close-icon
Bank news and articles
photo
ÝAŞLARY GOLDAMAK – BAGTYÝAR GELJEGE BINÝAT
04.07.2020

Ertiriň aladasynyň şu günden başlaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlaryň bagtyýar durmuşy üçin giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çünki ýaşlar hakda alada – geljek hakda alada. Binanyň berkligi onuň binýadynyň mäkämligine bagly bolýar. Döwletiň kuwwaty, ösüş-özgerişi-de, ýaş raýatlarynyň gözýetiminiň giňligi, ylym-bilim garaýyşlarynyň ýokarylygy bilen ölçenilýär. Biziň ýurdumyzda ählitaraplaýyn giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän şol işler bolsa, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň ähli babatda mümkinçiliklerini açyp görkezmegine ýardam berýär.

Biz muňa “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginde, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmeginde, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” kabul edilmeginiň mysalynda hem aňryýany bilen göz ýetirýäris. Bu resminamalarda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen ýaşlary hakynda şeýle giň gerimli işleriň ýaýbaňlanýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank edaralary tarapyndan hem degişli meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň esasynda bolsa, döwletiň ýaş raýatlary, ýaş maşgalalardyr bagtyýar talyplary üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary işlenip düzülýär. Bu babatda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem degişli işler alnyp barylýar. Bank tarapyndan berilýän goldawlaryň hatarynda ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny edinmek üçin berilýän ýeňillikli karzlary, ýaşaýyş jaýy üçin berilýän karzlary, talyplar bilen bagly hyzmatlary we beýlekileri görkezip bileris. Bu goldaw-hemaýatlar «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran Kararyna, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda berilýär.

Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek üçin täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan “Talyp karzy”, “Talyp tölegi” ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy.

“Talyp tölegi” hyzmaty bank tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usuly arkaly) geçirip bolýanlygy. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy.

«Talyp karzy» hyzmaty bolsa, Türkmenistanyň raýatlaryna, ýagny talybyň-ene-atasynyň ýa-da hossarlarynyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär. Bellenen möçberdäki karz serişdesi bankdan göni talybyň okaýan (ýa-da okamaga hukuk gazanan) ýokary okuw mekdebiniň hasabyna geçirilýär. Şu ýerde berilýän karzyň möçberiniň her bir okuw mekdebiniň bellän bahasyna laýyk kesgitlenýändigini aýtmak gerek. Talyplar we olaryň hossarlary alty aýlyk we ýa-da bir ýyllyk töleg üçin bankyň karz hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Şunda ýene bir zady nygtamak gerek: eger-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çözgütleri bilen okuwyň soňky ýyllardaky tölegleriň mukdary artsa, karzyň möçberi hem üýtgäp biler. Bu karz ýyllyk 8 göterim möçberinde berilýär.

Elbetde, adamyň durmuşda mynasyp ýaşamagy üçin birnäçe şert gerek. Olaryň iň zerurlary bolsa, ýaş raýatlaryň maşgala gurmagy bilen baglylykda ýüze çykýar. Şu babatda ýaşlary goldamak, ýagny durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş jaýyny satyn almak, ýagny gozgalmaýan emläk üçin hem ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu ýeňillikli karz resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüztutmalary esasynda zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýär.

Häzirki wagtda ýaşlary goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, üstünlikli okamaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler olaryň durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, öz hünärlerini kämilleşdirmäge, yhlas bilen zähmet çekmeklerine, okamaklaryna höweslendirýär. Şu babatda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank edaralarynyň hem paýynyň bolmagy, bu ulgamyň hünärmenleriniň öňünde yzygiderli täze wezipeleri kesgitleýär. Çünki, ýaşlar – ýurduň geljegi. Öz geljegiň hakda bolsa, örän oýlanyşykly işleri alyp barmak biziň halkymyzyň köpasyrlyk ygrarly bolup gelýän ýol-ýörelgesidir. Bu ugurdaky işler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen has-da depginli ösüşlere eýe bolýar.

Biz, pul-karz ulgamynyň wekilleri, hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny goldamak, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin zerur şertleri döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekeris. Giň gözýetimli, watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere, üstünliklerden-üstünliklere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem rowaçlyklara beslensin!


Mährijemal Abdyrahmanowa,

Türkmenistanyň "Halkbank“ döwlet täjirçilik

bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet

müdirliginiň Usulýet bölüminiň başlygy