Bankyň maksady
we gymmatlyklary

Müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak - bu biziň çekýän zähmetimiziň baş we wajyp  wezipesi bolmak bilen, onuň çäklerinde bank aşakdaky toplumlaýyn işleri ýerine ýetirýär:

Maýa goýum we karz-pul syýasatyny netijeli durmuşa ornaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we ösdürmek;

Döwletiň süýşürintgiler syýasatyny durmuşa geçirmek;

Goýumçylaryň we müşderileriň bähbitlerini goramak; ilatyň banka ynanylan pul serişdeleriniň we beýleki gymmatlyklarynyň doly abat saklanylmagyny hem-de olaryň goýumçylaryň ilkinji talaby boýunça berilmegini üpjün etmek;

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna amatly şertli hyzmatlary hödürlemek;

Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşine we halkara bank düzümine oňaýly goşulyşmagyna ýardam bermek.

Bankyň maksady

 Şahsy  we korporatiw müşderileri artdyrmak;

 Şahsy we korporatiw müşderilere toplumlaýyn bank önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemek;

 Döwrebap maliýe bazarynyň ýokary derejeli standartlaryna laýyk gelýän maliýe hyzmatlaryny  hödürlemek;

 Hödür edilýän hyzmatlary tiz we ýokary hilli amala aşyrmak;

 Bank amallarynyň we hyzmatlarynyň tilsimatlaryny ösdürmek we kämilleşdirmek.

Bankyň gymmatlyklary

Müşderileriň ynamy

Biz esasy gymmatlygymyz bolan müşderilerimiziň ynamany ödemek üçin işleýäris.

Ygtybarlylyk

Biz maliýe bazaryndaky berk ornumyzy taryhy tejribe bilen utgaşdyrýarys. Bu biziň ygtybarlylygymyzyň we durnuklylygymyzyň kepili.

Açykgöwünlilik we hoşniýetlilik

Biz müşderilerimiz bilen açyk we ynamdar hyzmatdaşlyga ymtylýarys, müşderiler üçin biz elýeterli we amatly.

Köptaraplylyk

Biz maliýe bazarynyň dürli pudaklarynda berk ornumyza we tejribämize daýanyp dürli derejeli toplumlaýyn çözgütleri hödürlerýäris.

Ussatlyk

Biziň güýjümiz işgärlerimiziň agzybirliginde — her bir işgäriň bilimi, işjeňligi, mümkinçiligi we döredijiligi biziň kollektiwimizi güýçli edýär we oňa özboluşlyk berýär.