close-icon
Новости банка и статьи
photo
Nagt däl hasaplaşygyň gerimi giňeýär
05.11.2024

    Bütin dünýäde bolşy ýaly, häzirki döwürde biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ähli ulgamy sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de, döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň çar künjündäki raýatlarymyza täze bank hyzmatlary elýeterli edilip, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredildi, netijede karz bazarynyň gerimi has-da giňeldildi. Bu bolsa nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Şu işleriň ählisiniň bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýurduň töleg ulgamyny kämilleşdirmek we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen köp işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu öz gezeginde ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şert döredýär. 

     Häzirki wagtda ýurdumyzda “Altyn asyr”, “Milli kart” we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän “VISA Classic”, “VISA Business”, “MasterCard” bank kartlaryny ulanmak ýola goýuldy. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, puluň ýitmeginiň öňüni almaga, karz almak we goýum goýmak işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan halka edilýän hyzmatlaryň hili we görnüşleri yzygiderli ýokarlandyrylýar, nagt däl hasaplaşyk ulgamy günsaýyn kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, üstümizdäki ýylyň degişli hasabat döwründe bank tarapyndan gurnalan töleg terminallaryň sany 31 göterim ýokarlandy. Şeýle-de, “Internet-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 63 göterim artdy, “Mobil-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany bolsa 7 esse köpeldi. “Halkbank” tarapyndan töleg terminallar arkaly nagt däl görnüşinde islendik bank tarapyndan dolanşyga goýberilen “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Visa” we “Mastercard” bank kartlary bilen çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerinde, uçar we demir ýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Ähli nagt däl görnüşli tölegler baradaky maglumat bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank” hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagt öz tölegleri baradaky maglumat bilen tanşyp bilýär. 

     Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda we onuň ähli şahamçalarynda Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan ýerine ýazga girmek, ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda, ýaşaýyş otaglary, saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, jemagat hyzmatlarynyň tölegleri, ýagny elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary, awtoulag serişdelerini bellige almak, awtoulag serişdeleriň tehniki pasportyny bermek, awtoulag serişdelerini tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak bilen bagly binäçe görnüşli tölegleri bank kartlaryny ulanyp, töleg terminallary arkaly geçirip bolýar. Bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, bank kartlaryna bolan islegiň ýokarlanmagyna hem-de onuň üsti bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň has-da artmagyna getirip, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň netijeli hereket etmegine mynasyp goşandyny goşýar. Umuman, bu ugurdaky alnyp barylýan işler bimöçberdir. Amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky aladalarynyň netijeleridir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Begenç Durdyýew
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik
bankynyň Bank kart ulgamlar müdirliginiň
Müşderiler bilen işlemek bölüminiň başlygy