close-icon
Новости банка и статьи
photo
Türkmen alabaýyna belent hormat
22.12.2024

    «Milli gymmatlyklar» diýlen düşünje Ýer ýüzündäki her bir halka, her bir topluma mahsus. Olar halklary, milletleri uzak ýyllaryň, asyrlardyr müňýyllaryň dowamynda ýaşadyp gelen sütünlerdir. Milli gymmatlyklar maddy ýa-da maddy däl zat hem bolup biler. Esasy zat, olaryň şol halkda beýiklik derejesine çenli göterilýänligidir. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklary barada gürrüň edilende ilkinji ýadymyza düşýän aýratynlyklaryň biri türkmen alabaýydyr. Alymlar onuň müňýyllyklaryň dowamynda öz asyl tohumyny ýitirmän gelen az sanly jandarlaryň biridigini bireýýäm tassykladylar. Munuň asyl sebäbi halkymyzyň öz bedewi bilen alabaýyna uly buýsanç bilen garaýanlygyndan bolup biler. Şol gadyr, şol buýsanç duýgusy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has belent derejelere çykdy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Sentýabr aýynyň ortalaryna hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze eserini okyjylara hödürlemegi hem munuň aýdyň şaýadydyr. Milli Liderimiziň dürdäne döredijiliginiň önümi bolan beýleki eserleriniň hataryna goşulan täze kitap, sözüň doly manysynda, türkmen alabaýynyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende göterdi.
    Arkadag Prezidentimiziň täze eserini elimize alan günlerimizde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy bolandygy hem ýadyňyzdadyr. Bu toplum halkymyzyň öz alabaýyna bolan buýsanjynyň täze bir nyşanyna öwrüldi. Türkmen Diýarymyzda ýene bir gymmatlygymyz bolan türkmen bedewleriniň idedilýän toplumlarynyň birnäçesi işleýär. Özi hem olar döwrebap derejelerde bina edilip, göreniň akylyny haýrana goýýar. Şol gün gadymy Ahal ýaýlasynda türkmen alabaýy üçin hem täze toplumyň açylmagy halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda syrdaşyna öwrülen bu goşa jandara bolan söýgüsine güwälik etdi. «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetine degişli bu toplum gadymy hünärlerimiziň biri bolan itşynaslygyň döwrebap görnüşidir. Käbir itşynas hojalyklarda on ite çenli idedilýänligine, olaryň iýmitlenişinden başlap, dynç alşyna çenli ussatlarça üns berilýändigine häli-häzirler hem duş gelýäris. Türkmen metbugatynda-da ýazylyşy ýaly, täze toplumda alabaýlara talaplara laýyk ideg etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde uzak ýyllaryň dowamynda itşynaslyk bilen meşgullanyp gelýän hünärmenler işleýär. Olaryň käbiri bolsa bu käri maşgala hünärine çenli öwrüpdirler. Täze toplumyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze eserini sowgat berendigi ýadyňyzdadyr. Bu täze eser, esasan hem «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri üçin aýratyn uly sowgatdyr. Arkadag Prezidentimiziň dürdäne eseri türkmen alabaýlary barada ilkinji türkmen ensiklopediýasydyr. Dabaranyň dowamynda çykyş eden ýaş itşynaslar muny aýratyn nygtadylar. Şeýle hem olar ýaş nesilleriň söýgüli işi bilen meşgullanmaga hemme şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu bina türkmen alabaý itlerine bolşy ýaly, olary ösdürip ýetişdirmek, idedip saklamak, kemala getirmek bilen meşgullanýan adamlara hem berilýän örän uly ünsüň alamatydyr. Desga türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenen binalaryň toplumyndan ybaratdyr. Toplumy bina etmekde baş potratçy bolup çykyş eden «Bary» hojalyk jemgyýeti hem-de esasy we kömekçi potratçy edaralar tagallalaryny birleşdirip, bellenilen işleri bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirdiler. Onuň düzüminde hemme zerurlyklar döredilipdir, çünki uly itler özleri üçin aýratyn giňişlige mätäçdir. Toplumda uly itleri saklamaga niýetlenen 40 sany ýer, ýaş itler üçin niýetlenen 30 ýer göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärleriň dynç almagy üçin niýetlenen bassyrma, işgärler üçin bina, barlag geçiriş nokady bar. Barlaghana zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Hojalyk binasy itleri naharlamak üçin otagdan, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglaryndan ybarat. Toplumda itleri suwa düşürmäge niýetlenen ýörite bina hem gurlupdyr. Şeýle hem weterinar gulluk binasynyň 5-si, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin bassyrmaly manež, tomaşaçylar üçin münberli tomaşa meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, awtoulaglar üçin iki sany awtoduralga, şeýle hem tehniki we beýleki degişli binalar toplumyň desgalarynyň üstüni ýetirýär. Toplumyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, gök zolaklar döredilipdir. Topluma eltýän täze ulag ýoly çekilipdir. Dabara gatnaşyjylar täze merkezde döredilen şertler bilen tanyş bolup, bu ýerde alabaýlary saklamaga, gezim etdirmäge, köpeltmäge, ýaş güjükler bilen meşgullanmaga, olaryň arassaçylygyna gözegçilik etmäge, şeýle hem seçgiçileriň, beýleki hünärmenleriň oňaýly we netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döwrebap derejede döredilendigine göz ýetirdiler. Milli Liderimiz öz täze eserinde: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip ýazýar. Arkadag Prezidentimiz bu sözleriň kitabyň elimize gowşan ilkinji günlerinden berjaý edilmäge girişildi. Türkmen alabaýlarynyň tohumyny gorap saklamak we gadymy şan-şöhratyny artdyrmak ýaly işlere türkmen hususyýetçileriniň hem goşant goşmagy bolsa has-da guwandyryjydyr.


Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-nyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet
müdirliginiň Usulyýet bölüminiň esasy
 hünärmeni Jennet Abdullaýewa