"Cashback" hyzmaty

Hormatly watandaşlar!

        Türkmenistanyň "Halkbank" döwlet täjirçilik banky Size 2020-nji ýylyň 1-nji maýyndan 30-njy iýunyna çenli 2 göterimli "Cash back" atly sowgat hyzmatyny hödürleýär! Bu hyzmat size biziň bankymyzyň "Altyn asyr“ aýlyk bank kartlary bilen girdeji gazanmaga mümkinçilik berer.

        Girdeji gazanmak isleýän bolsaňyz, aýlyk bank kartlaryňyz bilen harytlara we hyzmatlara töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde tölemäge howlugyň!

        Nagt däl görnüşinde geçirilen amallaryň umumy bahasynyň 2 göterimi siziň aýlyk kartyňyza gaýdyp beriler.

        Bir aýyň dowamyndaky aýlyk kartyňyza gaýdyp gelen pul serişdeleriňiz baradaky maglumat her aýyň 25-ne SMS-habary arkaly siziň ykjam telefonyňyza iberiler.

Biziň bankymyzyň amatly göterim hyzmatlaryndan peýdalanyň!