Habarlar

Telekeçilige döwlet goldawy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň şertidir

16.07.2020

Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi.

Milli Liderimiz telekeçilige goldaw bermegiň içerki syýasat ugrunyň üýtgewsizdigini tassyklap, anyk maksatlary öňde goýdy. Milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we onda hususyýetçilik pudagynyň gatnaşygyny giňeltmek ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýar. Özi-de hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyna ençeme pudaklaryň aýry-aýry döwlet kärhanalarynyň, köp sanly infrastruktura we beýleki desgalaryň girizilendigi bellenildi. Bu işde paýnamalar bazaryny ösdürmek, bazar gaznalaryny we anyk söwdalary gurnamak esasy maliýe gurallary hökmünde kesgitlenildi.

Energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmegiň, elektrik energiýasyny öndürmek we daşarky bazarlara ibermek, şeýle hem awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek meselelerine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz gysga möhletlerde bu işlere ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini — (TSTB) çekmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda ulgamyndaky we harytlary ýerlemek babatyndaky iň gowy tejribeleri öwrenip, daşarky bazarlardaky islegi öwrenmegiň möhümdigini nygtap, orta we kiçi telekeçilige giň goldaw bermek syýasatynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Öňde goýlan maksatlar we wezipeler hususy pudagyň ornunyň barha artýandygyna we onuň ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetindäki ähmiýetiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu «Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenendir.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz hatarynda 24 müňden gowrak agzany birleşdirýär, olar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýärler. TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýylynyň dowamynda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilip, ol döwlet-telekeçilik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylýandygyna we onuň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşýarlar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary çalt we netijeli ösdürmek maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Şol sanda salgyt ulgamy kämilleşdirildi, telekeçilik işini hasaba almagyň we ygtyýarlandyrmagyň, ýeňillikli karz bermegiň tertibi ýönekeýleşdirildi.

Milli Liderimiziň döwlete dahylsyz pudagy hukuk taýdan goldamak boýunça öňde goýan köp sanly meseleleri Mejlis tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşinde öz şöhlelenmesini tapdy. Bu resminamada TSTB-niň hukuklary giňeldildi, birleşmäniň hukuklary we borçlary takyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň parlamentiniň öňünde goýan wezipeleriniň biri — netijeli döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny üpjün etmek we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň maliýe işjeňligini goldamak, telekeçiligiň ösüş ugurlaryny giňeltmek bolup durýar.

Ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge berilýän ägirt uly üns onuň işini düýpgöter döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär.

Bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji fewralda Karara gol çekip, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna fiziki we ýuridiki taraply telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen karz pul şertnamasyny baglaşmaga rugsat berdi.

Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýe serişdelerini çekmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, hususy telekeçiligiň ösmegine maliýe taýdan ýardam etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl gol çeken, döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň bir ýarym milliard dollaryna golaý pul serişdesini bölüp bermek baradaky Karary hem giň möçberli we özboluşly taslama bolan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, TSTB-niň agzalary bolup durýan hususy gurluşyk kompaniýalary bu ýerde bina edilýän köp sanly desgalaryň potratçylary bolup çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji martda Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda söwdany we telekeçiligi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz döwlete dahylsyz pudagyň milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde we ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň täze önümçiligini hem-de iş ýerlerini döretmekde tutýan möhüm ornuny nygtady.

5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilik işini höweslendirmegiň möhümdigini belläp, ykdysadyýetiň telekeçilik pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri işläp düzmegi we degişli teklipleri hödürlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kiçi we orta telekeçiligi, hususan-da, syýahatçylyk işinde ýöriteleşýän kärhanalary ösdürmek üçin maliýe we maddy-tehniki goldawy bermegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmagy, şonuň ýaly-da, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gök-bakja önümlerini saklaýan senagat sowadyjyly ammarlaryň gurluşygy bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň işini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň pudaklaryň ýarym ýyldaky işleriniň jemlerine garalan mejlisinde ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet kömegini bermek çäreleriniň hatarynda kiçi we orta telekeçilige berilýän maliýe we maddy-tehniki kömek görkezildi. Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer böleklerini bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmek, telekeçiler üçin karz bermek, gümrük we söwda amallaryny ýerine ýetirmegi ýeňilleşdirmek barada tabşyryk berdi.

Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda eksport üçin şertleri ornaşdyrmak arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary çalt depginlerde döretmek, wizalar boýunça ýeňillikleri girizmegiň mümkinçiliklerini, ýer böleklerini hasaba almagy, resmileşdirmegi, karz pul serişdelerini bermegi we özara hasaplaşyklary ýeňilleşdirmegi girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek kesgitlenildi.

Dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy bilen baglylykda, ykdysadyýetde ýüze çykan kynçylyklara seretmezden, ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligi durnuklylygyny saklaýar. Mysal üçin, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň 66 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşýär. Diňe şu ýylyň başyndan bäri döwlete dahylsyz pudagyň wekilleri senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini 18,9 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişini bolsa, 28,7 göterim artdyrdylar.

Ykdysadyýetiň bu böleginiň üstünlikleriniň we ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17-18-nji martda geçirilen her ýylky sergisinde we maslahatynda aýdyňlygy bilen görkezildi. Serginiň giň meýdançasy ähli pudaklardaky işjeňligi görkezýän eksponentleriň 200-den gowragyny özünde jemledi.

