close-icon
Новости банка и статьи
photo
«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar
07.11.2023

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky karz almak üçin «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Karzlar barada maglumaty banka barmazdan müşderi öýünde ýa-da iş ýerinde özi üçin amatly bolan karzyň görnüşini bankyň «halkbank.gov.tm» resmi internet sahypasyndan saýlap almaga mümkinçilik döredilen.

Ýüzlenmäni bankyň «halkbank.gov.tm» resmi internet sahypasynyň «Onlaýn-ýüzlenmeler» bölümi arkaly iberip bolýar. Bank tarapyndan raýatlarymyza «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmaty arkaly «Ýaş maşgalalar üçin», «Talyplaryň okuw tölegi üçin», «Kiçi göwrümli karzlar», «Sarp ediş» bank karzlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berilýär.

Hormatly müşderiler! Hyzmata laýyklykda karzyň her bir görnüşi boýunça zerur resminamalaryň sanawy we karzyň möçberi barada jikme-jik maglumatlar bilen doly tanşyp bilersiňiz. Siziň iberen ýüzlenmäňize gysga möhletde serediler hem-de bankyň hünärmeni tarapyndan karz şertnamasyny baglaşmak üçin banka gelmeli wagtyňyz telefon arkaly habar beriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:

+99312 44-49-70;

«Halkbank» — bankyň esasy gymmatlygy müşderilerdir.