Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistan parahatçylyk söýüji hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän sebit we ählumumy derejedäki giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan netijeli strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Goşulyşmazlyk hereketi hem bar.
1961-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.
Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy maksady ýer ýüzünde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugurlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär, munuň özi oňyn hemişelik bitaraplyk derejesi we döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýermek bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda, döwrüň talap edýän hyzmatdaşlygyň has netijeli ugurlaryny kemala getirmäge üýtgewsiz eýerýändigini bellemek gerek.
Türkmenistan tutuş adamzadyň bähbidi üçin öz parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalşyp, islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik gepleşik usullary we serişdeleri arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan möhüm başlangyçlary netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki Sammitine gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmegiň, özara hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdançany döretmegiň bähbidine mundan beýläk-de umumy tagallalary jebisleşdirmäge ýardam bermegi nazarlaýandygy aýdyň subut edýär. Türkmenistan 1995-nji ýyldan başlap, bu guramanyň agzasydyr. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2012-nji ýylyň awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçen Goşulyşmazlyk hereketiniň XVI Sammitine hem gatnaşandygyny ýatlap geçeliň.
Prezidentiň howa uçary Baku şäherine çenli uçup, Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine eýerilip, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödür edilýär we gül desseleri gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy howa menzilinden Sammitiň geçirilýän ýeri Kongresler merkezine tarap ugraýar. Azerbaýjan bu forumy 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklygy kabul edýän ýurt hökmünde geçirýär.
Kongresler merkezinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Iki goňşy döwletleriň Baştutanlary dostlukly salamlaşyp, Sammitiň resmi banneriniň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Wekiliýetleriň baştutanlarynyň forumyň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Bakuwyň Kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitiniň açylyşy boldy. Umuman, foruma dünýäniň 160-a golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ýokary wezipeli wekiller hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, G-77 toparynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.
Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine bilelikde garşy durmagy, oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy öz içine alýan sebit hem-de ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.
Sammiti Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki Başlygy – Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro açdy.
Goşulyşmazlyk hereketine Başlyklyk etmek Azerbaýjana geçirildi.
Soňra Goşulyşmazlyk hereketiniň Başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew foruma gatnaşyjylaryň öňünde söz sözledi.
Şeýle hem ýygnananlaryň öňünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň Başlygy Tijani Muhammad-Bande çykyş etdi.
BMG-niň Baş sekretarynyň Sammite gatnaşyjylara ýüzlenmesini onuň syýasy we dünýä gurluşyk meseleleri boýunça orunbasary Rozmari Dikarlo okady.
Foruma gatnaşyjylara söz berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Sammitde çykyş edip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe şu forumyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, ysnyşykly hyzmatdaşlyk hem-de netijeli gatnaşyklar ýagdaýynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki maslahatynyň mundan öňki maslahatynyň Wenesuelada geçirilen wagtyndan bäri dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi. Halkara syýasatynda täze maksatlar döredi. Dürli geosyýasy we geoykdysady çemeleşmeler hem-de garaýyşlar ýüze çykdy. Bu özgermeleriň ählisi biziň häzirki zaman ýagdaýyna düýpli oýlanyşykly çemeleşmegimizi we oňa laýyk gelýän çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamagymyzy talap edýär.
Häzirki döwürde Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletlere esasy maksada ýetmäge – ählumumy parahatçylygy, strategik durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga hem-de goldamaga gönükdirilen, birleşdirilen we bir maksada niýetlenen tagallalar zerur bolup durýar. Hut şu maksat hem ählumumy çözgütleriň derejesinde, şeýle hem ýerli we sebit derejelerinde jogapkär döwletleriň garaýyşlaryny we hereketlerini kesgitlemelidir.
--Soňky döwrüň ähli howplaryna hem-de wehimlerine garamazdan, Türkmenistan biziň bilelikde olara garşy durmagyň netijeli gurallaryny tapjakdygymyza ynanýar-- diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Biz bu meselede Goşulyşmazlyk hereketine aýratyn ähmiýet berýäris. Birnäçe onýyllyk mundan ozal bu hereketiň esasynda goýlan ýörelgeler we maksatlar şu gün häzirki döwürde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Olar Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň aglaba böleginiň esasy durmuş zerurlyklaryna laýyk gelýärler.
