Milli gymmatlyklar hakynda söhbet etmek hemişe-de ýakymly. Çünki olaryň hersinde halkymyzyň ykbaly, şu güni we taryhy bilen bagly köp sanly maglumatlar seriňe dolýar. Bu söhbet milli pulumyz hakynda aýdylanda-da şeýledir. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi türkmen döwletiniň pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Türkmen manady milli buýsanjymyza öwrülip, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginde, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň döwletliliginiň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň aýdyň netijesidir. Şol syýasat bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň ýaramaz daşky ýagdaýlaryň täsirine durnukly bolmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Strategiki meýilnamalaşdyryşyň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, döwletiň maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyny kämilleşdirmek milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan strategiýanyň örän dogrudygy we netijelidigi häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşiniň makroykdysady görkezijilerinde, onuň durnukly ösüşinde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Milli manadyň bitewi we durnukly hümmetini üpjün etmek milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylan düýpli işleriň biri boldy. Bilşimiz ýaly, denominasiýanyň geçirilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak we mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, maliýe-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyran möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýörite Permanyna laýyklykda, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli pulumyzyň – manadyň täze, denominirlenen nusgasy dolanyşyga girizildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin geljege niýetlenen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pudaklaýyn maksatnamalar, şol sanda maliýe ulgamyndaky maksatnamalar amala aşyrylýar. Bank ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen manadynyň hümmetini pugtalandyrmak, ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamy işjeň ýola goýulýar. Gozgalmaýan emläk üçin karz bermek ulgamyny ösdürmäge, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine laýyk getirmäge, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Aýlyk zähmet haky, goýum, maşgala we umumy dolanyşykdaky kartlaryň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň, halkara MasterCard we Visa kartlarynyň sany ýyl-ýyldan artýar, olar dolanyşykda bökdençsiz hereket edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirjilik banky tarapyndan hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda milli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksatnamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda», «Karz birleşmeleri hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bank ulgamyny ösdürmekde täze sepgitlere ýetmek üçin kuwwatly gural boldy.
Şeýlelik bilen, bu häzirki günlerde bank ulgamynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Olary amal etmek üçin bolsa, Gahryman Arkadagymyz ähli zerur bolan mümkinçilikleri döredip berýär. Biz, mundan beýläk-de öz yhlasly zähmedimizi, gujur-gaýratymyzy ýurdumyzyň ösüşlerine bagyş ederis. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni bilen hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy, bank ulgamynyň agzybir işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň
Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet müdirliginiň
Usulýet bölüminiň başlygy Mährijemal Abdyrahmanowa