close-icon
Bank news and articles
photo
Taryhy forumyň netijeleri
26.12.2024

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan ýurdumyzda möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilmegi indi däp boldy. Halkara derejesindäki duşuşyklaryň, wajyp gepleşikleriň geçirilmegi halkara işewürligi höweslendirýär, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere ýetmegine badalga bolýar.

Bu gezek hem biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň oňyn hyzmatdaşlygynyň örän wajyp we derwaýys meseleleri boýunça uly wekilçilikli forumynyň gurnalmagyny hem-de ýokary derejede geçirilmegini öz üstüne aldy. Şol öňde goýlan meseleleriň çözülmegi üçin köp sanly döwletleriň Hazar sebitiniň geljegi bilen baglanyşykly özara bähbitlerine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşilmegi wajypdyr.

Hazar sebiti, hakykatdan hem, ykdysadyýet, söwda, ulag nukdaýnazaryndan Ýewraziýa yklymy üçin strategik ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň dünýä möçberinde ägirt uly uglewodorod baýlyklaryna hem-de dünýäniň möhüm bazarlaryna elýeterliligi üpjün edýän üstaşyr mümkinçilikleri bilen şertlendirilmegi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda belledi.

Milli Liderimiz bilen forumda çykyş eden Hazarýaka ýurtlaryň hökümetleriniň Baştutanlary hem ylalaşyp, maýa goýumlar ulgamynda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýörite, erkin ykdysady zolaklary kemala getirmek meselelerinde tejribeleriň alşylmagyna aýratyn üns berdiler. Netijede Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek hem-de innowasiýalary höweslendirmek barada teklip edildi.

Innowasiýalaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň ösdürilmegi islendik döwletiň maglumatlar ulgamynda öňe gidişligiň binýady bolup, ýurduň dürli ulgamlarynyň, pudaklarynyň işiniň görnüşlerini özgerdýär we täze mümkinçilikleri açýar, sanly ykdysadyýetiň jemgyýetiň ykdysady durmuşyna ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Bu taryha giren birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşan döwletleriň, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, işewürler toparlarynyň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagy bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Şol sanda bank ulgamynyň bu öňde goýlan taslamalary maliýeleşdirmek, maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we energetika pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gatnaşmak ýaly täze derejelere ýetmekliginiň wajypdygyny belläp geçmeli. Geçirilen ykdysady forum ýurdumyzyň diňe bir ummasyz tebigy baýlyklarynyň däl-de, eýsem ägirt uly söwda-ykdysady güýjüniň bardygyny görkezdi. Häzirki wagtda biziň döwletimiz ykdysadyýetde "açyk gapylar“ syýasatyny işjeň durmuşa geçirip, Hazar sebitine bütin dünýäniň üns merkezini çekdi.