Gyrat - nagt
pul geçirimleri

Bu günki gün Türkmenistanda ilat üçin hödürlenýän bank hyzmatlary ulgamlaýyn giňelýär. Olaryň arasynda iň ýörgünlisi içki pul geçirimleri bolup durýar. Raýat bir welaýatdan beýleki welaýata aňsatlyk bilen nagt we nagt däl görnüşinde pul geçirmek maksady bilen aýratyn ulgam ýola goýuldy.

2009-njy ýyldan başlap Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-y nagt görnüşinde pul geçirmek hyzmatyny ilata hödürleýär. Munuň üçin, raýat öz pasporty, alyjy barada maglumaty we geçiriljek pul serişdeleri bilen bankyň  islendik şahamçasyna gelýär. Bankyň işgäri ähli gerekli resminamalary doldurýar we size kwitansiýany berýär. Alyjy bolsa, beýleki welaýatda eýýam 20 minutdan puly alyp bilýär. Eger-de, alyjy puly 7 günüň dowamynda almana gelmese, ähli pul yzyna geçirilýär we bu barada ugradyja telefon arkaly habar edilýär.