close-icon
Новости банка и статьи
photo
Türkmenistan ― Ýaponiýa: Gün ýakymly hyzmatdaşlyklaryň täze tapgyry
31.10.2019

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary üstünlikli amala aşyryldy. Bu taryhy sapar möhüm wakalara we iki döwletiň deňhukukly bähbitlerine gönükdirilen täze başlangyçlara baý boldy.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň çärýek asyrlyk taryhy bar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri Ýaponiýa Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri. Ýöne bu gatnaşyklaryň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze depgine we öwüşgine eýe bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şu gezekki sapar hem şol gatnaşyklaryň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň dostlukly döwlete iş sapary «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy bilen başlady. Munuň özi ylym-bilimiň örän ösen döwletinde türkmen Lideriniň başda durmagynda geçirilýän bilim özgertmelerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Hormatly ady dünýäniň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, özi hem bilim hyzmatdaşlygy babatynda Türkmenistana ýakynlygy bilen tanalýan Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysy Kei Satonyň hut özi gowşurdy.

«Men muny Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halklarynyň dostlugynyň hem-de barha berkeýän gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde kabul edýärin» diýip, hormatly adyň gowşurylyş dabarasynda milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa şu gezekki iş sapary dünýäniň haýsy künjeginde bolsalar-da, öz raýatlarynyň ― ogullarynyň, gyzlarynyň aladasyny birjik-de ýatdan çykarmaýan Liderdigini ýene bir ýola görkezdi. Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly alymlyk derejesi gowşurylandan soňra, milli Liderimiz dostlukly döwletde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy. Ýaponiýada türkmen ýaşlarynyň 20-den gowragy ýokary bilim alýar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz diýip talyplara ýüzlendi. Hususan-da, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar, innowasiýalar, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenmek möhümdir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmenistanly talyplara birnäçe sargytlary etdi. Olaryň arasynda sanly ykdysadyýete geçmekde döwrebap bilimiň ähmiýeti, «dördünji senagat rewolýusiýasyny» amala aşyrmagyň, Ýaponiýa ýaly mümkinçilikleri kän döwletde öwrenenlerini, özleşdirenlerini öz Watanynyň ykdysady galkynyşynda peýdalanmagyň örän wajyplygy we beýleki sargyt-nesihatlar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplara «Türkmen alabaýy» atly kitabyny ýadygärlik sowgat berip, onda okyjynyň türkmen halkynyň alabaý ýaly milli buýsanjy barada köp gyzykly maglumatlary, şol sanda taryhy wakalaryň, rowaýatlaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda dürli wakalary tapyp bilerler diýip belledi.

Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň taryhyndaky möhüm waka ― Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Agşamlyk berlen resmi naharyň başynda hormatly Prezidentimiz ýurduň täze Imperatory we onuň maşgala agzalary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň Ýaponiýa iş saparynyň ikinji güni hem netijeli boldy. Irden döwlet Baştutanymyz ýurduň işewürleri ― iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga ýygnananlaryň arasynda ITOCHU, Sojitz, Mitsubishi, Kawasaki Heavy Industries ýaly köp sanly belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.

Bu duşuşyk taraplaryň ikisi üçin hem örän möhümdir. Makalamyzyň başynda-da nygtaýşymyz ýaly, Ýaponiýa uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň bir bolup geldi. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmeklik bilelikdäki ösüşi we galkynmany üpjün eder. Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň iri edara-kärahanalarynyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň hem nygtaýşy ýaly, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýyna görä, Türkmenistanda 37 sany ýapon kompaniýasy işleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe we Parlamentiniň ýolbaşçysy Tadamori Osima bilen duşuşyklary hem netijeli boldy. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekilen Ylalaşyklar barada hem iki agyz aýtmak gerek. Resminamalar awtoulag we ýer gazyjy serişdeleri satyn almak, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar toplumynyň ikinji tapgyryny, Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawody we Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän täze sehi gurmak ýaly meýiller bar. Bu işleri amala aşyrmaga Ýaponiýanyň «Itochu Corporation», «Sumitomo Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.», «Sojitz Corporation», «Mitsubishi Corporation» we «TTCL Public Company Limited» ýaly iri kompaniýalary gatnaşar.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda bank ulgamyna degişli Ylalaşygyň hem bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş sapary diýseň netijeli boldy. 



Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň 

Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň  

başlygynyň w.w.ýe.ýe. Maýa Mollaýewa