close-icon
Bank news and articles
photo
Halk Maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy
23.10.2020

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, sözüň doly manysynda, döwletliligiň geňeşine öwrüldi. Ählihalk maslahatynda milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy bolsa hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen beýik sepgitlere guwanjyňy artdyrýar, hem-de raýat hökmünde öňümizde täze wezipeleri goýýar. Bu Maslahatyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilmegi bolsa pedelerimizden gelýän asylly däbiň — toýa uly bir geňeş bilen başlamak däbiniň mynasyp dowamatyna öwrüldi. 

Ählihalk Maslahatynda milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryndaky ösüşlerimiziň aýdyň beýany boldy. Hususan-da, döwrüň ýagdaýlaryna esaslanyp getirilen mysallar we olaryň oňyn çözgüdi bu taryhy çykyşy diňlänleriň her biriniň ýüreginde orun tapdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzir ýurdumyzda berk maliýe ýagdaýyny emele getirmek üçin ähli çäreler alnyp barylýar. Geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynda tassyklanan ýurdumyzy ösdürmegiň bäş ýyl üçin maksatnamasy bolsa bu işde esasy ýörelge alynýan kanunçylyk namalarynyň biridir. Halk Maslahatynyň şu gezekki mejlisinde döwlet Baştutanymyz esasy maliýe guralymyz bolan Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Sebäbi amala aşyrylýan ýaşaýyş-durmuş ugurly maýa goýumlarymyzyň aglabasy Döwlet býujetiniň hasabyna ýerine ýetirilýär.

Taryhy çykyşdan ýene bir bölege ünsüňizi çekmek isleýäris. Hormatly Prezidentimiz Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly ugra, şol sanda welaýatlarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek işlerine gönükdirilýändigini aýtdy. Geljek ýyl hem Döwlet býujetiniň hasabyna welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu aýdylanlar ýurdumyzyň maliýe mümkinçilikleriniň «Döwlet adam üçindir!» diýlen beýik ýörelgäni durmuşa geçirmäge hyzmat edýändigini görkezýär.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris. Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy we munuň diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýandygyny belledi. Döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmeklik ýerli we dünýäniň öňdebaryjy hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy giňeltmäge mümkinçilik berer. Döwlet serişdelerini ep-esli tygşytlamaga, bu serişdeleri ýurdumyzy ösdürmäge hem-de durmuş meselelerini çözmäge gönükdirmäge şert döreder.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň bank ulgamynda hem giňden ulanylýar. Muňa diňe şu ýylyň özünde sanly ulgama daýanýan täze hyzmatlaryň birnäçesiniň girizilendigi hem aýdyň mysaldyr. Ýurdumyzyň banklary bu işi geljekde-de döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen Kararlar, şol sanda kanunçylyk özgertmeleri baradaky Kararlar tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Täze ýyldan başlap güýje girjek bu özgertmeler döwlet gurluşygynyň has kämilleşdirilmeginde möhüm orny eýelär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Halk Maslahaty il-günüň röwşen geljegine gönükdirilen çözgütlerdir Kararlara baý boldy. Olary durmuşa geçirmäge gatnaşmak her birimiziň mukaddes borjumyz. Çünki ajaýyp döwür, eşretli ýaşaýyş milli Liderimiziň beýik ýörelgelerini il-halk bolup durmuşa geçirmegiň miwesi. Goý, mundan beýläk hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşlere beslensin!


M.Mollaýewa

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik

bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet

müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.