close-icon
Новости банка и статьи
photo
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk taglymaty
12.11.2019

Her bir halkyň beýikligi, onuň parahatçylyga bolan erk-islegi bilen baglylykda ýüze çykýar. Bu babatda türkmen halky taryhda hem, şu günki günde öz belent abraý-mertebesini saklap gelýär. Gahryman Arkadagymyz “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesi bilen häzirki wagtda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga örän uly ähmiýet berýär. Iri halkara guramalaryň belent münberlerinde çykyş edip, diňe bir ýurdumyzyň ýa-da sebitiň bähbitlerini, parahat durmuşyny üpjün etmek däl, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň abadan ýaşaýşyny gazanmak bilen bagly teklipdir başlangyçlaryny öňe sürýär. Biz muňa nobatdaky gezek hem şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, 25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşdy. Sammitiň dowamynda taryhy söz sözläp, bagtyýar geljegi nazarlaýan teklipdir başlangyçlary öňe sürdi.

Ýeri gelende bellesek, 1961-nji ýylda döredilen bu iri halkara guramasynyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň esasy ýörelgesi harby toplumlara gatnaşmazlykdan ybaratdyr. Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabrynda Goşulyşmazlyk hereketine kabul edildi. Bu guramanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny doly goldandygyny nygtap geçmeli, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň degişli halkara-hukuk derejesini ykrar etmegine ýardam etdi. Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy döwletler biziň ýurdumyzyň oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýarlar.

Türkmen döwletiniň soňky ýyllarda birnäçe derwaýys halkara başlangyçlary bilen çykyş etmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegi hem-de goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistan dünýäde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň onuň möçberlerine garamazdan syýasy-diplomatik we gepleşikler arkaly çözülmeginiň tarapdarydygyny aýratyn bellemeli. Bu bolsa özüniň parahatçylyk söýüjilikli mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň hatyrasyna durmuşa geçirmäge çalyşýan ýurdumyzyň esasy ornunyň ähmiýetli tarapydyr.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde çykyş etmek bilen, bu ýokary derejeli maslahatyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň möhüm meseleleri çözülende halkara tagallalaryny birleşdirmek işinde örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de, ynsanperwer ugurda alnyp barylýan işler, bu ugruň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda sebitdäki döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça 2018 – 2024-nji ýyllar üçin milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen aýda hormatly Prezidentimiziň 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekmegi hem bellärliklidir. Şol raýatlara dabaraly ýagdaýda pasportlar gowşuryldy. Milli Liderimiz Sammitde eden çykyşynda hem, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyşmazlyk hereketiniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki döwürde ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryna geçmek, hususy ulgamy hemmetaraplaýyn goldamak, öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda maglumat we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 2019 – 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi, şol sanda milli Liderimiziň başyny başlan iri düzümleýin taslamalary gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.     Şol sanda, maliýe-bank ulgamynda alnyp barylýan işleriň hem depgininiň artdyrylmagyna öz täsirini ýetirýär.

Umuman, parahatçylyk her döwrüň, her döwletiň islegi. Ony gazanmak bolsa örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň işlenip düzülmegini talap edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Biz parahat, abadan ýaşaýşy peşgeş berýän milli Liderimiziň alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.


Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň

Ak bugdaý şahamçasynyň esasy hünärmeni

Orazowa Ogulbaýram