Olaryň hatarynda TSTB-niň obasenagat toplumyna, azyk we gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektrik enjamlarynyň önümçiligine, IT tehnologiýalaryna, şeýle hem söwda, syýahatçylyk, bilim, hyzmat ediş ulgamy, ulag we logistika ulgamlaryna, halk amaly senetçiligine ýöriteleşdirilen düzüm bölekleri we welaýat bölümleri, hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri bar.

Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär, olaryň kömegi arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek boýunça meseleler çözülýär.

Şu günler telekeçilik sebitleriň ählisinde ösdürilýär. Olar giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň telekeçilerine Aşgabady, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, obadyr şäherleri abadanlaşdyrmak, ulag ýollaryny, gidrotehniki desgalary, raýat awiasiýasynyň düzümindäki desgalary we beýlekileri gurmak bilen baglanyşykly iri buýurmalar ynanyldy.

Häzirki wagtda amala aşyrylan işleriň hatarynda Türkmenabat — Aşgabat awtobanynyň, «Aşgabat-sitiniň» desgalarynyň, şonuň ýaly-da, ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş edarasynyň gurluşygy bar.

Hut şu ýylyň özünde «Bedaýet» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň buýurmasy esasynda weterinar klinikasyny we degişli toplumy ulanmaga berdi.

TSTB-niň agzalaryna ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde täze weterinar klinikalarynyň, «Türkmen alabaý itleri» merkezleriniň gurluşygy tabşyryldy. Şonuň ýaly-da, hususy kompaniýalar paýtagtymyzda awtoulag kärhanalarynyň we awtoulag mekdepleriniň birleşmesiniň toplumyny bina etmek baradaky buýurmany aldylar.

Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň ugrunda, Aşgabadyň halkara awtomenziliniň golaýynda «Weli gurluşyk» hususy kärhanasy üsti ýapyk duralgalaryň, ulag-bejeriş zolaklarynyň, dispetçer nokadynyň, dolandyryş binasynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny ýerine ýetirýär.

Paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerindäki işler tamamlanyp barýar, ol ýerde «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy awtomobil ýerasty geçelgesini we pyýadalar üçin ýerasty geçelgeleriň dördüsini gurýar.

«Muhammet — Balkan» hojalyk birleşigi Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzillerini gurar. Bäsleşigiň ýeňijisi bolan hususy kompaniýanyň öňünde desgalar gurlanda we enjamlaşdyrylanda, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak, olaryň ygtybarlylygyny üpjün etmek we ýolagçylar üçin iň amatly şertleri döretmek esasy wezipeler hökmünde goýuldy. TSTB-niň agzalary paýtagtymyzyň golaýyndaky täze «Altyn köl» dynç alyş zolagyny abadanlaşdyrmak işine goşuldylar.

Üstümizdäki ýylda telekeçiler täze iri önümçilik desgalarynyň gurluşygyna buýurmalary hem aldylar. Mysal hökmünde, «Beýik bina» hususy kärhanasy we «Türkmen Enjam» hojalyk birleşigi Bäherdendäki, şeýle-de Lebap welaýatyndaky sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Olaryň gurluşygyna şu ýylyň iýul aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabrynda doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Zawodlaryň her biriniň meýilleşdirilýän kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenendir.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk birleşigi «Smart TV» platformaly we özünde oturdylan «IP-tunerini» «4 K Ultra HD» telewizorlarynyň önümçiligini özleşdirdi, ol önümler eýýäm ýerli bazarlara çykaryldy.

Birinji ýarym ýylda obasenagat toplumynyň desgalarynyň hem ençemesi ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda iri ýyladyşhana hojalyklary bar, şeýle hem guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk, gök we bakja önümlerini we miweleri gaýtadan işleýiş toplumlary gurulýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň welaýatlaryna iýun aýynda amala aşyran iş saparlarynda telekeçiler bilen duşuşyklary bellärliklidir.

Demirgazyk welaýatda Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana hojalygyna bardy.

Toplumda ýetişdirilýän dürli görnüşli gök-bakja önümleri bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz sitruslaryň önümçiliginde ulanylýan usullary öwrenmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekip, ananaslaryň ýetişdirilmegi hem girdejili bolar diýip belledi.

Milli Liderimiz ýetişdirilen hasyly daşarky bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerine seretmegi tabşyryp, telekeçilere öz ýurdumyzda öndürilen önümleri daşarky bazarlarda ýerlemekde ýardam berler diýip nygtady.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçillik usullaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

«Nurly meýdan» hususy hojalygynyň Türkmenistanda ilkinji bolup, emeli usulda jüýje çykarylýan guşçulygyň taslamasyny durmuşa geçirdi. Ol broýler towuk etiniň we ýumurtgasynyň öndürilişini häzirki zaman guşçulyk tehnologiýalaryna daýanmak bilen, senagat esasynda çykardy. Şonuň ýaly-da, bu hojalyk daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal ýurdumyzyň daşyndan satyn alnyp getirilýän mal iýminiň önümçiligini özleşdirdi.

Hususy işewürçilik wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goldawlary netijesinde, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, ilatyň ekologiýa taýdan arassa, dürli görnüşli azyk we witaminli önümlerini öndürmegi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ynamly özleşdirmegi dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, önümleri ýetişdirmekde, şeýle hem olary gaýtadan işlemekde hil we ekologiýa görkezijilerine üns bermek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede telekeçilik düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, türkmen telekeçilerine milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikde esasy binýat düzüji orun berilýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň geljege, möhüm wezipeleri çözmäge uly meýilnamalary bar. Işlenip düzülen we yzygiderli kämilleşdirilýän döwlet-telekeçilik hyzmatdaşlygynyň gurallary olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm kepili bolup hyzmat edýär.

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article23527&cat22