Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

30.10.2019

Şu gün – 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi – diýip, TDH habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda döwlet Baştutanlary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-biregehormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgide çykmaga mümkinçilik beren ylalaşyklary we geljegi uly meýilnamalary amala aşyrmak babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini bellediler. Taraplar uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmanyň uludygyny tassykladylar. 

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. 

Goňşy ýurtlary baglanyşdyrýan ulag ýollarynyň, şol sanda Türkmenistan tarapyndan Amyderýanyň üstünde gurlan awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategiki ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň gurulmagynyň möhümdigi bellenildi. Ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik döredip, söwdany, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döreder. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylym-bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. 

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article20270&cat19