close-icon
Новости банка и статьи
photo
Bitaraplyk ― dünýä dolan tutumlaryň gözbaşy
07.12.2020

Ýene-de sanlyja günlerden 25 ýaşyny doldurjak hemişelik Bitaraplygymyz halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda aýdyň ýollaryň, bähbitli gatnaşyklaryň gönezligine, başlangyjyna öwrülýär. Muňa beýik bagtymyzyň 25-nji ýylynda hem halkara gatnaşyklarynda alnyp barlan işleriň mysalynda göz ýetirmek kyn däl. Bank, maliýe işlerini barha kämilleşdirýän Bitarap döwletimiz Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Halkara pul gaznasy ýaly köp sanly maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda barha öňe ilerleýär. Bu netijeli hyzmatdaşlyklar maliýe serişdelerini bähbitli ugurlarda ulanmaga, birek-birege goldaw bermäge, şeýlelikde, bilelikdäki ösüşi gazanmaga ýardam berýär. Şu ýazgylarymyzda ýurdumyzyň dünýäniň iri bank we maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky netijeli gadamlaryna gysgaça syn bermegi makul bildik.

Ýylyň wakalaryna nazar aýlanymyzda, eýýäm baharyň ortaky aýynda iri guramalardyr banklar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini görýäris. Aprel aýynda Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda geçirilen wideomaslahatda bankyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri bilen öňde duran wezipeleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, halkara ähmiýetli aýratyn alnan desgalary maliýeleşdirmek meseleleri babatynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Aziýa ösüş bankynyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekildi.

«Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylynyň tomsunda bu bankyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bilen geçirilen gepleşiklerde bolsa geljegi uly täze taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň meselelerine seredilip geçildi.   Häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar CОVID-19 durmuş-ykdysady ulgama ýetirýän täsiriniň peseldilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda hem-de tutuş sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça hereketleri nygtalyp geçildi.

Aprel aýynda Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleri bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlary çekmek meseleleri babatynda özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler. Iýun aýynda bolsa ýurdumyzyň Bütindünýä bankynyň “Işewürligi alyp barmak” («Doing business») taslamasyna goşulmagy boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu taslama dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Şonuň üçin hem onuň ähmiýetine ýokary baha berildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada hem pikir alşyldy. Ýeri gelende aýtsak, bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyz Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyny hem ýyldan-ýyla berkidýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir türkmen döwletiniň ykdysady galkynmasyna däl, eýsem, tutuş sebitdäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý şu ýylyň aprel aýynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşiklerde ýene bir ýola kanagatlanma bilen bellenildi. Sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady meseleler bu duşuşygyň özenini düzdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine seredilip, dünýädäki makroykdysady ýagdaýyň ösüşine baha berildi. Şeýle-de geljekki özara gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşyldy.

Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen gepleşikleriň şu ýylda birnäçe ýola geçirilendigini nygtamak gerek. Şondan sanlyja gün soňra bu gaznanyň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin «Sebit ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçilikleri» atly synynyň onlaýn tanyşdyrylyşy boldy. Onuň barşynda dünýäniň ösüş düzgünleriniň häzirki şertlerinde ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň we hemmetaraplaýyn özara goldawlaryň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtalyp geçildi. Görkezilen synda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ösüşiniň esasy aýratynlyklary seljerildi, şeýle-de bu döwletleriň ösüş mümkinçiliklerine giňişleýin seredildi.

Türkmenistanda global derejesindäki çökgünligiň döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler barada aýratyn bellenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylmagyna gönükdirilen bolup durýandyr. Ýakynda bolsa bu gurama Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine ýokary baha berip, häzirki pandemiýa şertlerinde biziň ýurdumyzyň iň az ýitgi çeken döwletleriň biri boljakdygyna ynam bildirdi. Şunda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly maliýe syýasynyň iňňän uly orny eýeleýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň käbir döwletleriň iri banklary bilen hyzmatdaşlygy hem ikitaraplaýyn bähbitli ýollar bilen ösdürýär. Şu ýylyň aprel aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Commerzbank AG” bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikler munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Indi uzak ýyllardan bäri ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup gelýän «Commerzbank AG»-nyň wekilleri bu hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda nemes kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň maliýeleşdirilmegi meselesine seredildi. Şeýle hem halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeler we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýdyldy. Bu işde Ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparyna uly orun degişlidir. Geçen ýyllarda bu toparyň mejlisleri iki dostlukly döwletde birnäçe ýola geçirildi. Şolarda baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda bu gün türkmen we nemes kompaniýalarynyň bilelikdäki tutumlary barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň banklary we «Commerzbank AG» bolsa bu tutumlary goldaýjylar bolup çykyş edýärler.

Germaniýanyň başga bir bankynyň ― «Deutsche Bank AG»-nyň bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongarts bilen maý aýynda geçirilen gepleşiklerde hem netijeli çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýan üstünlikli gatnaşyklary bu gepleşikleriň hem üns merkezinde boldy. Taraplar Hökümetara türkmen-german iş toparynyň täze ylalşyklaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky hem ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Şu ýylyň tomsunda bu bankyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşykda uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ulag, hususy pudagyň hemmetaraplaýyn goldawy we beýlekiler bilen bagly durmuşa geçirilýän hem-de häzirki dowam edýän taslamalar dogrusynda pikir alşyldy. Duşuşygyň gün tertibinde taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin maddy hem-de tehniki binýady berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň hususy pudagynyň gatnaşmagynda işewürlik geňeşmelerini geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu gepleşikler oktýabr aýynda hem dowam etdirildi. ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika, ulag pudagynda, ekologiýa düzüjileri nazara almak bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bu gezekki gepleşikleriň özenini düzdi. Şeýle hem bilelikdäki işi häzirki ýagdaýlara we wehimlere, şol sanda global pandemiýa döwründäki şertlere uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada bellenip geçildi. ÝTÖB özüniň Türkmenistan boýunça 2019 ― 2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem ýardam berjekdigini tassyklady. Umuman, Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk toýuny bank ulgamyndaky netijeli halkara hyzmatdaşlyklar bilen garşylaýar. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda hem okgunly ösdüriler. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzdaky bank hyzmatlarynyň halkara derejelerine laýyk getirilýändigini hem ýene bir gezek guwanç bilen bellemek isleýäris. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Eýýäm birnäçe aýgytly ädimler ädilip, ýurdumyzyň banklary öz müşderilerine iň häzirki zaman hyzmatlary hödürläp başladylar. Geljekde bu hyzmatlaryň gerimi has-da giňär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä giňişligine kämil bank we maliýe ulgamynyň işi bilen hem çykar. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary we çäksiz goldawy bu işleri durmuşa geçirmäge doly mümkinçilik berýär. Hut, şonuň üçin hem sözümiziň ahyrynda ýurdumyzdaky beýik tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.


Maýa Mollaýewa,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar

täjirçilik bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we

usulýet müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý.