Habarlar

Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

06.11.2019

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň  uçary Fýumiçino Halkara howa menziline gondy. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän  bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.

Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar. 

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni howa menzilinden  kaşaň  «Rome Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza saparyň dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär. 

Ertir — 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Şolaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.  

Bu sapar soňky ýyllarda döwletara türkmen-italýan gatnaşyklarynyň  düýpli işjeňleşendiginiň aýdyň mysalydyr. Bu gatnaşyklaryň  okgunly ösüşi iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak. uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler bilen  netijeli gatnaşyklary ösdürmäge  gönükdirilen daşary syýasat ugry hut şu ýörelgelere esaslanýar. 

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa ugry bu döredijilikli strategiýanyň düýpli şahalarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýewropaly hyzmatdaşlaryň  ýurdumyz bilen döwletara derejesinde bolşy ýaly, Türkmenistan —Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň  çäklerinde hem netijeli özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary derejede gyzyklanýandyklaryny bellemek gerek. 

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, onuň ösüşine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda bolan resmi sapary, şübhesiz, güýçli itergi berdi. Ol, hakykat ýüzünde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlangyjyny goýdy. 

2015-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Italiýa Respublikasyna bolan iş sapary özara bähbitli  hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine  ýardam etdi. Ondan has öňräk, 2014-nji ýylyň noýabrynda bolsa Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri  ýurdumyza iş sapary bilen geldi. 

Häzirki wagtda iki ýurduň işewürler toparynyň gatnaşyklarynyň hatarynda nebitgaz ulgamynda, gurluşykda, dokma senagatynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň oňyn tejribesi bar. Bu ugurda bütin dünýäde meşhur “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzdaky köpýyllyk netijeli işini  mysal getirmek bolar. Bu kompaniýa 2008-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerinde «Nebitdag» şertnamalaýyn çäginde  uglewodorodlary gözläp tapmak we gazyp almak işlerini amala aşyryp gelýär. Ýurdumyzdaky iri senagat we düzümleýin desgalar  hem häzirki zaman italýan enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.  

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji noýabrynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin hemme zerur şertler bar. 

Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty, senagatlaşdyrmaga we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga  alan ugry, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de  düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi dürli ulgamlarda netijeli özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Italiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen, şol sanda Milanda geçirilen işewürler forumynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Şolarda özara söwdanyň mukdaryny  mundan beýläk-de artdyrmak, energetikada, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilikde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň we  Italiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de  beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny we tekliplerini  goldamak bilen, halkara giňişliginde hem ygtybarly   özara gatnaşyklary alyp barýandygyny bellemek gerek. Biziň ýurtlarymyz parahatçylygy hem-de  howpsuzlygy, ulag we energetika diplomatiýasyny  pugtalandyrmakda,  Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýaly düýpli meselelerde garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini  görkezýärler. 

Türkmenistan bilen Italiýa döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge  hem    aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda  bilim we ylym, syýahatçylyk hem-de  sport özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmen we italýan halklary baý gadymy medeniýetiň mirasdüşerleridir, munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy  mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 

Häzirki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, taraplaryň erk-islegine, netijeli syýasy, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny ynamly tassyklamak bolar. Özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bar bolan ägirt uly kuwwat  we maksatnamalar munuň ygtybarly kepilidir, şolaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Italiýanyň dostlukly halklarynyň abadançylygyna hem-de rowaçlygyna  hyzmat eder. 

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).