Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça wajyp işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy ýakynda bankyň taryhynda örän wajyp waka bolup geçdi. Ýagny, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.
Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde bankymyza öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasy bilen bilelikde ýerlemek boýunça işi amala aşyrmaklygy ýola goýmak maksady bilen gymmatly kagyzlar bazarynda delallçylyk işini alyp barmak üçin ýörite ygtyýarnama berildi.
Häzirki wagtda geljegi uly bolan gazna bazarynyň ösüşi milli ykdysadyýetiň umumy ýagdaýy, ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem içki maliýe bazarynyň ösüş depgini bilen gönüden-göni baglydyr.
Maliýe ulgamyň gymmatly kagyzlar bazaryny işjeňleşdirmegiň zerurlygy häzirki wagtda has aýdyň ýüze çykýar. Sebäbi gymmatly kagyzlar bazarynda goşmaça maliýe serişdelerine isleg bildirýän paýdarlar jemgyýetleriniň sany ýylsaýyn artýar.
Mundan başga-da, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde raýatlarymyzyň girdejileriniň artýandygy aýdyň görünýär. Şol sebäpli, milli gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegi bilen raýatlarymyzy, telekeçilerimizi we edara-kärhanalary gymmatly kagyzlara maýa goýmaga höweslendirmek çäreleri amala aşyrylýar. Ýagny, dürli taraplaryň wagtlaýyn erkin duran maliýe serişdeleri jemlenip, edara-kärhanalaryň gymmatly kagyzlaryna ýerleşdirilmegi üçin amatly şertler döredilýär.
Ilatyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýurdumyzyň Gazna biržasy arkaly gymmat bahaly kagyzlaryny, ýagny aksiýalary we obligasiýalary satyn almagy paýdarlar jemgyýetiniň işine gatnaşmak hukugyny we olaryň esasy maýadarlary bolmak mümkinçiligini berýär.
Döwlet tarapyndan dolanşyga goýberilen gymmatly kagyzlary, şol sanda obligasiýalary edara-kärhanalaryň arasynda ýerleşdirmek bilen býujete goşmaça serişdeleri çekmäge, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan maýa goýum binýadyny giňeltmäge mümkinçilik döreýär.
Bank ulgamynyň we gazna bazarynyň ösüşi ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat edýär, milli ykdysadyýetiň öňe gidýän ösüşiniň we onuň daşky ýaramaz täsirlerden goralmagyna ýardam berýär.
Döwletiň edara görnüşli taraplarynyň paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi, paýnamalaryň dolanşyga goýberilmegi bir tarapdan edara-kärhnalaryň maýa goýum girdejililiginiň artmagyna we raýatlaryň goşmaça girdeji gazanmagyna şertleri döredip, beýleki tarapdan ýurduň içerki maliýe ýagdaýynyň durnuklylygyna oňyn täsir edýär we ykdysady görkezijileriň düýpli gowulanmagyna alyp barýar. Şeýle-de milli maliýe ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge we düýpli özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmäge itergi berýär.
Ýurduň gazna bazary milli maliýe bazaryň esasy bölegi bolmak bilen, eýeçiligiň täzeden netijeli paýlanmagyna we milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegine ygtybarly binýat bolýar. Şu manyda gazna bazarynyň netijeli işi maýa goýum goruny emele getirmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, «Halkbankyň» öz işini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde alyp barmagy işleri has döwrebaplaşdyrmaga tarap nobatdaky möhüm ädimleriň biridir. Şonuň üçin hem bankymyzyň agzybir işgärleri we bankyň hyzmatlaryndan peýdalanýan köp sanly müşderilerimiz bu taryhy özgertme üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan belent tutumly işlerini goldap, olara goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurduň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara, üstünliklere ýar bolsun!
Döwletgeldi Hudaýberdiýew,
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik
bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet
müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Maliýe
ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy