Habarlar

Milli ykdysadyýetimiz ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň raýatlaryny bagtyýar, eşretli, abadan durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan tutanýerli zähmeti, bimöçber aladalary her bir ädimde duýulýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bank ulgamy gün saýyn özgerip, uly sepgitlere ýetýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň bank ulgamynda uly özgerdişler durmuşa geçirilip, oňyn netijeler gazanylyp gelinýär.

Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde töleg ulgamyny sazlaşdyrmak we nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ykdysadyýetiň kadaly ösmegine, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda bank tarapyndan berilýän karzlar uly orun eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň banklarynda karzlaşdyrmaklygyň dürli görnüşleri hereket etmek bilen, şahsy we edara görnüşli taraplaryň karz serişdelerine bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar.

Ýurdumyzda telekeçiligi we hususyýetçiligi goldamak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, täze kärhanalary döretmek, kärhanalaryň maddy tehniki binýadyny pugtalandyrmak, ösen tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek we beýleki ähmiýeti pes bolmadyk maksatlary karzlaşdyrmak banklar tarapyndan ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446-njy “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” kararyna laýylyklda, hususy pudagyň senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek, bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak. Şeýle hem gurluşygy, gurluşyk materiallar senagatyny, transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny, serwis hyzmatlaryny we ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi, saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmeklik göz öňünde tutulýar. Oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek, taşlanan ýerleri dikeltmek, öz oba hojalyk önümçiligiňi ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylýan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi-önümçiligi gurmak, mallary, öý guşlary, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak, halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek, innowasiýa işiniň beýleki görnüşlerini ýeňilikli karzlaşdyrmaklyk göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 12890-njy “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” kararyna laýyklykda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmeklik hem-de milli ykdysadyýetmiziň kuwwatyny has-da berkitmeklige we milli önüm öndürijileri goldamaklyk maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1% bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak we gaýtadan işlemek we oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 5% bilen 10 ýyla çenli möhletde ýeňillikli karzlar berilmegi milli önüm öndürijleriň işlerini has-da kämilleşdirdi.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan Milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli kararlaryndan ugur alyp, hususy önüm öndüriljileriň birnäçesine ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi netijesinde diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap ýyladyşhanalaryň ençelemeleri gurlup ulanylmaga berildi. Ulanylmaga berilen ýyladyşhanalar eýýäm özüniň ajaýyp miwelerini berip, ak bazarlarymyzy ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmeklige ýardam etdi.

Şol bir wagtyň özünde milli ykdysadyýetimizde maldarçylyk pudagyny ösdürmeklige hem uly ähmiýet berilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmeklik ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Banklar tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň netijesinde ýurdumyzda iri maldarçylyk fermalaryň birnäçesi gurulup, goşmaça iş orunlarynyň döremegine getirdi.

Ýurdumyzda hereket edýän banklaryň esasy maksatlarynyň biri, müşderileriň isleglerini öwrenip, bank bilen müşderiniň biri-birine bähbitli gatnaşyklaryny jebislendirmek, müşderileriň banka bolan ynamyny artdyrmakdyr.

Bir başa uýup, agzybirlikde zähmet çekýän bank işgärleri bolup, Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürýän, il-ýurt bähbitli işlerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrman, zähmet çekeris.

Türkmen halkynyň gözüniň guwanjy, ýüreginiň buýsanjy, başynyň täji Mähriban Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini tüýs ýürekden gollamak biziň üçin çäksiz bagtdyr. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri mydama rowaç alsyn!

 

Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-niň

Pul dolanyşygy müdirliginiň

başlygynyň orunbasary

Baýramberdi Babahanow