Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler paýtagtymyzyň iri täze gurluşyklaryny, onuň durmuş düzümleriniň ösdürilmegini hut öz gözegçiliginde saklaýan milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde durýar.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda şäher gurşawynyň häzirki zamanyň hil ölçeglerine, jemgyýetiň isleglerine hem-de gözellik we ekologiýalylyk ýaly möhüm ugurlara kybap gelmeginiň wajyp talaplaryň biri bolup durýandygyny belleýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmenistanlylaryň durmuşyny guramaga innowasion çemeleşmeleriň giňden ornaşdyrylmagy hut şu maksada gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde guralan tanyşdyryş çäresine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili gatnaşdylar.
Işewür milli Liderimize wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk desgalary, şolarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, binalaryň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi we degişli taslamalary görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen taslamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän taslamalar hem-de çyzgylar bar. Şeýle hem bu ýerde Maslahat köşgüniň bölekleýin durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berýän taslamalar görkezildi.
Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilýän desgalarda halkara we sebit ähmiýetli duşuşyklary, maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şolarda sanly tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň ösen gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem binalaryň bezeg işlerinde ýerli serişdeleriň ulanylmagyna, desgalaryň ähmiýetine laýyklykda, şolaryň otaglarynda goýulýan suratlaryň we beýleki bezeg serişdeleriniň milli ýörelgelere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu işler amala aşyrylanda, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň wekilleriniň, bu ugra degişli hünärmenleriň pikirleri, tejribeleri öwrenilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynyň, döwrebap desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz desgalaryň taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdelere aýratyn üns berdi. Şol serişdeler uzak döwre niýetlenip, berk bolmalydyr. Mundan başga-da, binanyň daş ýüzüniň bezeg işlerinde milli öwüşginler beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäheriň çäklerinde gurluşyk işleri meýilleşdirilýän wagtynda bu künjegiň ekologiýa derejesine, ýaşyl zolaklaryň we seýilgähleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmegi esasy talap bolup durýar. Çünki paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň zerur derejede saklanylmagy möhüm wezipedir.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz otaglaryň bezeg işlerinde, olaryň reňk aýratynlyklarynda hem-de bezeglerinde iň ösen tehnologiýalaryň we kämil ýörelgeleriň utgaşmagynyň wajypdygyny belläp, bu künjekde gurulýan desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini hem-de şäheriň binagärlik keşbi bilen utgaşmalydygyny aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, bu künjegiň yşyklandyryş aýratynlygyna, ýollaryň, ýanýodalaryň döwrebap bolmagyna, suw çüwdürimleriniň, gök zolaklaryň ösen ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidir.
Ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar. Şäheri gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň depginleri Aşgabadyň halkara ähmiýetli işewürlik merkezine öwrülmegini şertlendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işler oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna laýyk gelmelidir. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede berjaý edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz tutuş ýurdumyzy bolşy ýaly, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ähli ugurlarynyň bildirilýän talaplara laýyk derejede ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle giň möçberli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Bu işler paýtagtymyzyň inženerçilik-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap ölçeglerini üpjün etmek, şäheriň ekologiýa abadançylygyny berkitmek we Aşgabadyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi, adamlaryň amatly durmuşy üçin zerur şertleri döretmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamanyň möhüm bölegine öwrülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wajyp gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça ähli tapgyrlary yzygiderli gözegçilikde saklamak we öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil, hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly çemeleşmeleri üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Hut şonuň üçin hem desgalaryň taslamalary düzülende hem-de desgalar gurlanda, häzirki zaman tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, ýerli tebigy – howa şertleriniň göz öňünde tutulmagy, gurluşyk serişdeleriniň oýlanyşykly seçilip alynmagy hem-de gözellik derejesi göz öňünde tutulmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şäheriň sazlaşykly ösýän künjeginde bina edilýän täze desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejeleriniň üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyny aýtdy. Bu desgalar ak mermerli paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydyr.
Ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan giň möçberli işler ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurlarda durmuşa geçirilýän çäreler energiýany sarp etmek, galyndylary gaýtadan işlemek hem-de tebigy gurşawy gorap saklamak nukdaýnazaryndan, ekologiýa talaplary babatda hem häzirki zamanyň ölçeglerine kybap gelmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza giň möçberli şähergurluşygyna örän uly maýa goýumlaryny goýmaga mümkinçilik berýär.
Aşgabat munuň aýdyň mysalydyr — her ýylda täze binagärlik toplumlary, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlary peýda bolýan köçeleri bilen gözel keşbe eýe bolýar.
Şeýlelikde, täze gurulýan binalar döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň anyk miwesidir hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri, şähergurluşygynyň okgunly ösüşini alamatlandyrýan taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.