--Şol ýörelgelere we maksatlara esaslanyp, biz – Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletler, halkara bileleşiginiň beýleki agzalary bilen bilelikde, bu ugurda alyp barýan işlerimizi dünýägaraýyş we syýasy-hukuk taýdan anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryp, ählumumy howpsuzlygy berkitmäge täze we kuwwatly itergi bermelidiris-- diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
-- Biziň pikirimizçe, ynanyşmak we hereketleriň aýdyňlygyny dikeltmek we ykrar etmek halkara giňişliginde netijeli, hemmeleriň bähbitlerini göz öňünde tutýan gatnaşyklary guramagyň, parasatly çözgütleri kabul etmegiň esasy şerti bolup durýar-- diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
--Dünýädäki ýagdaýlar üçin öz jogapkärçiligine düşünmek bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etdi-- diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de birnäçe hepde mundan ozal, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda, Baş Assambleýanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza 73 döwletiň awtordaşlyk etmeginde ýokarda görkezilen Kararnamanyň biragyzdan kabul edendigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmekde örän uly ähmiýeti bolan bu başlangyjy goldandyklary we oňa goşulyşandyklary üçin, Goşulyşmazlyk hereketiniň agzalaryna, aýratyn hem, kabul edilen bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden döwletlere minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe süren bu başlangyjynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň dartgynlygy azaltmak, jedelli meseleleri hem-de gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol arkaly kadalaşdyrmak, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksadynda halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermelidigini aýratyn bellemelidiris.
Resminamada öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, hususan-da, köptaraplaýyn syýasy gepleşikleriň esasynda berkitmegiň zerurlygy hem-de şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň orny aýratyn nygtalýar. Şu babatda Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýurdumyzyň we Milletler Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
Ýokarda agzalan Kararnama şeýle hem BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, netijeli döwletara gatnaşyklary saklamakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, halkara terrorçylyga garşy hereket etmegiň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde örän möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
--Dünýä bileleşiginiň terrorçylyga garşy göreşmegiň netijeli halkara gurallaryny döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny doly möçberde durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär-- diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle işleriň ähli ýerlerde, hem bütindünýä, hem sebit we milli derejelerde alnyp barylmaly diýip hasap edýändigini nygtady hem-de olaryň birnäçesinde terrorçylyk hakykat ýüzünde howp salýan Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlary üçin bu wezipäniň ýokary derejede möhüm mesele boljakdygyna ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, öz tarapyndan Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak bilen, terrorçylyga garşy göreşmegi BMG bilen strategiki hyzmatdaşlygyň hem-de beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, terrorçylygy döredýän sebäpleri aradan aýyrmaga gönükdirilen sazlaşykly hereketleri işläp taýýarlamak bu babatda möhüm wezipe bolup durýar. Gürrüň, hususan-da, dünýäniň ol ýa-da beýleki sebitleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin şertleri döretmek, ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmek barada barýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan özüni jogapkär hem-de uzakmöhletli hyzmatdaş hökmünde görkezmek bilen, sebit we dünýä möçberinde durnuklaşdyryş işlerini işjeňleşdirmekde möhüm orny eýeläp, umumy abadançylygyň bähbidine özüniň baý parahatçylyk dörediji tejribesinden hem-de döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýar.
Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletlere gönüden-göni degişli meseleleriň ýene-de biri bosgunlar meselesidir. Bosgunlaryň aglaba köpüsi Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň adamlary bolup durýar.
--Bosgunlar meselesiniň hakyky çözgüdini gözlemäge çalşyp hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, biz öz ýurdumyzda 2012-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasy we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, bosgunlar meselesine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirdik-- diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
--Milli derejede diňe soňky ýyllarda biziň ýurdumyz 20 müňden hem köpräk bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara öz raýatlygyny berdi. 2012-nji ýylda Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň Baştutanlarynyň Tähranda geçirilen duşuşygynda Türkmenistan bosgunlar meselesini özbaşdak ugur hökmünde Goşulyşmazlyk hereketiniň alyp barýan işlerine goşmagy teklip etdi-- diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady, şunuň bilen baglylykda, şu teklibe anyk garamaga dolanyp gelmegi teklip etdi.
Şunuň bilen baglylykda, ynsanpewrer ugrunyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan sebitdäki döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda bu meselä uly üns berip başlamak bilen, bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde umumy tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna berk ygrarlydygyny tassyklap, bu ugurda yzygiderli we anyk ädimleri ädýär. Ýokarda agzalyp geçilen halkara maslahat Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilik başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki baş sekretary Antoniu Guterreş hem gatnaşdy. Ol şol döwürde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň wezipesini eýeleýärdi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça 2018-2024-nji ýyllar üçin milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen aýda hormatly Prezidentimiziň 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekmegi hem bellärliklidir. Şol raýatlara dabaraly ýagdaýda pasportlar gowşuryldy.
Milli Liderimiz Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyşmazlyk hereketiniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady.
--Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tarapdarlary bolup, garaýyşlaryny özara ylalaşyp, bilelikde çykyş etmelidir, halkara ykdysady gatnaşyklarynda adalatyň we deňhukuklylygyň tarapynda durmalydyr. Hukuklaryň kemsidilmegine, dünýä söwdasynda hiç bir esassyz, köplenç ýagdaýlarda bolsa, emeli taýdan päsgelçilik döredilmegine garşy çykmalydyr. Halklaryň we döwletleriň ykdysady berkararlygynyň ykrar edilmegi ugrunda tagalla etmelidir. Biz şu ýagdaýlaryň şeýle bolmalydygyna ynanýarys --diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
--Şu meselede Goşulyşmazlyk hereketiniň garaýşy berk we saldamly bolmalydyr. Biz özümiziň ählumumy ykdysady gün tertibimizi başlangyçly we jogapkärli öňe sürmelidiris --diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli ykdysadyýet barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolup, durnukly we okgunly ösýär. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň düýpli özgerdilmegi ýurdumyzyň durnukly ösmegini we rowaçlanmagyny üpjün edýär.
Täze eýýamda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususy ulgamy hemmetaraplaýyn goldamak, öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda maglumat we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi, şol sanda milli Liderimiziň başyny başlan iri düzümleýin taslamalary gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda bu babatda goşulyşmaýan döwletleriň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine, energiýa serişdelerini iberijileriň, alyjylaryň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini hasaba almaga hem-de ykrar etmäge esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegine gatnaşmagy örän möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan eýýäm köp ýyl bäri ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça düýpli işleri geçirýär.
--Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň garamagyna biziň ýurdumyz durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi göz öňünde tutýar - diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň degişli düzümi döretmäge saldamly goşant goşup, iri möçberli taslamalaryň, şol sanda milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly turbageçiriji ulgamyny kemala getirmek baradaky taslamalaryň başyny başlaýandygyny nygtamak ýerlikli bolar.
Hytaýa türkmen “mawy ýangyjynyň” iberilýän transmilli energiýa geçirijisiniň gurulmagyny, şeýle hem häzirki döwürde amala aşyrylýan, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýardam etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini çekmek boýunça taslamany anyk mysallar hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermek mümkinçiligine garalýar.
Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan çäk taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr halkasy hem-de logistika merkezi hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyryp, bu ugurda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şol başlangyçlaryň wajyplygy hem-de zerurlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Sammitde çykyş edip, Goşulyşmazlyk heketine agza döwletleriň Durnukly Ösüş Maksatlaryny, şol sanda, olaryň azyk howpsuzlygy ýaly bölegini durmuşa geçirmek boýunça işleri raýdaşlykda alyp barmaklarynyň hem gowy netijeleri berip biljekdigini belledi.
--Döwletler we sebitler üçin azyk serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek meselelerine garalanda, şeýle hem islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde ýeterlikli iýmitlenmegi üpjün edilende goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň agzybir, aýgytly we berk bolmagy zerurdyr --diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ilatyň ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge, azyk senagatyny döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ugurda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler anyk netijeleri berýär. Ýurdumyzyň azyk bolçulygyny döretmek boýunça amala aşyran işleri we gazanan üstünlikleri hem halkara derejesinde, şol sanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly tejribä eýe bolmak bilen, ony dünýä bileleşigi bilen paýlaşmaga taýýardyr hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.
Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, biziň ýurdumyzyň Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça has-da tutanýerli hyzmatdaşlyk etmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýändigini belledi.
--Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli Ählumumy ösüş gün tertibini we Pariž Ylalaşygyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen tagallalarymyzyň birleşdirilmegi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar –diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli Liderimiziň bu ýerde, hazarýaka döwletleriň biriniň paýtagtynda bolmak bilen, Hazar deňzini, onuň ekologiýasyny, deňsiz-taýsyz biologik köpdürliligini gorap saklamagyň bütindünýä ähmiýetini bellemän geçip bilmeýärin diýip aýtdy.
--Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda biziň ýurdumyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi --diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz bu mesele boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak barada başlangyç bilen çykyş etmekçi bolýarys we Goşulyşmazlyk hereketiniň bizi hemmetaraplaýyn goldajakdygyna ynanýarys.
Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa meselesiniň Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekmelidiris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça maslahatynda, Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri forumlarynda beýan eden oňyn başlangyçlary bu wajyp ulgamda köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge saldamly goşant boldy.
Howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri şolaryň hatarynda aýratyn görkezmek bolar. Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany kabul eden BMG-ä agza döwletleriň ilkinjileriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda BMG ählumumy ösüş boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli strategiýa we Pariž ylalaşygy bar. Şolardan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, ýokarda agzalan Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda gol çeken degişli Karary bilen tassyklanyldy.
Ýurdumyz howanyň üýtgemegine, daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli meselelerde işjeň orny eýeläp, şolaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga we öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezýär. Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek boýunça ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegi, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda netijeli işlemegi, şol sanda 2017-2019-njy ýyllarda şol gazna başlyklyk etmegiň çäklerinde netijeli işlemegi, Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny goramak baradaky başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde tassyklaýan ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de düzümleýin taslamalaryň ählisi ekologiýa ulgamy, “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, indiki ýyl Türkmenistan özüniň häzirkizaman taryhynda iň bir möhüm seneleriniň biri bolan özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny dabaraly belläp geçer. Ýöne Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketine agza bolmagynyň 25 ýyllygy ýaly beýleki şanly sene hem şu sene bilen baglydyr diýip belledi.
--Bu seneleriň bir-biri bilen baglanyşygy aýrylmazdyr. Şoňa görä-de, hut 1995-nji ýylyň oktýabr aýynda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet baştutanlarynyň Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçen duşuşygynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet bolmak meýlini goşulyşmaýan ýurtlaryň biragyzdan goldandygyny biz hiç wagt unutmarys we hemişe minnetdarlyk bilen nygtaýarys-- diýip, milli Liderimiz belledi. --Biz şol günki wakany türkmen bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde öňe sürülmeginde we geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde berkidilmeginde aýratyn tapgyryň ornuny tutýan waka diýip hasap etmäge doly haklydyrys.
--Şol ýatdan çykmajak wakadan soň geçen ýyllar biziň bitaraplygymyzyň ýörelgeleriniň, onuň çuňňur dünýägaraýşynyň Goşulyşmazlyk hereketiniň maksatlaryna we gymmatlyklaryna kybapdaşdygyny, parahatçylyk söýüjiligiň, gatyşmazlygyň, her bir ýurda, onuň öz saýlan ösüş ýoluna bolan berkarar hukugyna hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän ähli halklaryň we döwletleriň arzuw-hyýallaryna we meýillerine laýyk gelýändigini görkezdi-- diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýändigini nygtamalydyrys.
Biziň Watanymyz gadymy döwürlerden bäri türkmen halkyna mahsus bolan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanan bitaraplyk-hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi hem Türkmenistanyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ylalaşyklylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ägirt uly goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanyp, birnäçe iri halkara çäreleriniň geçiriljekdigini habar berdi. Olaryň hatarynda Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça halkara maslahaty hem bar. Mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz goşulyşmaýan ýurtlaryň ähli döwlet baştutanlaryny we wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny şol dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy çuňňur gyzyklanma hem-de uly üns bilen diňlenildi we el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Şol gün bu ýerde, Bakuwyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.
Azerbaýjanyň Baştutany bu möhüm halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin öz türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketi guramasynyň esasy ýörelgeleri bilen ugurdaş gelýän parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýandygyna ýokary baha berdi. Bu gurama agza ýurtlar ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bilelikdäki tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ХХI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösmegi üçin berk binýadyň döredilmegine gönükdirip, yzygiderli öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüji we giň netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyna berk eýermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýlan goňşy döwletler bilen däbe öwrulen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlarydyrlar, olar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew häzirki Sammitde milli Liderimiziň ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyzmazlyk hereketiniň işiniň möhüm ugry bolup durýandygy baradaky wajyp pikirini goldaýandygyny belledi. Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goragynda jebisleşikli orunlarda çykyş etmelidirler. Halkara ykdysada gatnaşyklarynda adalatlylygy we deňhukuklylygy işjeň goramalydyrlar. Dünýä söwdasynda hukularyň kemsidilmegine, esaslandyrylmadyk emeli bökdençliklere garşy hem-de halklaryň we döwletleriň ykdysady özygtyýarlylygyň ykrar edilmegi ugrunda çykyş etmelidirler.
Söhbetdeşler şeýle hem döwletleriň ikisiniň hem dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýandyklaryny, çäk ýakynlygyny hasaba almak bilen, ýangyç-energetika tolumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligine eýediklerini bellediler.
Ulag ulgamy bilelikdäki hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup çykyş edýär, bu ýerde üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bardyr. Bu ulgamda Türkmenistandaky ýaly Azerbaýjanda hem häzirki zaman düzümleri, hususan-da, awtoulag we demir ýol-parom aragatnaşygyny döretmekde netijeli özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, giň logistik ulgamy kemala getirmäge ýardam berýän port düzümi bardyr.
Söhbetdeşler iki döwletiň hem hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny, şeýle hem olaryň däbe öwrülen
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, ýola goýlan netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň döwletara we sebit ähmiýetli täze giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň hasabyna ösdüriljekdigine özara ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz öz azerbaýjan kärdeşine görkezilen myhmansöýerlik we wekilçilikli forumyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuw-isleglerini beýan etdiler.
Milli Liderimiz iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.