Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 22-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň türkmen tarapyndan bolan düzümini tassyklady.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelere esaslanan köptaraply gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär.
Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasynda syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklara, şeýle hem iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklaryna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli gatnaşyk edip, gün tertibiniň sebit we dünýä derejesindäki meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýär.
Toparyň mejlisi tamamlanandan soň, gol çekilen Teswirnama laýyklykda, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri Özbegistandan bolan hyzmatdaşlary bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň anyk çärelerini bellediler.
Hususan-da, telekeçilik ulgamynda işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmen-özbek işewürler geňeşini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Uztreýd» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin «ISUZU» kysymly awtobuslary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Özbegistanda öndürilen beýleki kysymly awtotehnikalary hem Türkmenistana ibermäge hemme mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Öz nobatynda, türkmen tarapynyň wekilleri özbek hyzmatdaşlaryna, olaryň ýurduna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid, kükürt kislotasy, bişofit hem-de himiýa senagatynyň beýleki önümlerini ibermegiň mümkinçilikleri barada habar berdiler.
Mejlisiň dowamynda iki döwleti birleşdirýän ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüsiniň strategik ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda täze ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.