Hormatly Şawkat Miromonowiç!
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Ilki bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň. 2020-nji ýylda Özbegistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda üstünlikli başlyklyk etmeginde onuň uly şahsy goşandyny bellemek isleýärin.
Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda biz GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işimiziň jemini jemleýäris, geljek döwür üçin iş barada pikir alyşýarys.
Ilkinji nobatda, mälim bolan, bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, GDA ýurtlaryna meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň aglabasyny geçirmek başartdy. Hökümet Baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň Geňeşleriniň, Ykdysady Geňeşiň mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklarymyzyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalar kabul edildi.
Şolaryň hatarynda men GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu resminama öz wagtynda kabul edilen we derwaýys resminama hökmünde baha berýäris. Onuň anykdygyny, onda beýan edilen uzakmöhletli geljek üçin niýetlenen maksatlaryň we wezipeleriň aýdyňdygyny belleýäris. Olary ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardyrys.
Şu babatda ýokarda agzalan Strategiýanyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň ýörelgelerine esaslanandygyny nygtamak zerurdyr.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýa, senagat kooperasiýasy, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly ugurlaryň görkezilendigini kanagatlanma bilen belleýäris. Bu ulgamlarda birek-birege, şeýle hem GDA-nyň çäginden daşyndaky hyzmatdaşlara teklip edip biljek zatlarymyz bar.
Umuman, Türkmenistan biziň hyzmatdaşlygymyzyň täze hilini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň uzakmöhletli ulgamyna geçmek ugrunda çykyş edýär. Bize GDA-nyň şu günki kuwwatynyň görkezilen geljegi uly pudaklarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri barada gürrüň etmäge mümkinçilik berýär.
Şunda GDA ýurtlarynyň çäkleri yklymda ykdysady gatnaşyklaryň esasy ýollary, sözüň doly manysynda, Ýewropa-Aziýa ugry boýunça baglanyşdyryjy halkalar bolup biler.
Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady bähbitlerini Arkalaşygyň geografiki çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň bilelikdäki taslamalarymyza golaýdaky ýurtlaryň we goňşy sebitleriň goşulmagynyň wajypdygyny nygtaýarys. Ilkinji nobatda, munuň özi ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini kadalaşdyrmaga we giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlaryny çekmäge degişlidir.
Hususan-da, bu ugurlar boýunça Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň, bu ýerde Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda döwrebap utgaşykly logistika ulgamyny döretmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip edýäris.
Geçen ýyl Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda Hazarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konseptual esaslary goýuldy, onuň uzakmöhletli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça anyk ädimler bellenildi. Köp döwletler, iri daşary ýurt kompaniýalary oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler. Hazar ugry Arkalaşygyň meýilnamalarynda mynasyp orun eýelemelidir, oňa ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip hasap edýäris.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Geçip barýan ýyl koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň nyşany astynda geçip, biziň saglygy goraýyş ulgamlarymyz üçin uly synaga öwrüldi.
Şu çylşyrymly şertlerde GDA döwletleriniň lukmançylyk, arassaçylyk, gümrük we beýleki gulluklaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ugurlaryny çaltlyk bilen ýola goýmagy başarandygyny, täze wehime garşy durmakda ýokary jogapkärçiligi, raýdaşlygy hem-de özara goldawy görkezendigini nygtamagy zerur hasaplaýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putine bu ählumumy meseläni çözmäge uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Munuň özi Russiýanyň Lideriniň halkara giňişliginde abraýyny artdyrdy.
Pandemiýa garşy göreşmegiň hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmagyň öňümizdäki döwründe şu ýörelgelerden ugur almalydygymyza ynanýaryn. Bu babatda Türkmenistanyň BMG-de ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň gurallaryny ýola goýmak, ýöriteleşdirilen halkara merkezlerini döretmek boýunça teklip eden anyk çärelerine içgin garalmagyna bil baglaýarys. Şol merkezlerde howply wirus ýokançlaryna garşy durmagyň iň täze usullary we tejribeleri taýýarlanylyp bilnerdi.
GDA ýurtlary bu işde işjeň orny eýeläp bilerdi, netijeli goşulyşmagyň, tejribe alyşmagyň, lukmançylyk ulgamynda bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň göreldesini görkezip bilerdi diýip hasaplaýaryn.
Umuman, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň dünýä giňişliginde, iri halkara düzümlerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda has ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyna ynanýar. Häzirki wagtda, dünýä syýasatyndaky ýeňil bolmadyk ýagdaýlarda Arkalaşygyň ýurtlary ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, halkara hukugynyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ornunyň dikeldilmegine we pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşup bilerdi, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda özara ynanyşmak hem-de açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam edip bilerdi diýip hasaplaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmegi möhüm hasaplaýarys.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu çözgüde häzirki zaman dünýä gurluşynyň we halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça düýpli, jogapkärli gepleşikleri dikeltmek üçin oňat esas hökmünde garaýarys.
Ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemegi teklip edýäris.
Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl Aşgabatda parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Sizi bu Foruma gatnaşmaga çagyrýaryn.
Birnäçe gün mundan ozal Türkmenistan özüniň häzirki zaman taryhynda ajaýyp senäni – hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasynyň 25 ýyllygyny belläp geçdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, men Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna gutlaglary iberen döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle garaýyş hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda biziň üçin uly goldaw hem-de höweslendiriş bolup durýar, Türkmenistanyň seçip alan daşary syýasy ugrunyň dogrudygyny, onuň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň uzakmöhletli bähbitlerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynda özara goldamak tejribesini dowam etdirmegi peýdaly hasaplaýarys. Onuň şu mejlisiniň barşynda Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny pugtalandyrmaga we halkara meselelerini çözmekde bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Biz parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine BMG-de Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna goşulan Arkalaşygyň ýurtlaryna minnetdarlyk bildirýäris, olaryň garaýyşlaryna ýokary baha berýäris.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Türkmenistan ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşde, ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlykda, sebit hem-de ählumumy işlere oňyn täsir etmekde GDA-nyň uly kuwwatynyň bardygyna ynanýar. Arkalaşyk özüniň ýaşaýşa ukyplydygyny, wehimleriň we howplaryň hötdesinden gelmegi başarýandygyny, döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly hökmünde özüniň zerurdygyny subut edýär.
Biziň ýurdumyz GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmäge, gol çekilen resminamalaryň düzgünlerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga berk ygrarlydyr.
Çykyşymy jemlemek bilen, Özbegistana 2020-nji ýylda GDA-da başarnykly başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek hem-de geljek ýyl başlyklygy kabul edýän Belarus Respublikasyna üstünlikleri arzuw etmek isleýärin.
Men şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy, Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewiň adyna biziň işimizi netijeli utgaşdyrandygy hem-de şu mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk sözlerimi aýdýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar, sizi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlamaga, berk jan saglyk we üstünlikler arzuw etmäge, siziň üstüňiz bilen bolsa Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etmäge rugsat ediň.
(2020-nji ýylyň 18-nji dekabry)