetendigi bellenildi.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek maksady bilen, hünärmenleriň degişli taýýarlygy alnyp barylýar we innowasion tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.
Ýaşlar syýasaty hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň esasy maksadymyz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, saglygyny we hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmagy üpjün etmekden, watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň hukuklaryny hem-de durmuş kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň medeni mirasyny goramak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça hem degişli işleri geçirmeginiň, milli ruhy-medeni gymmatlyklary, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça işi dowam etmeginiň, ilatymyzyň bilimini we umumy medeniýetini ýokarlandyryp, dünýä standartlaryna ýetirmek we ene dilimizi ösdürmek babatda zerur işleri alyp barmagynyň möhümdigi bellenildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň öňünde biziň milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak boýunça hem uly wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we miras hökmünde geljekki nesillerimize ýetirmelidiris. Biz adamlarda daşky gurşawy ekologiýa taýdan goramagyň zerurlygy baradaky düşünjäni berkitmek, ilatyň aňyna arassa ekologiýa düşünjesini ornaşdyrmak, topragymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak garaýyşlaryny terbiýelemek barada yzygiderli alada etmelidiris. Şu meselede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde oba hojalygynda geçirýän giň gerimli özgertmelerimize ýardam berýän işleri amala aşyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şoňa görä-de, oba hojalygyny dolandyrmagyň we gurluş özgertmelerini geçirmegiň, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek zerurdyr. Bu işleriň maksady ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, häzirki döwürde oba hojalygyny depginli ösdürmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, ýerleri oýlanyşykly özleşdirmek, ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Azyk önümlerini öndürmek bilen bagly döwlet hem-de hususy pudak ösdürilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bazaryny has-da giňeltmek, ony ýokary hilli we elýeterli bahadan ýerli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek hem Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk işiniň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi obalarymyzy we şäherlerimizi ösdürmegiň ýokary derejesini üpjün etmekdir, tebigaty gorap saklap, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdyr we ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny berkitmekdir. Oba hojalygynda, ýagny ýer, suw, tokaý, atmosfera, howa, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologiýa seljerişi hem-de beýleki soraglar bilen bagly amala aşyrylýan giň gerimli işlerdir. Muňa şeýle hem oba hojalygy babatda ekerançylygy, maldarçylygy, tohumçylygy, seleksiýany, karantini, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň hem-de oba hojalygy we beýleki meseleler bilen meşgullanýan başga kärhanalaryň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak degişlidir.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýerli wekilçilikli häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine-de uly üns bermeginiň zerurdygy barada aýdyp, milli Liderimiz bu edaralaryň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi, geljekde olaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmegi, işine kömek bermegi esasy wezipeler hökmünde kesgitledi. Beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň Hökümeti bilen işleri alyp barmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy nygtaldy.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň halkara meselelere degişli geçirýän köptaraplaýyn işiniň-de möhüm orun eýeleýändigini belledi. Dürli ýurtlar bilen halkara gatnaşyklary, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugry alyp barýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlarynydyr usullaryny ulanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa özara ynanyşmak hem-de düşünişmek üçin tagallalary birleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek üçin örän möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň öňe sürýän başlangyçlarymyzy esaslandyrmak hem-de ösdürmek üçin daşary syýasy ugurda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmekde halkara hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça kanunçylyk işiniň geçirilmegi hem zerur bolup durýar.
Şeýle hem hyzmatdaş döwletlerimiziň ählisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek zerurdyr. Türkmenistan hiç kimiň bähbitlerini çäklendirmeýär, şol bir wagtda bolsa haýsydyr bir ugurda öz Garaşsyzlygynyň çäklendirilmegine, döwletimiziň içerki işlerine gatyşylmagyna ýol bermeýär. Ýurdumyz esasy konstitusion gurluşyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ters gelýän ýagdaýlar hökmünde azatlykdan zorlukly mahrum edilmegine garşy durýar.
Biz halkymyzyň düýpli bähbitlerinden ugur alýarys, bu bähbitler döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk daýanjydyr, öz Garaşsyzlygymyzy goramagy üpjün edýändir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr. Şoňa görä-de, häzirki döwürde döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esaslaryny anyk kanunçylyk taýdan goldamak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt firmalaryny we kompaniýalaryny bilelikde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrmak syýasatynyň alnyp barylýandygyny belläp, geljekde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz üçin kanun esasynda amatly maýa goýum şertlerini döretmegiň dowam ediljekdigini, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň berkidiljekdigini, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamynyň kämilleşdiriljekdigini we beýleki çäreleriň amala aşyryljakdygyny nygtady.
Biziň geçirýän özgertmelerimiz giňden ykrar edilýär we jemgyýetimizde biragyzdan goldanylýar. Türkmen halky XXI asyryň täze döredijilik maksatlary bilen ruhlanyp, häzirki döwürde örän jebisleşdi. Merdana halkymyz ýurdumyzyň ajaýyp geljeginiň, ilkinji nobatda, ýadawsyz zähmet we döredijilik güýji bilen baglydygyna örän gowy düşünýär.
Biz milletimiziň ruhy we bilim derejesiniň ösüşini üpjün edip, özboluşly milli mirasyny umumadamzat gymmatlyklary bilen bilelikde hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrülmegini gazanýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly işlemelidigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde işlere hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini, iki palatanyň, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitleri üçin biri-biriniň sazlaşykly işlemegine gönükdirilen işini guramakda ähli mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze belent sepgitlere gönükdirýän hakyky kadalara öwrülmelidir. Biziň agzybirligimiziň öňünde ýetilmejek maksat, ýerine ýetirilmejek iş ýokdur diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryny gutlap, olara netijeli işlemegi arzuw etdi.
Siz ata Watanymyza wepaly hyzmat edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Garaşsyz döwletimiziň abraý-mertebesini ýokary götermelisiňiz. Munuň üçin size ähli mümkinçilikler we şertler döredildi. Siz dünýä tejribesi, beýleki döwletleriň parlamentleriniň işi bilen tanşyň! Biz bu meselede size kömek bereris diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanun çykaryjylygy üpjün etmäge uly goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy bölündi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow prezidiumdaky ýerine geçýär.
Milli Liderimiz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu gün — taryhy gün, biz şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik, diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu waka bilen gutlap, iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmeginiň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde uly baýramçylyklar garaşýar. Nesip bolsa, şu ýyl biz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny hem-de Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp belläp geçeris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän şu ajaýyp baýramlar bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, mejlisler zalyndan çykdy we bu ýerden ugrady.