Новости Банка и статьи

Gazna bazarynda dellalçylyk hyzmaty

06.02.2021

Belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlar – bu harydyň bir görnüşidir. Eger haryt bar bolsa, elbetde, bu harydy satyn almak we satmak isleýän taraplar hem bar we olar bilelikde bazary emele getirýärler. Ýönekeý dil bilen aýdylanda, gymmatly kagyzlar bazary, adyndan belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlary ýerlemek üçin gurnalan ulgamdyr. Gymmatly kagyzlar bazarynda emitentleriň, ýagny aksiýalary we obligasiýalary dolanşyga goýberýän ýuridiki taraplaryň, bu gymmatly kagyzlary almak ýa-da satmak isleýän raýatlaryň we edara-kärhanalaryň özara gatnaşyklary emele gelýär. Şunlukda gymmatly kagyzlary öz serişdelerine satyn alýan taraplar maýa goýujy diýlip atlandyrylýar. Biziň ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bilen amallar Aşgabat şäherindäki Gazna biržasynda amala aşyrylýar. 

Satmak we satyn almak işinde, onda-da gymmatly kagyzlar bazaryndaky geleşiklerde, hökmany ýagdaýda maslahat beriji bilermenler hem örän möhüm orny eýeleýärler. Sebäbi bu hünärmenler gymmatly kagyzlar bazarynyň aýratynlyklaryny, söwdanyň amala aşyrylýan pursatyndaky emele gelen ýagdaýa görä, öz paýnamalaryny ýerleýän kärhananyň taryhyny göz öňünde tutup, müşderilerini ugrukdyryp hem bilýärler.

Şeýlelik bilen gymmatly kagyzlar bazarynda satyjy we alyjynyň arasyndaky maslahat beriji, ýörite hünärli dellallaryň bolmagy iki tarapa hem örän wajypdyr. Olar öz işini bellenilen tertipde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden alnan ýörite ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar. Gymmatly kagyzlar bazarynda dellallaryň esasy möhüm wezipesi, maýa goýuma zerurlygy bolan taraplar bilen girdeji almaga isleg bildirýän maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmekdir. 

Müşderiniň gymmatly kagyzlara maýa goýmak üçin dellala beren pul serişdeleri, şeýle hem dellal tarapyndan müşderi bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda gymmatly kagyzlar bilen amala aşyrylan geleşikler boýunça alnan pul serişdeleri karz edarasynda açylýan aýratyn bank hasabynda durýar we Gazna biržasynda müşderiniň adyndan çykyş edýär. Dellal öz ýerine ýetirýän hyzmatlary üçin baglaşylan şertnama laýyklykda, bellenen möçberde hyzmat hakyny alýar. Şeýle hem olar ykdysadyýetde emele gelen ýagdaýlary seljermekligi we bolup biljek üýtgeşmeleri çaklamaklygy başarmaly hem-de müşderä gerek bolan maslahat beriş hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

Maýa goýum işiniň üstünlikli gitmegini dellalsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin dellallaryň öz işini alyp barmaklyga ýokary hünär ussatlygyny we tejribäni talap edýär we netijede müşderileriň sargytlaryny ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, olaryň gymmatly kagyzlar bazaryndaky abraýyny kesgitleýär.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemegi üçin döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentmize sag bolsun aýdýaryn we ýurdumyzy gülläp ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli uly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. 


Döwletgeldi Hudaýberdiýew,

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik 

bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet

 müdirliginiň başlygynyň orunbasary - Maliýe 

ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy