close-icon
Новости
photo
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
08.02.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdigini aýtdy. Bu ugurlarda ýetilen sepgitler, ösüşler halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy köp babatda bu ulgamlaryň netijeli işine baglydyr.

Şonuň üçin döwletimiz bu ulgamlary ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär. Emma, muňa garamazdan, bu ulgamlarda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki maslahatyň maksadynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hem-de terbiýäniiň hilini gowulandyrmak boýunça möhüm işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Ilki bilen bilim ministri O.Gurbanowa söz berdi. Ol ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bilim ulgamynyň dolandyryş, düzüm ulgamyny, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we özleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, milli Liderimiz bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna kybap derejede kämilleşdirmek boýunça zerur çääreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýaş nesli okatmak hem-de terbiýelemek bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasyndan has zehinlilerini ýüze çykarmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Ýaşlaryň gyzyklanmalaryna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukyplaryny ösdürmek möhüm bolup durýar. Şeýle edilende, öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenler ýetişer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagyň, bu ugurda işleri has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, ministre we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamda alnyp barlan işleriň netijeleri we şu ýyla meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, kesellerini öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek, adamlary zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen elýeter üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak, pudagara we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna dünýäniň meşhur lukmanlaryny çekmek arkaly özara tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de bilim derejelerini ýokarlandyrmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, milli lukmançylyga täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak, ösen tehnologiýaly saglygy goraýyş merkezleriniň işini döwrebap guramak hem-de täze merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, sanly tehnologiýalar peýdalanylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli epidemiologiýa gözegçilik ulgamynyň işi ýola goýuldy. Hasabat döwründe ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Bu maksat bilen toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri geçirildi. Dermanlar, waksinalar hem-de beýleki sanjym serişdeleri, şonuň ýaly-da, lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy.

“Türkmenistan --parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem özgertmek işleri meýilleşdirilýär. Bu özgertmeler, şol sanda öňüni alşyň, keselleri anyklamagyň, bejermegiň hem-de saglygy dikeltmegiň iň täze netijeli usullarynyň peýdalanylmagyna gönükdirilendir.

Ilaty zerur derman we möhüm saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de olaryň rejeli ulanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmak, saglygy goraýyş edaralaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Halkara we pudaga hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek, ýurdumyzyň derman senagatyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns beriler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, iň ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi.

“Türkmenistan--Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýylda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sportuň olimpiýa görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, arhiw edaralarynyň işi ugurdaş kanunçylyk-hukuk namalarynyň hem-de “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda alnyp baryldy.

Sanly elektron aragatnaşygy herekete girizmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.

Mundan başga-da, raýatlaryň ýüz tutmalaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Baş arhiw müdirliginiň redaksion-neşir işi boýunça meýilnamasy doly ýerine ýetirildi. Arhiw edaralaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň arhiw edaralary tarapyndan ýyllyk meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylda döwlet arhiwleriniň we arhiw aýawhanalarynyň ulgamyny we düzümini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, resminamalary aýawly sklamagyň amatly şertlerini we ätiýaçlyk üçin meýdanlary, peýdalanyş gaznalaryny döretmek boýunça işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň işgärleriniň esasy wezipesiniň milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň degişli derejede saklanylmagyny hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň we raýatlaryň ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda arhiw işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.

Soňra Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew 2020-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işleini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny kabul etdi.

Geçen ýylda Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” hem-de Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda “Bitarap Türkmenistan –ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara onlaýn ylmy maslahatlary geçirildi.

"Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň meýilnamalary barada aýdylanda, ykdysady taýdan bähbitli, ýerli çig mallaryň esasynda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, senagat ähmiýetli önümleri öndürmegiň esasyny düzýän maksatnamalaýyn ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowhasabaty diňläp, ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmegiň bähbidine jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlygymyzdygyny nygtady. Biz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu gün ylmy ösdürmekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy, sanly ulgamy ornaşdyrmagy, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň ugurlaryny giňeltmegiwajyp meseleleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýerine ýetirilen işler hem-de "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän 2021-nji ýyldaýolbaşçylyk edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça meýlnamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar gurulýar. Halkara derejesindäki ýaryşlar geçirilýär.

Şu günler 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryny – welotrek boýunça dünýä çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Wise-premýer bilim, ylym, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport ulgamlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe we sport maksatly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygyny nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeliligi köp babatda şolaryň bilim derejesine baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berip, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmegiň zerurdygyny nygtady hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we ýurdumyzyň öňe gitmeginiň hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň möhüm şerti hökmünde milli syýasatyň iri pudaklaryna innowasion işläp düzmeleri ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.

Ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow häzirki döwürde jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde Demokratik partiýanyň düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganowa söz berildi. Ol 2020-njy ýylyň dowamynda guralan köpçülikleýin çäreleri we olaryň ähmiýeti barada habar berdi.

Soňra iş maslahaty Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol bu jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan geçen ýyl guralan çäreler barada habar berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa bu syýasy düzümleriň wekilleriniň geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we şu yl üçin bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we onuň ýerlerdäki düzümleriniň wekilleriniň ýaşlaryň arasynda bolup geçirýän köpçülikleýin çäreleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow bu birleşigiň dünýädäki agzalary bilen bilelikde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýyl üçin kesgitlenilen meýilnama barada hasabat berdi.

Soňra Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy M.Açylowa häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, jemgyýetiň bu ugurda alyp barýan işleri hem-de guralýan köpçülikleýin çäreler barada giňişleýin hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bilen çykyş etmek üçin Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa söz berdi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew ýurdumyzda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgelerini, ýagşy dessurlaryny döwrebap derejede dowam etmek, ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek boýunça meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz habarlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ähmiýetini artdyrmakda hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn-da, häzirki döwrüň ýagdaýy we öňde goýulýan wezipeler nazara alnyp, olaryň oňyn çözgüdini taýýarlamak işlerinde syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagynyň, işjeň pikir alyşmalary guramagynyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Ol geçen ýylyň dowamynda akademiýada ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we diňleýjilere berilýän okuw-usulyýet sapaklaryň, hünärleriň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Soňra Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, uniwersitetde halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, okuw-usulyýet ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýuna alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewa söz berdi. Ol häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça, halk hojalygynyň pudaklary üçin zerur ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Myrat Garyyýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa saglygy goraýyş ulgamy üçin zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ýokary okuw mekdebiň okuw maksatnamasyna täze ugurlary girizmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparow türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmaga ukyply türgenleri ýetişdirmek, sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmek boýunça amala aşyrylyan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedowa söz berdi. Rektor institutda ösüp barýan ýaş nesillere hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeçi ukyply, öz ugry boýunça dünýäniň ösen tejribesinden we milli ýörelgelerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli mugallymlary ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewa institutda alnyp barylýan işleriň netijeleri, talyp ýaşlaryň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça geçilýän goşmaça sapaklar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdurmek, onuň halkara standartlaryna kybap gelmegini üpjün etmek we ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň möhüm talapdygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa, milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda rektorlara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ýaşlara bilim bermegiň usulyýet ulgamyny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalaryna täze hünärleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentiimz iş maslahatynyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe hem-de M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory M.Myratnazarowa ýüzlenip, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleriniň ilatymyzyň saglygyny düýpli gowulandyrmakdan we adamlaryň ortaça ömür dowamyny uzaltmakdan hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden ybaratdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçegleriniň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlary ösdürilmelidir. Milli Liderimiz häzirki döwürde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş çäresiniň çäklerinde ýurdumyzda ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini, milli tebigatymyzyň ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrrüňi dowam edip, Aralýaka sebitiniň gurşawyny hem-de onuň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek, bu ugurda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda zerur işleri geçirmek, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde täze ugurlary açmak, şol sanda ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralaryny gurmak, ylmy barlaglary geçirmek hem-de ýörite milli maksatnamalary işläp taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekologiýa we biologik howpsuzlygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk uniwersitetinde epidemiologiýa kafedrasyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sanly lukmançylyk ulgamyny ösdürmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda çemeleşilmelidigini we bu ugurda bilelikde zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2020-nji ýylda durmuş ähmiýetli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen anyk çäreler, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň şol pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuş halk hojalyk toplumynyň, şol sanda döwletimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýän bu esasy ulgamlaryň ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalary işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen, olaryň işini düýpli gowulandyrmak üçin, heniz örän köp işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmalydygyny, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmalydygyny aýtdy.

Sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. Munuň üçin işi guramagyň täze, has netijeli usullaryny gözlemeli diýip, milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bilim ministri O.Gurbanowa ýüzlenip, bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ulgamy kämil derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.

Milli Liderimiz irki döwürden başlap çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini aýratyn nygtady.

Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik işleri ýokary derejede guralmalydyr. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, daşary ýurt dillerini öwretmekde mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hili we derejesi dünýä standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrylmaly Ýaşlara bilim bermegiň, okatmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly-bakalawr we magistr maksatnamalaryna geçmek boýunça zerur işler alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bilim ministrligine okuwçylaryň hem-de talyplaryň dogry pikir ýöretmek we erkin döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, başlangyç zähmet endiklerini öwretmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak boýunça düýpli işleri geçirmek tabşyryldy.

Bilim edaralarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, tejribelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülmelidir. Okuwçylara kitaplary aýawly saklamagy hemişe ündemek gerek.

Ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin bu ugurda çagalar bagyndan başlap zerur çäreleri yzygiderli geçirmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýaşlaryň islegine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin, welaýatlarda, etrap-şäherlerde gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça mekdepden daşary tölegli okuwlary gurap, degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmalydygyny aýtdy.

Bilim ministrligine ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanyp, öňdebaryjy halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek üçin, sanly ulgam giňden ornaşdyrylmalydyr. Zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplary, okuw kitaplary we gollanmalary, wideo we audio materiallar bilen üpjünçiligi gowulandyrmaly.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow: “Saglyk” döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, ulgamy depginli ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy.

Döwrüň talabyna laýyklykda, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak işlerini dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ilata edilýän hyzmatlaryň, derman serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we hilini ýokarlandyrmak, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça degişli işler alnyp barylmalydyr. Ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy durnukly saklamak, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň dogry iýmitlenmegi, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi we ýaramaz endiklerden daşda durmagy üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň geçirilmegini ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitledi.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kliniki merkezleri, lukmançylyk okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ünsi çekildi.

Saglygy goraýyş ulgamyna ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň we dikeltmegiň täze innowasion usullaryny ornaşdyrmak, raýatlarymyza lukmançylyk kömegini bermek ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda derman we beýleki saglygy goraýyş serişdeleriniň önümçiligini giňeldip, bu işe halkara derejesinde belli önüm öndürijileri, daşary ýurtly maýadarlary çekmegiň maksada laýykdygyny belledi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçysyna “Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibine” laýyklykda, zyýanlylyk we agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowa ýüzlenip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek boýunça işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmek we zyýanly endiklere garşy göreşmek maksady bilen, ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta has giňden çekmeli. Çagalar sportuny ösdürmegi hem netijeli dowam etmeli.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, şol sanda gyşky görnüşlerine, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna ýokary taýýarlykly gatnaşmaklaryny hem-de baýrakly orunlary eýelemeklerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekildi. . Şu maksat bilen, ministrligiň ýolbaşçysyna sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamaga guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek tabşyryldy.

Sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, sport mekdepleri bilen utgaşykly işlemek, sport desgalarynda tölegli esasda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak, olary uzak möhletleýin kärendä bermek boýunça degişli işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Bu syýasata laýyklykda, ýaşlaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik işlerinde netijeli ulanmaklary üçin amatly şertler döredilmelidir. Milli Liderimiz ýaşlarda dolandyryş, işewürlik we ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmelidigini hem-de ýaş maşgalalary goldamak syýasatymyzy dowam etmelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe ýüzlenip, 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny aýtdy hem-de bu ugurda halkara derejesinde tanyşdyryş dabaralaryny, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň möhümdigini göz öňünde tutup, innowasiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribäni önümçilige giňden ornaşdyrmak üçin döwrebap ylmy-amaly barlaglary geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Alymlaryň öňünde birnäçe möhüm wezipeler -- Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýetilen belent sepgitleri we gazanylan üstünlikleri ylmy taýdan düýpli öwrenmek, Ylymlar akademiýasynyň, beýleki bilim edaralarynyň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga goldaw bermek boýunça wezipeler goýuldy.

Nygtalyşy ýaly, ylmy-tejribe işlerini geçirmekde sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly beýleki döwletleriň ylmy edaralary, halkara uniwersitetleri hem-de abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan önümleriň, materiallaryň has täze we ykjam görnüşlerini öndürmek, önümçilik usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini gurap, pudaklar üçin teklipleri hem-de Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralaryny 3 ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny gyssagly taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar üçin arhiw işi we iş dolandyryş boýunça kadalary, düzgünnamalary, resminamalaryň birkysmy sanawlaryny hem-de beýleki kadalaşdyryjy-usuly gollanmalary taýýarlamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda ylmy barlaglaryň we usuly işleriň netijelerini, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini arhiw işine giňden ornaşdyrmak, arhiw işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumatlar ulgamyny, gorlaryny döretmek we elektron dolanyşygyny girizmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Maslahata gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýokary okuw mekdeplerini bilim, ylym we täze tehnologiýalar merkezleri hökmünde çalt depginler bilen ösdürmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bellenilýän şu ýylda bilim bermegiň ähli derejelerine iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň we usullaryň has giňden ornaşdyrylmalydygyny nygtady.

Ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, kitaplaryny we gollanmalary ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlygyna we pudaklaryň zerurlygyna görä, täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak işlerini dowam etmek wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz innowasion ykdysadyýetiň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary bilimiň iki basgançakly ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak işini dowam etmegi, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň gazananlaryny ulanmak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bu maksada ýetmek ugrunda, şonuň ýaly-da, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň bilelikde ýerine ýetirýän, döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän düýpli we ylmy-amaly barlaglary ösdürmegi tabşyrdy.

Professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirip durmaly, beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, bilelikde simpoziumlary, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri guramaly diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi.

Şonuň ýaly-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplaryň halkara olimpiadalaryna gatnaşmagyny we baýrakly orunlary almagyny üpjün etmegiň, ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijisi boýunça dünýäniň meşhur bilim edaralarynyň sanawyna girizmek babatda zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna işlerini döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirip durmak hem-de öz jemgyýetdäki ornuny yzygiderli ýokarlandyrmak tabşyryldy. Şu maksatlar bilen täze tehnologiýalary, maglumatlary ýaýratmagyň ulgamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanyp, düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmek zerurdyr.

Nygtalyşy ýaly, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek boýunça çäreleri ýygy-ýygydan geçirmek, köpçüligiň döredijilik güýjüni ýurdumyzy ösdürmegiň öňde goýlan wezipelerini, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmäge gönükdirmek, Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitere ruhlandyrmak gerek.

Milli Liderimiz demokratik döwletimizde döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, syýasy partiýalaryň dürli derejedäki saýlawlarda ýokary aň-düşünjeli, baý syýasy tejribeli, Watana, halkymyza we ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza wepaly, jogapkärçilikli adamlary teklip etmelidigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa birnäçe aýratyn tabşyryklary berdi.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine häzirden gowy taýýarlyk görüp, bu çäreler ýokary derejede geçirilmelidir.

Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary ulgamlarynyň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek zerurdyr.

Ulgamlaryň düzüm birlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga uly üns berilmelidir. Işleri dolandyrmakda sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň her biri boýunça aýratyn tabşyryklary berip, saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek arkaly ilatyň ömür dowamlylygynyň uzaldylmagyny gazanmak, raýatlarymyz üçin ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Bilim barada aýdylanda, ösüp gelýän nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, ululara hormat goýmak, halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemek wajypdyr.

Çagalaryň tebigy zehinini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin dürli medeni-köpçülik, çeper-döredijilik çärelerini geçirip durmaly, çagalar üçin ýokary hilli kitaplary, çeper eserleri çap etmegi dowam etmeli. Bilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmaly.

Wise-premýere Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek bilen, görkezijisi boýunça dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynyň sanawyna girmek üçin zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýokary we ýörite orta bilim berýän okuw mekdeplerinde okuw üçin tölegler kesgitlenende, döwletiň goldawyna mätäç talyplara we okuwçylara ýeňillikleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport barada aýdyp, Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ähli çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine ulgamyň işgärleriniň guramaçylykly gatnaşmalydygyny aýratyn belledi. Şonuň ýaly-da, hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýaşlarymyzy daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okatmak işini has-da güýçlendirmek boýunça wezipeler öňde goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Geldinyýazowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewe ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlardan ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyndan nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz döwletimiziň gowy maddy-enjamlaýyn binýady döredendigine we döredýändigine garamazdan, ylmy ösdürmegiň, aýratyn-da ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmegiň anyk maksatnamasynyň hem ýokdugyna ünsi çekdi.

Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak boýunça ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak işleri ýeterlik derejede alnyp barylmaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň sanly bilime, aýratyn-da, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermegi talap etdi.

Nygtalyşy ýaly, orta mekdepler üçin hem, ýokary okuw mekdepleri üçin hem okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek we täzelerini taýýarlamak işleri yza galýar, hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi az öwrenilýär hem-de ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak üçin, beýleki ýurtlar bilen wideokonferensiýalary ýygy-ýygydan gurap durmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeleri, aýratyn-da oba ýerlerinde çaltlandyrmaga örän düýpli üns berilmelidigini, häzirki döwürde täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygynyň hem, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek işleriniň hem ýaramaz alnyp barylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada kabul edilen maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň-de çaltlandyrylmalydygyny, şäherleriň we obalaryň arassaçylygyna aýratyn uly üns berilmelidigini belledi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň jemgyýetçilik taýdan goldawy ýeterlik däl. Bu çäreler köplenç bir gezeklik geçirilýär, soňra bolsa unudylýar. Şoňa görä-de, her bir başlanan işi ahyryna çenli ýerine ýetirmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýaşlar guramasy hem gowşak işleýär. Ykdysadyýetimizi ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny goldamakda ýaşlaryň işjeňligi duýulmaýar. Esasy zat bolsa, döwletimiziň ýaşlar üçin köp işleri edýändigine garamazdan, Ýaşlar guramasy hiç hili başlangyç bilen çykyş etmeýär. Ýurdumyzda bolsa, ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanyp, talabalaýyk dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz döredilen şu şertlerden netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz aýdylan şu tankydy belliklerden degişli netije çykaryp, ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleri görüp, alnyp barylýan işleri has güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Şonuň ýaly-da wise-premýere özara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamak, býujetden maliýeleşdirilýän bilim, saglygy goraýyş we beýleki edaralara bölünip berlen maliýe serişdeleriniň öz wagtynda özleşdirilişine we bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçilik etmek barada tabşyryk berildi.

Bilim ministrligi tarapyndan bilim bermek we hünäre taýýarlamak boýunça ygtyýarnamalaryň berlişini seljermegiň hem-de ähli welaýatlarda tölegli esasda okuw merkezleriniň işini ýola goýmagyň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Siziň bilşiňiz ýaly, biziň halkymyzda «Il saglygy - ýurt baýlygy» diýen pähim bar. Şu pähimden ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar we sagdyn durmuşda uzak ömür sürmegi üçin hemişe uly alada edip gelýär. Mähriban halkymyzyň saglygy bilen bagly işlerde hiç hili serişde gaýgyrmaýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde dünýäniň köp ýurdunda ýiti öýken sowuklama keseli bolan, koronawirus ýokanjy giňden ýaýrady. Türkmenistanda bu keseliň öňüni almak üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler görüldi diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýaňy-ýakynda bu ýokanjyň garşysyna sançmak üçin, ýokary hilli we howpsuz waksinalaryň iki görnüşiniň ýurdumyzda hasaba alnandygyny we bu işleriň dowam etdirilýändigini belledi.

Biz iň gymmatly baýlyk bolan halkymyzyň saglygyny goramak üçin ähli zerur çäreleri göreris. Ýöne muňa garamazdan, eziz watandaşlarymyz, sagly goraýyş işgäleri tarapyndan talap ediläýn arassaçylyk kada-kanunlaryny berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.