close-icon
Новости
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.01.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hasabatyň dowamynda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň işi barada habar berildi. Bu komitet Gymmat bahaly metallaryň hem-de gymmat bahaly daşlaryň çig mal, bölekler we taýýar önümler görnüşinde hasaba alynmagyny, saklanylmagyny hem-de gaýtadan işlenilmegini üpjün edýär. Şeýle hem ol Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan zergärçilik hem-de beýleki önümleri taýýarlaýan we öz işinde peýdalanýan fiziki hem-de ýuridik şahslaryň işine gözegçilik edýär.

Degişli edaralar bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu döwlet edarasyny Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýip atlandyrmak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösdürilýändigini belledi. Munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýar.

Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar.

Milli Liderimiz bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir kärhanalary hususylaşdymak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýip atlandyrmak meselesine ünsi çekip, bu teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli edaralar bilen bilelikde, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer G.Müşşikow gözegçilik edýän toplumynda hem-de Daşoguz welaýatynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylan baýramçylyk desgalaryny öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine gabatlanylyp, paýtagtymyzda hem-de Daşoguz welaýatynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi. Nygtalyşy ýaly, gurluşyk işleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna turbalary satyn almak barada Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýapon kompaniýalar toparynyň arasynda bu gazhimiýa toplumynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de gurmak baradaky degişli resminama gol çekildi.

Mundan başga-da, wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hem-de gözegçilik edýän Lebap welaýatynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, senagatlaşdyrmagyň depgininiň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam eder. Şolaryň hatarynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň köp görnüşlerini çykarýan täze döwrebap gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek wezipesi bar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de pudaga ýokary netijeli tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtap, bu ulgamda dünýäniň esasy kompaniýalary, şol sanda Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly döwrebap desgalaryň gurluşygynda toplan tejribesini ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Innowaasion kärhanalar işe girizilýär, şu maksatlar üçin uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Şonuň netijesinde, ýurdumyz üçin täze önümleriň – polipropileniň, polietileniň dürli görnüşleriniň, ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtomobil benzininiň önümçiligi ýola goýuldy, öňden öndürilýän nebit önümleriniň hili hem yzygiderli gowulandyrylýar.

Umuman, bularyň ählisi türkmen hünärmenleriniň ýokary hünär derejesine, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň uly kuwwatyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hünärmenlerimiziň hem-de alymlarymyzyň Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny taýýarlamaga ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almagy hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Bu gaz geçirijisi boýunça tebigy gaz uzak möhletleýin esasda Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna iberiler.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz munuň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň durmuşyndaky hakyky taryhy wakadygyny nygtady. Bu waka Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu giň möçberli taslama iki iri energetika döwletiniň ägirt uly kuwwatyny açmaga ýardam eder.

Hazar sebitine iri daşary ýurt maýasynyň çekilmegi üçin goşmaça oňaýly şertler döredilýär, milli ykdysadyýetleriň okgunly ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna kuwwatly itergi berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary hökmünde wise-premýer M.Meredowa ulanylmaga beriljek ýurdumyzyň gündogar sebitinde ulanylmaga beriljek täze önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

“Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm desga—Kerki--Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy ulanylmaga tabşyryldy.

Şanly sene mynasybetli Energetika ministrligi boýunça ýene-de bir möhüm desgany--Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Pudagyň hünärmenleriniň bu desgalar gurlanda tehnologiýa kadalarynyň berjaý edilmegini yzygiderli we berk gözegçilikde saklaýandygy, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleriniň bolsa olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün edýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, elektrik energetika pudagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat hökmünde Ahal-Balkan hem-de Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda gurluşygy alnyp barylýan halkalaýyn elektrik ulgamynyň we podstansiýalar toplumynyň Ahal-Balkan aralygynyň birinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Wise-premýer goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany 2020–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pudagyň kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ilatymyzy hem-de ýurdumyzyň içerisinde durmuş we senagat maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilişini artdyrmaga hem ýardam berýär.

Türkmenistan öz günortasyndaky goňşusyna hemmetaraplaýyn goldaw berip, birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmak arkaly Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň täzeden dikeldimegine ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, serişdeleri we awtomobil tehnikalaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, şäheriň inžerçilik-tehniki we ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi hem-de şanly sene mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen ähli desgalarda tassyklanylan hil kadalarynyň we işleri ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada wise-premýere görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Tiirkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamaga rugsat almak meselesi barada hasabat berdi.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi “Elektron hökümeti” ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemegi, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri kesgitlenildi.

Şeýle hem wise-premýer Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulag-aragatnaşyk toplumynda hem-de gözegçilik edýän Balkan welaýatynda ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hödürlenen taslamasy babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzir ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar.

Döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, elektron Hökümeti ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.

Döwlet Baştutanymyz Maksatnamany taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagy hem-de bu ugurda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna gözegçilik edýän toplumynda hem-de Balkan welaýatynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek barada geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda elektron binýady döretmek işleri dowam edip, onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär.

Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde bu söwda binýadynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary hem-de ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer milli Liderimize Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Söwda toplumynda hem-de gözegçilik edýän Ahal welaýatynda ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny açyp görkezýän esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de içerki bazary zerur bolan önümler bilen doldurmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz çykarylýan önümleriň hiini, görnüşlerini artdyrmaga we gowulandyrmaga üns bermegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Täze elektron söwda binýadynyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen işleri ýerine ýetirmäge, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklar toplumyny giňeltmäge ýardam etmelidir.

Sanlylaşdyrmagy ilerletmek hem-de intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek, şol sanda milli ulgam giňişligini, Internet hyzmatlaryny artdyrmak boýunça kanunlary işläp taýýarlamak, bu babatda wezipeleri geljekde hem ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan desgalaryň üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamalary bolup durýandygyny bellemek bilen, desgalarda dowam edýän gurluşyk işleriniň hiline hem-de bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Täze desgalaryň, şol sanda “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýen şygar astynda geçýän ýylda obasenagat toplumynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen önümler bilen bazarlary doldurmak boýunça döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijelidigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň telekeçileri azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, döwrebap ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana toplumlaryny gurmak bilen, önümçilikde gaýtadan işleýän senagatyň täze döwrebap enjamlaryny ulanýarlar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde telekeçileriň guran ýyladyşhanalaryny ýaz paslynyň ilkinji aýynda ulanmaga bermegiň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz şol dabaralaryň çäginde güneşli ülkämiziň sahawatly topragynyň bereketi bolan oba hojalyk önümleriniň—gök-bakja, miwe önümleriniň we ir-iýmişleriň giň gerimli sergisiniň guralmagynyň möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinýazow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bu maksatnama türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatdaky ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler maksatnamanyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Bu çäreleriň hemmesi milletiň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň ähmiýetini belledi, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş, saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy şol işiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýetiň berilmelidigine ünsi çekdi.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglerine kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesowy çagyrdy. Ministr daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalary we olaryň tejribeli professor-lukmanlary bilen ýola goýlan gatnaşyklar barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, şu günler onlaýn-teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirilýär. Onuň çäklerinde häzire çenli alnyp barlan işlere ser salnyp, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenilýär.

Forumyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sagdyn ene--sagdyn çaga – sagdyn geljek” ýörelgesinden ugur alnyp, urologiýanyň we zenanlaryň saglygyny goramak boýunça lukmançylygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Saglygy goraýşyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäre iki ýurduň hünärmenleriniň lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň hem-de bejermegiň täze usullaryny we ölçeglerini bilelikde işläp taýýarlamaga hem-de amaly lukmançylyga ornaşdyrmaga itergi berer.

Şonuň bilen birlikde, lukmançylygyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nemes kärdeşlerimiziň baý tejribelerini öwrenmäge we ornaşdyrmaga hem-de bu ugurda döredilen “türkmen-german” mekdebiniň işini dowam etmäge ýardam berer.

Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan Merkezi Aziýadaky ilkinji döwlet bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sanjymyň synag işlerini geçirmäge girişildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäniň ösen ýurtlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň saglygy goraýşyny has-da kämilleşdirmek üçin möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şol işler milli lukmançylyk ylmynyň, biliminiň we tejribesiniň Ýewropa ölçeglerine laýyklykda ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, geçirilýän türkmen-german forumynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Enäniň sagdynlygy sagdyn çagalaryň hem dünýä inmegini kepillendirýär, bu bolsa milletimiziň sagdyn geljegini üpjün edýär diýip, milli Liderimiz birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Russiýanyň Türkmenistanda bellige alnan “Sputnik V” sanjymy barada durup geçip, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Şu ýyl geçiriljek halkara çäreleriň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işleri boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek göz öňünde tutulýar.

