close-icon
Новости банка и статьи
photo
Dostlukly gatnaşyklar pugtalanýar
15.11.2019

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli eýermek bilen, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. 27-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda geçirilen gepleşikler hem iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Şeýle-de, iki ýurduň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürmekde täze mümkinçilikleri açdy. Bu iki döwlet köp ýyllardan bäri halkara derejesinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň hem-de sebitleýin guramalarynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň we beýlekileriň binýadynda ylalaşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Ýeri gelende nygtasak, Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad ilkinji gezek 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy. 

Malaýziýa Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2011-nji we 2016-njy ýylda bu ýurtda resmi saparda bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze döwre gadam basmagyna, onuň hil taýdan täze derejelere çykmagyna kuwwatly itergi berdi. 2011-nji ýylda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Malaýziýada Ilçihanasy açyldy. 

Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda iş alyp barýan ilkinji kompaniýalaryň biridir. Şeýle hem bu iri işewürlik düzümi ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri — tehniki hünärmenleri we ýokary derejeli inženerleri hem-de ýolbaşçy düzümleriň işgärlerini taýýarlamaga ýardam berýär. «Petronasyň» tehnologiýa uniwersitetiniň binýadynda eýýäm türkmen talyplarynyň onlarçasy bilim aldylar we häzirki wagtda olaryň bir topary okuwyny dowam etdirýärler. Döwlet Baştutanymyz bolsa bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydyr. Munuň özi malaýziýaly hünärmenleriň türkmen kärdeşleri bilen ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelere laýyklykda iş alyp barýandyklaryny subut edýän guwandyryjy hakykatdyr. Şu ýylyň 30 — 31-nji iýunynda bolsa Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylar düzüminden durýan wekiliýeti ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Häzirki döwürde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň we daşary ykdysady işlerinde strategik ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlyk etmek, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şu babatda Türkmenistan ASEAN bilen gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýär hem-de bu maksatlary amala aşyrmakda Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar. Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdylanda bolsa, Malaýziýa Türkmenistanyň wajyp we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir.

Häzirki döwürde iki döwletiň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň berk resmi-hukuk binýady döredildi. 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” gol çekildi. 2016-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda hem bu ugurda birnäçe degişli resminamalar kabul edildi. 

Aşgabatda geçirilen şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde hem türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlendi. Ikitaraplaýyn gelinen ylalaşyklar bolsa uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berýär.


Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň

Balkan şahamçasynyň dolandyryjysynyň orunbasary-

Karzlaşdyryş we pul dolanşygy bölüminiň başlygy

Aşyrmämmet Begjanow