Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

07.02.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ähli pudaklarda ýokary görkezijileri üpjün etdi. Esasy makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen, jemi içerki önümçiligiň durnukly ösüş depgini munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça hasabat maglumatlarynyň jemlenilendigini hem-de seljerme işleriniň geçirilendigi barada hem habar berildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berip, 2019-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 35,8 milliard manada barabar bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hökümetiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň gurluşyny üýtgetmek baradadaky çözgüdiň kabul edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz G.Myradowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça hasabat berip, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşiň saklanýandygy barada aýtdy.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi.

2019-njy ýylyň dowamynda balans toparlarynyň 90 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 84 mejlisi geçirildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 242 desganyň 11-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 108-sinde gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Şeýle hem degişli Konsepsiýada kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, sanly ykdysadyýeti we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
B.Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine E.Annamuhammedowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda degişli Permana gol çekdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2019-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirişi hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümleriň köp görnüşleriniň öndürilýän mukdary artdy.

Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde ýokary netijeler gazanyldy. Umuman alanyňda, önümçiligiň düzüminde önümleriň 65,3 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň öňünde goýlan anyk wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ähli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmeginiň, maglumatlaryň täze çeşmeleriniň peýda bolmagynyň hem-de dessin we ýokary hilli statistika maglumatlaryna zerurlygyň degişli düzümiň öňünde täze wezipeleri goýýandygyny belledi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 2019-njy ýylda ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işler, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy möçberi 9,7 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 28,3 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karzlaryň möçberi 11,3 göterim ýokarlandy. Şunda maliýeleşdirilen taslamalaryň hasabyna döredilen iş orunlarynyň sany 15 844-e deň boldy.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, uzakmöhletleýin karz bermek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem geçen ýyl ornaşdyrylan bank hyzmatlarynyň täze görnüşleri barada hasabat berildi.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article21432&cat19