close-icon
Новости
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.12.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen Hökümetiň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylandygy barada habar berildi.

Bu resminamada “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny guramaga gönükdirilen anyk çäreler göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, strategiýanyň taslamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklaryny üýtgetmek we eýeçiligiň görnüşleriniň köpdürlüligini emele getirmek boýunça işler kesgitlenildi.

Çäreleriň meýilnamasynda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek babatynda kanunçylyk namalaryna gaýtadan seretmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek, halkara tejribelerine laýyklykda, gazna biržalarynyň işini guramagy kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň hem-de döwletden aýrylmagynyň durmuş ugurly bazar ykdysadyýetine we hojalygy dolandyrmagyň döwrebap görnüşlerine geçmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Bu işler ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, hojalyk işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, jemi içerki önümi hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge anyk gurallary döretmekde hususy ulgamyň eýeleýän paýynyň artmagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär.

Milli Liderimiz, umuman, bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini makullap, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryny has-da kämilleşdirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, uglewodorodlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa gözleg işlerini giňeltmek, nebitgazly känleri senagat möçberinde özleşdirmegiň depginlerini artdyrmak, şeýle hem ylmy-tehniki işlere netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini üpjün etmek, şol sanda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna sazlaşykly geçirmek boýunça wezipeleriň möhümdigini belledi.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek we onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda pudagy dolandyrmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyny talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik we maliýe serişdelerini peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmagy, nebitgaz toplumynyň çykarýan önümleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hem-de geljek ýylyň oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýykykda, agrotehniki kadalar berjaý edilip, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar, ekinlere ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Mundan başga-da, ýazky ekişe taýýarlyk görülýär. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny kesgitlemek hem-de ýerleri möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur işler geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalar abatlanylýar.

Wise-premýer şeýle hem maldarçylygy ösdürmek hem-de bu pudagyň önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Welaýatlarda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Maldarçylyk hojalyklary ýerlerde ot-iýmler bilen bökdençsiz üpjün edilýär, olara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, köp görnüşli ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksatlar bilen hojalygy ýöretmegiň täze, netijeli usullaryny ulanmagyň, şol sanda hususy ulgamyň maldarçylyk pudagynda paýyny yzygiderli artdyrmagyň, üstünlikli işleýän kärendeçileri goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere iş tejribesine bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny işjeňleşdirmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça meseleler barada durup geçdi.

Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýany goňşy Owganystana ibermek hakynda şertnamalar 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda baglaşyldy.

Häzirki wagtda owgan tarapyna “Serhetabat-Hyrat-Turdundy” hem-de “Rabatkaşan-Kalaýnau” ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy döwletler, ilkinji nobatda, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň aýratyn möhümdigini belledi. Biziň ýurdumyz öz goňşusyna ykdysadyýetini dikeltmekde hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berip gelýär.

Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksportunyň möçberini, şol sanda Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini yzygiderli atdyrmaga ukyplydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Iberilýän energiýanyň möçberiniň artdyrylmagy, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň işe girizilmegi owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmak, täze önümçilikleri açmak, netijede, iş orunlaryny döretmek üçin amatly şertleri göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol geçirijiler boýunça türkmen elektrik energiýasy goňşy ýurduň dürli welaýatlaryna iberilýär.

Biz geljekde hem dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrarys. Olar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösmegine önjeýli goşandymyz bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilişi, pudagy mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarda gatnawlary we halkalary baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebit we transkontinental ýollary ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyny döredilmegini talap edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak babatda, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmekde hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagyna ünsi çekdi. Ulag ulgamyny ösdürmek baradaky meseleler mundan beýläk-de biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, wise-premýere düzümleýin desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyna degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

MIlli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmaga jogapkär düzümleriň işini kämilleşdirmek meselelerine hemişe örän uly üns berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Tüirkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow öz nobatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda ministrligiň garamagynda jemi 157 kärhananyň bardygyny, olaryň iş ugurlarynyň, esasan, lomaý söwda hem-de ammarlarda sarp ediş gorlaryny saklamakdan, bölek söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrmakdan, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekden hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň mejlisinde ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawy seljerildi. Birinji tapgyrda kärhanalaryň özüniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda 20 desgany döwrebaplaşdyrmak hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň öňünde dürli önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlary hem-de azyk önümlerini öndürmek boýunça ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalaryň wajypdygyny aýdyp, şol önümleriň hil we ekologiýa babatda ähli ölçeglere gabat gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz munuň üçin söwda kärhanalaryny öňdebaryjy, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň has-da ilerledilmegine ýardam etmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky gaýragoýulmasyz wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamyna degişli edaralarda hem-de habar beriş serişdelerinde işleriň ýagdaýy, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, şu günler Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan ösüşler we innowasiýalar syýasatynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň möhüm ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, şol ulgamlaryň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary döwletler bilen dostlukly we ynamly gatnaşyklary saklamakda ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegiň möhümdigini, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam edýän halkara döredijilik çärelerini geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler barada aýdyp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen çäreleri paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda geçirilýän özgertmelere uly itergi berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda beren tabşyryklaryna hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we syýasy partiýalaryň tekliplerine laýyklykda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.

