Новости Банка и статьи

«Halkbank» ― döwrebap özgertmeleriň miwesi

01.02.2021

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda bank hyzmatlary barha döwrebaplaşýar. Ýurdumyzyň banklarynyň işinde tapgyrlaýyn sanly ulgama geçilmegi bolsa müşderilerimiz üçin hem iň döwrebap mümkinçilikleri bagyşlaýar.

    Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy ýakynda bankyň taryhynda örän wajyp waka bolup geçdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.

    Şeýlelikde, «Halkbank» öz işlerini täzeçe guraýar. Bu täzeçillik we döwrebaplyk bankyň soňky ýyllarda alyp barýan işlerinde doly şöhlelenýär. Müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň netijesi bolsa anyk sanlarda, takyk maglumatlarda beýanyny tapýar.

    Ilkinji aýdylmaly zat ilata edilýän döwrebap hyzmatlar bankyň umumy girdejilerine hem täsirini ýetirýänligidir. Bu aýdanlarymyzy käbir deňeşdirmeler bilen delillendireliň! Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ähli hyzmatlaryndan 2020-nji ýylda gazanan girdejisini 2019-njy ýylyň degişli döwri  bilen deňeşdirilende117 göterim artdy. Bankyň 2020-nji ýyldaky arassa peýdasy barada aýdylanda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 118 göterim ösüş gazanyldy.

    2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan olaryň müşderilerine bank kartlaryň 405 müňe golaý sanysy paýlanyp berildi. Şeýle-de, ýurdumyz boýunça 8 müňden gowrak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary gurnalyp, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredildi.

    Ýokarda görkezilen maglumatlarda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň uly paýy bar. Bank tarapyndan häzire çenli 404,9 müňden gowrak bank karty berlip, olaryň 159,1 müňden gowrak  sanyny Aşgabat şäheriniň, 26,8 müňden gowrak sanyny - Ahal, 23,7 müňden gowrak sanyny - Balkan, 69,6 müňden gowrak sanyny - Mary, 97 müňden gowrak sanyny - Lebap, 28,6 müňden gowrak sanyny bolsa Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary peýdalanýarlar.

    Häzire çenli Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar banky tarapyndan ornaşdyrylan töleg terminallarynyň sany 8,1 müňden geçdi. Olaryň 2,5 müňden gowragy Aşgabat şäherinde, 900-a golaýy - Ahal, 600-den gowragy - Balkan, 1,5 müňden gowragy - Mary, 1,6 müňden gowragy - Lebap, 1 müňden gowragy bolsa Daşoguz welaýatlaryndaky hasaplaşyk nokatlarynda ornaşdyryldy.

    «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününe çenli bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň sanynyň hem 144-e ýetendigini aýtmak isleýäris. Olaryň 67-si Aşgabat şäherinde, galanlary ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýär.

    Sakasynda milli Liderimiz duran çäksiz uly aladalaryň, geçirilýän yzygiderli işleriň netijesinde berkarar Diýarymyzda «Altyn asyr» bank kartlaryndan netijeli peýdalanmagyň hem ösýändigine ünsüňizi çekmek isleýäris. Muňa anyk göz ýetirmek üçin soňky iki ýyldaky ýagdaýy seljermek ýeterlikdir.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Prossesing merkezi tarapyndan “Altyn asyr” kartly töleg ulgamy boýunça 2020-nji ýylda geçirilen amallaryň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 123 göterim derejesinde ösüş gazanyldy. Bank kartlary bilen amala aşyrylan amallaryň nagt däl hasaplaşyklarynyň möçberi 2019-njy ýylbilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda üç esse çemesi ösdi.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň hyzmatlarynyň sanynyň hem ep-esli artandygyny guwanç bilen nygtamak isleýäris. Geçen ýyl bankymyz öz müşderilerine birnäçe täze döwrebap hyzmatlary hem hödürledi. Olar «Cash back» hyzmaty, «Halkbank terminal» mobil ulgamy, «Owerdraft karty», «Talyp tölegi» onlaýn-hyzmaty, «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmaty. Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerine esaslanýan bu hyzmatlaryň her biri müşderiler üçin uly ýeňillikleri eçildi.

Bankyň ýeňillikli karz hyzmatynyň ýyldan-ýyla kämilleşdirilýändigine aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Olaryň sany hem barha köpeldilýär. Şeýle hyzmatlaryň iň täzeleriniň hatarynda «Owerdraft», «Haly satyn almak üçin» bank karzlaryny we kiçi göwrümli karzlary mysal hökmünde görkezmek bolar.

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan owerdraft karzy ýurdumyzyň karz edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem işe girizildi. Ýokarda görkezilişi ýaly, munuň üçin bankyň müşderileri ýöriteleşdirilen bank karty bilen hem üpjün edildi. Ýeňillikli karzyň bu görnüşi geljek aýdaky girdejiniň belli bir möçberini karz almaga mümkinçilik berýär.

Köp sanly ýüz tutmalary nazara alyp, bank özüniň karz hyzmatlarynyň hataryna haly satyn almak maksatlaryna gönükdirilen ýeňillikli karzlary hem goşdy. Bu hyzmat arkaly haly satyn almak isleýän watandaşlarymyz bankdan ýeňillikli şertlerde 30 müň manada çenli karz serişdelerini alyp bilerler. Karz hyzmatlarynyň bu görnüşi täze öýlerimizi döwrebap we milli öwüşginleriň sazlaşygynda bezemäge ýardam berýär.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine kiçi göwrümli, ipoteka, ýaş maşgalalar üçin, sarp ediş karzlaryny hem hödürleýär.

Bankyň dürli görnüşli goýum hyzmatlaryny ýerine ýetirýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Olar bankyň müşderilerine süýşürintgileri goşmaça girdejä öwürmäge ajaýyp mümkinçilik bagyşlaýar. Indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimiz «Halkbank» tarapyndan hödürlenilýän «Talap edilýänçä» (ýyllyk 6 göterime çenli), «Hemaýat» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Gahrymanlar» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Beýik Galkynyş» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Ruhubelent» (ýyllyk 8 göterime çenli), «Bagtyýar nesiller» (ýyllyk 10 göterime çenli) ýaly goýum hyzmatlaryndan peýdalanyp gelýärler.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze hyzmatlary ozaldan hereket edip gelýän «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly döwrebap hyzmatlaryň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň geçen ýylda täze açylan döwrebap hyzmatlar, degişlilikde, nagt däl hasaplaşyklar arkaly aýlyk bank kartlardan goşmaça girdeji almaga, olary ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrmaga, bank kartynda ýeterlik serişde ýok mahalynda indiki aý geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz almaga, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin töleglerini banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirmäge we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalary bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn-ýüzlenme arkaly ýollamaga, şeýlelikde müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga ýardam berýär.

    Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýyly hem täzeliklere, has döwrebap hyzmatlara beslemegiň üstünde işleýärler. Bizi esasy begendirýän ýagdaý bolsa alnyp barylýan işleriň ýyldan-ýyla öz miwesini berýänligidir. Muny şu makalada getiren maglumatlarymyz ýene bir ýola tassyklaýar. Sakasynda Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary duran bu özgertmeler ýurdumyzyň bank ulgamyny dünýä derejesine çykarýar. Hut, şonuň üçin hem bu özgertmeler üçin milli Liderimize alkyşymyz çäksizdir. Arkadag Prezidentimiziň il-günüň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine gönükdirilen işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.


Maýa Mollaýewa,

Türkmenistanyň "Halkbank“ paýdarlar täjirçilik

bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulýet 

müdirliginiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.