2021-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede alyp görkezmek we teswirlemek işlerini ýola goýmak maksady bilen, şu ýylyň maý aýynda sport ýaryşlaryny teswirleýjileriň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze zehinleri ýüze çykarmakda ilaty, aýratyn hem ýaşlary döredijilige çekmekde döredijilik bäsleşiklerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara bäsleşikleriniň guralmagy ýurdumyzyň häzirki döwürde dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny wagyz etmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli çäreleri türkmeniň ruhuna mahsus ýagdaýda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, gowaça hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Ýurdumyzda gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek maksady bilen, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Kararyň taslamasy hödürlenip, oňa laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer obasenagat toplumynda hem-de gözegçilik edýän Mary welaýatynda gurulýan desgalarda işleriň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda onuň şahamçalarynyň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem şu ýyl Mary welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýdan işlerini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine uly üns bermegi tabşyrdy. Şunda döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bereketli hasylyny almaga ýardam edýän ylmyň soňky gazananlaryny hem-de döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny we beýleki pudaklary sazlaşykly ösdürmegiň hem-de daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň döwlet durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, şol sanda şanly baýramçylyk mynasybetli obasenagat toplumynda hem-de gözegçilik edýän Mary welaýatynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen möhüm desgalaryň gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten buýsanjyny we milli mirasyny – ahalteke bedewlerini hem-de türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň ähmiýetini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minisrti R. Meredow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Halkara guramalary we döwletara bileleşikleri, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ykdysady ösüş, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda sebit we milli derejede amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalar we taslamalar möhüm ähmiýete eýedir.

Olaryň hatarynda 2003-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak» atly (BOMCA) maksatnamasyny hem-de «Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek» (СADAP) maksatnamasyny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda 2021-2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalary taýýarlanyldy we ýurdumyzyň degişli edaralary tarapyndan seredildi.

BOMCA maksatnamasynyň çäklerinde geljekki 5 ýylyň dowamynda serhet we gümrük howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ýardam bermek; serhetýaka sebitlerde ýerli ykdysady ösüş arkaly ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak;serhet dolandyryşy ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribeleri we maglumat-tehniki usullary ornaşdyrmak; transmilli jenaýatçylygy ýüze çykarmak we derňemek üçin hukuk goraýjy edaralara goldaw bermek; harytlaryň serhetlerden geçirilmeginiň sanly amallaryny kämilleşdirmek we bu babatda sebit söwdasyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

CADAP maksatnamasynyň çäklerinde indiki 5 ýylyň dowamynda amala aşyryljak çäreler halkara tejribelere esaslanyp, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmäge we durmuşa geçirmek babatda goldaw bermäge; sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny berkitmek üçin neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga; sebit derejesinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça bitewi maglumat ulgamyny döretmäge, milli maglumat torlary emele getirmäge; ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň ähmiýetini nygtady. Bilelikde amala aşyrylýan hem-de durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy, şol sanda BOMCA hem-de СADAP maksatnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol maksatnamalar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy howplara hem-de häzirki döwriň wehimlerine garşy durmak ýaly möhüm ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu möhüm ulgamda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belläp hem-de hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan anyk wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýän hukuk namalary seljerilýär.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň wekilleri Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Deputatlar iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly maslahatlara, iş duşuşyklaryna işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmelerini depginli ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek bilen baglylykda, kanynçykaryjylyk işiniň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary barada durup geçmek bilen, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlar bilen baglanyşykly işlerde welaýat, etrap we şäher Halk Maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet kömegini bermegi zerurdyr. Şol saýlawlar jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädime öwrülip, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna, öz Konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylyşyna halkymyzyň işjeň gatnaşýandygyny görkezmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak, giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şol özgertmeleriň esasy ugurlary Milli goşunyň goranyş kuwwatyny döwrebaplaşdyrmakdan we pugtalandyrmakdan, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, harby işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününi baýram etmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň kepili bolan Ýaragly Güýçleriň goranyş kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de harby mümkinçiligi artdyrmagyň örän wajypdygyny nygtap, Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolandygyny we şeýle boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütünlerini berkitmekde hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ählisiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň gözbaşy bolan jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda bu düzümleriň eýeleýän uly ornuny aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz Watan goragçylarynyň gününi baýram etmäge degişli meselelere geçip, bu senäni ýokary derejede geçirmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileý ýylynyň ähmiýetini belledi.

Geçen 30 ýylyň içinde mähriban halkymyzyň giňden goldamagynda eziz Diýarymyzda köp işler amala aşyryldy. Köpsanly möhüm wezipeler çözüldi, şäherlerimiz we obalarymyz döwrebap derejede düýpli özgerdi.

Döwlet Baştutanymyz bu taryhy we uzak maksatlary nazarlaýan tutumly işleri durmuşa geçirmekde her bir ýolbaşçynyň mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, olaryň işine mynasyp baha bermegiň hem-de baýramçylyk mynasybetli tapawutlananlary döwlet sylaglary bilen sylaglamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işlere dogry baha bermek üçin, her bir ýolbaşçynyň işjeňlik we zähmet sypatlaryny, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ösüşine goşan hakyky goşandyny anyk görkezýän häsiýetnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.