Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

10.02.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat pursatdan peýdalanyp, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň milli Liderimize aýdan hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şeýle hem ilçi Ýewropa ýurtlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz diplomaty ýokary jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Ýewropa ugrunyň ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady, hukuk, ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika, medeniýet, ynsanperwer we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan birnäçe ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda açylan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ol hyzmatdaşlyga täze itergi berip, gatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolmagyna hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy durmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ilçi Diego Ruiz Alonsonyň belleýşi ýaly, Ýewropa Bileleşigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýä bileleşiginiň aladasyna öwrülen wajyp meseleleriň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanmagyna, sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüş üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary goldaýar. Şonuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň teklibi boýunça BMG-niň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň ählumumy ähmiýete eýedigi bellenildi.

Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşmagy bilen has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklar ulag diplomatiýasy ýaly hil taýdan täze ugur boýunça has-da berkidilýär. Biziň ýurdumyz şu ugry döredijileriň biri bolmak bilen, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde bu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öňe sürdi.

Energetika howpsuzlygyny, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagy üpjün etmek we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan goňşy ýurduň ykdysady taýdan galkynmagyna şu ýyllaryň dowamynda ägirt uly goşant goşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek, hususy pudaga goldaw bermek, suw serişdelerini dolandyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, adam hukuklaryny üpjün etmek, maýa goýum we beýleki wajyp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek, ýokary kanun çykaryjylyk edarany üýtgetmek — iki palataly Parlamenti döretmek boýunça alnyp barylýan işleri nazara almak bilen, hukuk ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk görmek meselelerine deglip geçildi. Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň senesi mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler.

Ilçi ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin eýeleýän ornuna ýokary baha berip, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropa Bileleşigi bilen birek-birege hormat goýmak, işjeňlik we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article21476&cat19