Ýaş raýatlaryň Konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de kuwwatyny artdyrmak we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek şol Maksatnamanyň maksady bolup durýar.

Milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde, ýurdumyzda raýatlarymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagy, şol sanda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Bu babatda ýaşlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine-- Türkmenistany ösdürmegiň esasy maksadyna doly düşünmegini gazanmak zerur bolup durýar.

Bilimli, ýokary aň-düşünjeli, hemmetaraplaýyn ösen, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek bu maksatnamanyň esasy wezipesidir.

Oglanlaryň we gyzlaryň ykdysady hukuklarynyň berkidilmegine hem-de iş bilen üpjün edilmegine, bilim almagy hem-de geljekde önümçilikde, döwlet gullugynda, ylymda we döredijilikde hünär bilimlerini ulanmagy üçin amatly şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş nesli terbiýelemäge berilýän ünsüň aýratyn möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň bilim almagy, döredijilik we ylmy kuwwatyny amala aşyrmagy, şahsyýetiň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek babatda ähli çäreleri görmek zerurdyr.

Ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp-dessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şonuň bilen birlikde, ýaş telekeçiligi goldamak we ösdürmek, ýaşlaryň başlangyçlaryny höweslendirmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem ýaş nesliň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösmegine, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň döwletimiziň esasy aladasyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli ugurda işleri işjeňleşdirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow yzygiderli esasda geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler barada hasabat berdi.

Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň şu görnüşiniň döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanandygy bellenildi.

15-nji dekabrda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigi barada hasabat berildi. Şu duşuşygyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan –Owganystan - ABŞ” görnüşleriň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti hem bellenildi.

Şular bilen bir hatarda, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, çynlakaý wehimlere we howplara garşy göreşmek ýaly wajyp ugurlarda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagy hem-de owgan halkyna ynsanperwer kömek bermekde, Owganystany parahatçylykly ýol bilen täzeden dikeltmek baradaky meselelere aýratyn üns çekildi. Şu işlerde Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda işjeň orny eýeleýär.

Şeýle hem geňeşmeleriň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ynsanperwer düzümi ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy kabul edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda adam hukuklaryny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda ýurtlaryň ikisi hem açyk gatnaşyklary goldaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere uly üns berýär.

Mundan başga-da, medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, ABŞ-nyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy bilen birlikde, bilim we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Hususan-da, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan arheologik gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy.

Amerikan instituty bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu institut bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli muzeýinde milli sungatymyzyň wirtual galereýasy döredildi we ol häzirki wagtda internet giňişliginde hereket edýär.

ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Şunda emeli intellekt, biotehnologiýa we sanly kompýuter maksatnama üpjünçiligi ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynda ileri tutulýan meselelere, has takygy söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, amatly maýa goýum gurşawyny döretmäge, tehnologiýalar, innowasiýalar ýaly ulgamlarda we beýlekilerde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli meselelere garalar.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada söwda we maýa goýumlary baradaky çarçuwaly Ylalaşygyň esasynda özara gatnaşyklara aýratyn üns berler. Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, 16-njy dekabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada habar berdi. Şonda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň oba hojalyk toplumynyň, ykdysady we bank-maliýe toplumynyň, ýangyç-energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly, oňyn gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň ähmiýetini belledi. Şolaryň barşynda köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek barada aýdylanda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň täze netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde “Türkmenistan –ABŞ” işewürler geňeşine möhüm orun berilýär.

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň üstünlikli işlerini dowam etmek hem-de özara bähbitlere kybap gelýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge bar bolan mümkinçilikleri oňaýly derejede amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek hem-de işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, harby ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, jogapkärli, päk ynsaply, ýokary derejeli, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Harby gullukçylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine, maksatlaryna hem-de wezipelerine pugta eýermäge borçludyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Öňde boljak Täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň gyşarnyksyz üpjün edilmegi bilen bagly meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygy hem-de hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Milli parlamentde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar, welaýat häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde möhüm syýasy çäre bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Dekabr aýynda Mejlisiň deputatlary halkara düzümler, şol sanda BMG-niň wekilhanalary tarapyndan guralan çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar.

Täze kanunçylyk namalarynyň, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň, Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleriniň
many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýerlerde düşündiriş işleri giňden alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz Mejlisiň mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen işi kanunçylyk taýdan goldamalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň üstünlikli amala aşyrylýan döwlet ugurly syýasatyň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijeli guralydygyny nygtap, deputatlaryň ýerlerde işjeň işlemelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz öňde durýan işleriň ileri tutulýan wezipeleriniň üstünde durup geçdi.

Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyklarynyň hili we möhleti babatda bildirilýän talaplaryň berjaý edilmegi ýakyn geljek üçin möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda ykdysady ösüşiň ýokary depginini gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigi barada aýdyp, nebitgaz, himiýa pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işini höweslendirýän, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawyny hem-de eksportuny artdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamynyň durnukly ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtap, sanlylaşdyrmak we logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleriň we alymlaryň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň baýram edilmegine degişli meseleleri gozgap, olary degişli derejede guramagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.