close-icon
Новости
photo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.02.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen şol birwagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. 

Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň medeni maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar, döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergiler guralar. 

Wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dürli maksatly täze desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, şol birwagtyň özünde şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.

Şeýle hem häkime paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, şäherde 

edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda, desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna, olaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. 

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şol birwagtyň özünde gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunda ekiş möwüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, beýleki gurallaryň möwsüme doly taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişi batly depginlerde dowam edýär. 

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 

2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada hem hasabat berildi. 

Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir.

Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmek möhümdir. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, ýazky bag ekmek möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň etraplarynyň häkimlikeriniň guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, G.Ýazmyradowy Tejen etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek, H.Mamydowy Bäherden etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz G.Çopanowy pensiýa gitmegi sebäpli, Babadaýhan etrabynyň häkiiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Gummadowy belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, A.Mämmedowy Sarahs etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Taýyrowy belledi we degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň etraplarynda ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Möwsümde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. 

Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, ony bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde tamamlamak, olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmalydygyny, gowaça ekiljek ýerleriň taýýarlygyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen ähli agrotehniki çäreler öz wagtynda ýerine ýetirilmelidir. 

Milli Liderimiz ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki talaplaryna laýyk gelmelidigini, olaryň bellenilen möhletlerde geçirilmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda 

durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bellenilen möhletlerde we doly möçberde ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary B.Mämiýewa berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlygy, aýratyn-da, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça ýaýbaňlandyrlan işler barada hasabat berdi. Şunlukda, kärendeçileriň ýokary hilli tohum, dökün we suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. 

Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler alnyp barylýar. 

Häkim hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň çäklerinde bar bolan durmuş maksatly desgalaryň üpjünçilik derejesini saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we ylmyň gazananlaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunlukda, welaýatyň toprak-howa aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök ekinleriň ekişi bellenilen möhletlerde tamamlanmalydyr hem-de olara ideg işleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, sebitde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümini guramaçylykly geçirmek, ekiljek baglary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmagyny talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmagy maksat edinilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz W.Nurgeldiýewi Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi. 

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, obasenagat pudagynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk, güýzlük däne ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny elektrik energiýasy hem-de ýyladyş bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň, bu jogapkärli möwsümi gysga möhletlerde geçirmegiň ähmiýetini belledi. Munuň üçin oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň gurat saklanylmagy, ýer eýelerini ähli zerur serişdeler bilen üpjün etmek barada alada edilmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişini, şol sanda ösüş suwuny tutmagy, mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi gözegçilikde saklamak gerek diýip nygtady. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök önümleriň degişli derejede ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr. 

Şunuň ýaly-da, häkime ýer böleklerini hem-de nahallary ýazky bag ekmek möwsümine doly taýýarlamak tabşyryldy. 

Milli Liderimiz kärendeçi ýüpekçileriň pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe we welaýatyň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň ýylylyk bilen üpjün edilişini elmydama gözegçilikde saklamak barada hem tabşyryk berdi. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Milli Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bellenilen işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyny belledi. 

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň dowamynda A.Joraýewi Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň gurluşyk işleri boýunça orunbasary wezipesine belläp hem-de degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar, güýzlük bugdaýa ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek çäreleri durmuşa geçirilýär. 

Şonuň ýaly-da, welaýat häkimi ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sebitiň ähli ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmak boýunça görülýän çäreler gurluşyklarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Şeýle-de ýazky bag ekiş çäresine hem-de pile öndürmek boýunça nobatdaky möwsüme taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň-gowaça ekişiniň bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de gowaça oňat ideg edilmeginiň “ak altynyň” bol hasylynyň girewidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini hem-de ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini belläp, öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işde işjeň ulanmagyň esasynda pagtaçylyk hem-de däneçilik pudaklarynyň düşewüntligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesiniň ilaty dürli görnüşli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, welaýatda ýazlyk gök ekinlerine ideg edilişini, olaryň suwarylmagyny hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýer E.Orazgediýewe hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimine öňde boljak bag ekmek çäresiniň guramaçylyk wezipesini çözmek boýunça tabşyryklary berdi hem-de gymmatly dokma çig maly bolan pile öndürmek boýunça möwsüme taýýarlygy ünsden düşürmezligi talap etdi. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi, Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan durmuş-medeni we önümçilik maksatly gurulýan desgalaryň gurluşygyny ünsden düşürmeli däldigini nygtap, döwlet Baştutanymyz häkime şunuň bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine geçip, işde goýberen kemçilikleri üçin A.Durdyýewi Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä S.Gylyjowy belledi. 

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin Ö.Geldiýewi Garagum etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä K.Aşyrowy belledi. 

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly Mary welaýatynyň häkimine iberdi. 

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. 

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de guramaçylyk meselelerine geçip, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine A.Ballyýewi, şeýle hem oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazmämmedowy belläp, degişli resminamalara gol çekdi hem-de olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewi çagyrdy. 

Wise-premýer E.Orazgediýew hasabaty dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler dörediler. 

Wise-premýer şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Mary welaýatynda geçirilýändigini nazara alyp, Mary atçylyk sport toplumynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi we ýerine ýetiriljek işleriň gerimine degişli birnäçe çyzgylary we taslamalary görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. 

Milli Liderimiz meýilleşdirilen gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy, olarda zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, Mary welaýatynda hem-de paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri we bedewleriň şanyna guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Şanly senäniň hormatyna Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy, dürli aralyklara at çapyşyklarynyň 6-sy hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy guralar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda bolsa konkur, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa atlaryň arasynda uzak aralyga çapyşyk boýunça gyzykly bäsleşikler bolar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” hem-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň jemleýji gününde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen topragynda şöhrat gazanan ýelden ýüwrük ýyndam bedewleriň arasynda at çapyşyklary geçiriler. Şunuň bilen birlikde, sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna sahna oýunlary we beýleki çäreler giriziler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi, olaryň häzirki taryhy eýýamyň ruhuna kybap ýagdaýda guralmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň çäklerinde sähra giňişliklerinde erkana gezip ýören meýdan atlarynyň häsiýetlerini, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, sährada aýry-aýry topar bolup gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli görnüşli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine ýurdumyzyň telekeçileriniň goşandy barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalaryň 6-sy, şol sanda Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew we Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda ýyladyşhanalar ulanmaga bermäge taýýar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň telekçileriniň şanly senelere mynasyp zähmet sowgady bolar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň, bazarlarda ýokary hilli gök, bakja we miwe önümleriniň dürli görnüşleriniň ýeterlik mukdarda üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem azyk önümleriniň özümizden artýan bölegini eksporta ugratmak we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de 

gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.