Bankyň taryhy

“Halkbank” - halkyň bankydyr,
Biziň bilen hyzmatdaşlyk Siziň üçin bähbitlidir!

Türkmenistanyň „Halkbank“ döwlet täjirçilik banky geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri şu günki güne çenli öz işjeňligini dowam edip, halkymyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr.

Bu bank özüniň baý taryhy we köp ýyllyk tejribesi bilen, müşderilere ýokary hilli bank hyzmatlaryny amala aşyrýan diýarymyzyň baýry banklarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen, Türkmenistanyň Süýşürintgiler banky Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky diýip atlandyryldy we onuň hukuk oruntutary boldy.

Bankyň “Halkbank” diýip atlandyrylmagy tötänleýin däldir, çünki bu bank halkyňkydy we halkyňky bolubam galar.

“Halkbank” ak saçly gojalarymyzdan başlap, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesillerine, ýurdumyzyň dürli gatlakdaky adamlaryna hyzmat edýär, şeýle hem eýeçiligiň dürli görnüşindäki edara görnüşli taraplar we telekeçiler bilen iş salyşýar.

Şu günki gün “Halkbankyň” işine düşünmek, onuň işine dogry baha bermek we ertirki güne nazar aýlamak üçin Türkmenistandaky süýşürintgiler işiniň taryhyna göz aýlamak ýeterlikdir.

Ýurdumyzda ilkinji amanat kassasy 1923-nji ýylyň 4-nji awgustynda açylýar.

Ilkinji amanat kassalarynyň üsti bilen goýumlary kabul etmek, döwlet zaýomlaryň obligasiýalarynyň girewine karz pullary bermek ýaly amallar, şeýle-de geçirimler, hasaplaşyk, akkreditiw we beýleki amallar ýerine ýetirlipdir.

Wagtyň geçmegi bilen bankyň amanat kassalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde hereket edip başlapdyr.

1941-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda amanat kassalarynyň 419-sy hereket edipdir.

Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen, amanat kassalary ýurduň harby zerurlyklaryny maliýeleşdirmekde ähmiýetli rol oýnapdyr.

Harby çykdajylaryň 6-dan bir bölegine golaýy amanat kassalarynyň ýardam bermeginde paýlanan zaýomlaryň hasabyna ýapylypdyr.

Amanat kassalarynyň üsti bilen Türkmenistanyň ilaty tarapyndan goýlan pul serişdeleri we gymmatlyklary gorag fonduna we goşun fonduna geçirilipdir.

1963-nji ýylda amanat kassalary Döwlet bankynyň garamagyna berilipdir.

1988-nji ýyldaky bank özgertmeleri iki derejeli bank ulgamyna (Merkezi bank we ýöriteleşdirlen banklar) geçmegi netijesinde döwlet zähmet amanat kassalary ilata we edara görnüşli taraplara hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirlen döwlet banky hökmünde Süýşürintgiler bankyna öwrüldi.

1993-nji ýylyň 30-njy aprelindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen SSSR Süýşürintgiler bankynyň Türkmenistan respublikan banky Türkmenistanyň Süýşürintgiler bankyna öwrüldi, 2001-nji ýylda bolsa onuň ady Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky diýlip üýtgedildi.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe "Halkbank" DTB köp sanly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, ynamly öňe barýar.

Şu günki gün “Halkbank” ýurdumyzda giňden tanalýan iri maliýe guramasy bolmak bilen, diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem daşary ýurtly müşderileriň hem bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelýär.